Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

3-NJI MAKALA

Isa pygamber näme üçin aglady?

Isa pygamber näme üçin aglady?

«Isanyň gözlerinden boýur-boýur ýaş döküldi» (Ýah. 11:35).

17-NJI AÝDYM «Isleýärin»

MAZMUNY *

1—3. Ýehowa begenip gulluk etmäge haýsy ýagdaýlar päsgel berýär?

 SIZ soňky sapar haçan agladyňyz? Belki, siz bir zada begenip, gözýaşyňyzy saklap bilen dälsiňiz. Ýa-da dogan-garyndaşlaryňyzyň aradan çykandygy sebäpli hasrat çekip aglansyňyz. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýaşaýan Lora * uýa şeýle diýýär: «Gyzym aradan çykanda janyma jaý tapmadym. Meni hiç zat köşeşdirip bilmedi. Men şeýle bir tapdan düşdüm welin, hiç haçan aýaga galmaryn öýtdüm».

2 Käte biz başga sebäplere görä aglaýarys. Ýaponiýada pioner bolup gulluk edýän Hiromi uýa şeýle diýýär: «Adamlar hoş habara seslenmese gynanýaryn. Men aglap Ýehowa: „Hakykaty gözleýän adamy tapmaga kömek et“ diýip doga edýärin».

3 Belki, sizem şeýle duýgulary başdan geçirýänsiňiz (1 Pet. 5:9). Biz begenip Ýehowa gulluk etmek isleýäris. Ýöne gaýgy-hasrat, lapykeçlik, synaglar sebäpli gözýaş dökýäris we Ýehowa şatlyk bilen gulluk edip bilmeýäris (Zeb. 6:6; 100:2). Şeýle kyn ýagdaýlara döz gelmek üçin näme etmeli?

4. Makalada näme hakda gürrüň ederis?

4 Biz Isa pygamberden köp zatlary öwrenip bileris. Käte Isa hasrat çekip aglaýardy (Ýah. 11:35; Luka 19:41; 22:44; Ýew. 5:7). Geliň, şol wakalar hakda gürrüň edeliň we näme öwrenip biljekdigimize seredeliň. Şeýle-de gaýgy-gama batyrýan ýagdaýlara döz gelmek üçin näme etmelidigini bileliň.

DOSTY ARADAN ÇYKDY

Isa pygamberiň göreldesine eýerip, hasrat çekýänlere göwünlik bereliň (5—9-njy abzaslara serediň). *

5. Ýahýa 11:32—36-njy aýatlara görä, dostunyň ölümi Isa nähili täsir etdi?

5 B. e. 32-nji ýylynyň gyşynda Isanyň dosty Lazar keselläp aradan çykýar (Ýah. 11:3, 14). Onuň Marta we Merýem atly uýalary bardy. Isa olary gowy görýärdi. Marta bilen Merýem doganynyň ölenine ynanyp bilmän ajy hasrat çekýärdiler. Birnäçe günden soň Isa Betaniýa Marta bilen Merýemiň ýanyna gelýär. Marta Isanyň gelýändigini eşidip, ony garşylamak üçin ylgap gidýär. Göz öňüne getiriň, Marta Isanyň ýanyna baryp: «Halypam, ýanynda bolan bolsaň, doganym ölmezdi» diýip, zar-zar aglaýar (Ýah. 11:21). Soňra Isa Merýemiň we ýanyndaky adamlaryň aglaşyp durandygyny görýär. Onuň ýüregi gyýym-gyýym bolýar we gözlerinden «boýur-boýur ýaş dökülýär» (Ýahýa 11:32—36-njy aýatlary okaň).

6. Isa näme üçin aglady?

6 Isa näme üçin aglady? «Ýazgylara düşünmek» kitabynda şeýle diýilýär: «Isa dosty Lazaryň ölendigine we uýalarynyň hasrat çekýändigine gynanyp aglady». * Lazar kesel wagty köp kösenendir we tizden öljekdigini bilip, özüni erbet duýandyr. Marta bilen Merýem doganynyň aradan çykanyna gynanyp, ajy hasrat çekendir. Isa şu zatlar hakda oýlananda, onuň ýüregi gyýym-gyýym bolandyr. Siziňem ýakyn dostlaryňyzdan ýa-da maşgala agzalaryňyzdan biri aradan çykanda şeýle duýgulary başdan geçirensiňiz. Geliň, şu wakadan näme öwrenip biljekdigimize seredeliň.

7. Isanyň gözýaş dökmeginden Ýehowa barada näme öwrenýäris?

7 Ýehowa biziň duýgularymyza düşünýär. Isa «Hudaýyň keşbinde» ýaradyldy (Ýew. 1:3). Ol Atasynyň häsiýetlerini kämil derejede görkezdi. Isanyň gözýaş dökmegi Ýehowanyň hem gynanýandygyny görkezýär (Ýah. 14:9). Dogan-garyndaşlarymyz aradan çykanda, Ýehowa Hudaýyň hem ýüregi para-para bolýar. Allatagala biziň ýürek ýaramyzy bitirmek isleýär (Zeb. 34:18; 147:3).

8. Biz Isanyň ölen dogan-garyndaşlarymyzy direltjegine näme üçin ynanyp bileris?

8 Isa biziň dogan-garyndaşlarymyzy direltmek isleýär. Muny Isanyň Marta: «Doganyň direler» diýen sözleri tassyklaýar. Marta direlişiň boljagyna ynanýardy (Ýah. 11:23—27). Ol gadymy döwürde Ylýas we Alyşa pygamberleriň adamlary ölümden direldendigini bilýärdi (1 Pat. 17:17—24; 2 Pat. 4:32—37). Şeýle-de ol Isa pygamberiň hem adamlary ölümden direldendigini eşiden bolmaly (Luka 7:11—15; 8:41, 42, 49—56). Şol sebäpli bizem Isanyň ölen dogan-garyndaşlarymyzy direltjegine ynanyp bileris. Isa dosty aradan çykanda aglapdy. Diýmek, ol ölen adamlary direltmek isleýär.

9. Isanyň göreldesine eýerip, hasrat çekýän dogan-uýalary nädip goldap bileris? Mysal getiriň.

9 Dogan-garyndaşlary aradan çykan imandaşlarymyzy goldalyň. Isa pygamber Marta we Merýem bilen diňe bir aglaman, olary ünsli diňledi hem göwünlik berdi. Bizem ajy hasrat çekýän adamlara teselli berip bileris. Awstraliýada ýaşaýan ýaşuly dogan Dan şeýle diýýär: «Aýalym aradan çykanda öýüm boşap galdy. Maşgalaly dogan-uýalar meniň aladamy etdiler we gije diýmän, gündiz diýmän diňlediler. Men olaryň ýanynda özümi arkaýyn duýup, ýüregimi dökýärdim we aglaýardym. Käte meniň hiç zada elim barmaýardy. Şonda olar maşynymy ýuwmaga, bazardan gerek-ýarak zatlary satyn almaga we nahar bişirmäge kömek etdiler. Olar meniň bilen bile Hudaýa doga etdiler. Dogan-uýalar meniň hak dostlarym boldular we „aladaly günümde dadyma ýetişdiler“» (Nak. 17:17).

ADAMLAR HOŞ HABARA SESLENMEDI

10. Luka 19:36—40-njy aýatlardaky wakany gürrüň beriň.

10 B. e. 33-nji ýylynyň 9-njy nisanynda Isa pygamber Iýerusalime gelýär. Adamlar Isanyň ýoluna donlaryny düşediler we ony hormatlap patyşa kimin garşy aldylar. Nähili şatlykly pursat! (Luka 19:36—40-njy aýatlary okaň). Birdenem şägirtler üçin garaşylmadyk waka bolýar. «Isa Iýerusalimiň golaýyna gelende, şäheri görüp aglaýar». Isa gözüne ýaş aýlap, Iýerusalimiň başyna geljek zatlar hakda pygamberlik edýär (Luka 19:41—44).

11. Isa Iýerusalimi görüp näme üçin aglady?

11 Adamlar gujak açyp garşy alsalar-da, Isa olaryň Patyşalyk baradaky hoş habary diňlemejekdigini bilip örän gynandy. Isa Iýerusalimiň ýer bilen ýegsan ediljegini we onuň ilatynyň ýesir düşjegini bilýärdi (Luka 21:20—24). Gynansak-da, adamlar Isanyň aýdýan habaryna seslenmediler. Siziň ýaşaýan ýeriňizdäki adamlar Patyşalyk baradaky hoş habary diňleýärmi? Eger diňlemeýän bolsa, onda Isa pygamberiň göreldesine eýerip bilersiňiz.

12. Isanyň adamlar üçin aglamagyndan Ýehowa barada näme öwrenýäris?

12 Ýehowa adamlaryň aladasyny edýär. Isanyň aglamagy Ýehowanyň adamlara bolan söýgüsiniň aýdyň subutnamasy. Allatagala «hemmeleriň toba edip, halas bolmagyny isleýär» (2 Pet. 3:9). Biz Patyşalyk baradaky hoş habary janymyzy aýaman wagyz etsek, adamlary söýýändigimizi subut ederis (Mat. 22:39).

Isa pygamberiň göreldesine eýerip, adamlara amatly wagtda wagyz edeliň (13, 14-nji abzaslara serediň). *

13, 14. Isa adamlara nädip duýgudaşlyk bildirdi we biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris?

13 Isa yhlasly wagyz edýärdi. Ol adamlary gowy görýändigi üçin her bir mümkinçilikden peýdalanyp wagyz edýärdi (Luka 19:47, 48). Isa pygamber adamlaryň ýagdaýyna düşünýärdi we duýgudaşlyk bildirýärdi. Isany diňlemäge gelýän adamlar şeýle bir köpdi welin, onuň nahar iýmäge-de wagty bolmaýardy (Mar. 3:20). Ýehudylaryň baştutany Nikodim Isa bilen gürrüňdeş bolmak üçin, onuň ýanyna ýarygije barýar (Ýah. 3:1, 2). Isa ýadaw bolsa-da, Nikodim bilen gürrüňdeş bolýar. Isanyň wagyz eden adamlarynyň köpüsi onuň şägirdi bolmadylar, emma ol ruhdan düşmedi. Isa wagyz etmek bilen adamlara şaýatlyk edýändigine düşünýärdi. Bizem ähli adamlara hoş habary wagyz etmek üçin elimizde baryny etmeli (Res. 10:42). Munuň üçin wagyz ediş usullarymyzy üýtgedip durmaly.

14 Wagyz edýän wagtyňyzy üýtgediň. Eger biz şeýle etmesek, hoş habara seslenjek adamlary tapyp bilmeris. Pioner uýa Matilda şeýle diýýär: «Ärim ikimiz ir bilen köpçülik we iş ýerlerinde, günortan stendli, giçlik bolsa öýden-öýe wagyz edýäris. Şeýdip, biz köp adamlara hakykaty ýetirýäris». Hawa, biz özümize däl-de, adamlara amatly wagty wagyz etmeli. Şonda köp adamlara şaýatlyk ederis we Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarys.

ATASYNYŇ ADYNY AKLAMAK ISLEÝÄRDI

Isa pygamberiň göreldesine eýerip, synaglarda Hudaýa doga edip güýç soralyň (15—17-nji abzaslara serediň). *

15. Luka 22:39—44-nji aýatlara görä, Isa ömrüniň soňky gijesi näme edýär?

15 B. e. 33-nji ýylynyň 14-nji nisanynda agşam çagy Isa Getseman bagyna gidýär. Ol Ýehowa ýüregini döküp, aglap doga edýär (Luka 22:39—44-nji aýatlary okaň). Isanyň Ýehowa nädip doga edendigi hakda Ýewreýler 5:7-de şeýle diýilýär: «Mesih... Hudaýa ahy-nala we gözýaşlar bilen ýalbaryp, ýürekden dileg etdi». Isa şol gije näme barada doga edýär? Ol Atasyna wepaly bolup, islegini ýerine ýetirer ýaly güýç soraýar. Ýehowa eziz Oglunyň dilegini eşidýär we perişdesi arkaly ony ruhlandyrýar.

16. Isa Getseman bagynda näme üçin aglap doga etdi?

16 Isa Hudaýyň adyna dil ýetirýän jenaýatçy hökmünde aýyplanjagyny bilýärdi. Şeýle-de ol Atasynyň adyny aklamalydygyna düşünýärdi. Şonuň üçin ol Hudaýdan güýç sorap, aglap doga etdi. Geliň, Isanyň aglap eden dogasyndan näme öwrenip biljekdigimize seredeliň.

17. Ýehowa Isanyň dogasyna näme üçin jogap berdi we biz mundan näme öwrenýäris?

17 Ýehowa biziň ýürekden edýän dogalarymyzy eşidýär. Ýehowa Isanyň kömek sorap eden dogasyny diňleýär. Näme üçin? Sebäbi Isa Atasyna wepaly bolmak we adyny aklamak üçin janyndan geçmäge taýyndy. Bizem Isa ýaly Ýehowa wepaly bolsak we adyny aklamagy ýüregimize düwsek, gökdäki Atamyz dogalarymyza jogap berer (Zeb. 145:18, 19).

18. Isa pygambere näme üçin dertdeş dost diýse bolar?

18 Isa pygamber biziň başdan geçirýän duýgularymyza düşünýär. Agyr günde ýagdaýymyza düşünýän, dertdeş dostumyz ýanymyzda bolsa özümizi arkaýyn duýarys. Isa pygambere hem şeýle dertdeş dost diýse bolar. Ol biziň käte ejizleýändigimizi we kömege mätäç bolýandygymyzy bilýär. Şeýle-de ol biziň kemçiliklerimize düşünýär we öz wagtynda gerekli kömegi berýär (Ýew. 4:15, 16). Isa pygamber Getseman bagynda perişdäniň beren goldawyny minnetdarlyk bilen kabul edýär. Bizem Ýehowanyň edebiýatlar, wideolar, nutuklar, ýaşulular we imany berk dostlarymyz arkaly berýän kömegini kabul etmeli.

19. Kyn ýagdaýlarda Hudaýa wepaly bolmak üçin näme etmeli? Mysal getiriň.

19 Ýehowa kalbymyza parahatlyk berýär. Biz Hudaýa doga etsek, ol bize «ynsan düşünjesinden ýokary bolan... parahatlygy» berer (Flp. 4:6, 7). Ýehowa biziň kalbymyza rahatlyk berýär we dury pikirlenmäge kömek edýär. Luiza uýa munuň şeýledigine göz ýetirdi. Ol şeýle diýýär: «Käte özümi ýeke, ýalňyz duýýaryn. Ýehowanyň meni söýýändigine ynanyp bilmeýärin. Şonda Ýehowa ýüregimi döküp, doga edýärin. Ol maňa erbet pikirlerimi ýeňmäge güýç berýär». Hawa, Ýehowa doga-dileg etsek ýüregimiz giňär.

20. Isanyň gözýaş dökmeginden näme öwrenýäris?

20 Isanyň gözýaş dökmeginden köp zatlary öwrenip bilýäris. Maşgala agzalarymyzyň biri aradan çykanda, Ýehowa bilen Isanyň bizi goldajagyna doly ynamly bolup bileris. Şeýle-de olardan görelde alyp, ýakynlaryny ýitiren dostlarymyza göwünlik bermeli. Biz Ýehowa bilen Isa ýaly duýgudaş bolmaly. Adamlaryň ýagdaýyna düşünip wagyz etmeli we şägirt taýýarlamaly. Ýehowa bilen Isa biziň duýgularymyza düşünýär, ejizliklerimizi görýär we göreşmek üçin güýç berýär. Tizden Ýehowa biziň «gözlerimizden ýaşlarymyzy süpürer» (Ylh. 21:4). Geliň, şol güne çenli makaladaky maslahatlara eýereliň.

120-NJI AÝDYM Isa ýaly ýumşak boluň

^ Isa pygamber käte gaýgy-hasratdan ýaňa aglaýardy. Makalada Isanyň haýsy üç ýagdaýda aglandygy hakda gürrüň ederis we biziň ondan näme öwrenip biljekdigimize serederis.

^ Käbir atlar üýtgedildi.

^ «Ýazgylara düşünmek» (rus.) kitabynyň «Isa Mesih» diýen makalasynyň, «Işleri we häsiýetleri» diýen bölüminiň «Duýgulary we mähirli sözleri» diýen sözbaşysyny okaň.

^ SURATLAR: Isa pygamber Marta bilen Merýeme göwünlik berýär. Bizem dogan-garyndaşlary aradan çykan dostlarymyza teselli bermeli.

^ SURATLAR: Isa Nikodime Hudaý barada ýarygije gürrüň berýär. Bizem adamlara amatly wagtda wagyz etmeli.

^ SURATLAR: Isa Hudaýa wepaly bolmak üçin doga edýär. Bizem agyr synaglarda Hudaýdan güýç sorap doga etmeli.