2-NJI MAKALA
19-NJY AÝDYM Ýatlama agşamy
Siz iň wajyp güne nädip taýýarlanyp bilersiňiz?
«Muny meni ýatlamak üçin berjaý ediň» (Luka 22:19).
ESASY PIKIR
Ýatlama agşamyny bellemegiň wajypdygyny, oňa nädip taýýarlanmalydygyny we köp adamy çagyrmak üçin näme etmelidigini biliň.
1. Ýatlama agşamy näme üçin iň wajyp gün? (Luka 22:19, 20).
ÝEHOWANYŇ ŞAÝATLARY Ýatlama agşamyna gatnaşmagy wajyp hasaplaýar. Munuň bir sebäbi: Isa pygamberiň özi ölen gününi ýatlamagy tabşyrdy (Luka 22:19, 20-nji aýatlary okaň). Biz başga sebäplere görä-de, Ýatlama agşamyny belleýäris. Geliň, olaryň käbiri hakda gürrüň edeliň.
2. Biz näme üçin Ýatlama agşamyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys?
2 Biz Ýatlama agşamyna baranymyzda, Isa pygamberiň şirin janyny gurban edip, töleg töländigi hakda oýlanarys we onuň ýagşylygyna ýagşylyk bilen jogap bermek isleýändigimizi görkezeris (2 Kor. 5:14, 15). Şol güni mähriban dogan-uýalar bilen görşeris we gürrüňdeş bolup ruhlanarys (Rim. 1:12). Şeýle-de biz wagyz etmeýän wagyzçylary gujak açyp garşy alarys. Olar ýygnakda söýginiň höküm sürýändigini görüp, Ýehowa dolanmak islärler. Ýatlama agşamyna ilkinji sapar gelen adamlar güler ýüzli dogan-uýalary görüp we nutugy diňläp, hakykat ýolundan ýöremek islär. Dogrudanam, Ýatlama agşamy her bir adamyň ýüreginde öçmejek yz galdyrýar.
3. Ýatlama agşamy dogan-uýalary nädip jebisleşdirýär? (Surata serediň).
3 Ýatlama agşamy bütin ýer ýüzündäki dogan-uýalary jebisleşdirýär. Şol wajyp çäre Gün batansoň bellenilýär. Biz Ýatlama agşamynyň başynda we soňunda aýdym aýdýarys; töleg gurbany hakda nutuk diňleýäris; çörek bilen şeraby elden-ele geçirýäris. Doganlar Hudaýa dört gezek doga edýär, biz bolsa her dogadan soňra «omyn» diýip goşulýarys. Bütin ýer ýüzündäki ýygnaklar 24 sagadyň dowamynda şu tertibe görä, Ýatlama agşamyny belleýär. Ýehowa Hudaý we Isa pygamber wepaly adamlaryň agzybirlikde wajyp çäräni belleýändiklerini görüp örän begenýändir.
4. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?
4 Makalada Ýatlama agşamy bilen bagly şu üç soragyň jogabyny bileris: oňa nädip taýýarlanmaly? Köp adamlary çagyrmak üçin näme etmeli? Wagyz etmeýän wagyzçylara nädip kömek etmeli? Şu soraglaryň jogabyny bilsek, Ýatlama agşamy döwri Ýehowa Hudaýa we Isa pygambere minnetdarlyk bildireris.
ÝÜREGIŇIZI TAÝÝARLAŇ
5. a) Biz näme üçin töleg gurbany hakda oýlanmaly? (Zebur 49:7, 8). b) Siz «Isa pygamber näme üçin öldi?» diýen wideodan näme öwrenýärsiňiz?
5 Isa pygamberiň şirin janyny biziň üçin gurban berendigi hakda oýlansak, Ýatlama agşamyna ýüregimizi taýýarlarys. Töleg tölenmedik bolsa, biz günäden we ölümden azat bolmazdyk (Zebur 49:7, 8-nji aýatlary okaň; şeýle-de «Isa pygamber näme üçin öldi?» diýen wideony görüp bilersiňiz) a. Ýehowa we Isa pygamber biziň ebedi ýaşamagymyz üçin gymmatly töleg töledi (Rim. 6:23). Biz olaryň töleg tölemek üçin kyn ýagdaýlara döz gelendigi hakda oýlansak, ýüregimiz minnetdarlykdan dolar. Geliň, töleg gurbanynyň näme üçin gerek bolandygy hakda gürrüň edeliň. Soňra Ýehowa Hudaýyň we Isa pygamberiň töleg tölemek üçin nähili kyn ýagdaýlara döz gelendigini bileliň.
6. Töleg näme we ol nädip tölendi?
6 Töleg — bir zady yzyna satyn almak üçin berilýän hak. Ýehowa Adam atany kämil edip ýaratdy. Emma ol Hudaýa garşy günä edip, özüni we neslini ebedi ýaşaýyşdan mahrum etdi. Isa pygamber Adam atanyň neslini günäden azat etmek üçin kämil janyny gurban bermelidi. Isa ýer ýüzünde ýaşanda «hiç hili günä etmedi, agzyndan ýekeje ýalan söz hem çykmady» (1 Pet. 2:22). Ol soňky demine çenli Hudaýa wepaly galdy. Şeýlelikde, Adam atanyň kämil janyna derek, öz kämil janyny töleg hökmünde gurban berdi (1 Kor. 15:45; 1 Tim. 2:6).
7. Isa ýer ýüzünde ýaşanda nähili synaglara duş geldi?
7 Isa ýer ýüzünde ýaşanda dürli synaglara duş geldi, emma Ýehowa wepaly galdy. Ol çagaka bikämil kakasyna we ejesine gulak asdy (Luka 2:51). Ýetginjek döwri ene-atasyny äsgermeýän we Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaýan deň-duşlarynyň täsirine düşmedi. Isa uly adam bolup ýetişende, Şeýtan ony ençeme gezek synady, hatda Ýehowa däl-de, özüne sežde etdirjek boldy (Mat. 4:1—11). Şeýtan töleg tölenmez ýaly Isa günä etdirjek bolýardy.
8. Isanyň imany ýene nädip synaldy?
8 Isanyň synaglary munuň bilen gutarmady. Duşmanlar ony yzarladylar we öldürjek boldular (Luka 4:28, 29; 13:31). Isa şägirtleriniň ýalňyşlaryna we dawa-jenjellerine çydamaly boldy (Mar. 9:33, 34). Duşmanlar Isanyň üstünden güldüler, gamçylap urdular we jenaýatçy hökmünde ölüme höküm etdiler (Ýew. 12:1—3). Isany pürse çüýlänlerinde, Ýehowa ondan goragyny aýyrdy. Indi ol öz güýji bilen jebir-jepaly ölüme döz gelmelidi b (Mat. 27:46).
9. Isa pygamberiň şirin janyny gurban berendigi hakda oýlananyňyzda, özüňizi nähili duýýarsyňyz? (1 Petrus 1:8).
9 Isa pygamber töleg tölemek üçin köp ejir çekdi. Isanyň şirin janyny biziň üçin gurban berendigi hakda oýlansak, ony ýürekden söýeris (1 Petrus 1:8-i okaň).
10. Ýehowa töleg tölemek üçin nämelere döz gelmeli boldy?
10 Ýehowa töleg tölemek aňsat boldumy? Ol nähili kynçylyklara döz geldi? Isa Hudaýyň Ogludy, Ýehowa ony gowy görýärdi (Nak. 8:30). Duşmanlar Isany gynadylar, üstünden güldüler. Ýehowa eziz Oglunyň ejir çekişini görende, onuň ýüregi gyýym-gyýym bolandyr.
11. Oglunyň ölümine Ýehowanyň gynanandygy hakda gürrüň beriň.
11 Çagasynyň ölümi ene-atanyň ýüregine bitmejek ýara salýar. Ene-atalara çagasynyň direljegini bilse-de, ajy aýralyga döz gelmek kyn bolýar. B. e. 33-nji ýylynyň bahar paslynda Isa pygamber ejir çekip öldi. Eziz Oglunyň ölümi Ýehowanyň ýüregini para-para etdi c (Mat. 3:17).
12. Ýatlama agşamyna häzirden taýýarlyk görmek üçin näme etmeli?
12 Siz Ýatlama agşamyna çenli şahsy ýa-da maşgala okuwynda töleg gurbany hakda okaň, gözleg-barlag geçiriň. Munuň üçin «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasyny» ýa-da Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlaryny ulanyp bilersiňiz d. Şeýle-de «Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderindäki» Ýatlama agşamyna degişli aýatlary okaň. Ýatlama agşamy güni üçin ýörite taýýarlanan irdenki seždäni görüň. Biz Ýatlama agşamyna gowy taýýarlansak, köp adamlara şu wajyp çärä gatnaşmaga kömek ederis (Hyd. 7:10).
ÝATLAMA AGŞAMYNA ÇAGYRYŇ
13. Biz köp adamlary Ýatlama agşamyna çagyrmak üçin näme etmeli?
13 Akýürekli adamlary Ýatlama agşamyna çagyryň. Siz Ýatlama agşamynyň çakylygyny diňe bir wagyzda duş gelýän adamlara däl-de, tanyş-bilişleriňize hem beriň. Belki, siz dogan-garyndaşlaryňyzyň, işdeşleriňiziň ýa-da synpdaşlaryňyzyň sanawyny düzersiňiz. Eger sizde çakylygyň çap edilen görnüşi az bolsa, onda elektron görnüşini berip bilersiňiz. Şonda siziň tagallaňyz ýerine düşer we köp adamlar Ýatlama agşamyna geler (Nes. 11:6).
14. Biz näme üçin dogan-garyndaşlarymyzy Ýatlama agşamyna çagyrmaly?
14 Siz dogan-garyndaşlaryňyzyň öýüne baryp, Ýatlama agşamyna çagyryň. Şonda olar şu wajyp çärä gelerler. Meselem, bir uýanyň äri Ýehowa iman etmeýärdi. Günlerde bir gün ol aýalyna Ýatlama agşamyna gitjekdigini aýdýar. Uýa haýran galyp, sebäbini soraýar. Uýa ärini köp ýyldan bäri Ýatlama agşamyna çagyrýardy, emma ol gitmeýärdi. Äri tanyş ýaşuly doganyň ýörite gelip, Ýatlama agşamyna çagyrandygyny aýdýar. Şondan soň ol her ýyl Ýatlama agşamyna barýar.
15. Biz adamlary Ýatlama agşamyna çagyranymyzda nämä taýyn bolmaly?
15 Çakylygy kabul eden adam öň ýygnak duşuşyklaryna baryp görmedik bolsa, belki-de, käbir soraglary berer. Biz onuň berip biläýjek soraglary hakda öňünden oýlanmaly (Kol. 4:6). Meselem, ol şeýle soraglary bermegi mümkin: Ýatlama agşamynda nämeler edilýär? Näçe wagt dowam eder? Nähili egin-eşik geýmeli? Pul tölemelimi? Sadaka bermelimi? Şonuň üçin çakylygy kabul eden adamdan nähili soraglarynyň bardygyny sorasak we olara jogap bersek gowy bolar. Şeýle-de «Isa pygamberiň ölümini ýatlaň» we «Ýygnak » diýen wideolary görkezip bileris. Onsoňam, jaýynda nämeler edilýär?«Ebedi ýaşaň!» kitabynyň 28-nji sapagyndan käbir pikirleri gürrüň berip bilersiňiz.
16. Gyzyklanýan adam Ýatlama agşamyna gelenden soňam nähili soraglary bermegi mümkin?
16 Gyzyklanýan adam Ýatlama agşamyna gelenden soňam käbir soraglary berip biler. Meselem: çörekden we şerapdan näme üçin sanlyja adam dadýar (ýa-da hiç kim datmaýar)? Siz Ýatlama agşamyny näçe wagtdan geçirýärsiňiz? Ýehowanyň Şaýatlarynyň ähli ýygnak duşuşyklary şeýle geçirilýärmi? Elbetde, Ýatlama agşamynyň nutugynda şu soraglaryň köpüsine jogap berilýär. Emma gyzyklanýan adama giňişleýin düşündirmeli bolýar. Munuň üçin size jw.org saýtyndaky «Ýehowanyň Şaýatlarynyň Isa pygamberiň ölen gününi belleýşi näme üçin beýleki dinlerden tapawutlanýar?» diýen makala kömek eder. Biz Ýatlama agşamyndan öň, şol döwür we ondan soň «ebedi ýaşamak isleýän» akýürekli adamlara elimizden gelýän kömegi etmeli (Res. 13:48).
WAGYZ ETMEÝÄN WAGYZÇYLARA KÖMEK EDIŇ
17. Ýaşulular wagyz etmeýän wagyzçylara nädip kömek edip biler? (Hyzkyl 34:12, 16).
17 Ýaşulular, siz Ýatlama agşamy döwri wagyz etmeýän wagyzçylara nädip kömek edip bilersiňiz? Olaryň ýürekden aladasyny ediň (Hyzkyl 34:12, 16-njy aýatlary okaň). Ýatlama agşamyndan öň olaryň her biri bilen habarlaşjak boluň. Olary gowy görýändigiňizi we eliňizden gelýän kömegi etmäge taýyndygyňyzy aýdyň. Olary Ýatlama agşamyna çagyryň. Eger gelseler, gujak açyp garşy alyň. Ýatlama agşamyndan soň olardan habar tutup duruň we Ýehowa dolanmaga, imanyny berkitmäge kömek etmek üçin eliňizden gelenini gaýgyrmaň (1 Pet. 2:25).
18. Biziň ählimiz wagyz etmeýän wagyzçylara nädip kömek edip bileris? (Rimliler 12:10).
18 Ýygnakdaky dogan-uýalaryň ählisi wagyz etmeýän wagyzçylara kömek edip biler. Meselem, olar Ýatlama agşamyna gelende gujak açyp garşy almaly, mähirli gepleşmeli we ýürekden söýmeli (Rimliler 12:10-y okaň). Belki, olar ýygnaga gelmäge ýaýdanýandyr. Gowy garşy almazlar öýdüp biynjalyk bolýandyr e. Olar ýygnaga gelende utandyrýan, oňaýsyz ýagdaýa salýan ýa-da göwnüne degýän soraglary bermäliň (1 Sel. 5:11). Olar biziň mähriban dogan-uýalarymyzdyr. Biz olar bilen Ýehowa sežde edýändigimize örän begenýäris (Zeb. 119:176; Res. 20:35).
19. Ýatlama agşamyny bellemegiň nähili peýdasy bar?
19 Biz Isa pygamberiň Ýatlama agşamyny bellemegi tabşyrandygyna örän begenýäris. Sebäbi Ýatlama agşamy döwri ruhlanýarys we adamlara kömek edýäris (Işa. 48:17, 18). Biziň Ýehowa Hudaýa we Isa pygambere söýgimiz has-da artýar. Olaryň ýagşylygyna ýagşylyk bilen jogap bermek üçin elimizde baryny edýäris. Biz dogan-uýalary hem ýürekden söýýäris. Akýürekli adamlara töleg gurbanyna iman edip, ebedi ýaşar ýaly wagyz edýäris. Geliň, 2024-nji ýylyň iň wajyp gününe, ýagny Ýatlama agşamyna häzirden taýýarlanalyň!
BIZ NÄDIP . . .
-
Ýatlama agşamyna ýüregimizi taýýarlamaly?
-
akýürekli adamlary Ýatlama agşamyna çagyrmaly?
-
wagyz etmeýän wagyzçylara kömek etmeli?
18-NJI AÝDYM Töleg gurbanyna minnetdarlyk
a Şu makalada getirilen wideolary we makalalary tapmak üçin jw.org saýtynyň gözleg diýen ýerine olaryň adyny ýazyp bilersiňiz.
b «Okyjylaryň sowallaryny» okap bilersiňiz (w21.04).
c «Ýehowa ýakynlaşyň» (rus.) kitabynyň 23-nji babynyň 8, 9-njy abzaslaryny okap bilersiňiz.
d « Gözleg geçirmek üçin teklip» diýen çarçuwa serediň.
e « Gujak açyp garşy aldylar» diýen çarçuwa we surata serediň. Wagyz etmeýän wagyzçy Ýygnak jaýyna barmaga çekinýär. Ol şonda-da Ýygnak jaýyna barýar. Dogan-uýalar ony güler ýüz bilen garşy alýar.
f SURATYŇ BEÝANY: dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan dogan-uýalar Ýatlama agşamyny geçirmäge taýýarlyk görýärler we wajyp çäräni geçirýärler.