1-NJI MAKALA
38-NJI AÝDYM Hudaý saňa güýç berer
Sizi gorky basanda, Ýehowa bil baglaň
2024-NJI ÝYLYŇ AÝADY: «Meni gorky basanda, saňa bil baglaryn» (Zeb. 56:3).
ESASY PIKIR
Howsala düşmän, Ýehowa bil baglamagy öwreniň.
1. Biz haýsy sebäplere görä howsala düşýäris?
GORKY adamyň el-aýagyny ýüpsüz baglaýar, emma Mukaddes Kitabyň hakykatlary gorkudan azat edýär. Hawa, biz ölümden, jyn-arwahlardan we gelejegimizden gorkmaýarys. Ýöne biz «gorkunç zatlaryň» bolýan döwründe ýaşýarys. Biz uruşlar, jenaýatçylyk we keselçilik sebäpli howsala düşýäris (Luka 21:11). Ýehowa iman edýändigimiz üçin döwlet işgärleri yzarlanda, dogan-garyndaşlarymyz garşy çykanda, biynjalyk bolýarys. Şeýle-de kynçylyklary başdan geçirenimizde ýa-da gelejekde boljak synaglarda «Hudaýa wepaly bolup bilerinmi?» diýip alada edýäris.
2. Dawut Get galasyna baranda näme üçin gorkýar?
2 Bir gün edermen esger Dawut örän gorkýar. Zalym patyşa Şawul onuň kastyna çykýar. Şonda Dawut piliştlileriň Get galasyna barýar. Akyş hana dabarasy dag aşan Dawut pälwanyň gelendigini habar berýärler. Şonda Dawut öler ýaly gorkýar, sebäbi müňlerçe piliştlini öldüripdi (1 Şam. 21:10—12). Belki, Dawut: «Indi Akyş han menden aryny alar» diýip howsala düşendir.
3. Zebur 56:1—3, 11-nji aýatlara görä, Dawut gorkusyny nädip ýeňdi?
3 Zebur 56-njy bapda Dawudyň Get galasynda başdan geçiren ýagdaýlary we duýgulary beýan edilýär. Şol bapda Dawudyň howsala düşendigi, emma Ýehowa bil baglap gorkusyny ýeňendigi ýazylan (Zebur 56:1—3, 11-nji aýatlary okaň). Ýehowanyň akyldarlygy bilen Dawut janyny gutarmak üçin üýtgeşik usul oýlap tapýar. Ol özüni däli ýaly alyp barýar. Akyş han «agzyndan gyllygyny akdyryp» duran Dawudy görende, ony öldürmegiň deregine, kowup goýberýär. Şeýdip, Dawut duşman elinden halas bolýar(1 Şam. 21:13—22:1).
4. Ýehowa ýürekden bil baglamak üçin näme etmeli? Mysal getiriň.
4 Biz hem Ýehowa bil baglasak, gorkudan üstün çykyp bileris. Emma el-aýagymyzy ýitirip howsala düşenimizde, Ýehowa nädip bil baglap bileris? Aýdaly, siz agyr kesele ýolugýarsyňyz. Siz näme etjegiňizi bilmän howsala düşýärsiňiz. Emma siz köp hassalary sagaldan ökde lukman hakda eşidýärsiňiz. Siz onuň ýanyna barýarsyňyz. Lukman sizi ünsli diňleýär we ýagdaýyňyza düşünýär, şonda göwnüňiz giňäp gidýär. Ol size bejergi berýär we tut ýaly sagdyn boljakdygyňyzy aýdýar. Siziň gorkyňyz zym-zyýat bolýar. Edil şonuň ýaly, Ýehowanyň geçmişde eden, häzir edýän we gelejekde etjek işleri hakda okasak, Oňa ýürekden bil baglarys, hiç zatdan gorkmarys. Geliň, Zebur 56-njy bapdan käbir aýatlary okap, Ýehowa doly bil baglamaga kömek edýän maslahatlara seredeliň.
ÝEHOWA GEÇMIŞDE NÄME ETDI?
5. Dawut gorkusyny ýeňmek üçin näme hakda oýlandy? (Zebur 56:12, 13).
5 Dawut ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolanda, Ýehowanyň geçmişde eden işleri hakda oýlanýardy (Zebur 56:12, 13-nji aýatlary okaň). Dawut Ýehowanyň eden işleri hakda oýlanmagy endik edinipdi. Meselem, ol Ýehowanyň ýaradan zatlary hakda oýlanýardy. Şonda Allatagalanyň Gudratygüýçli Hudaýdygyna we adamlaryň ýürekden aladasyny edýändigine düşünýärdi (Zeb. 65:6—9). Ol Ýehowanyň wepaly bendelerinden ýagşylygyny gaýgyrmaýandygy hakda pikirlenýärdi (Zeb. 31:19; 37:25, 26). Şeýle-de Hudaýyň özüne eden ýagşylyklary hakda oýlanýardy. Dawut dünýä ineni bäri Ýehowanyň goragyny we goldawyny duýýardy (Zeb. 22:9, 10). Hawa, ol şu zatlar hakda oýlananda has-da dogumlandy we Ýehowa ýürekden bil baglady.
6. Gorky gaplap alanda Ýehowa bil baglamaga näme kömek eder?
6 Sizi gorky gaplap alanda Ýehowanyň geçmişde eden işleri hakda oýlanyň. Meselem, Allatagalanyň gudratly güýji bilen älem-jahany ýaradandygy hakda pikirleniň. Hudaýyň keşbinde ýaradylmadyk, Oňa sežde edip bilmeýän guşlar we güller hakda oýlanyň. Ýehowa olaryň aladasyny edýän bolsa, siziň hem aladaňyzy eder (Mat. 6:25—32). Şeýle-de Ýehowanyň wepaly bendelerine edýän ýagşylyklary hakda pikirleniň. Mukaddes Kitapdan hudaýhon adamlaryň wakasyny we edebiýatlardan dogan-uýalaryň terjimehalyny okasaňyz, Ýehowanyň halkyna howandarlyk edýändigine göz ýetirersiňiz a. Onsoňam, Ýehowanyň size edýän ýagşylyklary barada oýlanyň. Ol siziň bilen dostlaşmak üçin ilkinji ädimi Özi ädýär (Ýah. 6:44). Her gün doga-dilegleriňizi diňleýär we jogap berýär (1 Ýah. 5:14). Şeýle-de günäleriňizi bagyşlamak üçin söwer Ogluny gurban etdi. Siz töleg gurbanyna iman edip, ençeme bereketleri alansyňyz (Efes. 1:7; Ýew. 4:14—16).
7. Danyýar pygamberiň wakasy Wanessa gorkusyny ýeňmäge nädip kömek etdi?
7 Gaitide ýaşaýan Wanessa b uýa gorkunç ýagdaýy başdan geçirýär. Bir adam oňa: «Meniň bilen ýat» diýip, her gün jaň edýär, SMS ýazýar. Wanessa oňa «ýok» diýip pert jogap berse-de, haýbat atyp, gününe goýmaýar. Wanessa örän gorkýar. Emma özüni goramak üçin gerekli ädimleri ädýär, ýaşuly doganyň maslahatyna eýerip, polisiýa işgärlerine ýüz tutýar. Şeýle-de Wanessa Ýehowanyň wepaly bendelerini gorandygy hakda oýlanýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men Danyýar pygamber hakda pikirlendim. Ol bigünä bolsa-da, ýolbarsly çukura taşladylar. Ýehowa Danyýary ýolbarslaryň ganly penjesinden gorady. Men Ýehowa: „Zalym adamyň elinden halas et“ diýip ýalbardym. Şonda gorkym zym-zyýat boldy» (Dan. 6:12—22).
ÝEHOWA ŞU GÜNLER NÄME EDÝÄR?
8. Dawut nämä ynanýar? (Zebur 56:8).
8 Dawut Get galasynda ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýar, emma gorkynyň duzagyna düşmeýär. Ol Ýehowanyň häzir nädip goldaýandygy hakda oýlanýar. Şonda Ýehowanyň görkezme berýändigine, goraýandygyna we duýgularyna düşünýändigine göz ýetirýär (Zebur 56:8-i okaň). Hak Alla Dawudy Ýonatan we Agamälik ýaly wepaly dostlary arkaly goldaýar (1 Şam. 20:41, 42; 21:6, 8, 9). Şeýle-de ony zalym patyşa Şawulyň elinden ençeme sapar halas edýär. Dawut Ýehowanyň aladasyny edýändigini, ýürek derdine we duýgularyna düşünýändigini bilýärdi.
9. Ýehowanyň ýagdaýymyza doly düşünýändigini näme subut edýär?
9 Sizi gorky gaplap alanda, Ýehowanyň kynçylyklaryňyzy görýändigini we duýgularyňyza düşünýändigini unutmaň. Meselem, müsürliler ysraýyllara zulum-sütem edýärdi. Ýehowa halkynyň kösenýändigini görýärdi we «çekýän jebrini» bilýärdi (2 Mus. 3:7). Dawut Allatagalanyň «agyr halyny görýändigini, kalbynyň derdini bilýändigini» aýdýar (Zeb. 31:7). Ysraýyl halky eden günäleri sebäpli ejir çekse-de, Ýehowanyň olara haýpy gelýär (Işa. 63:9). Ýehowa siziň hem kalbyňyzda gopýan harasady bilýär we gorkyňyzy ýeňmäge kömek eder.
10. Kyn ýagdaýa düşeniňizde Ýehowanyň kömek etjegine näme üçin ynanýarsyňyz?
10 Siz gorkup, howsala düşeniňizde Ýehowanyň goldawyny görmezligiňiz mümkin. Şonda siz: «Ýehowa, goldawyňy görmäge kömek et!» diýip doga ediň (2 Pat. 6:15—17). Soňra şu soraglar hakda oýlanyň: ýygnakda aýdylýan nutuklar we berilýän jogaplar güýjüme güýç goşdumy? Edebiýatlar, wideolar we aýdymlar göwnümi galkyndyrdymy? Dogan-uýalar aýat okap ýa-da gyzykly pikir aýdyp meni ruhlandyrdymy? Biz ünsli bolmasak dogan-uýalaryň söýgi bilen berýän kömegine we wepaly hyzmatkäriň taýýarlaýan edebiýatlaryna bolaýmaly zat ýaly garamagymyz mümkin. Unutmaň, olar Ýehowanyň berýän çäksiz berekedi (Işa. 65:13; Mar. 10:29, 30). Olar Ýehowanyň bizi ýürekden söýýändigini we ynamdar Hudaýdygyny subut edýär (Işa. 49:14—16).
11. Aýida gorkusyndan üstün çykmaga näme kömek etdi?
11 Senegalda ýaşaýan Aýida uýa Ýehowanyň goldawyny görýär. Ol ene-atasynyň nowbahar çagasydy. Şonuň üçin ene-atasy gyzynyň köp gazanç edip, hojalygy dolandyrmaga kömek etmegini isleýärdi. Emma Aýidanyň pioner bolup gulluk edesi gelýärdi. Ol uzakly gün işläp bilmeýärdi, az gazanýardy. Şonuň üçin ene-atasy ondan nägile bolup başlaýar. Aýida şeýle gürrüň berýär: «Men köp gazanyp, ene-atama kömek edip bilmeýändigime we olaryň tamasyny ödemändigime gynandym. Şu ýagdaýa ýol berendigi üçin, Ýehowany hem günäkärläp başladym. Bir gün ýygnakda dogan nutuk bilen çykyş etdi. Ol Ýehowanyň ýürek derdimizi görýändigini aýtdy. Ýaşulular we imany berk dogan-uýalar Ýehowanyň meni ýürekden söýýändigini ýatladýardy. Şeýlelikde, men ynam bilen Ýehowa doga edip başladym. Hudaýyň dogalaryma jogap berýändigini görenimde ýüregim giňäp gitdi». Soňra Aýida iş tapýar. Häzir ol hem pioner bolup gulluk edýär, hem maşgalasyna kömek edýär. Ol şeýle ýatlaýar: «Men Ýehowa bil baglamagy öwrendim. Indi kalbymy gorky gaplap alanda, derrew Ýehowa doga edýärin. Şonda ýüregim giňäp gidýär».
ÝEHOWA GELEJEKDE NÄME EDER?
12. Zebur 56:9-a görä, Dawut nämä ynanýardy?
12 Zebur 56:9-y okaň. Şu aýatda Dawuda gorkusyny ýeňmäge kömek eden ýene bir zat ýazylan. Dawut Ýehowanyň gelejekde etjek işleri hakda oýlanýardy. Ol Allatagalanyň halas etjegine şübhelenmeýärdi, sebäbi Ýehowa Dawuda Ysraýylyň patyşasy boljagyny wada beripdi (1 Şam. 16:1, 13). Dawut Ýehowanyň hemişe beren sözünde durýan Hudaýdygyny bilýärdi.
13. Ýehowa gelejekde nämeleri eder?
13 Ýehowa size nämäni wada berýär? Elbetde, ol siziň duş gelýän kynçylyklaryňyzy häzir gudrat bilen aýyrmaz c. Emma ol Jennetde adamzadyň durmuşyna awy gatýan ähli zady köki-damary bilen ýok eder (Işa. 25:7—9). Beýik Biribaryň ölen adamlary direltmäge, syrkaw adamlary sagaltmaga we duşmanlaryny ýok etmäge güýji ýetýär (1 Ýah. 4:4).
14. Siz näme barada oýlanyp bilersiňiz?
14 Siz gorksaňyz Ýehowanyň gelejekde eçiljek bereketleri hakda oýlanyň. Jennetde Şeýtan Iblis we zalym adamlar bolmaz; diňe dogruçyl adamlar ýaşar. Olar kem-kemden günäden azat bolar. 2014-nji ýylyň welaýat kongresinde gelejege bolan umyt hakda sahna bolupdy. Dogan aýaly we çagalary bilen 2 Timoteos 3:1—5-nji aýatlar hakda gürrüň edýär we aýatlary Jennetde ýaşajak dogruçyl adamlara degişli edip okaýar: «Jennetde ajaýyp döwür bolar. Sebäbi adamlar biri-birini, hakykaty söýýän, pespäl, pesgöwünli, Hudaýa alkyş aýdýan, ene-atasyna gulak asýan, minnetdar, wepaly, dogan-garyndaşlaryny söýýän, eglişik edýän, öwgüli sözleri aýdýan, özüne erk edýän, ýumşak, ýagşylygy söýýän, ynamdar, oňşukly, kiçigöwünli, keýpi-sapany däl-de, Hudaýy söýýän, Hudaýyň ýolunda ýöräp, şoňa görä ýaşaýan adamlar bolar. Şeýle adamlar bilen dostlaş». Siz maşgala agzalaryňyz we dogan-uýalaryňyz bilen Jennetde boljak ýaşaýyş hakda gürrüň edýärsiňizmi?
15. Tanýa gorkusyndan üstün çykmaga näme kömek etdi?
15 Demirgazyk Makedoniýada ýaşaýan Tanýa gelejekde aljak bereketleri hakda oýlanyp gorkusyny ýeňdi. Oňa ene-atasy Mukaddes Kitapdan okuw geçýändigi üçin azar ýamanyny berýärdi. Tanýa şeýle gürrüň berýär: «Meniň gorkanym başyma geldi. Her sapar ýygnakdan gelemsoň, ejem meni urýardy. Ene-atam: „Ýehowanyň Şaýady bolsaň öldürerin“ diýip haýbat atýardy». Ene-atasy Tanýany öýden kowýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men Hudaýa wepaly bolsam, ebedilik bagtly boljakdygym hakda oýlandym. Şeýle-de häzirki ýitirýän zatlarymyň öwezini Ýehowanyň gelejekde doljakdygy, çekýän jebir-jepamyň ýadyma-da düşmejekdigi hakda oýlandym». Tanýa Hudaýa wepaly boldy. Ýehowa oňa ýaşar ýaly jaý tapmaga kömek etdi. Häzir Tanýa äri bilen Ýehowa uzak wagtly gulluk edýär.
ÝEHOWA BIL BAGLAŇ
16. Luka 21:26—28-nji aýatlardaky pygamberlik ýerine ýetende, bize batyrgaý bolmaga näme kömek eder?
16 Uly betbagtçylykda adamlar «gorkudan ýaňa» sandyraşar. Emma Hudaýyň halky «dikelip, başyny galdyrar», asla gorkmaz (Luka 21:26—28-nji aýatlary okaň). Sebäbi biz häzirden Ýehowa bil baglamagy öwrenýäris. Tanýa başdan geçiren synaglarynyň häzirki kynçylyklara döz gelmäge kömek edýändigini aýdýar: «Men Ýehowa üçin çykalgasyz ýagdaýyň ýokdugyna göz ýetirdim. Käbir adamlar islän zadyny etmäge haklary bardyr öýdýär. Ýöne Ýehowa ýol bermese, hiç zat edip bilmejekdiklerine düşünmeýär. Dogry, synag agyr bolup biler, emma hökman soňy geler».
17. 2024-nji ýyl üçin saýlanan aýat gorkyny ýeňmäge nädip kömek edýär? (1-nji sahypadaky surata serediň).
17 Gorky — adaty duýgy. Biz Dawut pygamberiň göreldesine eýersek, gorkudan üstün çykarys. 2024-nji ýyl üçin Zebur 56:3-nji aýat saýlandy. Aýatda Dawut Ýehowa doga edip: «Meni gorky basanda, saňa bil baglaryn» diýýär. Bir ylmy kitapda şeýle diýilýär: «Dawut gorkynyň duzagyna düşmedi. Diňe kynçylygy hakda oýlanyp oturmady, gaýtam Halasgär Hudaýyna garaşdy». Gelejekde sizi gorkuzýan ýagdaýlar ýüze çyksa, 2024-nji ýylyň aýady hakda oýlanyň. Ýehowanyň geçmişde, häzir we gelejekde etjek işleri hakda pikirleniň. Şonda Dawudyň şu sözlerine siz hem goşulyp bilersiňiz: «Men gorkmaryn, Allama bil baglaryn» (Zeb. 56:4).
GORKYNY ÝEŇER ÝALY NÄME ÜÇIN . . .
-
Ýehowanyň geçmişde eden işleri hakda oýlanmaly?
-
Ýehowanyň şu günler edýän işleri hakda oýlanmaly?
-
Ýehowanyň gelejekde etjek işleri hakda oýlanmaly?
33-NJI AÝDYM Ýüküňi Ýehowa tabşyr
a Hudaýa ýürekden iman eden adamlar hakda okamak üçin jw.org saýtyna girip, gözleg diýen ýere «Olaryň imanyndan görelde alyň» ýa-da «Başdan geçirmeler» diýip ýazyň. Şeýle-de JW Library programmasynyň «Internet makalalar» bölümindäki «Olaryň imanyndan görelde alyň» ýa-da «Ýehowanyň Şaýatlarynyň başdan geçirenleri» diýen makalalary okap bilersiňiz.
b Käbir atlar üýtgedildi.
c «Ýehowa ýakynlaşyň» (rus.) kitabynyň 7-nji babynyň 13—22-nji abzaslaryny okap bilersiňiz.
d SURATYŇ BEÝANY: Dawut Ýehowanyň aýyny öldürmäge güýç berendigi, Agamälik ruhany arkaly goldandygy we patyşa edip belländigi hakda oýlanýar.
e SURATYŇ BEÝANY: türmede oturan dogan Ýehowanyň çilimini taşlamaga kömek edendigi, imandaşlarynyň haty arkaly goldaýandygy we Jennetde ýaşamaga umyt berýändigi hakda oýlanýar.