Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

5-NJI MAKALA

Mesihiň söýgüsi näme etmäge höweslendirýär?

Mesihiň söýgüsi näme etmäge höweslendirýär?

«Bizi şeýle etmäge Mesihiň söýgüsi höweslendirýär... Adamlar indi özleri üçin däl-de, olaryň hatyrasyna ölüp, soňra direlen üçin ýaşamaly» (2 Kor. 5:14, 15).

13-NJI AÝDYM Mesihiň göreldesi

MAZMUNY a

1, 2. a) Isa Mesihiň ýerdäki ömri hakda oýlananymyzda nähili duýgulary başdan geçirýäris? b) Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

 BIZ aradan çykan dogan-garyndaşlarymyzy göresimiz gelýändir. Olaryň ejir çekip ýatyşy göz öňümize gelende damagymyz dolýandyr. Emma ýürek ýaralary wagtyň geçmegi bilen bitişýär. Biz olaryň beren öwüt-nesihatyny, ruhlandyryjy gürrüňlerini we eden işlerini ýatlanymyzda ýylgyranymyzy duýman galýarys.

2 Isa pygamber biziň üçin ejir çekip öldi. Şu hakda oýlananymyzda ýüregimiz gam-gussadan dolýar. Esasanam, biz Ýatlama agşamy döwri Halypamyzyň biziň üçin şirin janyny gurban edendigi hakda oýlanmaly (1 Kor. 11:24, 25). Ýöne Isa pygamberiň öwüt-nesihatlaryny we ýagşy işlerini ýatlanymyzda ýüregimiz şatlykdan dolýar. Şeýle-de onuň häzir gökde Patyşa bolup höküm sürýändigi we tizden etjek işleri hakda oýlananymyzda göwnümiz göterilýär. Şeýlelikde, biz Isa pygamberiň ýagşylygyna ýagşylyk bilen jogap bermek isleýäris. Makalada muny nädip edip biljegimiz hakda gürrüň ederis.

MINNETDAR BOLUŇ

3. Biz töleg gurbanyna näme üçin minnetdar bolmaly?

3 Isa pygamberiň ýerdäki gullugy, ömri we janyny töleg hökmünde gurban edendigi barada oýlananymyzda ýüregimiz minnetdarlykdan dolýar. Isa adamlara Hudaýyň Patyşalygy we onuň gelejekde eçiljek bereketleri hakda gürrüň berýärdi. Hudaýyň Patyşalygynyň bereketleri hakda Mukaddes Kitapdan okanymyzda begenýäris we ruhlanýarys. Töleg gurbany berilmedik bolsa, biz Ýehowa Hudaý we Isa Mesih bilen dostlaşyp bilmezdik. Töleg gurbanyna iman edýän adamlar ýer ýüzünde ebedi ýaşarlar we aradan çykan dogan-garyndaşlary bilen didarlaşarlar (Ýah. 5:28, 29; Rim. 6:23). Aslynda, biz mynasyp bolmasak-da, Ýehowa töleg gurbanyny berdi. Biz Ýehowanyň ýagşylygynyň öwezini hiç haçan dolup bilmeris (Rim. 5:8, 20, 21). Emma töleg gurbanyna minnetdarlygymyzy iş ýüzünde görkezip bilýäris. Nädip?

Magdalaly Merýemiň göreldesi hakda oýlansak minnetdar bolarys (4, 5-nji abzaslara serediň).

4. Merýem Isa pygambere minnetdarlygyny nädip bildirdi? (Surata serediň).

4 Geliň, magdalaly Merýem hakda gürrüň edeliň. Ol ýehudydy. Aýalyň içine ýedi jyn girip, köp gynaýardy. Ol indi jynlardan halas bolup bilmerin diýip pikir edendir. Ýöne Isa pygamber onuň dadyna ýetişýär, jynlary içinden çykarýar. Merýem Isa pygamberiň ýagşylygyna minnetdar bolýar we oňa gulluk etmek üçin wagtyny, güýjüni hem-de serişdesini gaýgyrmaýar (Luka 8:1—3). Tizden Isa pygamber ähli adamlaryň ebedi ýaşamagy üçin öz şirin janyny gurban bermelidi (Ýah. 3:16). Merýem Halypasynyň etjek uly ýagşylygyndan bihabar bolsa-da, oňa wepalydy. Duşmanlar Isany jebir pürsünden asanlarynda, Merýem şol ýerdedi. Ol Halypasyna we şol ýerdäki ýakynlaryna goldaw boldy (Ýah. 19:25). Isa ölenden soň Merýem ýanyna iki aýaly alyp, jesedi ýaglamak üçin mazara barýar (Mar. 16:1, 2). Merýem Halypasy Isa wepaly bolany üçin uly hormata eýe bolýar. Ol ilkinji bolup direlen Isany görýär (Ýah. 20:11—18).

5. Biz Ýehowa we Isa pygambere minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris?

5 Biz Patyşalyk işi üçin wagtymyzy, güýjümizi, serişdämizi gaýgyrmasak, Ýehowa we Isa pygambere minnetdarlygymyzy görkezeris. Meselem, biz guramanyň binalarynyň gurluşyk we abatlaýyş işlerine gatnaşyp bileris.

ÄHLI ADAMLARY SÖÝÜŇ

6. Töleg gurbanynyň her bir adam üçin berlendigini nireden bilýäris?

6 Ýehowanyň we Isa Mesihiň beýik söýgüsi hakda oýlansak, bizem olary ýürekden söýeris (1 Ýah. 4:10, 19). Esasan-da, Isa pygamberiň biziň her birimiz üçin şirin janyny gurban edendigi hakda oýlansak ýüregimiz minnetdarlykdan dolar. Pawlus resul töleg gurbanynyň gadyryny bilýärdi. Ol galatýalylara: «Hudaýyň Ogly... meni söýüp, meniň üçin janyny gurban etdi» diýdi (Gal. 2:20). Töleg gurbanyna iman etsek, älem-jahanyň Eýesi Ýehowa Hudaýyň dosty bolarys (Ýah. 6:44). Allatagala biziň ýagşy häsiýetimizi görüp, hakykatyny açdy. Ol biziň bilen dostlaşmak üçin gymmatly töleg töledi. Muny bilmek göwnümizi göterýär we Ýehowa bilen Isany her gün ýürekden söýmäge höweslendirýär. Biziň her birimiz: «Men olaryň bildiren söýgüsine nädip minnetdar bolup bilerin?» diýen sorag hakda oýlanmaly.

Ýehowa Hudaýy we Isa Mesihi söýsek yhlasly wagyz ederis (7-nji abzasa serediň).

7. Ýehowany we Isa Mesihi söýýändigimizi nädip subut edip bileris? (Surata seredip jogap beriň; 2 Korinfliler 5:14, 15; 6:1, 2).

7 Biz Ýehowanyň we Isa Mesihiň söýgüsi hakda oýlansak, ähli adamlary söýeris (2 Korinfliler 5:14, 15; 6:1, 2-nji aýatlary okaň). Biz adamlary ala tutmarys, ýagny olaryň milletine, tire-taýpasyna, baý ýa garypdygyna, wezipesine we at-abraýyna seretmezden wagyz ederis. Şeýdip, biz Hudaýyň niýetini ýerine ýetireris. Sebäbi «Hudaý ähli adamlaryň halas bolmagyny we hakykat barada dogry bilim almagyny isleýär» (1 Tim. 2:4).

8. Dogan-uýalary ýürekden söýsek näme ederis?

8 Biz Ýehowanyň we Isa Mesihiň söýgüsi hakda oýlansak, dogan-uýalary hem söýeris (1 Ýah. 4:21). Biz imandaşlarymyzy kyn gününde goldamaga taýyn bolmaly. Meselem, dogan-garyndaşlary aradan çykanda teselli bermeli, kesellände halyndan habar almaly we ruhdan düşende göwnüni galkyndyrmaly (2 Kor. 1:3—7; 1 Sel. 5:11, 14). Şeýle-de olar üçin doga-dileg etmeli. Mukaddes Kitapda: «Dogruçyl adamyň dilegi güýçli täsir edýär» diýilýär (Ýak. 5:16).

9. Dogan-uýalary söýýändigimiz üçin ýene näme etmeli?

9 Biz dogan-uýalary söýsek parahatlygy saklamak üçin elimizde baryny ederis. Munuň üçin geçirimli Hudaý Ýehowadan görelde almaly. Ol biziň üçin söwer Ogluny gaýgyrmady. Onda biz göwnümize degen dogan-uýalary bagyşlamaly dälmi näme?! Biz Isa pygamberiň aýdan mysalyndaky zalym hyzmatkäre meňzemek islemeýäris. Hojaýyny onuň köp bergisini geçse-de, ol özüne ujypsyzja bergisi bolan hyzmatkäri bagyşlap bilmedi (Mat. 18:23—35). Eger dogan-uýalaryň biri bilen araňyzda tow düşen bolsa, onda Ýatlama agşamyndan öň ýaraşmak üçin eliňizde baryny ediň (Mat. 5:23, 24). Şonda Ýehowany we Isany ýürekden söýýändigiňizi subut edersiňiz.

10, 11. Ýaşulular Ýehowa bilen Isany söýýändigini nädip subut edip bilerler? (1 Petrus 5:1, 2).

10 Ýygnak ýaşululary Ýehowa bilen Isany ýürekden söýýändigini nädip subut edip bilerler? Olar Isanyň guzujyklarynyň aladasyny etmeli (1 Petrus 5:1, 2-nji aýatlary okaň). Geliň, Petrus resul bilen bolan waka hakda gürrüň edeliň. Petrus Halypasyndan üç gezek ýüz öwürdi. Soňra onuň ynsaby ezýet berdi. Petrus Halypasyny söýýändigini subut edesi gelýärdi. Isa pygamber ölüp direlenden soň: «Ýahýanyň ogly Simun, sen meni söýýäňmi?» diýip sorady. Elbetde, Petrus Halypasy üçin janyny bermäge taýyndy. Emma Isa oňa: «Guzularymy bak!» diýdi (Ýah. 21:15—17). Petrus resul ömrüniň ahyryna çenli dogan-uýalaryň aladasyny edip, Halypasyny söýýändigini subut etdi.

11 Ýaşulular Ýatlama agşamy döwri Petrus resulyň göreldesine nädip eýerip biler? Olar çopançylyk idegini etmeli we wagyz etmeýän wagyzçylara Ýehowa dolanmaga kömek etmeli (Ezek. 34:11, 12). Şeýle-de olar Ýatlama agşamyna gelen gyzyklanýan we Mukaddes Kitap okuwyny geçýän adamlary güler ýüz bilen garşy almaly hem-de olary öz öýünde ýaly arkaýyn duýmaga kömek etmeli. Şonda ýaşulular Ýehowany we Isany söýýändigini görkezip biler.

BATYRGAÝ BOLUŇ

12. Isa pygamberiň sözleri batyrgaý bolmaga nädip kömek edýär? (Ýahýa 16:32, 33).

12 Isa pygamber ölüminden bir gün öň şägirtlerine: «Dünýäde köp kynçylyk çekersiňiz, ýöne mert boluň! Men dünýäni ýeňdim» diýdi (Ýahýa 16:32, 33-nji aýatlary okaň). Oňa duşmanlardan gorkmazlyga we Ýehowa soňky demine çenli wepaly galmaga näme kömek etdi? Ol Atasyna doly bil baglady. Isa pygamber Atasyna şägirtlerini goramagy haýyş etdi (Ýah. 17:11). Muny bilmek diýseň ruhlandyrýar we güýjümize güýç goşýar, sebäbi Ýehowa duşmanlarymyzdan müň esse güýçli (1 Ýah. 4:4). Ýehowanyň gözünden hiç zat sypmaýar. Eger Oňa doly bil baglasak, kynçylyklara mertlik bilen döz geleris we hiç bir zatdan gorkmarys.

13. Arimatiýaly Ýusup batyrgaýlygyny nädip görkezdi?

13 Isa pygamberiň Ýusup atly şägirdi bardy. Ol arimatiýalydy, Mejlisiň agzasydy we atly-abraýly adamdy. Ýahýa resul şeýle diýdi: «Isanyň Ýusup atly şägirdi bardy, ýöne ol ýehudylardan gorkup, muny hiç kime aýtmaýardy» (Ýah. 19:38). Elbetde, Ýusup Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegine garaşýardy, emma Isa iman edýändigini aýtmaga çekinýärdi. Belki-de, ol: «Meni mejlisden çykararlar, abraýdan düşerin» diýip gorkandyr. Ýöne Ýusup bütin ömrüne gorkup ýaşadymy? Mukaddes Kitapda: «Ol batyrgaýlyk bilen Pilatusyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini sorady» diýilýär (Mar. 15:42, 43). Halypasy ölenden soňra Ýusup imany hakda aýtmaga çekinmeýärdi.

14. Adamlardan gorkmazlyk üçin näme etmeli?

14 Sizem adamlardan gorkýarsyňyzmy? Işde ýa-da mekdepde Ýehowanyň Şaýadydygyňyzy aýtmaga çekinýärsiňizmi? Adamlaryň gepinden gorkup wagyzçy bolmaga ýa-da suwa çümdürilmäge ýaýdanýarsyňyzmy? Adamdan gorkynyň duzagyna düşmäň! Ýogsam Ýehowany begendirýän işleri edip bilmersiňiz. Size adamdan gorkmazlyga näme kömek eder? Ýehowadan batyrgaýlyk sorap doga ediň. Ýehowanyň dogalaryňyza jogap berşini göreniňizde, imanyňyz berkär we batyrgaý bolarsyňyz (Işa. 41:10, 13).

ÝEHOWA ŞATLYK BILEN GULLUK EDIŇ

15. Isa resullaryny nädip ruhlandyrdy we olar näme etdiler? (Luka 24:52, 53).

15 Isa pygamber ölenden soň resullar gaýgy-gama batandyrlar. Olaryň ýerine özüňizi goýup görüň. Resullar Halypasyndan, jana-jan dostundan aýra düşdüler we gelejege bolan umydy üzüldi (Luka 24:17—21). Isa ölümden direlensoň 40 günläp şägirtleriniň ýanynda boldy. Şonda olaryň gaýgysy şatlyga öwrüldi. Isa olara Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleriň ýerine ýetmeginde uly orun tutýandygyny düşündirdi we olara wajyp ýumuş tabşyrdy (Luka 24:26, 27, 45—48). Biraz wagtdan olar Halypasynyň göge galandygynyň diri şaýady boldular. Resullar Isanyň wajyp ýumşy ýerine ýetirmäge kömek etjekdigini bilenlerinde ýürekden şatlandylar. Şondan soň olar ruhdan düşmän, Ýehowany her gün şöhratlandyrdylar (Luka 24:52, 53-nji aýatlary okaň; Res. 5:42).

16. Biz şägirtleriň göreldesine nädip eýerip bileris?

16 Biz resullaryň göreldesine nädip eýerip bileris? Biz diňe Ýatlama agşamy döwri däl, tutuş ýylyň dowamynda Ýehowa şatlyk bilen gulluk etmeli. Munuň üçin Patyşalyk işlerini durmuşymyzda birinji orunda goýmaly. Meselem, biz uzak gün işlemän yhlasly wagyz etmeli, ýygnaklara gatnaşmaly we maşgala okuwyny yzygider geçirmeli. Köp dogan-uýalar baýlyga kowalaşman baryna kaýyl bolup ýaşaýarlar. Olar ýygnagyň işlerini etmek we wagyzçylaryň az ýerinde gulluk etmek üçin köp zadyndan geçýärler. Eger Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýsak we kynçylyklara şatlyk bilen döz gelsek, Ýehowa bize bol bereket berer (Nak. 10:22; Mat. 6:32, 33).

Ýatlama agşamy döwri Ýehowanyň we Isanyň eden ýagşylygy hakda oýlanalyň (17-nji abzasa serediň).

17. Siz Ýatlama agşamy döwri näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz? (Surata serediň).

17 Biz 2023-nji ýylyň 4-nji aprelinde sişenbe güni geçiriljek Ýatlama agşamyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Ýöne biz diňe 4-nji aprelde däl, Ýatlama agşamy döwri Isa pygamberiň ömri, janyny töleg gurbany hökmünde berendigi we Ýehowanyň bildiren beýik söýgüsi barada oýlanmaly. Munuň üçin «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesinden» «Isanyň ýerdäki ömrüniň soňky hepdesi» (B12) diýen goşmaça maglumaty okap bileris. Şol wakalary okanyňyzda, minnetdar we batyrgaý bolmaga, ýürekden söýmäge hem-de şatlyk bilen gulluk etmäge kömek edýän pikirleri tapjak bolalyň. Şeýle-de minnetdarlygymyzy iş ýüzünde nädip görkezip biljekdigimiz barada oýlanalyň. Unutmalyň, Isa Mesih Ýatlama agşamy döwri edýän tagallamyzy sylagsyz goýmaz (Ylh. 2:19).

17-NJI AÝDYM «Isleýärin»

a Ýatlama agşamy döwri Isa pygamberiň ýerdäki ömri we biziň üçin şirin janyny gurban edendigi hakda oýlanmaly. Şonda ýüregimiz minnetdarlykdan dolup, Ýehowa we Isa bolan söýgimizi iş ýüzünde görkezeris. Şu makalada muny nädip edip bolýandygy hakda gürrüň ederis. Şeýle-de dogan-uýalary bagyşlamaga, batyrgaý bolmaga we Ýehowa şatlyk bilen gulluk etmäge nämäniň kömek edýändigini bileris.