2-NJI MAKALA
Isa pygamberiň inisi Ýakubyň göreldesine eýeriň
«Hudaýyň we Halypamyz Isa Mesihiň guly Ýakup» (Ýak. 1:1).
88-NJI AÝDYM Ýollaryňy öwret
MAZMUNY *
1. Ýakup nähili maşgalada önüp-ösdi?
ISA PYGAMBERIŇ inisi Ýakup Hudaýa wepaly maşgalada önüp-ösdi. * Onuň kakasy Ýusup we ejesi Merýem Ýehowany ýürekden söýýärdi hem-de Hudaýa sežde etmegi durmuşynda birinji orunda goýýardy. Şeýle-de onuň agasy Isa Hudaýyň wada eden Mesihidi. Ýakup şeýle maşgalada kemala gelenine örän begenendir.
2. Ýakup agasyna näme üçin buýsanandyr?
2 Ýakup agasy Isa buýsanandyr (Mat. 13:55). Meselem, Isa çagalykdan mukaddes kitaplary gowy bilýärdi. Bir gün ol ene-atasy bilen Iýerusalime barýar. Şonda ybadathanadaky mugallymlar 12 ýaşlyja Isanyň mukaddes kitaplary gowy bilýändigine haýran galýarlar (Luka 2:46, 47). Ýakubyň kakasy Ýusup agaç ussasydy. Ol ogullaryna-da ussaçylygy öwredendir. Ýakup agasy Isa bilen eginme-egin işleşip, onuň ýagşy häsiýetlerini görendir we köp zatlary öwrenendir. Neýtan Norr: «Biri bilen eginme-egin işleşseň, ony has gowy tanap bolýar» diýerdi. * Ýakup hem agasy «Isanyň ulalyp, akylly-paýhasly bolýandygyny, Hudaýy we adamlary razy edýändigini» görendir (Luka 2:52). Belki, siz Ýakup Isa pygamberiň ilkinji şägirtleriniň biri bolandyr öýdýänsiňiz. Gynansak-da, beýle bolmady.
3. Isa pygamber ýer ýüzünde gulluk edende, Ýakup onuň şägirdi boldumy?
3 Isa pygamber ýer ýüzünde gulluk edende, Ýakup onuň şägirdi bolmady (Ýah. 7:3—5). Belki, ol dogan-garyndaşlary ýaly Isa «akylyndan azaşypdyr» diýendir (Mar. 3:21). Şeýle-de Isany pürse çüýlänlerinde, Ýakubyň şol ýere barandygy hakda hiç hili maglumat ýok (Ýah. 19:25—27).
4. Makalada näme hakda gürrüň ederis?
4 Mukaddes Kitaba görä, birnäçe wagtdan soň Ýakup Isa pygambere iman edýär we mesihçiler ýygnagynyň diregi bolýar. Makalada Ýakubyň göreldesine eýermek üçin näme etmelidigi hakda gürrüň ederis we şu iki soragyň jogabyny bileris: 1) biz näme üçin pesgöwünli bolmaly? 2) Ökde mugallym bolmak üçin näme etmeli?
ÝAKUP ÝALY PESGÖWÜNLI BOLUŇ
5. Isanyň ölümden direlmegi Ýakuba nähili täsir edýär?
5 Ýakup Isanyň pygamberdigine haçan iman edýär? Isa ölümden direlenden «soňra Ýakuba, ondan soňra ähli resullara görünýär» (1 Kor. 15:7). Ýakup agasy Isanyň ölümden direlendigini görüp haýran galandyr we onuň şägirdi bolandyr. Bir gün resullar Iýerusalimde bolýan jaýynyň ýokarky otagyna çykýarlar. Olar Hudaýdan mukaddes ruh sorap, doga edýärler. Olaryň arasynda Isanyň inisi Ýakup hem bardy (Res. 1:13, 14). Soňra Ýakup ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolup gulluk edýär (Res. 15:6, 13—22; Gal. 2:9). Ýakup b. e. 62-nji ýylyndan öň Hudaýyň ylhamy bilen saýlanan mesihçilere hat ýazýar. Ýakubyň hatyndan saýlanan mesihçiler hem, ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän adamlar hem köp zatlary öwrenip bilerler (Ýak. 1:1). I asyrda ýaşap geçen taryhçy Iosif Flawiýiň aýtmagyna görä, baş ruhany Ananýas Ýakuba ölüm jezasyny berýär (Ananýas Hannanyň ogludy). Ýakup soňky demine çenli Ýehowa wepaly bolýar.
6. Ýakup bilen dini ýolbaşçylaryň arasynda nähili tapawut bar?
6 Ýakup pesgöwünlidi. Ol Isanyň ölümden direlendigini görüp, ýalňyşyna düşünýär, özüni kiçeldýär we onuň Hudaýyň Ogludygyna iman edýär. Ýakup I asyrdaky dini ýolbaşçylar ýaly tekepbir däldi. Ruhanylar Isanyň Lazary ölümden direldendigini bilýärdiler. Olar Isany Hudaýyň bellän pygamberi hökmünde kabul etmegiň deregine, ony we Lazary öldürjek boldular (Ýah. 11:53; 12:9—11). Soňra Hudaý Isa pygamberi ölümden direldende, olar halkdan hakykaty gizläp, ýalan gep-gürrüňleri ýaýratdylar (Mat. 28:11—15). Şeýlelikde, ulumsy dini ýolbaşçylar Hudaýyň bellän Mesihinden ýüz öwürdiler.
7. Biz näme üçin tekepbir bolmaly däl?
7 Biziň üçin sapak: tekepbir bolman, pesgöwünlilik bilen Ýehowanyň öwüt-ündewine gulak asmaly. Käbir keseller sebäpli adamyň gany goýalyp, ýüregi haýal urup başlaýar. Edil şonuň ýaly, ulumsylyk häsiýeti hem adamyň ýüregini gatadýar we Ýehowa gulak asmaga päsgel berýär. Isa pygamberde mukaddes ruhuň bardygyny subut edýän deliller bolsa-da, fariseýler tekepbirlik bilen Hudaýyň Ogluny inkär etdiler (Ýah. 12:37—40). Şeýlelikde, olar ebedi ýaşaýyşdan mahrum boldular (Mat. 23:13, 33). Hawa, pesgöwünli bolmak örän wajyp. Pesgöwünli adam Hudaýyň Sözüni her gün okaýar we mukaddes ruhuň ýüregini ýumşatmagyna ýol berýär. Ol Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürýär, hemişe ýagşy zatlar hakda oýlanýar we paýhasly kararlara gelýär (Ýak. 3:17). Ýakup pesgöwünli bolandygy üçin Ýehowanyň tälimini kabul edýär we ökde mugallym bolýar.
ÝAKUP ÝALY ÖKDE MUGALLYM BOLUŇ
8. Bize ökde mugallym bolmaga näme kömek eder?
8 Ýakup dini mekdeplerde okamandy. Şonuň üçin dini ýolbaşçylar ony Petrus bilen Ýahýa ýaly «sada we bilimsiz» adam hasaplandyr (Res. 4:13). Emma Ýakup Ýehowanyň tälimini alyp, ökde mugallym bolýar we Hudaýyň ylhamy bilen «Ýakup» kitabyny ýazýar. Belki, bizem ýokary okuw jaýlarynda okan däldiris, ýöne Ýehowanyň mukaddes ruhy we guramasy arkaly berýän bilimi bilen ökde mugallym bolup bileris. Geliň, Ýakubyň göreldesine eýermek üçin näme etmelidigini bileliň.
9. Ýakup nädip öwredýärdi?
9 Ýakup sada sözler bilen düşündirýärdi. Onuň ýazan hatyny okan adamlar derrew düşünýärdiler we beren maslahatyna eýerýärdiler. Ýakup adalatsyzlyk edenlerinde ýüregiňi gatatman, sabyrly we çydamly bolmagyň wajypdygyny sada sözler bilen düşündirdi. Ol şeýle ýazdy: «Biz kynçylyklara çydaýan adamlary bagtly hasaplaýarys. Siz Eýýup pygamberiň çydamlylygy we Ýehowanyň beren berekedi hakda eşidensiňiz. Hawa, Ýehowa örän mähirli we rehimdar Hudaý ekeni» (Ýak. 5:11). Görşümiz ýaly, Ýakup Hudaýyň Sözüne esaslanyp öwredýär. Ol Eýýup pygamber hakda gürrüň berip, Ýehowanyň wepaly adamlara bereket berýändigini düşündirýär. Ýakup aýtjak habaryny sada we düşnükli sözler bilen beýan edýär. Şeýdip, ol özüni däl-de, Ýehowany şöhratlandyrýar.
10. Tälim berenimizde Ýakubyň göreldesine nädip eýerip bileris?
10 Biziň üçin sapak: tälim berenimizde sada sözleri, ýönekeý sözlemleri ulanmaly we Mukaddes Kitaba esaslanmaly. Biz bilimimiz bilen adamlary haýran galdyrjak bolmaly däl, gaýtam akyldar we aladaçyl Hudaý Ýehowa hakda oýlanmaga kömek etmeli (Rim. 11:33). Munuň üçin hemişe Mukaddes Kitaba esaslanyp öwretmeli. Biz okuw geçýäne: «Seniň ýeriňe men bolan bolsam şeýle ederdim» diýmeli däl. Biz oňa Mukaddes Kitapdaky wakalar hakda oýlanmaga, Ýehowanyň halaýan we ýigrenýän zatlaryny bilmäge kömek etmeli. Şonda ol karara gelende biziň däl-de, Ýehowanyň göwnünden turjak bolar.
11. Ýakup mesihçilere näme üçin maslahat berdi we nädip? (Ýakup 5:13—15).
11 Ýakup imandaşlarynyň ýalňyşyny açyk aýdýardy. Ýakup dogan-uýalaryň ejizliklerini bilýärdi we olara kömek etmek isleýärdi. Meselem, käbir mesihçiler maslahaty kabul etmeýärdi (Ýak. 1:22). Käbirleri bolsa garyplary äsgermän, baýlara hormat goýýardy (Ýak. 2:1—3). Başgalary bolsa dilini saklap bilmeýärdi (Ýak. 3:8—10). Elbetde, mesihçilere şeýle işleri etmek gelişmeýär. Emma Ýakup olara düzelmejek adam hökmünde garamaýar. Ýakup olara mähir bilen, ýöne gönümel maslahat berýär we ýygnak ýaşulularyndan kömek soramaga höweslendirýär (Ýakup 5:13—15-nji aýatlary okaň).
12. Okuw geçýäne erbet endiklerini taşlamaga nädip kömek etmeli?
12 Biziň üçin sapak: okuw geçýän adamyň ýalňyşyny açyk aýtmaly, emma oňa düzelmejek adam hökmünde garamaly däl. Okuw geçýänleriň köpüsine Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak kyn bolýar (Ýak. 4:1—4). Olara erbet endiklerini taşlap, ýagşy häsiýetleri ösdürmek üçin wagt gerek. Biz Ýakubyň göreldesine eýerip, okuw geçýän adamyň ýalňyşyny açyk aýtmaly, emma biz oňa düzelmejek adam hökmünde garamaly däl. Şeýle-de Ýehowanyň pesgöwünli adamlar bilen dostlaşýandygyna we olara durmuşyny üýtgetmäge güýç berýändigine ynanmaly (Ýak. 4:10).
13. Ýakubyň özüne ýokary baha bermändigini nireden bilýäris? (Ýakup 3:2).
13 Ýakup özüne ýokary baha bermeýärdi. Ol: «Men Isa Mesih bilen bir maşgalada önüp-ösdüm ýa-da ýygnakda jogapkärli borçlarym bar» diýip, özüni hondanbärsi alyp barmaýardy. Ol imandaşlaryna «eziz doganlarym» diýip ýüzlenýärdi (Ýak. 1:16, 19; 2:5). Ýakup özüni kämil, hiç haçan ýalňyşmaýan adam ýaly alyp barmaýardy. Ol: «Biziň ählimiz köp ýalňyşýarys» diýdi (Ýakup 3:2-ni okaň).
14. Biz näme üçin ýalňyşýandygymyzy boýun almaly?
14 Biziň üçin sapak: ähli adamlaryň bikämildigini unutmaly däl. Biz özümizi okuw geçýän adamdan ýokary hasaplamaly däl we ýalňyşýandygymyzy boýun almaly. Näme üçin? Eger biz özümizi kämil, hiç haçan ýalňyşmaýan adam ýaly alyp barsak, okuw geçýän «Hudaýyň kada-kanunlaryna hiç haçan eýerip bilmerin» diýip ruhdan düşer. Şol sebäpli okuw geçýäne käte bize-de Hudaýyň kada-kanunlaryna eýermegiň kyn düşýändigini we kynçylyklary ýeňmäge Ýehowanyň kömek edýändigini gürrüň bermeli. Şonda ol goýberýän ýalňyşlary sebäpli ruhdan düşmän, Ýehowa ýürekden gulluk eder.
15. Ýakup nähili mysallary ulanýardy? (Ýakup 3:2—6, 10—12).
15 Ýakup täsirli mysallary ulanýardy. Ýakup hatyny Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen ýazdy. Şeýle-de ol agasy Isanyň mysallary ussatlyk bilen ulanyşyny görüp, ondan köp zatlary öwrenendir. Ýakubyň mysallary ýönekeý, düşnükli we durmuşda ulanmak aňsat (Ýakup 3:2—6, 10—12-nji aýatlary okaň).
16. Biz näme üçin mysallary ökdelik bilen ulanmaly?
16 Biziň üçin sapak: ýerlikli mysallary ulanmaly. Eger biz mysallary ökdelik bilen ulansak, adamlara gürrüň berýän wakamyzy aňynda janlandyrmak we göz öňüne getirmek aňsat bolar. Mysallar Mukaddes Kitabyň hakykatlaryny aňsatlyk bilen düşündirmäge kömek edýär. Isa mysallary ökdelik bilen ulanýardy. Ýakup hem agasy Isanyň göreldesine eýerýärdi. Geliň, Ýakubyň ulanan täsirli mysaly hakda gürrüň edeliň.
17. Ýakup 1:22—25-nji aýatlarda ýazylan mysallara näme üçin täsirli diýse bolar?
17 Ýakup 1:22—25-nji aýatlary okaň. Ýakubyň aýna hakda ulanan mysaly örän täsirli we düşnükli. Ýakup şu mysal arkaly wajyp hakykaty düşündirjek bolýar. Adam erbet endiklerini taşlamak üçin, Hudaýyň Sözüni diňe bir okamak bilen çäklenmän, öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanmaly. Ýakubyň ulanan mysaly hemmelere tanyş, sebäbi aýna seretmeýän adam ýok bolsa gerek. Aýdaly, biz bir ýere gitjek bolýarys we aýna seredenimizde saçymyzyň hüžžerip durandygyny görýäris. Biz saçymyzy daraman, özümize timar bermän çykyp giderismi? Elbetde, ýok! Edil şonuň ýaly Mukaddes Kitaby okanymyzda erbet endiklerimizi we häsiýetlerimizi görmegimiz mümkin. Eger biz Mukaddes Kitaby okap, öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulanmasak we öz üstümizde işlemesek, aýna seredip özüne timar bermeýän akmak adama meňzäris.
18. Biz mysallary ökdelik bilen ulanmak üçin haýsy üç zady göz öňünde tutmaly?
18 Biz Ýakubyň göreldesine eýerip, mysallary ökdelik bilen ulanmak üçin şu üç zady göz öňünde tutmaly: 1) ulanjak mysallarymyz tema gabat gelmeli, 2) diňleýjilere tanyş we düşnükli mysallary ulanmaly, 3) mysaldan adamlaryň näme sapak edinip biljekdigini düşündirmeli. Eger size ýerlikli mysallar tapmak kyn bolsa, «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlarynyň indeksinden» gözleg geçiriň. Siz «Mysallar» diýen bölümden ençeme mysallary tapyp bilersiňiz. Mikrofonyň adamyň sesini güýçlendirişi ýaly, mysallar hem aýtjak pikirlerimizi güýçlendirýär. Eger biz mysallary çendenaşa köp ulansak, diňleýjileriň başy çaşar. Şol sebäpli mysallary diňe esasy pikirleri düşündirmek üçin ulanmaly. Biziň her birimiz mysallary ökdelik bilen ulanmak isleýäris. Emma biz adamlary haýran galdyrjak bolmaly däl-de, olara Ýehowanyň agzybir halkyna goşulmaga kömek etmeli.
19. Dogan-uýalary söýýändigimizi nädip görkezip bileris?
19 Elbetde, biz Ýakup ýaly kämil adam bilen bir maşgalada önüp-ösmedik. Emma biz Hudaýa wepaly dogan-uýalar bilen gulluk edýäris we olary söýýäris. Olar bilen gürrüňdeş bolýarys, dynç alýarys, wagyz edýäris, şägirt taýýarlaýarys we olardan köp zatlary öwrenýäris. Ýakubyň garaýşy, özüni alyp barşy we tälim berişi haýran galdyrýar. Eger biz onuň göreldesine eýersek, Ýehowany şöhratlandyrarys we akýürekli adamlara gökdäki Atamyz bilen dostlaşmaga kömek ederis.
114-NJI AÝDYM Sabyrly boluň
^ Ýakup Isa Mesih bilen bir maşgalada önüp-ösýär. Ol Hudaýyň Ogly Isany gowy tanaýardy. Ol I asyrda mesihçiler ýygnagynyň diregi boldy. Şu makalada Ýakubyň göreldesine eýermek üçin näme etmelidigini bileris.
^ Ýakup Isa pygamberiň enebir doganydy. Ol Hudaýyň ylhamy bilen «Ýakup» kitabyny ýazdy.
^ Neýtan Norr Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasydy. Ol ýerdäki ömrüni 1977-nji ýylda tamamlady.
^ SURAT: Ýakup dili oda meňzedýär. Onuň ulanan mysaly hemmelere tanyş we düşnükli.