Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Gözleg geçiriň

Gözleg geçiriň

Siz dogan-uýalaryň terjimehalyny okamagy halaýarsyňyzmy?

Är-aýal her gün irden dogan-uýalaryň terjimehalyny okaýan eken. Olar: «Terjimehallary okanymyzda örän ruhlanýarys we kyn ýagdaýda Ýehowa wepaly bolan dogan-uýalaryň göreldesine eýermek isleýäris» diýýär. Bir uýa şeýle gürrüň berýär: «Terjimehallar kalbyma rahatlyk, göwnüme giňlik berýär. Dogan-uýalaryň Ýehowa şatlyk bilen gulluk edýändigini okanymda, meniň hem Ýehowa köpräk gulluk edesim gelýär. Şeýle-de men çagalarymy uzak wagtly gulluk etmäge höweslendirýärin».

Terjimehallar size maksat goýmaga, ejizlikleriňizi ýeňmäge we agyr synaglara şatlyk hem-de mertlik bilen döz gelmäge kömek eder. Terjimehallary nireden tapyp bilersiňiz?

  • Ýehowanyň Şaýatlarynyň terjimehalyny jw.org saýtyndan we JW Library® programmasyndan tapyp bilersiňiz.