Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

4-NJI MAKALA

Ýatlama agşamy — Ýehowanyň ýagşylygy

Ýatlama agşamy — Ýehowanyň ýagşylygy

«Muny meni ýatlamak üçin berjaý ediň» (Luka 22:19).

19-NJY AÝDYM Ýatlama agşamy

MAZMUNY a

1, 2. Biz näme üçin her ýyl Ýatlama agşamyna gatnaşmaly?

 IKI MÜŇ ÝYL mundan öň Isa pygamber ähli adamlar üçin şirin janyny gurban etdi. Onuň töleg gurbany bikämil adamlara ebedi ýaşamaga mümkinçilik döredýär. Isa pygamber şägirtlerine şu wajyp güni uly dabara bilen däl-de, ýönekeýje geçirmegi tabşyrdy. Muny geçirmek üçin çörek bilen şerap gerekdi (1 Kor. 11:23—26).

2 Biz Isa pygamberi ýürekden söýýäris we beren tabşyrygyny ýerine ýetirmäge jan edýäris (Ýah. 14:15). Isa pygamberiň bildiren söýgüsine minnetdar bolmak üçin näme etmeli? Biz Ýatlama agşamy döwri Ýehowa doga edip, töleg gurbany hakda oýlanmaly we yhlasly wagyz edip, köp adamlary Ýatlama agşamyna çagyrmaly. Şeýle-de kynçylyklara garamazdan, Ýatlama agşamyna gatnaşmagy ýüregimize berk düwmeli.

3. Makalada näme hakda gürrüň ederis?

3 Ýehowanyň Şaýatlary her ýyl Ýatlamaga agşamyny bellemek üçin tagalla edýärler. Olar 1) Ýatlama agşamyny Isa pygamberiň aýdyşy ýaly belleýärler, 2) köp adamlary çagyrýarlar we 3) kynçylyklara garamazdan, Ýatlama agşamyna barmak üçin jan edýärler. Geliň, şu makalada şularyň her biri hakda jikme-jik gürrüň edeliň.

ÝATLAMA AGŞAMYNY NÄDIP GEÇIRMELI?

4. Ýatlama agşamynda haýsy soraglaryň jogabyny bilýäris we biz näme üçin Ýehowa minnetdar bolmaly? (Luka 22:19, 20).

4 Biz Ýatlama agşamynda Mukaddes Kitaba esaslanan nutuk diňleýäris. Nutukda wajyp soraglaryň jogabyny bilýäris. Meselem, näme üçin töleg gurbany gerek? Bir adamyň ölümi nädip ähli adamlaryň günäsini ýuwýar? Çörek we şerap nämäni aňladýar? Olardan kimler dadýar? (Luka 22:19, 20-nji aýatlary okaň). Ýer ýüzünde Jennetde ýaşajak adamlara nähili bereketler garaşýar? (Işa. 35:5, 6; 65:17, 21—23). Biz Ýehowa örän minnetdar, sebäbi ol bize töleg gurbany näme üçin berendigini düşündirýär. Milliardlarça adamlar töleg gurbanynyň gadyryny bilmeýärler. Olar Isa pygamberiň eden ýagşylygyna minnetdar bolmaýarlar we Ýatlama agşamyny onuň tabşyryşy ýaly bellemeýärler.

5. Resullar ölenden soň Mesihiň ölen güni nädip bellenip başlandy?

5 Resullar aradan çykandan soň mesihçiler ýygnagyna ýalan mugallymlar aralaşyp başlady (Mat. 13:24—27, 37—39). Olar öz «yzyna eýertmek üçin hakykaty ýoýdular» (Res. 20:29, 30). Mukaddes Kitapda Mesih janyny «bir gezekde hemişelik gurban berdi» diýilýän hem bolsa, ýalan mugallymlar «töleg gurbany gaýta-gaýta berilmeli» diýip öwredýärler (Ýew. 9:27, 28). Şu günler köp adamlar şol ýalan taglymatlara eýerýärler. Käbir dinlerde adamlar buthana her gün diýen ýaly baryp, Mesihiň ölen gününi belleýärler. b Käbir dinlerde Isa Mesihiň ölümi her gün bellenmeýär, olar töleg gurbanyň näme üçin berlendigine-de düşünmeýärler. Şol sebäpli: «Töleg gurbany meniň günämi ýuwup bilermi?» diýip şübhelenýärler. Olar dini ýolbaşçylaryň ýalan taglymatlaryna ynanýarlar we töleg gurbana iman etmeýärler. Emma Ýehowanyň Şaýatlary akýürekli adamlara töleg gurbanynyň manysyny düşündirýärler.

6. 1872-nji ýylda Mukaddes Kitaby öwrenýänleriň kiçi topary nämä düşündiler?

6 1870-nji ýylda Çarlz Teýz Rasseliň ýolbaşçylygynda Mukaddes Kitaby öwrenýänleriň kiçi topary Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenip başlaýarlar. Olar töleg gurbanyň manysy we Ýatlama agşamynyň geçirilişi barada gözleg geçirýärler. 1872-nji ýylda olar Isa Mesihiň ähli adamlar üçin janyny töleg hökmünde berendigine düşünýärler. Rassel we egindeşleri öwrenen zatlaryny kitaplar we gazet-žurnallar arkaly başgalara-da ýetirýärler. Şeýlelikde, olar I asyrdaky mesihçileriň göreldesine eýerip, ýylda bir gezek Halypamyzyň Ýatlama agşamyny geçirip başlaýarlar.

7. Mukaddes Kitaby öwrenýän doganlaryň barlaglarynyň nähili peýdasy bar?

7 Biz Mukaddes Kitaby öwrenýänleriň geçiren barlaglary netijesinde köp hakykatlary bildik. Meselem, töleg gurbanynyň nämedigine we nähili peýdasynyň bardygyna düşündik (1 Ýah. 2:1, 2). Mukaddes Kitaba görä, az sanly adamlar gökde baky ýaşar we millionlarça adamlar ýer ýüzünde ebedi ýaşar. Biz Ýehowanyň beýik söýgüsi we Isa Mesihiň töleg gurbany hakda oýlansak, gökdäki Atamyz bilen dostlugymyz hasam berkär (1 Pet. 3:18; 1 Ýah. 4:9). Şu günler biz Mukaddes Kitaby öwrenýän doganlaryň göreldesine eýerýäris. Biz Ýatlama agşamyny Isa pygamberiň tabşyryşy ýaly geçirýäris we bu wajyp çärä ähli adamlary hem çagyrýarys.

ÝATLAMA AGŞAMY ÜÇIN ÇAKYLYK

Ýatlama agşamy döwri geçirilýän kampaniýa gatnaşmak üçin näme edip bilersiňiz? (8—10-njy abzaslara serediň) e.

8. Ýehowanyň Şaýatlary akýürekli adamlary Ýatlama agşamyna çagyrmak üçin näme etdi? (Surata serediň).

8 Ýehowanyň Şaýatlary ençeme ýyl bäri akýürekli adamlary Ýatlama agşamyna çagyryp gelýär. Meselem, 1881-nji ýylyň başlarynda Çarlz Teýz Rassel we onuň egindeşleri dogan-uýalary Ýatlama agşamyny bellemek üçin Allegeýn şäherine (ABŞ, Pensilwaniýa ştaty) çagyrýarlar. Birnäçe wagtdan soňra her ýygnak aýratynlykda Ýatlama agşamyny belleýärler. Doganlar 1940-njy ýylyň martynda wagyzçylary gyzyklanýan adamlary Ýatlama agşamyna çagyrmaga höweslendirýärler. 1960-njy ýylda bolsa Beýtelde ilkinji sapar Ýatlama agşamy üçin çakylyk çap edilýär we ýygnaklara iberilýär. Ýygnakdaky wagyzçylar bolsa çakylygy köp adamlara paýlaýarlar. Şondan bäri milliardlarça adamlar Ýatlama agşamyna çagyrylýar. Biz näme üçin çakylygy paýlamak üçin wagtymyzy gaýgyrmaýarys?

9, 10. Biz Ýatlama agşamyna kimleri çagyrýarys? (Ýahýa 3:16).

9 Biz Ýatlama agşamyna has köp adam çagyrmak üçin elimizde baryny edýäris. Şu wajyp çärä ilkinji sapar gelýän adamlaryň Ýehowa Hudaýyň we Isa Mesihiň eden ýagşylyklary hakda bilmäge mümkinçiligi bolýar (Ýahýa 3:16-ny okaň). Biz Ýatlama agşamynda olaryň eşiden zatlarynyň ýüregine täsir edip, Ýehowanyň Şaýady bolar diýip umyt edýäris.

10 Biz Ýatlama agşamyna köp ýyldan bäri ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaýan dogan-uýalary hem çagyrýarys. Olaryň köpüsi biziň çakylygymyzy kabul edip, Ýatlama agşamyna gelýärler. Bizem olary gujak açyp garşy alýarys we Ýehowanyň olary ýürekden söýýändigini ýatladýarys. Ýatlama agşamynda olar geçmişde Ýehowa wepaly gulluk eden ýyllaryny ýatlap, begenjinden ýaňa gözüne ýaş aýlaýarlar. Şeýle duýgulary Monika c uýa başdan geçirdi. Koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýran döwri ony Ýatlama agşamyna çagyrýarlar. Şondan soň Monika yhlasly wagyz edip ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyp başlaýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «2021-nji ýylda geçirilen Ýatlama agşamy meniň üçin has-da üýtgeşik boldy, sebäbi men 20 ýylyň içinde men ilkinji sapar adamlara wagyz etdim we Ýatlama agşamyna çagyrdym. Men Ýehowanyň we Isanyň eden ýagşylygyna minnetdarlyk bildirmek üçin hemme zada taýyndym» (Zeb. 103:1—4). Dogan-uýalar, adamlar sizi diňlesin, diňlemesin, olary Ýatlama agşamyna çagyryň. Unutmaň, Ýehowa Atamyz siziň edýän tagallaňyzy görýär we hökman bereket berer.

11. Ýehowa biziň tagallamyza nädip ak pata berýär? (Hagaý 2:7).

11 Ýehowa Atamyz adamlary Ýatlama agşamyna çagyrmak üçin edýän tagallamyza ak pata berýär. 2021-nji ýylda koronawirus keseli (COVID-19) sebäpli çäklendirmeler bolsa-da, Ýatlama agşamyna 21 367 603 adam gatnaşdy. Bu Ýehowanyň Şaýatlarynyň sanyndan iki ýarym esse köpdür. Elbetde, Ýehowa üçin adamlaryň sany däl-de, olaryň şirin jany has wajyp (Luka 15:7; 1 Tim. 2:3, 4). Biz Ýatlama agşamy döwri yhlasly wagyz etsek, Ýehowa Hudaýyň akýürekli adamlara duşurjakdygyna ynamly bolup bileris (Hagaý 2:7-ni okaň).

BÖWETLERI BÖWSÜP GEÇIŇ!

Ýehowa biziň Ýatlama agşamyny bellemek üçin edýän tagallamyzy gymmat saýýar (12-nji abzasa serediň) f.

12. Ýatlama agşamyna barmaga nämeler päsgel berip biler? (Surata serediň).

12 Isa pygamber soňky döwürde durmuşyň has kynlaşjakdygy barada aýtdy. Meselem, käbir dogan-uýalary yzarlaýarlar, türmä basýarlar we olara dogan-garyndaşlary garşy çykýar. Käbir ýerlerde uruşlar we keselçilik bolýar (Mat. 10:36; Mar. 13:9; Luka 21:10, 11). Hawa, kynçylyklar gün-günden artýar. Dogan-uýalar Ýatlama agşamyna barmak üçin dag ýaly kynçylyklardan geçmeli bolýarlar. Emma Ýehowa olara Ýatlama agşamyna barmaga kömek edýär.

13. Artýom doganyň Ýatlama agşamyny nädip belländigini gürrüň beriň.

13 Türmede. Dogan-uýalar garaňky türmede otursalar-da, Ýatlama agşamyny geçirmek üçin elinde baryny edýärler. Geliň, Artýom dogan bilen bolan wakany bileliň. Ol 2020-nji ýylda 5 adamlyk kamerada (17 kwadrat metr) otyrdy. Artýom Ýatlama agşamyny bellemek üçin gerekli nyşanlary tapýar we nutuk taýýarlaýar. Ýanynda oturan tussaglar çilim çekýärdiler, sögünýärdiler. Artýom olardan iň bolmanda bir sagat çilim çekmezligi we sögünmezligi haýyş edýär. Geň galaýmaly, olaryň ählisi razylaşýar. Artýom olary Ýatlama agşamynyň nutugyny diňlemäge çagyrýar, emma olar islemeýärler. Artýom Ýatlama agşamynyň nutugy bilen çykyş edip başlanda, tussaglaryň ählisi ony diňleýärler. Olar Artýomyň her bir hereketine syn edýärler. Soňra olar Ýatlama agşamy bilen bagly sorag baryny ýagdyrýarlar.

14. Koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýran döwri Ýatlama agşamy nädip geçirildi?

14 Koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýran döwri. Koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýran döwri dogan-uýalar Ýygnak jaýynda ýygnanyşyp bilmediler. d Emma olar Ýehowanyň kömegi bilen wideoaragatnaşyk arkaly Ýatlama agşamyny geçirdiler. Internetiň ýok ýerlerinde ýaşaýan millionlarça dogan-uýalar Ýatlama agşamyny belläp bildilermi? Elbetde! Doganlar radio we mawy ekran arkaly Ýatlama agşamyny diňlemäge mümkinçilik döretdiler. Şeýle-de filialdaky doganlar Ýatlama agşamynyň nutugyny 500-den gowrak dilde ýazgy etdiler. Soňra ýygnak ýaşululary şol nutuklary çet ýerlerde ýaşaýan dogan-uýalara ýetirdiler.

15. Siz Suzananyň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz?

15 Dogan-garyndaşlaryň garşy çykanda. Dogan-garyndaşlaryň garşy çykanda Ýatlama agşamyna barmak has-da kyn bolýar. Geliň, Suzana hakda gürrüň edeliň. Ol Mukaddes Kitapdan okuw geçýär. Suzana sapak geçýän uýa 2021-nji ýylyň Ýatlama agşamyna baryp bilmejekdigini aýdýar, sebäbi dogan-garyndaşlary garşy çykýardy. Uýa oňa Luka 22:44-i okap berýär we Isa pygamberden görelde almagy, Ýehowa ýalbaryp doga etmegi, Oňa doly bil baglamagy maslahat berýär. Suzana uýanyň maslahatyna eýerýär. Ol nyşanlary tapýar we saýtdan Ýatlama agşamy üçin taýýarlanan irdenki seždäni diňleýär. Gün batandan soňra otagyna girip, telefon arkaly Ýatlama agşamyna gatnaşýar. Soňra ol uýa şeýle SMS ýazýar: «Sen meni örän ruhlandyrdyň, gowy maslahat berdiň. Men Ýatlama agşamyna gatnaşmak üçin elimde baryny etdim, galanyny bolsa Ýehowa ugruna etdi. Men özümi bagtly duýýaryn, muny söz bilen beýan edip bilmeýärin». Dogan-uýalar, siziň hem dogan-garyndaşlaryňyz garşy çykýan bolsa, Ýehowa doly bil baglaň. Ol size-de hökman kömek eder.

16. Biz nämä ynamly bolup bileris? (Rimliler 8:31, 32).

16 Biz Ýehowanyň eden ýagşylyklarynyň gadyryny bilsek we Ýatlama agşamyna barmak üçin jan etsek bol bereket alarys (Rimliler 8:31, 32-nji aýatlary okaň). Geliň, şu ýyl geçiriljek Ýatlama agşamyna barmagy ýüregimize berk düweliň we yhlasly wagyz edip, köp adamy Ýatlama agşamyna çagyralyň!

18-NJI AÝDYM Töleg gurbanyna minnetdarlyk

a 2023-nji ýylyň 4-nji aprelinde sişenbe güni Ýehowanyň Şaýatlary Ýatlama agşamyny geçirerler. Oňa millionlarça adamlar gatnaşarlar. Belki-de, käbirleri Ýatlama agşamyna ilkinji sapar gelerler. Şeýle-de köp ýyldan bäri ýygnak duşuşygyna gatnaşmaýan dogan-uýalar hem gelerler. Dogan-uýalaryň käbiri şu wajyp çäräni bellemek üçin dag ýaly kynçylyklardan geçmeli bolarlar. Ýatlama agşamyna gelseňiz Ýehowa begener.

b Buthana barýan adamlar her sapar şu çäräni geçirenlerinde Isanyň bedeni gurban berilýändir öýdýärler. Olar çöregiň göni manyda Mesihiň bedenine, şerabyň bolsa onuň ganyna öwrülýändigine ynanýarlar.

c Käbir atlar üýtgedildi.

d Köpräk bilmek üçin jw.org saýtyndan «2021-nji ýylda Ýatlama agşamy nädip geçirildi?» (rus.) diýen makalany okap bilersiňiz.

e SURAT: 1960-njy ýyldan bäri Ýatlama agşamynyň çakylygy çap edilýär. Häzir çakylygyň hem elektron, hem çap edilen görnüşi bar.

f SURAT: dogan-uýalar raýatlyk urşy döwri Ýatlama agşamyny geçirýärler.