5-NJI MAKALA
«Wagtyňyzy paýhasly ulanyň»
«Akylsyz adamlar ýaly däl-de, paýhasly adamlar ýaly ýaşamak üçin her bir ädimiňize ünsli boluň. Wagtyňyzy paýhasly ulanyň» (Efes. 5:15, 16).
8-NJI AÝDYM Ýehowa penamyz
MAZMUNY *
1. Ýehowa bilen dostlaşmak üçin näme etmeli?
BIZ dogan-garyndaşlarymyz, dost-ýarlarymyz bilen dynç almagy we gürrüňdeş bolmagy halaýarys. Meselem, är-aýallar agşamara wagtyny bile geçirmegi gowy görýärler. Ýaşlar bolsa dost-ýarlary bilen göwün açmagy halaýarlar. Biz bolsa imandaşlarymyz bilen gürrüňdeş bolmagy gowy görýäris. Emma Ýehowa Hudaýa sežde etmegi — doga etmegi, Mukaddes Kitaby okamagy, Onuň niýetleri we ajaýyp häsiýetleri hakda oýlanmagy — ähli zatdan ileri tutýarys. Ýehowa Hudaý bilen dostlaşmak üçin sarp edýän her bir minutymyz gyzyldan gymmatlydyr (Zeb. 139:17).
2. Bize wagt tapmak näme üçin kyn bolýar?
2 Biz Ýehowany has gowy tanamak üçin wagtymyzy we güýjümizi gaýgyrmaýarys, emma muny etmek aňsat bolmaýar. Biz günüň dowamynda şeýle bir başagaý bolýarys welin, Hudaýa sežde etmek üçin az wagt galýar. Biz günuzyn işleýäris, maşgalamyzyň aladasyny edýäris we başga-da köp zatlara ýetişmeli bolýarys. Şol sebäpli Hudaýa doga etmäge, Mukaddes Kitaby okamaga we oýlanmaga asla wagtymyz galmaýar.
3. Ýehowa bilen dostlaşmaga näme päsgel berip biler?
3 Dynç alyş hem köp wagtymyzy alyp bilýär. Göwün açmak üçin saýlan zatlarymyz erbet bolmasa-da, Ýehowa bilen dostlaşmak üçin sarp etjek wagtymyzy alyp biler. Elbetde, wagtal-wagtal dynç almak we göwün açmak peýdaly. Emma dynç almak üçin çendenaşa köp wagt sarp etsek, Hudaýa sežde etmek üçin asla wagt galmaz. Goý, dynç almak üçin sarp edýän wagtymyz, Ýehowa bilen dostlugymyzy berkitmäge päsgel bermesin! (Nak. 25:27; 1 Tim. 4:8).
4. Makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?
4 Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris: biz näme üçin wajyp zatlary durmuşymyzda birinji orunda goýmaly? Ýehowa sežde edýän wagtymyz hiç zat ünsümizi bölmez ýaly näme etmeli? Biz wagty paýhasly ulansak nähili peýda alarys?
WAJYP ZATLARY BIRINJI ORUNDA GOÝUŇ
5. Efesliler 5:15—17-nji aýatlar ýaşlara paýhasly karara gelmäge nädip kömek edýär?
5 Gowy ýoly saýlaň. Ýaşlaryň köpüsi: «Durmuşymy nämä bagyş etsemkäm?» diýip oýlanýarlar. Olaryň mekdep mugallymlary, Hudaýa iman etmeýän dogan-garyndaşlary ýokary bilim almaga we wezipeli işde işlemäge höweslendirýärler. Şol zatlar ýaşlaryň köp wagtyny alyp biler. Olaryň ene-atasy we imandaşlary bolsa bütin ömrüni Ýehowa bagyş etmäge höweslendirýärler. Ýehowany söýýän ýaşlara durmuşda iň gowy karara gelmäge näme kömek eder? Olar Efesliler 5:15—17-nji aýatlar (okaň) hakda oýlanyp, özüne şeýle soraglary berip biler: «„Ýehowanyň islegi“ näme? Ýehowany begendirmek üçin nähili karara gelmeli? Wagtymy paýhasly ulanmak üçin haýsy ýoly saýlamaly?» Ýaşlar, biz «erbet günlerde ýaşaýarys» we Şeýtanyň zalym dünýäsi tizden ýok ediler. Şol sebäpli ömrüňizi Ýehowa bagyş etmegi we Ony her gün begendirip ýaşamagy ýüregiňize düwüň.
6. Merýem nämäni saýlady we näme üçin onuň gelen kararyna paýhasly diýse bolar?
6 Wajyp zatlary birinji orunda goýuň. Käte wagtymyzy paýhasly ulanmak üçin wajyp işleriň arasyndan iň wajybyny saýlamaly bolýarys. Bir gün Isa pygamber Marta bilen Merýemlere myhmançylyga barýar. Marta Isanyň gelenine begenýär we her dürli süýji tagamlary bişirip, saçagyny giňden ýazýar. Merýem bolsa Isanyň ýanynda oturyp, onuň gürrüňlerini diňleýär. Elbetde, Martanyň myhmansöýerligi öwgä mynasyp, emma Merýem Isany diňlemek bilen has «gowusyny saýlady» (Luka 10:38—42). Merýem näme nahar iýendigini unudandyr, emma ol Halypasynyň gürrüňlerini hiç haçan ýatdan çykaran däldir. Merýem Isanyň gürrüňlerini ýere gaçyrman ünsli diňleýärdi. Onuň bilen geçiren her bir minutyny gymmat saýýardy. Bizem Merýemiň göreldesine eýerip, Ýehowa sežde etmek üçin sarp edýän wagtymyzy gymmat saýmaly. Geliň, muny nädip edip biljekdigimize seredeliň.
ÝEHOWA SEŽDE EDENIŇIZDE HIÇ ZAT ÜNSÜŇIZI BÖLMESIN
7. Biz näme üçin Hudaýa doga etmek, Mukaddes Kitaby okamak we oýlanmak üçin wagt sarp etmeli?
7 Ýehowa sežde etmek üçin doga-dileg etmeli, Mukaddes Kitaby okamaly we oýlanmaly. Biz Mukaddes Kitaby okanymyzda akyldarlygyň Gözbaşy bolan Ýehowa Hudaýy diňleýäris (Zeb. 5:7). Gökdäki aladaçyl Atamyza doga edenimizde bolsa, begenjimizi we gynanjymyzy onuň bilen paýlaşýarys (Nak. 2:1—5). Şeýle-de biz Allatagalanyň ajaýyp häsiýetleri we gelejekde ähli adamzat üçin etjek işleri hakda oýlanýarys. Şeýle zatlara wagt sarp edeniňe degýär. Emma Hudaýa sežde edenimizde hiç zat ünsümizi bölmez ýaly näme etmeli?
8. Biz Isa pygamberiň göreldesine eýermek üçin näme etmeli?
8 Asuda ýer tapmaly. Geliň, Isa pygamber hakda gürrüň edeliň. Ol ýer ýüzünde gulluk edip başlamanka, 40 gün janly-jemendäniň ýok ýerinde, ýagny çölde bolýar (Luka 4:1, 2). Ol gökdäki Atasyna doga edýär we Onuň islegini nädip ýerine ýetirip biljekdigi hakda oýlanýar. Şeýdip, ol gelejekde boljak agyr synaglara taýýarlanýar. Isa pygamberiň göreldesine eýermek üçin näme etmeli? Eger siziň maşgalaňyz uly bolsa, öýde asuda ýer tapmak kyn bolup biler. Belki, siz howla çykyp ýa-da seýilgähe gidip, Hudaýa doga edersiňiz. Juliýa uýa hem Ýehowa doga etmek üçin seýilgähe gidýän eken. Ol Fransiýada äri bilen bir otagly jaýda ýaşaýar. Juliýa şeýle gürrüň berýär: «Men her gün seýilgähe gidip, Ýehowa doga edýärin. Ol ýerde hiç kim meniň ünsümi bölmeýär».
9. Isa pygamber Ýehowa sežde etmegi wajyp hasaplaýandygy üçin näme etdi?
9 Isa pygamber daň atandan Gün ýaşýança hoş habary wagyz ederdi. Onuň gürrüňlerini diňlemek üçin köp adam gelerdi. Bir gün Isany görmek üçin «tutuş şäheriň ilaty ýygnanýar». Onuň etmeli işleri köp hem bolsa, Ýehowa sežde etmek üçin wagt tapýardy. Isa «daň atmanka turup, çola ýere gidýär» we gökdäki Atasyna doga edýär (Mar. 1:32—35).
10, 11. Isa pygamber Getseman bagynda şägirtlerine näme maslahat berdi, emma olar näme etdiler? (Matta 26:40, 41).
10 Isa pygamber ýer ýüzündäki ömrüniň soňky gijesi Atasyna doga etmek we oýlanmak üçin Getseman bagyna barýar. Ol ýer asudady, goh-galmagal ýokdy (Mat. 26:36). Isa şol ýerde şägirtlerine doga etmegiň wajypdygyny düşündirýär.
11 Isa ýarygije şägirtleri bilen Getseman bagyna barýar we olara «oýa boluň» diýýär. Özi bolsa doga etmäge gidýär (Mat. 26:37—39). Isa Hudaýa doga edip, şägirtleriniň ýanyna gelende, olar süýji uka gidipdiler. Isa olara «oýa bolup, dyngysyz doga ediň» diýip, ýene-de maslahat berýär (Matta 26:40, 41-nji aýatlary okaň). Emma Isa «bedeniň ejizdigine» düşünýärdi. Ol şägirtleriniň gaýgy-aladadan we ýadawlykdan ýaňa uklap galandygyny bilýärdi. Soňra Isa ýene-de iki sapar Hudaýa doga etmäge gidýär. Emma şägirtler her saparam uklap galýarlar (Mat. 26:42—45).
12. Gaýgy-aladadan we ýadawlykdan ýaňa doga etmäge ýagdaýymyz bolmasa näme etmeli?
12 Doga etmek üçin amatly wagt tapmaly. Käte gaýgy-aladalardan we ýadawlykdan ýaňa doga etmäge güýç-gurbatymyz bolmaýar. Eger siziň bilenem şeýle bolýan bolsa ruhdan düşmäň, sebäbi dogan-uýalaryň köpüsi şeýle ýagdaýlary başdan geçirýärler. Siz näme edip bilersiňiz? Eger siz Hudaýa ýatjak wagtyňyz doga edýän bolsaňyz, onda düşege geçmänkäňiz doga-dileg etseňiz gowy bolar. Belki, siz uklap galmaz ýaly dik durup ýa-da dyza çöküp doga edersiňiz. Eger gaýgy-aladadan ýaňa Ýehowa doga edip bilmeýän bolsaňyz näme? Onda Hudaýa duýgularyňyzy açyk aýdyň. Rehimdar Atamyz siziň ýagdaýyňyza düşüner (Zeb. 139:4).
13. Ýehowa sežde edenimizde hiç zat ünsümizi bölmez ýaly näme etmeli?
13 Hiç zat ünsümizi bölmeli däl. Biz Hudaýa diňe bir doga edenimizde däl, Mukaddes Kitaby okanymyzda we ýygnak duşuşygyna gatnaşanymyzda hem sežde edýäris. Ýehowa sežde edenimizde hiç zat ünsümizi bölmez ýaly näme etmeli? Munuň üçin şu soraglar hakda oýlanmaly: ýygnak duşuşygynda we şahsy okuwyny geçirenimde haýsy zatlar ünsümi bölüp biler? Telefon jaňlarymy, SMS-lermi, elektron poçta gelýän hatlarmy ýa-da başga zatlar? Şu günler milliardlarça adamlar telefonsyz oňup bilmeýärler. Bir alymyň aýtmagyna görä, «eger ýanyňda telefon bolsa pikiriň bölünýär, edýän işiňe ünsüňi jemläp bilmeýärsiň». Doganlar etrap we welaýat kongresinden öň, başgalaryň ünsüni bölmez ýaly elektron enjamynyň sesini öçürmegi maslahat berýärler. Biz şahsy okuwyny geçirenimizde we ýygnak duşuşyklaryna gatnaşanymyzda hem şu maslahata eýersek gowy bolar.
14. Filipililer 4:6, 7-nji aýatlara görä, ünsümizi jemlemek üçin näme etmeli?
14 Ünsümizi jemläp biler ýaly Ýehowadan kömek soramaly. Eger ýygnakda ünsli diňläp bilmeseňiz we şahsy okuwyny geçireniňizde başga zadyň pikirini etseňiz, Ýehowadan kömek soraň. Käte ýygnaga baranymyzda gaýgy-aladalardan ýaňa ünsli diňlemek kyn bolýar, ýöne ünsüňi jemlemek üçin jan etmeli. Şeýle ýagdaýda Hudaýdan kömek sorap doga edeliň. Şonda Ýehowanyň berýän parahatlygy biziň «ýüreklerimizi we pikirlerimizi gorar» (Filipililer 4:6, 7-nji aýatlary okaň).
ÝEHOWA SEŽDE EDIP BEREKET ALYŇ
15. Ýehowany tanamagyň nähili peýdasy bar?
15 Ýehowa barada oýlansak we onuň bilen gürrüňdeş bolsak, birinjiden, paýhasly kararlara geleris. Mukaddes Kitapda: «Paýhasly adam bilen dost bolsaň, paýhasly bolarsyň» diýilýär (Nak. 13:20). Biz Mukaddes Kitaby okap, akyldar Hudaý Ýehowany tanasak paýhasly bolarys we Ony gynandyrýan däl-de, begendirýän kararlara geleris.
16. Ökde mugallym bolmak üçin näme etmeli?
16 Ikinjiden, ökde mugallym bolarys. Biz Mukaddes Kitapdan okuw geçýän adamlara Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etmek isleýäris. Eger biz Hudaýa doga etsek we Mukaddes Kitaby okasak, gökdäki Atamyzy ýürekden söýeris. Şonda okuw geçýänler hem biziň göreldämize eýerip, Ýehowany ýürekden söýerler. Isa pygamber Atasy hakda mähir bilen gürrüň berýärdi. Şägirtler Halypasynyň berýän gürrüňlerini diňläp, Ýehowany ýürekden söýýärdiler (Ýah. 17:25, 26).
17. Ýehowa imanyňy berkitmek üçin näme etmeli?
17 Üçünjiden, Hudaýa ýürekden iman ederis. Ýehowa dogalarymyzy diňläp, bize görkezme we göwünlik berýär. Hudaýyň doga-dileglerimize jogap berýändigini her sapar görenimizde imanymyz has-da berkeýär (1 Ýah. 5:15). Hudaýa imanymyzy berkitmek üçin ýene näme etmeli? Şahsy okuwyny geçirmeli, sebäbi Mukaddes Kitapda: «Adam sözi eşidip iman edýär» diýilýär (Rim. 10:17). Emma imanyňy berkitmek üçin bilim almak ýeterlikli däl.
18. Oýlanmagyň nähili peýdasy bar?
18 Biz okan zatlarymyz hakda oýlanmaly. Geliň, 77-nji mezmury ýazan adam barada gürrüň edeliň. Ol Ýehowanyň ysraýyl halkyndan ýüz öwrendigi hakda oýlanyp ruhdan düşýär we gijelerine uklap bilmeýär (Zeb. 77:2—8). Ol näme edýär? Ol şeýle diýýär: «Seniň eden işleriň hakda oýlanaryn, gudratlaryň barada çuňňur oýa bataryn» (Zeb. 77:12). Mezmurçy Hudaýyň halkyna eden ýagşylyklaryny bilse-de, ol biynjalyk bolup: «Hudaý indi rehim etmezmi? Gahary rehimdarlygyndan rüstem geldimi?» diýýär (Zeb. 77:9). Mezmurçy Ýehowanyň geçmişde eden gudratly işleri we halkyna rehim edendigi hakda oýlanýar (Zeb. 77:11). Şeýdip, ol Ýehowanyň öz halkyny hiç haçan taşlamajakdygyna göz ýetirýär (Zeb. 77:15). Eger Ýehowanyň biziň üçin we halky üçin eden ýagşylyklary hakda oýlansak imanymyz berkär.
19. Biz näme üçin Ýehowany ýürekden söýmeli?
19 Dördünjiden, Ýehowany ýürekden söýeris. Eger Ýehowany söýsek, höwes bilen gulak asarys, Ony razy etmek üçin islendik zatdan geçmäge taýyn bolarys we synaglarda berk durarys (Mat. 22:37—39; 1 Kor. 13:4, 7; 1 Ýah. 5:3). Hawa, Ýehowa bilen dostlugymyz hemme zatdan wajypdyr! (Zeb. 63:1—8).
20. Hudaýa edýän seždämize hiç zat päsgel bermez ýaly näme etmeli?
20 Ýehowa sežde etmek üçin doga etmegiň, Mukaddes Kitaby okamagyň we oýlanmagyň wajypdygyny hiç haçan unutmalyň. Biz Isa pygamberiň göreldesine eýerip, Ýehowa doga etmek we Mukaddes Kitaby okamak üçin asuda ýer tapmaly. Hudaýa sežde edenimizde hiç zat ünsümizi bölmez ýaly we pikirimizi jemläp biler ýaly, Ýehowa doga edip kömek soramaly. Şonda gökdäki Atamyz tagallamyza ak pata berer we ebedi ýaşaýşy sowgat eder (Mar. 4:24).
28-NJI AÝDYM Kim Ýehowa dost bolup biler?
^ Biri bilen dostlaşmak üçin wagt gerek bolýar. Ýehowa bilen dostlaşmak barada hem şeýle diýse bolar. Biz daň atandan Gün batýança köp işlere ýetişmeli bolýarys. Onda gökdäki Atamyz bilen dostlaşmak üçin nädip wagt tapmaly we muny etmegiň nähili peýdasy bar?