Ýehowa gelin-gyzlara hormat goýýar
WEPALY uýalar bilen Ýehowa sežde etmek uly hormat! Biz mähriban uýalary gowy görýäris we olaryň çekýän zähmetiniň gadyryny bilýäris. Doganlar, uýalara mähirli boluň, hormat goýuň we ala tutmaň. Emma bikämildigimiz üçin käte muny etmek aňsat bolmaýar. Käbir doganlara bolsa başga sebäplere görä uýalara hormat goýmak kyn bolýar.
Käbir adamlar alan terbiýesi sebäpli, gelin-gyzlary äsgermeýär. Boliwiýada etrap gözegçisi bolup gulluk edýän Hans şeýle diýýär: «Biziň ýurdumyzda: „Erkek adam aýal maşgaladan beýikdir“ diýip, oglanjyklaryň gulagyna guýýarlar. Olar uly adam bolanlarynda, özlerini han ýaly alyp barýar, aýalyny bolsa gyrnak hasaplaýar». Taýwanda ýaşaýan ýaşuly dogan Şenhýan şeýle diýýär: «Meniň ýaşaýan ýerimde aýal maşgala erkek adamyň gürrüňine goşulmaly däl. Erkek adam aýaly bilen maslahatlaşsa, oňa „heleý guly“ diýýärler». Käbir adamlar gelin-gyzlary äsgermeýändigini açyk aýtmasa-da, her hili degişmeler bilen olaryň üstünden gülýär.
Biz nähili medeniýetde önüp-ösen hem bolsak, erkek adam aýal maşgaladan beýikdir diýen garaýşymyzy üýtgedip bilýäris (Efes. 4:22—24). Munuň üçin Ýehowanyň göreldesine eýermeli. Biz şu makalada Ýehowanyň gelin-gyzlara hormat goýýandygy, doganlaryň Ýehowanyň göreldesine eýermelidigi we ýaşulularyň uýalara hormat goýup, görelde görkezmelidigi hakda gürrüň ederis.
ÝEHOWA GELIN-GYZLARA HORMAT GOÝÝAR
Ýehowa gelin-gyzlara hormat goýmak babatda ajaýyp görelde görkezýär. Ol mähriban Ata hökmünde perzentleriniň ählisini söýýär (Ýah. 3:16). Ýehowa wepaly uýalary gyzy hasaplaýar. Geliň, Ýehowanyň gelin-gyzlara hormat goýýandygy hakda gürrüň edeliň.
Ýehowa ala tutmaýar. Ýehowa erkek adamy hem, aýal maşgalany hem öz keşbinde 1 Mus. 1:27). Ol erkek adamy has akylly ýa-da zehinli edip ýaratmady. Ýehowa erkek adamyň tarapyny tutup adalatsyzlyk etmeýär (2 Tar. 19:7). Erkek adam-da, aýal maşgala-da Mukaddes Kitabyň maslahatlaryna düşünip, Ýehowanyň häsiýetlerine eýerip bilýär. Ýehowa erkek adamyň imanyny berk, aýal maşgalanyň imanyny gowşak hasaplamaýar. Ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşajak ýa-da gökde patyşalar we ruhanylar bolup höküm sürjekleriň arasynda erkekler hem, aýallar hem bar (2 Pet. 1:1). Hawa, Ýehowa Hudaý hiç kimi ala tutmaýar!
ýaratdy (Ýehowa ünsli diňleýär. Hak Alla gelin-gyzlaryň ýürekden aladasyny edýär. Ol Rahel we Hannanyň ýalbaryp eden doga-dilegini diňledi (1 Mus. 30:22; 1 Şam. 1:10, 11, 19, 20). Şeýle-de Ýehowa Mukaddes Kitaba gelin-gyzlaryň maslahatyna eýeren adamlar hakda ýazdyrdy. Meselem, Ýehowa Ybraýym pygambere aýaly Bibisaranyň maslahatyna gulak asmagy tabşyrdy (1 Mus. 21:12—14). Dawut patyşa bolsa Abygaýyla gulak asdy we ony Ýehowanyň iberendigine düşündi (1 Şam. 25:32—35). Isa pygamber Atasynyň göreldesine doly eýerýär. Bir gün ol ejesi Merýemi diňleýär we haýyşyny bitirýär (Ýah. 2:3—10). Şu wakalar Ýehowanyň gelin-gyzlary ünsli diňläp, olara hormat goýýandygyny subut edýär.
Ýehowa iş tabşyrýar. Ýehowa How enäni Adam ata kömekçi edip ýaratdy. Olar bilelikde bütin ýer ýüzüni Jennete öwürmelidiler (1 Mus. 1:28). How enä «kömekçi» diýilmegi onuň mertebesini peseldýärmi? Elbetde, ýok! How ene wajyp işi ýerine ýetirmekde Adam ata uly goldaw bolmalydy. Şeýle-de Ýehowa Debora, Hulda atly aýallary pygamber edip belleýär we olara ysraýyl halkyna, hatda serdarlara, patyşalara maslahat bermegi tabşyrýar (Ser. 4:4—9; 2 Pat. 22:14—20). Ýehowa şu günlerem uýalara wajyp işleri tabşyrýar. Uýalar wagyzçy, pioner we missioner bolup gulluk edýär. Olar Ýygnak jaýlarynyň, Beýtel binalarynyň gurluşyk we abatlaýyş işlerine gatnaşýar. Käbirleri Beýtelde we uzak ýerdäki terjimeçiler toparynda gulluk edýär. Uýalar «uly goşun» kimin, Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýär (Zeb. 68:11). Görşümiz ýaly, Ýehowa gelin-gyzlary ukyp-başarnykly hasaplaýar we olara hormat goýýar.
DOGANLAR ÝEHOWANYŇ GÖRELDESINE NÄDIP EÝERIP BILER?
Doganlar, sizem Ýehowa ýaly gelin-gyzlara hormat goýýarsyňyzmy? Muny anyklamak üçin edýän işleriňizi we oý-pikiriňizi barlaň. Lukmanlar käbir enjamlar arkaly adamyň ýüreginiň urşuny anyklaýarlar. Edil şonuň ýaly, imany berk dostumyz we Hudaýyň Sözi gelin-gyzlara bolan nädogry garaýşymyzy anyklamaga kömek edýär.
Dostuňyzdan soraň (Nak. 18:17). Biz uýalara hormat goýýan ynamdar dostumyza şeýle soraglary berip bileris: «Men uýalar bilen özümi sylaşykly alyp barýarynmy? Olar meniň hormat goýýandygymy duýýarmy? Men nämäniň üstünde işlemeli?» Eger dostuňyz size üýtgetmeli häsiýetiňiz hakda aýtsa, özüňizi aklamaň, maslahatyna gulak asyň we gerekli özgerişlikleri ediň.
Mukaddes Kitaby okaň. Gelin-gyzlara ýürekden hormat goýýandygymyzy anyklamaga Hudaýyň Sözi kömek edýär (Ýew. 4:12). Mukaddes Kitapda gelin-gyzlara hormat goýan ýa-da olary äsgermedik adamlar hakda ýazylan. Şol wakalary okanymyzda, öz ýagdaýymyz hakda oýlanmaly. Şeýle-de Mukaddes Kitapdaky ýekeje aýada esaslanyp, nädogry garaýşymyzy aklajak bolmaly däl. Biz Mukaddes Kitapdaky birnäçe aýatlary okap, Hudaýyň pikirine düşünjek bolmaly. Meselem, 1 Petrus 3:7-de gelin-gyzlara «ejiz gap ýaly garap, hormat goýuň» diýilýär a. Bu olaryň erkek adama garanyňda, ukypsyzdygyny, zehinsizdigini aňladýarmy? Elbetde, ýok! Petrus resulyň sözlerine düşünmäge, Galatýalylar 3:26—29-njy aýatlar kömek edýär. Ol ýerde Ýehowanyň gelin-gyzlary hem Isa Mesih bilen gökde höküm sürmäge saýlandygy ýazylan. Biz Mukaddes Kitaby okasak we ynamdar dostumyzyň maslahatyna eýersek, gelin-gyzlara hormat goýarys.
ÝAŞULULAR UÝALARA HORMAT GOÝMAK ÜÇIN NÄME ETMELI?
Doganlar, siz ýaşulularyň göreldesine eýerip, gelin-gyzlara hormat goýup bilersiňiz. Ýaşulular uýalara haýsy ýagdaýlarda hormat goýýar? Geliň, olaryň käbiri hakda gürrüň edeliň.
Ýaşulular uýalary ýürekden öwýär. Pawlus resul ýaşululara gowy görelde galdyrdy. Ol Rimdäki ýygnaga hat ýazanda, wepaly uýalary hem öwýär (Rim. 16:12). Göz öňüne getiriň, Pawlusyň haty ýygnakda okalanda, uýalar örän begenendir. Şu günlerem ýaşulular uýalaryň ýagşy häsiýetleri we arman-ýadaman çekýän zähmeti üçin öwýärler. Şonda uýalar ýaşulularyň hormat goýýandygyny we edýän işleriniň gadyryny bilýändigini duýýarlar. Ýaşulularyň öwgüli sözleri uýalaryň güýjüne güýç goşýar we Ýehowa wepaly gulluk etmäge kömek edýär (Nak. 15:23).
Ýaşulular uýalary anyk bir zat üçin öwmeli. Jessika uýa şeýle diýýär: «Doganlar maňa „Berekella!“ diýseler begenýärin. Ýöne anyk bir zat üçin öwseler has-da göwnüň göterilýär. Meselem, ýygnakda çagalaryma tertipli oturmagy öwredendigim ýa-da okuw geçýänlerimi ýygnaga getirendigim üçin öwenlerinde, guş bolup uçaýjak bolýaryn». Ýaşulular uýalary anyk bir zat üçin öwseler, olar özleriniň ýygnaga gereklidigini duýarlar.
Ýaşulular uýalary ünsli diňleýär. Pesgöwünli ýaşulular özleriniň ähli zady bilmeýendiklerini boýun alýar. Olar uýalardan hem teklibini soraýar we ünsli diňleýär. Şeýdip, olar hem uýalary ruhlandyrýar, hem özleri köp zatlary öwrenýär. Beýtelde gulluk edýän ýaşuly dogan Gerardo şeýle gürrüň berýär: «Uýalaryň teklipleri maňa işimi gowy ýerine ýetirmäge kömek edýär. Sebäbi olaryň Beýtelde köp ýyldan bäri gulluk edýädikleri üçin baý tejribesi bar». Pioner uýalar ýaşaýan ýerindäki adamlary gowy tanaýar. Ýaşuly dogan Braýn şeýle diýýär: «Ýehowanyň halkynyň arasynda ukyp-başarnykly uýalar köp. Biz olaryň baý tejribesinden köp zatlary öwrenýäris».
Paýhasly ýaşulular uýalaryň teklibine sowuk-sala seretmeýärler. Ýaşuly dogan Edward şeýle diýýär: «Uýalaryň teklibi, baý tejribesi bize meselä dürli tarapdan seretmäge we duýgudaş bolmaga kömek edýär» (Nak. 1:5). Käte uýalaryň teklibi kabul edilmese-de, ýaşuly dogan olara pikirini we teklibini aýdandygy üçin minnetdarlyk bildirip biler.
Ýaşulular uýalara tälim berýär. Paýhasly ýaşulular her mümkinçilikden peýdalanyp, uýalara tälim berýär. Meselem, ýygnakda suwa çümdürilen dogan az bolsa, ýaşulular uýalara wagyz duşuşygynyň geçirilişini öwredýär. Şeýle-de guramanyň gurluşyk we abatlaýyş işlerine gatnaşýan uýalara käbir enjamlarda nädip işlemelidigini öwredýär. Beýtelde gözegçi doganlar bejeriş, satyn alyş, kompýuter bölümlerinde we buhgalteriýada zähmet çekýän uýalara işini has ökdelik bilen ýerine ýetirmegi öwredýärler. Ýaşulular uýalara tälim berip, olara ynanýandygyny we ukyp-başarnykly hasaplaýandygyny görkezýärler.
Uýalar ýaşulularyň beren tälimi arkaly köplere kömek edýär. Meselem, gurluşyk we abatlaýyş işlerine gatnaşan uýalar tebigy betbagtçylykdan ejir çeken imandaşlarynyň öýlerini dikeltmäge kömek etdiler. Käbir uýalara köpçülik ýerlerinde wagyz etmek üçin ýörite tälim berildi. Indi olar öwrenen zatlaryny başga wagyzçylara gürrüň berip, köpçülik ýerlerinde yhlasly wagyz etmäge kömek edýärler. Hawa, uýalar ýaşulularyň berýän tälimine örän minnetdar. Jennifer uýa şeýle diýýär: «Men Ýygnak jaýynyň gurluşygyna gatnaşdym. Şonda gözegçi dogan wagtyny we güýjüni sarp edip, maňa köp zatlary öwretdi. Ol çekýän zähmetim üçin meni öwdi. Men özümi has-da ynamly duýdum. Şol dogan bilen işleşenime örän begenýärin».
UÝALARA TÄLIM BERIŇ
Uýalar, Ýehowa sizi söýýär! Bizem sizi gowy görýäris. Siz biziň ejemiz, doganymyz we jigimiz (1 Tim. 5:1, 2). Siziň bilen eginme-egin işleşmek, biziň üçin uly hormat! Biz size hemişe hormat goýup, goldamak üçin elimizde baryny ederis. Wanesa uýa şeýle diýýär: «Ýehowa meni halkynyň arasyna goşandygy üçin begenýärin. Ruhlandyrýan we goldaýan doganlarymyň bardygyna buýsanýaryn». Taýwanda ýaşaýan uýa şeýle diýýär: «Ýehowa we doganlar gelin-gyzlara hormat goýup, uly işleri ynandylar. Muny bilmek meniň imanymy berkidýär. Men Ýehowanyň halkynyň agzasydygyma örän buýsanýaryn».
Ýehowa Öz göreldesine eýerip, gelin-gyzlara hormat goýýan doganlara guwanýar (Nak. 27:11). Şotlandiýaly ýaşuly dogan Benjamin şeýle gürrüň berýär: «Şu dünýäde gelin-gyzlar kemsidilýär, äsgerilmeýär. Ýöne biz ýygnaga gelýän gelin-gyzlara hormat goýup, aladasyny etmäge jan edýäris». Geliň, Ýehowanyň göreldesine eýerip, mähriban uýalary ýürekden söýeliň we hormat goýalyň! Olar muňa mynasypdyr (Rim. 12:10).
a Mukaddes Kitapda gelin-gyzlaryň näme üçin «ejiz gaba» meňzedilýändigi barada köpräk bilmek üçin «„Ejiz gabyň“ gymmaty» (w06-U 15/5) we «Är-aýallar üçin maslahat» (w05-U 1/3) diýen makalalary okap bilersiňiz.