Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

4-NJI MAKALA

30-NJY AÝDYM Hudaýym, Dostum, Atam

Ýehowa mähirli Hudaý

Ýehowa mähirli Hudaý

«Ýehowa örän mähirli... Hudaý» (Ýak. 5:11).

ESASY PIKIR

Ýehowanyň bizi söýýändigi üçin dostlaşýandygyny, goraýandygyny, aladamyzy edýändigini we güýç-kuwwat berýändigini biliň.

1. Siz Ýehowany nähili göz öňüne getirýärsiňiz?

 SIZ Ýehowa hakda oýlananyňyzda, doga-dileg edeniňizde nähili şahsyýet göz öňüňize gelýär? Ýehowa ruhy şahsyýet, ony görüp bolmaýar. Emma Mukaddes Kitapda Ýehowa «güneşe», «galkana» we «ýakyp ýandyrýan oda» meňzedilýär (Zeb. 84:11; Ýew. 12:29). Hyzkyl pygamber görnüşde Ýehowanyň ýakut daşyna çalymdaş tagtda oturandygyny, Onuň kümüşsöw altyn kimin ýalpyldaýandygyny we daş-töwereginde älemgoşara meňzeş şöhläniň bardygyny görýär (Hyz. 1:26—28). Hyzkylyň Ýehowa hakda ýazanlaryny okanymyzda haýran galyp, aýdara söz tapmaýarys. Gudratygüýçli Hudaýyň ýanynda özümiziň tozanjykdygymyza düşünýäris.

2. Käbirleri Hudaýyň söýýändigine näme üçin ynanyp bilmeýär?

2 Biz Ýehowany görüp bilmeýäris, şonuň üçin söýýändigine ynanmak kyn bolýar. Käbirleri bolsa pajygaly wakalary başdan geçirendigi üçin, Hudaýyň söýgüsine ynanmaýar. Belki, olar maşgalada ata söýgüsini gören däldir. Ýehowa biziň ýagdaýymyza, duýgymyza düşünýär. Başymyzdan geçiren wakalaryň bize nähili täsir edendigini bilýär. Ol biziň bilen dostlaşmak isleýär. Şol sebäpli Özüni tanatmak üçin Mukaddes Kitaba häsiýetleri hakda ýazdyrdy.

3. Biz näme üçin söýgä baý Hudaý Ýehowany gowy tanamaly?

3 Mukaddes Kitapda: «Hudaý söýgüdir» diýilýär (1 Ýah. 4:8). Söýgi — Ýehowanyň iň esasy häsiýeti. Onuň edýän ähli işlerinden söýgüsi görünýär. Hak Alla diňe wepaly bendelerini däl, Özüne iman etmeýän adamlary hem söýýär, olara ýagşylyk edýär (Mat. 5:44, 45). Şu makalada söýgä baý Hudaý Ýehowa hakda gürrüň ederis. Biz Ýehowany gowy tanasak, ony ýürekden söýeris.

ÝEHOWA BIZI ÝÜREKDEN SÖÝÝÄR

4. Ýehowanyň mähirli Hudaýdygyny bilmek size nähili täsir edýär? (Surata serediň).

4 «Ýehowa örän mähirli... Hudaý» (Ýak. 5:11). Mukaddes Kitapda Hudaý özüni enä meňzedýär (Işa. 66:12, 13). Göz öňüne getiriň, ene çagasyny mähir bilen gujagynda göterýär. Ol balasyny aýagynda yralap, mylaýym ses bilen hüwdüleýär. Bäbejik aglasa ýa-da bir ýeri agyrsa, ene kökenek bolýar. Edil şonuň ýaly, biziňem kalbymyzda harasat gopanda, Ýehowa dadymyza ýetişýär. Mezmurçy Ýehowa ýüzlenip: «Meni gaýgy-alada basanda, Sen göwünlik berdiň, janym aram tapdy» diýýär (Zeb. 94:19)

«Ejesiniň ogluny köşeşdirişi ýaly, menem size göwünlik bererin» (4-nji abzasa serediň).


5. Ýehowanyň wepaly söýgä baýdygyny bilmek size nähili täsir edýär?

5 Ýehowa «wepaly söýgä baý» Hudaý (Zeb. 103:8). Biz ýalňyşsak-da, Ol bizi söýýär. Gadymy döwürde ysraýyl halky Ýehowany gaýta-gaýta ynjytdylar. Emma Ýehowa toba eden halkyny bagyşlap: «Seni eziz görýärin, saňa hormat goýýaryn, seni söýýärin» diýdi (Işa. 43:4, 5). Hudaýyň söýgüsi hiç haçan sowamaýar. Eger biz günä etsek, Ýehowanyň bagyşlajakdygyna ynamly bolup bileris. Biz toba edip, Ýehowadan ötünç sorasak, Ol bizi wepaly söýgüsi bilen çoýar we «doly bagyşlar» (Işa. 55:7). Mukaddes Kitapda Ýehowanyň günälerimizi bagyşlap, «ýüregimize rahatlyk» berjekdigi ýazylan (Res. 3:19).

6. Zekerýa 2:8-de Ýehowa barada näme diýilýär?

6 Zekerýa 2:8-i okaň. Ýehowa bizi ýürekden söýýär. Ol biziň nähili duýgulary başdan geçirýändigimizi bilýär we derrew dadymyza ýetişýär. Biz gaýgy-gama batanymyzda, Ýehowa hem gynanýar. Biz Ýehowa: «Meni gözüň göreji deý gora» diýip, doga edip bileris (Zeb. 17:8). Göz ynsan bedeniniň näzik we gerekli synasy. Ýehowa bizi gözüniň göreji hasaplap: «Eý halkym, eger biri sizi ynjytsa, meniň gözümiň görejine degýär» diýýär.

7. Biz näme üçin Ýehowanyň her birimizi söýýändigine ynamly bolmaly?

7 Ýehowa biziň her birimizi aýratynlykda söýýär. Emma geçmişde başdan geçiren wakalarymyz sebäpli, Hudaýyň söýýändigine şübhelenmegimiz mümkin. Ýa-da agyr günleri başdan geçirýän wagtymyz, bize Hudaýyň söýýändigine ynanmak kyn bolup biler. Emma Ýehowa her birimizi aýratynlykda söýýändigine ynanmagymyzy isleýär. Geliň, Ýehowanyň Isa pygamberi, saýlanan mesihçileri we ýer ýüzünde ebedi ýaşajak adamlary söýýändigi hakda gürrüň edeliň.

ÝEHOWA SÖÝGÜSI BILEN ÇOÝÝAR

8. Isa pygamber näme üçin Hudaýyň söýgüsine şübhelenmeýärdi?

8 Ýehowa we Isa milliardlarça ýyl gökde bile ýaşadylar. Ýehowa Ogluny eziz görýärdi, Ogly hem Atasyny söýýärdi. Ýehowa Ogluny söýýändigini adamlaryň bilmegini isleýär. Isa pygamber ýer ýüzüne gelende, Ýehowa diňe bir «men ondan razydyryn» diýmek bilen çäklenmän, «ine meniň söýgüli Oglum» diýdi (Mat. 17:5). Ýehowa Ogluna guwanýardy, sebäbi Ogly Atasyny razy etmek üçin janyny gurban bermäge taýyndy (Efes. 1:7). Isa pygamber Atasynyň söýgüsine şübhelenmeýärdi. Ol Ýehowanyň söýgüsini hemişe duýýardy, şonuň üçin gaýta-gaýta: «Atam meni söýýär» diýýär (Ýah. 3:35; 10:17; 17:24).

9. Ýehowanyň saýlanan mesihçileri söýýändigini haýsy sözler subut edýär? Düşündiriň. (Rimliler 5:5).

9 Ýehowa saýlanan mesihçileri ýürekden söýýär (Rimliler 5:5-i okaň). Aýatda «ýüregimiz Hudaýyň söýgüsinden dolýandyr» diýilýär. Mukaddes Kitabyň bir sözlüginde aýdylmagyna görä, Hudaýyň söýgüsi joşup akýan derýa ýaly, saýlanan mesihçileriň ýüregini doldurýar. Gör, nähili ajaýyp deňeşdirme! Saýlanan mesihçiler Hudaýyň söýgüsine şübhelenmeýärler (Ýahd. 1). Ýahýa resul olaryň duýgusyny şeýle beýan edýär: «Atamyzyň söýgüsi hakda oýlanyp görüň. Ol bizi çagalary hasaplaýar» (1 Ýah. 3:1). Ýehowa diňe saýlanan mesihçileri söýýärmi? Ýok! Ol ähli adamlary söýgüsi bilen çoýýar.

10. Hudaýyň bizi söýýändigini görkezýän iň uly subutnama näme?

10 Bizem Ýehowanyň söýýändigine şübhelenmeýäris. Hudaýyň söýýändigini görkezýän iň uly subutnama — töleg gurbany (Ýah. 3:16; Rim. 5:8). Ýehowa biziň günälerimizi geçmek we dostlaşmak üçin söwer Ogluny gurban berdi (1 Ýah. 4:10). Ýehowa we Isa pygamberiň töleg tölemek üçin nämelerden geçendigi hakda oýlansak, Hudaýyň her bir adamy aýratynlykda söýýändigine göz ýetireris (Gal. 2:20). Ýehowa diňe bir adalatly bolany üçin däl-de, söýgä baý Hudaýdygy üçin töleg gurbanyny berdi. Hak Alla bizi söýýändigi üçin, eziz Oglunyň ejir çekip ölmegine ýol berdi.

11. Ýermeýa 31:3 nämäni subut edýär?

11 Ýehowa bizi söýýändigini açyk-aýdyň aýdýar (Ýermeýa 31:3-i okaň). Ol bizi gowy görýändigi üçin dostlaşýar (5 Musa 7:7, 8-nji aýatlary deňeşdiriň). Hudaýyň söýgüsinden bizi hiç zat aýra salyp bilmez (Rim. 8:38, 39). Hudaýyň söýgüsi size nähili täsir edýär? Dawut pygamber 23-nji mezmurda Hudaýyň söýgüsine minnetdarlygyny şahyrana sözler bilen beýan edýär. Geliň, onuň aýdanlaryna jikme-jik seredeliň.

ÝEHOWANYŇ SÖÝGÜSI SIZE NÄHILI TÄSIR EDÝÄR?

12. Zebur 23-nji bapda näme hakda gürrüň edilýär?

12 Zebur 23:1—6-njy aýatlary okaň. Zebur 23-nji bapda Dawut pygamber Ýehowanyň mähirli we söýgüden doly Hudaýdygyny wasp edýär. Ol Ýehowany sürüsiniň aladasyny edýän çopana meňzedýär. Dawut pygamber Ýehowanyň penasynda asuda we parahat ýaşaýar. Ol Hudaýyň söýgüsini her gün duýýar. Dawut Ýehowanyň söýýändigine näme üçin ynanýardy?

13. Dawut Ýehowanyň söýýändigine näme üçin şübhelenmeýärdi?

13 «Hiç zada mätäç bolmaryn». Dawut pygamber Ýehowanyň söýgi bilen edýän aladasyny her gün duýýardy. Ýehowa onuň iýjek-içjegini, gerek-ýarak zatlaryny ýetirip durýardy. Şeýle-de Ýehowa Dawudy dosty hasaplaýardy we ondan razydy. Dawut gelejekde kyn ýagdaýlara duş gelse-de, Ýehowanyň terk etmejekdigini bilýärdi. Ol Ýehowanyň söýýändigine şübhelenmeýärdi, şonuň üçin howsala düşmeýärdi, kalby rahatdy we her gün Onuň huzurynda şatlanardy (Zeb. 16:11).

14. Ýehowa nädip aladamyzy edýär?

14 Biz kyn günleri başdan geçirenimizde, Ýehowa has köp aladamyzy edýär. Geliň, Kler a uýa hakda gürrüň edeliň. Ol 20 ýyldan gowrak Beýtelde gulluk edýär. Emma yzly-yzyna bolan kynçylyklar durmuşyny düýbünden üýtgedýär. Kleriň kakasy ysmaz bolýar, dogany ýygnak gatnaşygyndan kesilýär, maşgalasynyň dolandyrýan işi ýapylýar we öýi elinden alynýar. Ýehowa olaryň aladasyny nädip edýär? Kler şeýle gürrüň berýär: «Ýehowa biziň iýjek-içjegimizi, gerek-ýarak zatlarymyzy artygy bilen ýetirip durdy. Men köplenç Ýehowanyň maňa eden ýagşylyklaryny ýatlaýaryn. Şol ýatlamalar maňa kynçylyklara döz gelip, Ýehowa şatlyk bilen gulluk etmäge kömek edýär».

15. Dawuda Ýehowa şatlanyp gulluk etmäge näme kömek etdi? (Surata serediň).

15 «Maňa güýç berýär». Käte Dawut gaýgy-aladadan ýaňa halys tapdan düşýärdi (Zeb. 18:4—6). Ýöne Ýehowa dostunyň söýgi bilen aladasyny edýär we ruhlandyrýar. Ýehowa ony ejizlän guzujygy kimin «ýaşyl ýaýlada bakýar» we «bol suwly öri meýdanda otladýar». Şonda Dawudyň güýjüne güýç goşulýar we Ýehowa şatlanyp gulluk edýär (Zeb. 18:28—32).

Ýehowa Dawudy gaçgak wagty hem ruhlandyrdy we aladasyny etdi (15-nji abzasa serediň).


16. Kyn güne düşenimizde Ýehowa bizi nädip güýçlendirýär?

16 «Wepaly söýgä baý Ýehowanyň... rehimdarlygy çäksizdir». Ol bize kyn ýagdaýlara döz gelmäge kömek edýär (Agy 3:22; Kol. 1:11). Geliň, Reýçel uýa hakda gürrüň edeliň. Koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýran döwründe äri ony taşlap gidýär we Ýehowadan ýüz öwürýär. Ýehowa Reýçele nädip kömek etdi? Ol şeýle gürrüň berýär: «Şol döwür Ýehowa söýgi bilen aladamy etdi. Dogan-uýalar hemişe diýen ýaly ýanymda bolýardy, nahar getirýärdi, göwnümi göterýän aýatlary we pikirleri ýazyp iberýärdi. Joralarym ruhlandyryp, Ýehowanyň aladamy edýändigini ýatladýardy. Men şeýle agzybir maşgalanyň agzasydygyma buýsanýaryn we Ýehowa sag bolsun aýdýaryn».

17. Dawut näme üçin «ýüregimde hiç hili gorky ýokdur» diýdi?

17 «Ýüregimde hiç hili gorky ýokdur. Sebäbi sen meniň ýanymdasyň». Dawudyň duşmanlary köpdi we ol ölüm bilen ençeme sapar ýüzbe-ýüz bolupdy. Emma Ýehowa ony penasynda aman saklady. Dawut pygamber hemişe Ýehowanyň goragyny duýýardy. Şonuň üçin ol: «Ýehowa... dilegime jogap berdi, gorkudan nam-nyşan galmady» diýdi (Zeb. 34:4). Elbetde, Dawut käte howsala düşýärdi, emma Ýehowanyň söýgüsi hakda oýlananda, gorkusy zym-zyýat bolýardy.

18. Biz howsala düşenimizde näme üçin Ýehowanyň söýgüsi hakda oýlanmaly?

18 Biz kyn ýagdaýlary başdan geçirenimizde howsala düşýäris. Şonda Ýehowanyň söýgüsi hakda oýlansak hiç zatdan gorkmarys. Pioner uýa Suziniň ogly janyna kast edýär. Şonda Suziniň we äriniň ýüregi para-para bolýar. Uýa: «Şeýle bolar diýip pikir hem etmeýärdik, dünýämiz boşap galdy. Emma Ýehowa söýgüsi bilen bizi çoýdy we kalbymyza rahatlyk berdi» diýýär. Ýokarda agzalan Reýçel şeýle gürrüň berýär: «Bir güni gije özümi erbet duýdum, janyma jaý tapman, ses edip agladym, Ýehowadan kömek soradym. Şonda ýüregim giňän ýaly boldy. Enäniň balasyny hüwdüleýşi ýaly, Ýehowa-da meni köşeşdirdi. Şonda men süýji uka gidipdirin. Men şol pursaty hiç haçan ýadymdan çykarmaryn». Ýaşuly dogan Tomas harby gulluga gitmeýär, şol sebäpli ony dört ýyl türmä basýarlar. Ol Ýehowanyň söýgi bilen eden aladasy hakda şeýle diýýär: «Ýehowa türmede gerek-ýarak zatlarymy artygy bilen ýetirdi. Şonda Hudaýa imanym has-da berkedi. Türme köpleri ruhdan düşürýär, emma Ýehowa maňa şatlanmaga kömek etdi. Men Ýehowa bil baglasam, söýgi bilen aladamy etjekdigine göz ýetirdim. Şeýlelikde, men türmede pioner gullugyna başladym».

MÄHIRLI HUDAÝ BILEN DOSTLAŞYŇ

19. a) Ýehowanyň söýýändigi hakda näme üçin oýlanmaly we biz nädip doga etmeli? b) Ýehowanyň söýgüsini beýan edýän haýsy aýady halaýarsyňyz? (« Ýehowanyň söýgüsini duýmaga kömek edýän aýatlar» diýen çarçuwa serediň).

19 Makalada gürrüň eden wakalarymyz söýgüden doly Ýehowanyň bizi goldajakdygyny subut edýär (2 Kor. 13:11). Ol her birimizi ýürekden söýýär. «Ýehowa bil baglaýanlar mährinden ganar» (Zeb. 32:10). Ýehowanyň söýgüsi hakda näçe köp oýlansak, ony şonça-da gowy tanarys, ýakyndan dostlaşarys, ýürekden doga ederis, söýgüsine mätäçdigimizi aýdarys we gaýgy-aladamyzy gürrüň bereris. Şeýle-de Ýehowanyň ýagdaýymyza düşünýändigine we kömege taýyndygyna şübhelenmeris (Zeb. 145:18, 19).

20. Ýehowanyň söýgüsi bizi näme etmäge höweslendirýär?

20 Aýazly gyşda oduň adama ýylylyk berişi ýaly, Ýehowa-da bizi söýgüsi bilen çoýýar. Hawa, Ýehowa gudratygüýçli, «wepaly söýgä baý» Hudaý. Goý, Ýehowanyň söýgüsi maşgala ojagyňyzy çoýsun! Geliň, mezmurçynyň «men Ýehowany söýýärin» diýen sözlerine goşulalyň! (Zeb. 116:1).

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Ýehowanyň söýgüsi hakda oýlananyňyzda näme göz öňüňize gelýär?

  • Ýehowanyň sizi ýürekden söýýändigine näme üçin ynamly bolup bilersiňiz?

  • Ýehowanyň söýgüsi size nähili täsir edýär?

108-NJI AÝDYM Hudaýyň wepaly söýgüsi

a Käbir atlar üýtgedildi.