4-NJI MAKALA
Biz Ýatlama agşamyna näme üçin gatnaşýarys?
«Muny meni ýatlamak üçin berjaý ediň» (Luka 22:19).
20-NJI AÝDYM Eziz Ogluňy berdiň
MAZMUNY *
1, 2. a) Aradan çykan dogan-garyndaşlarymyzy haçan has köp ýatlaýarys? b) Isa ölmezinden bir gün öň nähili tabşyryk berdi?
BIZIŇ ählimiziň merhum dogan-garyndaşlarymyzy göresimiz gelýär. Olaryň aradan çykanyna köp wagt geçen hem bolsa unutmaýarys. Olary hemişe, esasanam, her ýyl aradan çykan güni ýatlaýarys.
2 Her ýyl millionlarça adamlar Isa pygamberiň ölümini ýatlamak üçin ýygnanyşýarlar. Sebäbi ol her bir adamy günäden we ölümden azat etmek üçin şirin janyny gurban berdi (1 Pet. 1:8). Şeýle-de Isa ölen gününi her ýyl ýatlamagy tabşyrdy (Mat. 20:28). Ol ölmezinden bir gün öň Ýatlama agşamyny girizdi we şägirtlerine «muny meni ýatlamak üçin berjaý ediň» diýdi (Luka 22:19).
3. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?
3 Her ýyl Ýatlama agşamyna millionlarça adamlar gatnaşýar. Olaryň az sanlysy gökde ýaşamaga umyt edýär, köpüsi bolsa ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Şu makalada saýlanan mesihçileriň we ýer ýüzünde ebedi ýaşajak adamlaryň Ýatlama agşamyna näme üçin gatnaşýandygy hakda gürrüň ederis hem-de olaryň aljak peýdasy barada bileris. Geliň, saýlanan mesihçileriň Ýatlama agşamyna näme üçin gatnaşýandygyny bileliň.
SAÝLANAN MESIHÇILER NÄME ÜÇIN GATNAŞÝAR?
4. Saýlanan mesihçiler Ýatlama agşamynda näme üçin çörekden we şerapdan dadýarlar?
4 Her ýyl saýlanan mesihçiler Ýatlama agşamynda çörekden we şerapdan dadýarlar. Näme üçin? Geliň, bu soragyň jogabyny bilmek üçin Isa pygamberiň ömrüniň soňky gijesi näme edendigini ýada salalyň. Isa pygamber şägirtleri bilen Pasha baýramyny belläninden soň, Ýatlama agşamyny girizdi. Isa 11 resulyna çörek we şerap geçirip, olardan datmalydygyny aýtdy. Soňra Isa şägirtleri bilen täze äht we patyşalyk ähtini baglaşdy * (Luka 22:19, 20, 28—30). Şol ähtler saýlanan mesihçilere gökde patyşalar we ruhanylar bolup gulluk etmäge mümkinçilik berýär (Ylh. 5:10; 14:1). Şol sebäpli Ýatlama agşamynda diňe saýlanan mesihçiler çörekden we şerapdan dadýarlar.
5. Saýlanan mesihçiler nämä düşünýärler?
5 Saýlanan mesihçiler Ýatlama agşamyna baranlarynda aljak sylagy hakda oýlanýarlar. Ýehowa olara baky, ýagny ölümsiz ýaşaýşy peşgeş berer. Olar gökde Isa Mesih we beýleki saýlanan mesihçiler bilen eginme-egin işleşerler. Saýlanan mesihçiler Ýehowanyň tagtynyň öňünde hyzmat ederler (1 Kor. 15:51—53; 1 Ýah. 3:2). Olar gökde ýaşamaga saýlanandyklaryna begenýärler we soňky demine çenli Hudaýa wepaly bolmalydygyna düşünýärler (2 Tim. 4:7, 8). Olar aljak sylagy hakda oýlanyp şatlanýarlar (Tit. 2:13). Geliň, indi «başga goýunlaryň» Ýatlama agşamyna näme üçin gatnaşýandygy hakda gürrüň edeliň (Ýah. 10:16).
«BAŞGA GOÝUNLAR» NÄME ÜÇIN GATNAŞÝAR?
6. «Başga goýunlar» Ýatlama agşamyna näme üçin gatnaşýarlar?
6 «Başga goýunlar» hem Ýatlama agşamyna barýarlar, emma çörekden we şerapdan datmaýarlar. 1938-nji ýylda «başga goýunlar» ilkinji gezek Ýatlama agşamyna çagyryldy. Şol hakda 1938-nji ýylyň 1-nji martynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda şeýle diýilýär: «Olar („başga goýunlar“) hem Ýatlama agşamyna gatnaşmaly we ol ýerde bolýan zatlary görmeli. Ýatlama agşamy olar üçin şatlykly waka bolmaly». Toýa gelen myhmanlaryň toý dabarasyna tomaşa edişi ýaly, «başga goýunlar» Ýatlama agşamyna gatnaşyp şatlanýarlar.
7. «Başga goýunlar» näme üçin Ýatlama agşamynda aýdyljak nutuga sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar?
7 «Başga goýunlar» Ýatlama agşamynda aljak sylagy hakda oýlanýarlar. Olar Ýatlama agşamynda aýdyljak nutuga sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Nutukda Isa Mesihiň we saýlanan mesihçileriň müň ýylyň dowamynda etjek işleri hakda aýdylýar. Saýlananlar Isa Mesihiň ýolbaşçylygynda ýer ýüzüni Jennete öwrerler we Hudaýa gulak asýan adamlary kämillige ýetirerler. Ýatlama agşamyna gatnaşýan millionlarça adamlar Işaýa 35:5, 6; 65:21—23 we Ylham 21:3, 4-nji aýatlardaky pygamberlikleriň ýerine ýetjek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Olar Jennetde dogan-garyndaşlary bilen bagtly ýaşajak günlerini göz öňüne getirýärler we Ýehowa hemişe wepaly bolmagy ýüregine düwýärler (Mat. 24:13; Gal. 6:9).
8. «Başga goýunlar» Ýatlama agşamyna ýene näme üçin gatnaşýar?
8 «Başga goýunlaryň» Ýatlama agşamyna gatnaşmagynyň ýene bir sebäbi bar. Olar Ýatlama agşamyna gatnaşyp, saýlanan mesihçileri gowy görýändiklerini we goldaýandyklaryny subut edýärler. Mukaddes Kitapda saýlanan mesihçileriň we «başga goýunlaryň» eginme-egin işleşip, Hudaýa agzybir sežde etjekdigi hakda pygamberlikler ýazylan. Geliň, olaryň käbirine seredeliň.
9. Zekerýa 8:23-de «başga goýunlaryň» saýlanan mesihçilere wepaly boljakdygy hakda nähili pygamberlik ýazylan?
9 Zekerýa 8:23-i okaň. Zekerýanyň pygamberliginde «başga goýunlaryň» saýlanan mesihçileri goldap, olar bilen agzybir işleşjekdigi aýdylýar. Pygamberlikdäki «ýehudy» we «siz» diýen sözler saýlanan mesihçileri aňladýar (Rim. 2:28, 29). «Ähli halklardan we dillerden on adam» bolsa «başga goýunlary» aňladýar. «On adamyň» ýehudynyň donundan berk ýapyşmagy «başga goýunlaryň» saýlanan mesihçilere wepaly boljakdygyny we olar bilen Hudaýa agzybir sežde etjekdigini görkezýär. Olar Ýatlama agşamyna baryp, saýlanan mesihçileri goldaýandyklaryny subut edýärler.
10. Ýehowa Hyzkyl 37:15—19, 24, 25-nji aýatlardaky pygamberligiň ýerine ýetmegi üçin näme etdi?
10 Hyzkyl 37:15—19, 24, 25-nji aýatlary okaň. Hyzkyl Ýehowanyň «başga goýunlar» bilen saýlanan mesihçileri agzybir halk etjekdigi hakda pygamberlik edýär. Pygamberlikde iki sany taýak hakda aýdylýar. «Ýahudanyň... taýagy» gökde ýaşamaga umyt edýän mesihçileri aňladýar, sebäbi Dawudyň neslinden bolan patyşalaryň ählisi ýahuda taýpasyndandy. «Efraýymyň... taýagy» bolsa ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän adamlary aňladýar. * Ýehowa iki taýagy birleşdirip bir taýak edýär. Şeýlelikde, saýlanan mesihçiler we «başga goýunlar» Isa Mesihiň ýolbaşçylygynda agzybir gulluk edýärler. Gökde we ýerde ýaşamaga umyt edýän adamlaryň ählisi Ýatlama agşamyna bilelikde gatnaşýarlar. Şeýdip, olar «bir çopanyň bir sürüsidigini» subut edýärler (Ýah. 10:16).
11. Matta 25:31—36, 40-njy aýatlarda agzalýan «goýunlar» saýlanan mesihçileri nädip goldaýarlar?
11 Matta 25:31—36, 40-njy aýatlary okaň. Aýatdaky «goýunlar» ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän adamlary aňladýar. Olar wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işine gatnaşyp, saýlanan mesihçileri ýürekden goldaýarlar (Mat. 24:14; 28:19, 20).
12, 13. «Başga goýunlar» saýlanan mesihçileri ýene nädip goldaýarlar?
12 Her ýyl Ýatlama agşamyndan birnäçe hepde öň ýörite wagyz kampaniýasy geçirilýär. «Başga goýunlar» wagyz kampaniýasyna gatnaşyp, ähli adamlary şol wajyp duşuşyga çagyrýarlar. Şeýdip, olar Mesihiň doganlaryny, ýagny saýlanan mesihçileri goldaýarlar (« Siz Ýatlama agşamyna öňünden taýýarlyk görýärsiňizmi?» diýen çarçuwa serediň). Şu günler ýygnaklaryň köpüsinde çörekden we şerapdan dadýan saýlanan mesihçiler ýok hem bolsa, «başga goýunlar» Ýatlama agşamynyň ähli ýygnaklarda geçirilmeginiň aladasyny edýärler. Olar saýlanan mesihçileri goldamak bilen Isa Mesihe «ýagşylyk edýändiklerine» düşünýärler (Mat. 25:37—40).
13 Geliň, ähli mesihçileriň ýene näme üçin Ýatlama agşamyna gatnaşýandygyny bileliň.
ÄHLI MESIHÇILER NÄME ÜÇIN GATNAŞÝAR?
14. Ýehowa we Isa bizi söýýändigini nädip görkezdiler?
14 Biz Ýehowanyň we Isa Mesihiň çäksiz söýgüsine minnetdar. Ýehowa bizi söýýändigini dürli ýollar bilen görkezýär. Ol biziň üçin eziz Oglunyň ejir çekip ölmegine ýol berdi (Ýah. 3:16). Isa hem adamlary söýýändigi üçin şirin janyny gurban etdi (Ýah. 15:13). Biz Ýehowanyň we Isanyň eden ýagşylygynyň öwezini hiç haçan dolup bilmeris. Emma biz her gün Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşasak, olara minnetdarlygymyzy görkezip bileris (Kol. 3:15). Şeýle-de her ýyl Ýatlama agşamyna gatnaşyp, Ýehowanyň we Isanyň eden ýagşylygynyň gadyryny bilýändigimizi hem-de olary söýýändigimizi subut ederis.
15. Saýlanan mesihçiler we «başga goýunlar» töleg gurbanyny näme üçin gymmat saýýarlar?
15 Biz töleg gurbanyny gymmat saýýarys (Mat. 20:28). Saýlanan mesihçiler töleg gurbanyny gymmat saýýarlar, sebäbi ol ajaýyp gelejege umyt berýär. Ýehowa töleg gurbany arkaly saýlanan mesihçileri dogruçyl hasaplaýar we olary perzentleri hökmünde kabul edýär (Rim. 5:1; 8:15—17, 23). «Başga goýunlar» hem töleg gurbany üçin örän minnetdar! Olar Isa Mesihiň döken gany arkaly arassa ynsap bilen Hudaýa gulluk edýärler we «uly betbagtçylykdan» sag-aman geçjekdigine umyt edýärler (Ylh. 7:13—15). Saýlanan mesihçiler we «başga goýunlar» her ýyl Ýatlama agşamyna gatnaşyp, töleg gurbanyna minnetdardygyny görkezýärler.
16. Biz ýene-de haýsy sebäbe görä, Ýatlama agşamyna gatnaşýarys?
16 Biz Isa Mesihiň tabşyrygyna gulak asýarys. Isa ölmezinden bir gün öň Ýatlama agşamyny girizip: «Muny meni ýatlamak üçin berjaý ediň» diýdi (1 Kor. 11:23, 24). Biz gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt edýän bolsak-da, Isanyň şu tabşyrygyna gulak asýarys.
ÝATLAMA AGŞAMYNA GATNAŞMAGYŇ PEÝDASY
17. Ýatlama agşamyna gatnaşmak Ýehowa bilen dostlugymyzy nädip berkidýär?
17 Ýehowa bilen dostlaşarys (Ýak. 4:8). Ýatlama agşamyna baranymyzda Ýehowanyň bize bolan söýgüsi we berjek sylagy hakda oýlanýarys (Ýer. 29:11; ). Şonda ýüregimiz minnetdarlykdan dolýar we Ýehowany söýüp, Onuň dosty bolmak isleýäris ( 1 Ýah. 4:8—10Rim. 8:38, 39).
18. Isa pygamberiň göreldesine eýermäge näme höweslendirýär?
18 Isanyň göreldesine eýereris (1 Pet. 2:21). Ýatlama agşamyndan birnäçe gün öň Mukaddes Kitapdan Isa pygamberiň ýer ýüzünde ýaşan soňky günleri, onuň ölümi we direlişi hakdaky wakalary okaýarys. Ýatlama agşamynda bolsa, Isanyň bize bildiren beýik söýgüsi hakda nutuk diňleýäris (Efes. 5:2; 1 Ýah. 3:16). Biz Isanyň janyny aýaman eden gullugy hakda okasak we oýlansak, onuň göreldesine eýereris (1 Ýah. 2:6).
19. Ýehowa bolan söýgimiz sowamaz ýaly näme etmeli?
19 Ýehowa bolan söýgimiz hiç haçan sowamaz (Ýahd. 20, 21). Biz Hudaýa gulak assak, adyny şöhratlandyrsak we ýüregini şatlandyrsak, Oňa bolan söýgimiz hiç haçan sowamaz (Nak. 27:11; Mat. 6:9; 1 Ýah. 5:3). Biz Ýatlama agşamyna gatnaşsak, Hudaýa imanymyz berkär we her gün gelýän kararlarymyz bilen Ýehowanyň ebedilik dosty bolmak isleýändigimizi subut ederis.
20. Ýatlama agşamyna gatnaşmak näme üçin wajyp?
20 Biz gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt edýän bolsak-da, Ýatlama agşamyna gatnaşmaly. Biz her ýyl adamzat üçin şirin janyny gurban eden Isa Mesihiň ölümini ýatlaýarys. Şeýle-de Ýatlama agşamyna gatnaşanymyzda Ogluny gurban eden Ýehowanyň söýgüsi hakda oýlanýarys. Şu ýyl Ýatlama agşamy 15-nji aprelde, anna güni Gün ýaşansoň geçiriler. Biz Ýehowany we Ogly Isa Mesihi ýürekden söýýäris. Goý, Isanyň bize bildiren söýgüsini ýatlamaga we Ýatlama agşamyna gatnaşmaga hiç zat päsgel bermesin!
16-NJY AÝDYM Ogluny saýlan Ýahy wasp edeliň
^ Gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt edýän adamlar Ýatlama agşamyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Biz Ýatlama agşamyna näme üçin gatnaşmaly we munuň näme peýdasy bar? Makalada Mukaddes Kitap arkaly şu soragyň jogabyny bileris.
^ Täze äht we patyşalyk ähti hakda köpräk bilmek üçin «Siz patyşalar we ruhanylar bolarsyňyz» diýen makalany okaň (w14 15/10 sah. 15—17).
^ Hyzkyl 37-nji bapda aýdylýan iki taýak hakdaky pygamberlik barada köpräk biliň (rr sah. 130—135, abz. 3—17).