18-NJI MAKALA
Ýygnakda birek-biregi ruhlandyralyň!
«Geliň, biri-birimize ünsli bolup... biri-birimizi has-da ruhlandyralyň» (Ýew. 10:24, 25).
88-NJI AÝDYM Ýollaryňy öwret
MAZMUNY a
1. Biz ýygnaga näme üçin barmaly?
BIZ näme üçin ýygnak duşuşyklaryna barmaly? Biz ýygnak duşuşyklarynda Ýehowany şöhratlandyrýarys we agyr günleri başyndan geçirýän dogan-uýalary ruhlandyrýarys (Zeb. 26:12; 111:1; 1 Sel. 5:11). Şeýle-de biz ýygnaklarda jogap berip, Ýehowa alkyş aýdýarys we dogan-uýalaryň imanyny berkidýäris.
2. Ýygnakda jogap bermäge nähili mümkinçilikler bar?
2 Her hepde ýygnakda jogap bermäge ençeme mümkinçilikler bolýar. Meselem, hepdäniň başynda geçirilýän «Mesihçileriň durmuşy we wagzy» duşuşygynda «Ruhy dürdänelerde», «Mukaddes Kitaby öwrenmek duşuşygynda» we beýleki bölümlerde jogap berip bilýäris. Şeýle-de dynç günleri geçirilýän «Garawul diňi» duşuşygynda hem jogap bermäge köp mümkinçilik bolýar.
3. Jogap bermek babatda nähili kynçylyk ýüze çykyp biler we Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlar nähili kömek eder?
3 Biz ýygnakda jogap berip, Ýehowany şöhratlandyrýarys we birek-biregi ruhlandyrýarys. Ýöne käte jogap bermek bilen bagly kynçylyk ýüze çykyp biler. Biziň jogap bermäge çekinmegimiz mümkin ýa-da elimizi galdyrsak-da, doganyň soramazlygy ahmal. Şeýle ýagdaýda Pawlus resulyň Ýewreýlere ýazan haty bize kömek eder. Ol ýygnaklara «biri-birimizi... ruhlandyrmak» üçin barmalydygymyzy aýtdy (Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlary okaň). Eger jogap bermäge çekinýän bolsak näme edip bileris? Onda gysgajyk we ýönekeý jogaplarymyzyň imandaşlarymyzy ruhlandyrýandygy hakda oýlanalyň. Eger köp jogap bermek islesek-de, soramasalar näme? Onda çekinjeň dogan-uýalaryň jogap berendigine begeneliň we olary diňläp ruhlanalyň (1 Pet. 3:8).
4. Makalada haýsy üç pikire serederis?
4 Şu makalada 1) kiçi ýygnaklarda berýän jogaplarymyz bilen dogan-uýalary nädip ruhlandyryp biljekdigimiz hakda gürrüň ederis. 2) Uly ýygnaklarda isleýşimiz ýaly köp jogap berip bilmesek-de, imandaşlarymyzy nädip berkidip biljekdigimize serederis. 3) Ýygnaga gowy taýýarlanyp we manyly jogaplary berip, başgalaryň imanyny nädip berkidip biljekdigimizi bileris.
KIÇI ÝYGNAKDA
5. Kiçi ýygnaklarda dogan-uýalary nädip ruhlandyryp bileris?
5 Kiçi ýygnaklarda ýa-da toparlarda jogap berýänler az bolýar. Duşuşygy alyp barýan dogan soragy berenden soňra biraz garaşmaly hem bolýar. Dymyşlyk uzaga çekse, dogan-uýalaryň içi gysyp, ruhlanyp bilmezligi mümkin. Biz näme edip bileris? Biz mümkin boldugyndan köpräk jogap bermäge çalyşmaly. Şonda başgalar hem biziň göreldämize eýererler.
6, 7. Jogap bermäge çekinýän bolsaňyz näme edip bilersiňiz?
6 Siz ýygnakda jogap bermäge çekinýärsiňizmi? Eger şeýle bolsa alada etmäň. Dogan-uýalaryň köpüsi şeýle kynçylygy ýeňip geçdiler. Siz çekinjeňligiňizi ýeňmek üçin näme edip biljekdigiňiz hakda oýlanyň. Şonda jogaplaryňyz bilen imandaşlaryňyzy ruhlandyrarsyňyz.
7 Siz «Garawul diňi» b žurnalyndan köp maslahatlary tapyp bilersiňiz. Meselem, ýygnaga gowy taýýarlanyň (Nak. 21:5). Näçe gowy taýýarlansaňyz, şonça-da ynamly jogap berersiňiz. Şeýle-de berýän jogaplaryňyz gysga bolsun (Nak. 15:23; 17:27). Şonda kän aljyramarsyňyz. Belki, siz birki sözlemden ybarat gysga jogap taýýarlarsyňyz. Aslynda, uzyn we çylşyrymly jogaplara garanda, gysga jogaplara düşünmek aňsat bolýar. Ýygnaga gowy taýýarlanan dogan-uýalar öz sözi bilen gysga jogap berýärler.
8. Biz nämäni unutmaly däl?
8 «Garawul diňindäki» maslahatlara eýereniňizden soň hem ýygnakda jogap bermäge çekinýän bolsaňyz näme? Ýehowanyň siziň edýän tagallaňyzy gymmat saýýandygyny unutmaň (Luka 21:1—4). Ol sizden başarmajak zadyňyzy talap etmeýär (Flp. 4:5). Siz näme edip biljekdigiňiz hakda oýlanyň, maksat goýuň we aljyramaz ýaly Ýehowa doga ediň. Belki, siz ýygnakda gysga jogap bermegi maksat goýup bilersiňiz.
ULY ÝYGNAKDA
9. Uly ýygnaklarda jogap bermek bilen bagly nähili kynçylyk döräp biler?
9 Uly ýygnaklarda köp wagyzçy bolýar. Dogan-uýalaryň köpüsi jogap bermek üçin elini galdyrýar, emma alyp barýan dogan hemmesinden sorap ýetişmeýär. Geliň, Diana c uýa hakda gürrüň edeliň. Ol ýygnakda jogap bermegi gowy görýärdi. Muny Hudaýa edýän seždesiniň bir bölegi hasaplaýardy. Ol hem dogan-uýalary ruhlandyrýardy, hem öz imanyny berkidýärdi. Soňra Diana uly ýygnaga geçýär. Ol ýerde öňküsi ýaly köp jogap berip bilmeýär. Käte tutuş ýygnagyň dowamynda bir gezek hem jogap berip bilmeýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men ruhdan düşdüm, göýä ýygnakdaky borçlarymyň biri elimden alnan ýaly boldy. Soňabaka men: „Doganlar bilgeşleýin menden soramaýar“ diýip pikir edip başladym».
10. Ýygnak duşuşyklarynda köpräk jogap bermek üçin näme etmeli?
10 Sizem Diana uýanyňky ýaly duýgulary başdan geçirýärsiňizmi? Belki, siz: «Gowusy ýygnakda jogap bermäýin, dogan-uýalary diňlesem hem bolar-la» diýip, pikir etmegiňiz mümkin. Şeýle pikir etmek nädogry. Siz näme edip bilersiňiz? Siz birnäçe jogaplary taýýarlaň. Şonda duşuşygyň başynda jogap bermäge mümkinçiligiňiz bolmasa-da, soňunda jogap berip bilersiňiz. Şeýle-de «Garawul diňi» duşuşygyna taýýarlananyňyzda abzaslaryň esasy tema bilen nähili baglanyşygynyň bardygy hakda oýlanyň. Şonda jogap bermäge has köp mümkinçiligiňiz bolar. Makalanyň käbir abzaslarynda çuň pikirler bolýar. Dogan-uýalara şol pikirleri düşündirmek kyn bolýar. Şol abzaslara gowy taýýarlansaňyz we goşmaça gözleg geçirseňiz gowy bolar (1 Kor. 2:10). Şonda sizde ýene-de jogap bermäge mümkinçilik dörär. Eger şu maslahatlaryň hemmesine eýerseňiz-de, sizden birnäçe duşuşykda soramasalar näme? Onda ýygnakdan öň duşuşygy alyp barýan dogana haýsy abzaslara jogap bermek isleýändigiňizi aýdyp bilersiňiz.
11. Biz Filipililer 2:4-däki maslahata nädip eýerip bileris?
11 Filipililer 2:4-i okaň. Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen: «Başgalaryň... peýdasyny gözläň» diýip maslahat berdi. Biz ýygnakda şu maslahata nädip eýerip bileris? Biz dogan-uýalaryň hem jogap bermek isleýändigini unutmaly däl.
12. Biz «başgalaryň... peýdasyny gözleýändigimizi» nädip görkezip bileris? (Surata serediň).
12 Göz öňüne getiriň, siz dostlaryňyz bilen gürrüňdeş bolýarsyňyz. Şonda olara gezek bermän, diňe özüňiz gepläp oturarsyňyzmy? Elbetde, ýok! Siz dostlaryňyzyň sözüni bölmän, berýän gürrüňini ünsli diňlärsiňiz, ýogsam olar özlerini sylanmaýan ýaly duýarlar. Edil şonuň ýaly, biz ýygnakda dogan-uýalara köpräk jogap berer ýaly mümkinçilik döretmek isleýäris (1 Kor. 10:24). Geliň, muny nädip edip biljekdigimize seredeliň.
13. Biz dogan-uýalara jogap bermäge nädip mümkinçilik döredip bileris?
13 Birinjiden, gysga jogap bermeli. Şonda başgalara-da jogap bermäge mümkinçilik dörederis. Gysga jogap bermek babatda ýaşulular we imany berk dogan-uýalar görelde görkezip bilerler. Ikinjiden, gysga jogap berseňiz hem abzasdaky hemme pikirleri aýtmaly däl. Ýogsam dogan-uýalara aýdara zat galmaz. Meselem, şu abzasda iki pikir nygtalýar. Birinjiden, gysga jogap bermeli, ikinjiden, hemme pikirleri aýtmaly däl. Eger şu abzasa siz ilkinji bolup jogap berýän bolsaňyz, onda diňe bir pikiri aýtsaňyz gowy bolar.
14. Ýygnakda näçeräk jogap berýändigiňiz hakda näme üçin oýlanmaly? (Surata serediň).
14 Ýygnakda näçeräk jogap berýändigiňize ünsli boluň. Eger siz gaýta-gaýta eliňizi galdyryp dursaňyz, alyp barýan dogany oňaýsyz ýagdaýa salarsyňyz. Sebäbi käbir dogan-uýalar bir gezegem jogap beren däldir. Siz bolsa her abzasda eliňizi galdyryp oturansyňyz. Şeýle ýagdaýda dogan-uýalaryň jogap bermäge ýaýdanmagy mümkin (Nes. 3:7).
15. a) Biz alyp barýan dogandan näme üçin öýkelemeli däl? b) Alyp barýan dogan nämeleri göz öňünde tutmaly? (« Duşuşygy alyp barýanlar üçin maslahat» diýen çarçuwa serediň).
15 Ýygnakda wagyzçy köp bolsa, biz köp jogap berip bilmeris. Käte bolsa alyp barýan dogan bizden asla soraman biler. Şeýle ýagdaýda ruhdan düşmegimiz mümkin. Ýöne biz alyp barýan dogandan öýkelemeli däl (Nes. 7:9).
16. Ýygnakda jogap beren dogan-uýalary nädip ruhlandyryp bileris?
16 Siz ýygnakda köp jogap berip bilmeseňiz näme etmeli? Dogan-uýalary ünsli diňläň we berýän gowy jogaplary üçin öwüň. Siziň ýygnakda berýän jogaplaryňyz dogan-uýalary ruhlandyryşy ýaly, öwgüli sözleriňiziň hem olary galkyndyrýar (Nak. 10:21). Öwgüli sözler aýtmak dogan-uýalary ruhlandyrmagyň iň gowy usulydyr.
RUHLANDYRMAGYŇ USULLARY
17. a) Ene-atalar çagalaryny ýygnakda jogap bermäge nädip taýýarlap bilerler? b) Haýsy dört ädim ýygnaga gowy taýýarlanmaga kömek edýär? (Wideony görüp jogap beriň; çykgyda serediň).
17 Siz ýygnagyňyzdaky dogan-uýalary ýene nädip ruhlandyryp bilersiňiz? Ene-atalar, çagalaryňyzy ýygnakda jogap bermäge taýýarlaň. Emma olaryň ýaşyny göz öňünde tutuň (Mat. 21:16). Käte ýygnakda är-aýal gatnaşyklary ýa-da ahlak kadalary barada makalalary öwrenýäris. Ýöne şol makalalarda hem çagalara jogap berer ýaly abzaslar bolýar. Şeýle-de çagalaryňyza her abzasda jogap berip bilmejekdigini düşündiriň. Şonda alyp barýan dogan başgalardan sorasa, çagalaryňyz hiç kimden öýkelemez (1 Tim. 6:18) d.
18. Ýygnakda jogap berenimizde nämeden seresap bolmaly? (Nakyllar 27:2).
18 Biz ýygnakda jogap berip, Ýehowany şöhratlandyrýarys we dogan-uýalary ruhlandyrýarys (Nak. 25:11). Käte ýygnakda jogap berenimizde başdan geçiren wakamyzy aýdyp bileris, emma özümiz hakda aşa köp gürrüň bermeli däl (Nakyllar 27:2-ni okaň; 2 Kor. 10:18). Biz Ýehowany şöhratlandyrmaly, Onuň Sözüne salgylanmaly we halkyna kömek edişi hakda jogap bermeli (Ylh. 4:11). Käte makalada başdan geçiren wakalarymyz hakda sorag berilse, onda özümiz hakda gürrüň berip bileris. Muňa 19-njy abzas mysal bolup biler.
19. a) Biz öz peýdamyzy däl-de, dogan-uýalaryň peýdasyny gözlesek netijesi nähili bolar? (Rimliler 1:11, 12). b) Siz jogap bermek babatdaky haýsy pikiri haladyňyz?
19 Ýygnakda nädip jogap bermelidigi hakda belli bir düzgün ýok. Emma ählimiz yhlasly gatnaşsak, biri-birimizi ruhlandyryp bileris. Eger biz kiçi ýygnakda gulluk edýän bolsak, has köp jogap bermäge jan etmeli. Uly ýygnakda gulluk edýän bolsak, köp jogap berdirmeseler ruhdan düşmeli däl, gaýtam dogan-uýalaryň berýän jogabyna begenmeli. Eger biz öz peýdamyzy däl-de, imandaşlarymyzyň peýdasyny gözlesek, biri-birimiziň imanymyzy berkideris we «bir-birimizi ruhlandyrarys» (Rimliler 1:11, 12-nji aýatlary okaň).
93-NJI AÝDYM Ýygnak üçin dileg edýäris
a Biz ýygnakda jogap berip birek-biregi ruhlandyrýarys. Käbir dogan-uýalar jogap bermäge çekinýärler, käbirleri bolsa jogap bermegi gowy görýärler we köpräk jogap bermek isleýärler. Biz dogan-uýalara ünsli bolup, olary nädip ruhlandyryp bileris? Biz birek-biregi söýmäge we ýagşy işleri etmäge nädip höweslendirip bileris? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris.
b Siz «Garawul diňi» žurnalyndan şu makalalary okap bilersiňiz (w19.01 sah. 8—13; w03-U 1/9 sah. 19—22).
c Käbir atlar üýtgedildi.
d JW.ORG saýtyndan «Ýehowanyň dosty bol. Öz jogabyňy taýýarla» diýen wideony görüň.
e Siz «Garawul diňi» žurnalyndan şu makalalary okap bilersiňiz (w13 15/07 sah. 32; w03-U 1/9 sah. 21, 22).
f SURAT: uly ýygnakda dogan jogap berensoň, başgalara-da gezek berýär.