GÖZLEG GEÇIRIŇ
Şahsy we maşgala okuwy üçin teklipler
Biz Ýehowa hakda diňe bir ýygnakda, etrap ýa-da welaýat kongreslerinde däl-de, şahsy we maşgala okuwynda hem öwrenýäris. Aşakda şahsy we maşgala okuwy üçin käbir teklipler getirilen:
-
Ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanyň. Ýygnakda aýdyljak aýdymlary aýdyň we çagalaryňyza ýygnakda jogap bermegi öwrediň.
-
Mukaddes Kitaby okaň. Soňra okan wakaňyzyň suratyny çekiň ýa-da näme sapak edinendigiňizi depdere ýazyň.
-
Mukaddes Kitapdan imany berk adamlaryň eden dogasyny okaň. Soňra ýürekden doga-dileg eder ýaly näme etmelidigi hakda gürrüň ediň.
-
Guramanyň wideolaryny görüň we näme öwrenendigiňiz hakda maşgala agzalaryňyz bilen gürrüňdeş boluň ýa-da halan pikirleriňizi depdere ýazyň.
-
Wagza taýýarlanyň, teklipleri sahnalaşdyryň.
-
Tebigata syn ediň we Ýehowa barada öwrenen zatlaryňyz hakda gürrüň ediň a.
a «Ýehowany tanamak üçin ýaradylan zatlara syn ediň» diýen makalany okap bilersiňiz (w23.03).