Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

3-NJI MAKALA

124-NJI AÝDYM Hemişe wepaly bolalyň

Ýehowa agyr günde dadyňyza ýetişer

Ýehowa agyr günde dadyňyza ýetişer

«Ol (Ýehowa) sizi asuda zamanda ýaşadar» (Işa. 33:6).

ESASY PIKIR

Ýehowanyň kömegi bilen kyn ýagdaýlara döz gelmegi öwreniň.

1, 2. Hudaýyň halky nähili kynçylyklara döz gelýär?

 ADAMYŇ durmuşy göz açyp-ýumasy salymda üýtgäp bilýär. Meselem, lukmanlar Luýis a doganda rak keseliniň bardygyny anykladylar we birnäçe aýdan aradan çykjakdygyny aýtdylar. Monika uýanyň äri ýaşuly bolup gulluk edýär. Olaryň ikisi bilelikde ýygnagyň işlerine yhlasly gatnaşýarlar. Monika äriniň köp ýyldan bäri agyr günä edýändigini bilýär we depesinden gaýnan suw guýlan ýaly bolýar. Oliwiýa uýa durmuşa çykmandy, ýeke özi ýaşaýardy. Onuň ýaşaýan şäherinde tizden harasat turmalydy. Şonuň üçin ol öýüni taşlap gitmeli bolýar. Ol harasatdan soň öýüne gelýär welin, bar ýer haraba bolup ýatyrdy. Hawa, tebigy betbagtçylyk we keselçilik adamyň durmuşyny çepbe çöwürýär. Belki, siziň hem başyňyza duýdansyz kynçylyk inendir we durmuşyňyz düýpgöter üýtgändir.

2 Hudaýyň halky ähli adamlar ýaly keselleýär, kyn ýagdaýlary başdan geçirýär. Üstesine-de, olary Ýehowa iman edýändikleri üçin yzarlaýarlar we garşy çykýarlar. Ýehowa wepaly bendeleriniň kynçylygyny gudrat bilen aýyrmaýar. Emma goldajakdygyny söz berýär (Işa. 41:10). Kynçylyklar apy-tupan ýaly üstümize abansa-da, Ýehowanyň goldawy bilen paýhasly kararlara geleris, Oňa wepaly bolarys we ýürekden şatlanarys. Şu makalada Ýehowanyň haýsy dört usul arkaly kömek edýändigini we özümiziň nähili ädimleri ätmelidigimizi bileris.

ÝEHOWA GORAR

3. Agyr günleri başdan geçirenimizde näme etmek kyn bolýar?

3 Kynçylyk. Agyr günleri başdan geçirenimizde dury pikirlenmek we paýhasly karara gelmek kyn bolýar. Näme üçin? Sebäbi biz biynjalyk bolýarys, howsala düşýäris we gaýgy-aladalar ýüregimize ýük bolýar. Biz göýä ymgyr çölde azaşan adam ýaly nirä gitjegimizi bilmeýäris. Ýokarda agzalan Oliwiýa: «Harasat öýümi weýran etdi, men näme etjegimi bilmedim» diýýär. Monika uýa äriniň ikilik edendigi agyr degýär. Uýa şeýle gürrüň berýär: «Ol meniň ýüregime bitmejek ýara saldy. Meniň bar zatdan elim sowady. Şeýle zatlar bolar öýdüp pikir hem etmeýärdim». Ýehowa bize kyn günlerde nädip kömek edýär?

4. Filipililer 4:6, 7-nji aýatlara görä, Ýehowa nämäni wada berýär?

4 Ýehowanyň kömegi. Mukaddes Kitapda «Hudaýyň parahatlygynyň» kalbymyza rahatlyk berjekdigi aýdylýar (Filipililer 4:6, 7-nji aýatlary okaň). Ýehowa dostlaryna parahatlyk berýär. Olaryň kynçylygy başyndan agdyk bolsa-da, kalby rahat bolýar we asuda ýaşaýar. Hudaýyň parahatlygy «ynsan düşünjesinden ýokarydyr». Biz oňa doly düşünip bilmeýäris. Siz Hudaýa ýalbaryp doga edeniňizde, özüňizi rahat duýýarsyňyzmy? Diýmek, siziň ýüregiňizde «Hudaýyň parahatlygy» bar.

5. Hudaýyň parahatlygy ýüregimizi we pikirimizi nädip goraýar?

5 Filipililer 4:7-de: «Hudaýyň parahatlygy siziň ýürekleriňizi we pikirleriňizi... gorar» diýilýär. Aýadyň asyl nusgasynda «gorar» diýen işlik harby ýagdaýlarda ulanylypdyr. Esgerler şäheriň derwezesini gije-gündiz garawullaýardylar. Şol sebäpli şäheriň ilaty gijesine rahat ýatýardy. Edil şonuň ýaly, Hudaýyň parahatlygy biziň ýüregimizi we pikirimizi goraýar. Biz çendenaşa biynjalyk bolmaýarys we asuda ýaşaýarys (Zeb. 4:8). Biziň kynçylyklarymyz derrew aýrylmasa-da, hudaýhon aýal Hanna ýaly göwnümizi giň tutýarys (1 Şam. 1:16—18). Hawa, kalbymyz rahat bolsa dury pikirleneris we paýhasly karara geleris.

«Hudaýyň parahatlygy» ýüregiňize giňlik berýänçä doga ediň (4—6-njy abzaslara serediň).


6. Hudaý kalbymyza parahatlyk berer ýaly näme etmeli? (Surata serediň).

6 Ätmeli ädimler. Kynçylyklar gara bulut kimin üstümize abananda, göçme manyda, biz esgerleri çagyrmaly bolýarys. Nädip? Biz ynjalyk tapýançak, Hudaýdan parahatlyk sorap doga etmeli (Luka 11:9; 1 Sel. 5:17). Rak keseline uçran Luýis dogan aýaly Anna bilen kyn ýagdaýlara nädip döz gelendigi hakda şeýle gürrüň berýär: « Bize bejergi almak we şuňa meňzeş meselelerde karara gelmek kyn bolýardy. Emma Ýehowa ýalbaryp doga edýärdik, şonda ýüregimiz giňäp gidýärdi». Görşümiz ýaly, är-aýal Ýehowa ýalbaryp gaýta-gaýta doga edýär, kalbyna parahatlyk, paýhasly karara geler ýaly akyldarlyk bermegini soraýar. Şeýlelikde, olar Ýehowanyň goldawyny duýýarlar. Sizem agyr günleri başdan geçirýän bolsaňyz, Ýehowa gaýta-gaýta doga ediň. Şonda Hudaýyň parahatlygy siziň ýüregiňizi we pikiriňizi gorar (Rim. 12:12).

ÝEHOWA BERKIDER

7. Kynçylyklarda özümizi nähili duýmagymyz mümkin?

7 Kynçylyk. Agyr günler başymyza inende, özümize erk etmek we dury pikirlenmek kyn bolýar. Biz käte öz bolşumyza özümiz düşünmeýäris. Biz apy-tupanda eýläk-beýläk çaýkanýan gämä meňzeýäris. Luýis dogan aradan çykýar. Şonda aýaly gam-gussa batýar, erbet pikirler, duýgular äpet tolkun ýaly üstüne abanýar. Anna şeýle gürrüň berýär: «Men göwnüçökgünlige düşdüm, dünýäm boşap galdy. Käte meni ýalňyz goýany üçin ärime-de gaharlanýardym». Uýa özüni ýeke, alaçsyz duýýardy, sebäbi hojalygyň bütin işlerini gerdeninde çekmeli bolýardy. Şonda ol näme edip, näme goýjagyny bilmeýärdi. Ýehowa bize erbet pikirlere we duýgulara garşy göreşmäge nädip kömek eder?

8. 1 Petrus 5:10-a görä, Ýehowa nämäni wada berýär?

8 Ýehowanyň kömegi. Hak Alla bize berk durmaga kömek etmegi wada berýär (1 Petrus 5:10-ny okaň). Deňizde apy-tupan turanda gämi eýläk-beýläk çaýkanýar. Gäminiň her tarapynda ýörite ýüzgüji bolýar. Äpet tolkunlar gämä gelip uranda, gämi kän çaýkanmaz ýaly, ýüzgüçleri ony deňagramly ýagdaýda saklaýar. Şonda adamlar özlerini rahat we howpsuz duýýar. Emma gämi bir ýerde durman ýüzmegini dowam etse, ýüzgüçleri ony has-da deňagramly saklaýar. Edil şonuň ýaly, kynçylyklarda gol gowşuryp oturman, Ýehowa wepaly gulluk etsek, Ol bize deňagramly bolmaga kömek eder.

Kynçylyklarda berk bolar ýaly gözleg-barlag geçiriň (8, 9-njy abzaslara serediň).


9. Şahsy okuwy berk durmaga nädip kömek edýär? (Surata serediň).

9 Ätmeli ädimler. Erbet pikirler we duýgular agyr ýük kimin egniňizden basanda, Ýehowa doga etmegi, ýygnak duşuşyklaryna barmagy we wagyz etmegi bes etmäň. Elbetde, siziň öňkiňiz ýaly güýjüňiz bolmaz, emma Ýehowanyň sizden güýjüňizden artyk zady talap etmeýändigini unutmaň (Luka 21:1—4-nji aýatlary deňeşdiriň). Şeýle-de şahsy okuwy geçirmäge we oýlanmaga wagt tapyň. Sebäbi Ýehowa guramasy arkaly kyn ýagdaýlarda berk durmaga kömek edýän maslahatlary berýär. Siz JW Library programmasyndan, «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasyndan» we «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlarynyň indeksinden» gözleg geçirip bilersiňiz. Monika uýa erbet pikirler we duýgular gara bulut kimin üstüne abananda, şahsy okuwyny geçirýän ekeni. Ol «gahar», «biwepalyk» we «wepalylyk» sözlerini ýazyp gözleg geçirýärdi, tä köşeşýänçä tapan makalalaryny okaýardy. Monika şeýle gürrüň berýär: «Maňa gözleg geçirmek aňsat bolmaýar. Emma makalalary okanymda, Ýehowa meni bagryna basyp köşeşdirýän ýaly duýýaryn. Men näçe köp okadygymça, Ýehowanyň ýagdaýyma düşünýändigine we kömek edýändigine göz ýetirýärin». Hawa, Ýehowa bize-de içki dünýämizde apy-tupan ýatýança berk durmaga kömek eder (Zeb. 119:143, 144).

ÝEHOWA GOLDAR

10. Agyr günleri başdan geçirenimizde özümizi nähili duýýarys?

10 Kynçylyk. Agyr günleri başdan geçirenimizde, biz güýç-kuwwatdan gaçýarys we ruhdan düşýäris. Şonda şikes alan türgene meňzeýäris. Biz öň göçme manyda ýüwrükdik, işlerimizi höwes bilen derrew edýärdik. Indi bolsa hasaly ýöremeli bolýarys. Öňki işleri etmäge ne güýjümiz, ne-de islegimiz bar. Edil Ylýas pygamber ýaly, käte ýerimizden galman ýatasymyz gelýär (1 Pat. 19:5—7). Şeýle kyn ýagdaýlarda Ýehowa nädip kömek eder?

11. Zebur 94:18-e görä, Ýehowa bizi nädip goldaýar?

11 Ýehowanyň kömegi. Ol bizi goldamagy wada berýär (Zebur 94:18-i okaň). Şikes alan türgene lukmanyň kömegi gerek bolşy ýaly, bize-de Beýik Lukman Ýehowanyň goldawy gerek. Biz hak Allanyň kömegi bilen aýaga galyp, ýene-de yhlasly wagyz ederis. Ýehowa bize şeýle wada berýär: «Men seniň Hudaýyň Ýehowadyryn. Sag eliňden berk tutup: „Gorkma, saňa kömek ederin!“ diýýän Hudaýyňdyryn» (Işa. 41:13). Dawut patyşa-da Ýehowanyň kömegini öz gözi bilen gördi. Ol agyr güne düşende we duşmanlardan gaçanda, hak Hudaýa: «Sag eliň bilen meni goldaýarsyň» diýdi (Zeb. 18:35). Ýehowa bizi nädip goldaýar?

Dogan-garyndaşlaryňyzyň, dostlaryňyzyň we ýaşuly doganlaryň kömegini kabul ediň (11—13-nji abzaslara serediň).


12. Ýehowa bizi kimler arkaly goldaýar?

12 Ýehowa bizi köplenç dostlarymyz arkaly goldaýar. Bir sapar Dawut güýç-kuwwatdan gaçýar. Şonda Ýehowa ony dosty Ýonatan arkaly ruhlandyrýar we goldaýar (1 Şam. 23:16, 17). Hak Hudaý Alyşa arkaly Ylýas pygamberi goldaýar (1 Pat. 19:16, 21; 2 Pat. 2:2). Şu günler Ýehowa dogan-garyndaşlarymyz, dost-ýarlarymyz ýa-da ýaşuly doganlar arkaly güýjümize güýç goşýar. Emma ruhdan düşenimizde käte ýeke bolmak isleýändiris. Bu adaty zat, ýöne Ýehowa bizi goldar ýaly käbir ädimleri ätmeli.

13. Ýehowa goldar ýaly, biz nähili ädimleri ätmeli? (Surata serediň).

13 Ätmeli ädimler. Ýeke galjak bolup, dostlaryňyzdan gaçmaň. Eger siz köpçülige goşulman ýeke galsaňyz, diňe özüňiz we kynçylygyňyz hakda pikir edip başlarsyňyz. Şeýlelikde, paýhasly karara gelip bilmersiňiz (Nak. 18:1). Elbetde, biziň her birimiz käte ýeke galmak isleýäris. Esasan-da, agyr günler başymyza düşende, köpçülige çykasymyz gelmeýär. Emma hemişe dostlaryňyzdan gaçyp gezseňiz, onda Ýehowanyň goldawyndan ýüz öwren ýaly bolarsyňyz. Şonuň üçin nähili kyn hem bolsa, dogan-garyndaşlaryňyz, dostlaryňyz we ýaşuly doganlar bilen görşüp duruň. Unutmaň, Ýehowa sizi şolar arkaly goldaýar (Nak. 17:17; Işa. 32:1, 2).

ÝEHOWA GÖWÜNLIK BERER

14. Haýsy sebäplere görä gorkmagymyz mümkin?

14 Kynçylyk. Biz dürli sebäplere görä, gorkup we howsala düşüp bileris. Mukaddes Kitapda hudaýhon adamlaryň duşmanlardan gorkup, sandyrandygy ýazylan (Zeb. 18:4; 55:1, 5). Bize dogan-garyndaşlarymyzyň, synpdaşlarymyzyň ýa-da işdeşlerimiziň garşy çykmagy, ýa-da bizi döwlet işgärleriniň yzarlamagy mümkin. Belki-de, agyr keselläp, ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolarys. Şonda garaňky tokaýda azaşan çaga ýaly gorkup bileris. Şeýle ýagdaýlarda Ýehowa bize nädip kömek eder?

15. Zebur 94:19 bizi nämä ynandyrýar?

15 Ýehowanyň kömegi. Ol bize göwünlik berýär. Göz öňüne getiriň, agşam çagy daşarda gök gürleýär we ýyldyrym ýakýar (Zebur 94:19-y okaň). Gyzjagaz gök gürrüldisinden gorkup ýatyp bilmeýär. Şonda kakasy gyzyny gujaklaýar, tä köşeşýänçä ýanynda bolýar. Indi gyzjagaz gök gürrüldisinden gorkmaýar, sebäbi kakasynyň ýanyndadygyny bilýär. Ol köşeşip, süýji uka gidýär. Biz hem agyr günleri başdan geçirenimizde, gorkýarys we howsala düşýäris. Şonda gökdäki Atamyz biziň janymyz aram tapýança, göwünlik berýär we ýanymyzda bolýar. Emma biz hem käbir ädimleri ätmeli.

Goý, gökdäki Atamyz Mukaddes Kitap arkaly göwünlik bersin! (15, 16-njy abzaslara serediň).



16. Ýehowa göwünlik berer ýaly, biz nähili ädim ätmeli? (Surata serediň).

16 Ätmeli ädimler. Hemişe Ýehowa doga ediň we Mukaddes Kitaby okaň (Zeb. 77:1, 12—14). Siz özüňizi erbet duýanyňyzda, gökdäki Ataňyza ýürekden doga ediň. Oňa gorkýandygyňyzy we howsala düşýändigiňizi aýdyň. Goý, Hudaýyň Sözi size göwünlik bersin! (Zeb. 119:28). Siz gorkanyňyzda, howsala düşeniňizde, Mukaddes Kitapdan bir wakany ýa-da aýady okaň. Size Eýýup, Zebur kitaplary we Matta 6-njy bapdaky Isa pygamberiň göwünlik beriji sözleri kömek eder. Hawa, Ýehowa doga etseňiz we Mukaddes Kitaby okasaňyz, janyňyz aram tapar.

17. Biz nämä ynamly bolup bileris?

17 Kynçylyklar gara bulut kimin üstüňize abananda, Ýehowanyň dadyňyza ýetişjekdigine we ýeke goýmajakdygyna ynanyň (Zeb. 23:4; 94:14). Hawa, Ýehowa sizi goramagy, berkitmegi, goldamagy we göwünlik bermegi wada berýär. Ýehowa hakda Işaýa 26:3-de şeýle diýilýär: «Sen bütin ýüregi bilen bil baglaýanlary halas edersiň, olary asuda hem parahat ýaşadarsyň, sebäbi olaryň daýanjy diňe sensiň». Geliň, hemişe Hudaýa bil baglalyň! Onuň kömegini almak üçin aýgytly ädimleri ädeliň. Şonda kalbymyz rahat, durmuşymyz abat bolar.

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Biz haýsy ýagdaýlarda Ýehowanyň kömegine mätäç bolýarys?

  • Ýehowa haýsy dört usul arkaly kömek edýär?

  • Ýehowa kömek eder ýaly, biz nähili ädimleri ätmeli?

12-NJI AÝDYM Ýehowa Beýik Hudaý

a Käbir atlar üýtgedildi.