Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

16-NJY MAKALA

«Doganyň direler»

«Doganyň direler»

«Isa: „Doganyň direler“ diýdi» (Ýah. 11:23).

151-NJI AÝDYM Ol çagyrar

MAZMUNY a

1. Matta direlişe imanynyň berkdigini nädip görkezdi?

 MATTA atly ýedi ýaşly oglanjyk ejesi we kakasy bilen teleýaýlymy görýärdi. Olar teleýaýlymyň soňunda adamlaryň direlendigi hakda şekilli aýdym görýärler b. Şonda Matta ejesiniň, kakasynyň elini berk gysyp: «Eje, kaka, men ölsem hem direlerin! Maňa garaşyň, alada etmäň, hemme zat gowy bolar» diýýär. Matta syrkawdy, birnäçe sapar operasiýa edilipdi. Mattanyň ejesi we kakasy oglunyň direlişe imanynyň berkdigine örän begenendirler.

2, 3. Biz näme üçin direliş hakdaky wakalary okamaly we oýlanmaly?

2 Biz Mukaddes Kitapdan Hudaýyň direliş baradaky wadalaryny wagtal-wagtal okap durmaly (Ýah. 5:28, 29). Biz keselläp, ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolmagymyz mümkin ýa-da dogan-garyndaşlarymyz aradan çykyp biler (Nes. 9:11; Ýak. 4:13, 14). Şonda direlişe bolan umyt synaglarda berk durmaga güýç berer (1 Sel. 4:13). Mukaddes Kitapda Ýehowanyň her bir adamy gowy tanaýandygy we ýürekden söýýändigi ýazylan (Luka 12:7). Ýehowa adamlary gowy tanaýandygy üçin öňki gylyk-häsiýeti bilen direlder. Olar özüniň kimdigini, eden işlerini, geçmişini bilerler we dogan-garyndaşlaryny tanarlar. Ýehowa adamlary söýýändigini üçin ebedi ýaşaýşy peşgeş berer. Onuň söýgüsinden bizi hiç zat, hatda ölüm hem aýra salyp bilmez. Eger aradan çyksak-da, Ýehowa bizi hökman direlder.

3 Şu makalada, birinjiden, Hudaýyň direliş hakdaky wadasyna näme üçin ynanyp bolýandygyny bileris. Ikinjiden, makalanyň baş aýady bilen bagly direliş hakdaky waka serederis (Ýah. 11:23). Üçünjiden, direlişe imanymyzy has-da berkitmek üçin näme etmelidigi hakda gürrüň ederis.

HUDAÝYŇ DIRELIŞ HAKDAKY WADASYNA NÄME ÜÇIN YNANYP BILERIS?

4. Siz her kime ynanarsyňyzmy? Düşündiriň.

4 Aýdaly, biri size kömek etmegi wada berýär. Siz oňa ynanarsyňyzmy? Eger ol ak ýürekden kömek etmek isleýän bolsa, beren wadasynda durmaga güýji ýetýän bolsa, siz oňa ynanarsyňyz. Meselem, güýçli apy-tupan turýar we siziň öýüňiz ýer bilen ýegsan bolýar. Şonda dostuňyz: «Alada etme, öýüňi dikeltmäge kömek ederin» diýýär. Siz dostuňyzyň aýdan sözlerinden kömek etmek isleýändigini bilersiňiz. Şeýle-de dostuňyzyň beren wadasyny ýerine ýetirmäge güýjüniň ýetjegine-de şübhelenmersiňiz, sebäbi onuň ökde ussadygyny we gurluşyk üçin gerekli gurallarynyň bardygyny bilýärsiňiz. Siz Ýehowanyň ölen adamlary direltmek hakda beren wadasyna ynanyp bilersiňizmi? Ýehowanyň şu wadasyny ýerine ýetirmäge islegi we güýji barmy?

5, 6. Biz Ýehowanyň ölen adamlary direltmek isleýändigini nireden bilýäris?

5 Ýehowa ölen adamlary direltmek isleýärmi? Elbetde, Ol ençeme pygamberlerine ölen adamlary direltjekdigi baradaky wadasyny Mukaddes Kitaba ýazdyrdy (Işa. 26:19; Hoş. 13:14; Ylh. 20:11—13). Älem-jahany ýaradan hak Alla beren wadasynda durýar, her bir aýdan sözüni berjaý edýär (Ýuşa 23:14). Ýehowa ölen adamlary direltjek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Biz muny nireden bilýäris?

6 Eýýup pygamber aradan çyksa-da, Ýehowanyň direltjekdigini bilýärdi. Ol Ýehowa ýüzlenip: «Meni küýsärsiň, sebäbi meni öz eliň bilen ýaratdyň» diýdi (Eýp. 14:14, 15). Ýehowa diňe Eýýup pygamberi däl, başga-da wepaly bendelerini direltjek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Hak Alla olaryň janlarynyň tut ýaly sagdyn bolup, bagtly we ebedi ýaşamagyny isleýär. Onda milliardlarça Ýehowany tanaman ölen adamlar direlermi? Elbetde, Ýehowa olaram direltmek isleýär (Res. 24:15). Gelejekde olaryň Ýehowany tanap, ýakyndan dostlaşmaga we ebedi ýaşamaga mümkinçiligi bolar (Ýah. 3:16). Görşümiz ýaly, Ýehowa ölen adamlary direltmek isleýär.

7, 8. Ýehowanyň ölen adamlary direltmäge güýjüniň ýetýändigini näme subut edýär?

7 Ýehowanyň ölen adamlary direltmäge güýji ýetýärmi? Elbetde, ýetýär! Ol Gudratygüýçli Hudaý (Ylh. 1:8). Ýehowa ähli duşmanlaryndan, hatda «ölüm» atly duşmandan hem güýçlüdir (1 Kor. 15:26). Geliň, Ema Arnold bilen bolan waka hakda gürrüň edeliň. Ol Ikinji jahan urşunda agyr synaglary başdan geçirýär. Faşistler onuň dogan-garyndaşlaryny konslagerde saklaýarlar. Şol ýerde onuň birnäçe dogan-garyndaşlary aradan çykýar. Ema gyzyna göwünlik berip: «Balam, mazar adamlary hemişelik ýuwutmaz. Ýehowa ölümden has güýçlüdir» diýýär. Ýehowa adamlary ýokdan bar edip, olara ýaşaýyş demini beren bolsa, gara topraga siňen adamlary direltmezmi näme?!

8 Ýehowanyň ölen adamlary direltmäge güýjüniň ýetýändigini ýene näme subut edýär? Ýehowanyň ýatkeşliginiň çägi ýok. Ol älem giňişligindäki milliardlarça ýyldyzlaryň atlaryny ýatdan bilýär (Işa. 40:26). Şeýle-de aradan çykan adamlar onuň ýadynda (Eýp. 14:13; Luka 20:37, 38). Ýehowa aradan çykan wepaly bendeleriniň daş keşbini, gylyk-häsiýetini, başdan geçirenlerini we ýakymly ýatlamalaryny unutmaýar.

9. Siz Ýehowanyň ölen adamlary direltjekdigine näme üçin ynanýarsyňyz?

9 Biz Ýehowanyň ölen adamlary direltjekdigine şübhelenmän bileris. Onuň muny etmäge güýji hem ýetýär, islegi hem bar. Allatagalanyň ölen adamlary direltjekdigini ýene bir zat subut edýär. Ol geçmişde pygamberlerine käbir adamlary direltmäge güýç beripdi. Isa pygamber Ýehowanyň gudraty bilen ölen adamlary direldipdi. Olaryň biri hakda Ýahýa 11-nji bapda ýazylan. Geliň, şol waka jikme-jik seredeliň.

ISA PYGAMBERIŇ DOSTY ARADAN ÇYKÝAR

10. Isanyň dostuna näme bolýar we Isa näme edýär? (Ýahýa 11:1—3).

10 Ýahýa 11:1—3-nji aýatlary okaň. B. e. 32-nji ýylynyň ahyrydy. Isanyň ýakyn dosty Lazar, iki uýasy Marta bilen Merýem Betaniýada ýaşaýardy (Luka 10:38—42). Bir gün Lazar agyr keselleýär. Onuň uýalary dogany üçin biynjalyk bolýarlar. Olar Lazaryň keselläp ýatandygy hakda Isa pygambere habar ýollaýarlar. Isa Betaniýadan iki gün uzaklykda, Iordanyň aňyrky tarapyndady (Ýah. 10:40). Habarçy Isanyň ýanyna baranda Lazar aradan çykýar. Ýöne Isa şol obada ýene iki gün galýar. Soňra Betaniýa tarap ýola düşýär. Isa gelende Lazaryň ölenine dört gün bolupdy. Isa pygamber Ýehowany şöhratlandyrmak we Marta bilen Merýeme ýagşylyk etmek isleýärdi (Ýah. 11:4, 6, 11, 17).

11. Biz Isa pygamber ýaly hak dost bolmak üçin näme etmeli?

11 Isa pygamber dostlary üçin näme eder? Marta bilen Merýem Isany Betaniýa çagyrmandy. Olar doganynyň keselläp ýatandygyny aýtdylar (Ýah. 11:3). Isa pygamber aradan çykan Lazary uzakdan hem direldip bilerdi, emma ol Marta bilen Merýeme göwünlik bermek üçin Betaniýa gelýär. Siziň hem aladaly günüňizde dadyňyza ýetişýän dostlaryňyz barmy? Eger bar bolsa, olara ýüz tutmankaňyz ylgap geljegine şübhelenýän dälsiňiz (Nak. 17:17). Geliň, bizem Isa pygamberiň göreldesine eýerip, dogan-uýalaryň hak dosty bolalyň. Isa pygamber Betaniýa gelensoň näme bolýar? Geliň, bileliň.

12. Isa Marta nämäni wada berdi we Marta onuň wadasyna näme üçin ynandy? (Ýahýa 11:23—26).

12 Ýahýa 11:23—26-njy aýatlary okaň. Marta Isanyň Betaniýa golaýlaşyp gelýändigini eşidýär. Ol derrew ýerinden turup, Isany garşylamaga gidýär. Marta Isanyň ýanyna baryp: «Halypam, ýanynda bolan bolsaň, doganym ölmezdi» diýýär (Ýah. 11:21). Hawa, Isa Lazary sagaldyp bilerdi, ýöne ol has täsin gudrat görkezmek isleýärdi. Isa Marta: «Doganyň direler» diýýär. Soňra Martanyň ynamyny has-da artdyrmak üçin: «Direldýänem, ýaşadýanam mendirin» diýýär. Ýehowa Isa pygambere ölümiň we ýaşaýşyň üstünden ygtyýar beripdi. Isa bir gezek aradan çykan gyzjagazy köp wagt geçmänkä direldýär. Soňra ýaş ýigidi ölen güni direldýär (Luka 7:11—15; 8:49—55). Emma Isa aradan çykanyna dört gün bolan we jesedi porsap başlan Lazary direldip bilermi?

«LAZAR, DAŞARYK ÇYK!»

Isa pygamberiň Merýemiň, Martanyň we ýanyndaky adamlaryň aglaýandygyny görüp, damagy dolýar (13, 14-nji abzaslara serediň).

13. Ýahýa 11:32—35-nji aýatlara görä, Isa pygamber näme üçin aglady? (Surata serediň).

13 Ýahýa 11:32—35-nji aýatlary okaň. Lazaryň uýasy Merýem hem Isany garşylamaga çykýar. Ol Isanyň ýanyna baryp, dyza çökýär-de: «Halypam, ýanynda bolan bolsaň, doganym ölmezdi» diýýär. Isa Merýemiň we ýanyndaky adamlaryň aglaýandygyny görüp, damagy dolýar we gözünden boýur-boýur ýaş dökülýär. Hawa, Isa pygamber ölümiň adamyň ýüregine bitmejek ýara salýandygyny bilýärdi. Tizden ol adamy iki bükýän ölümi hemişelik ýok eder.

14. Isanyň duýgudaşlygy hakda okanymyzda näme üçin göwnümiz giňeýär?

14 Isa pygamber Merýemiň ýürek derdini duýup aglaýar. Mundan Ýehowanyň hem duýgudaş Hudaýdygyny bilse bolýar. Geçen makalada Isa pygamberiň Atasyna meňzeýändigi hakda gürrüň edipdik (Ýah. 12:45). Injilden Isa pygamberiň duýgudaşlygy hakda okanymyzda göwnümiz giňeýär. Biz Ýehowanyň hem aladaçyl, mähirli Hudaýdygyna we ýürek ýaralarymyzy bilýändigine düşünýäris (Zeb. 56:8). Gara gözden akan ýaşlary görýän, ýürek dertleri duýýan Ýehowa Hudaý bilen dostlaşmak uly hormat!

Isa pygamber ölümden güýçlüdigini subut etdi (15, 16-njy abzaslara serediň).

15. Ýahýa 11:41—44-nji aýatlara esaslanyp, Isa pygamberiň Lazary direldişini gürrüň beriň. (Surata serediň).

15 Ýahýa 11:41—44-nji aýatlary okaň. Isa pygamber Lazaryň jaýlanan ýerine barýar. Ol mazaryň agzyndaky daşy aýyrmagy buýurýar. Şonda Marta doganynyň ölenine dört gün bolandygyny we jesediň porsandygyny aýdýar. Isa bolsa Marta: «Maňa iman etseň, Hudaýyň şöhratyny görersiň diýmedimmi?» diýýär (Ýah. 11:39, 40). Soňra ol göge seredip hemmeleriň öňünde Ýehowa doga edýär. Isa özüni däl-de, gökdäki Atasyny şöhratlandyrmak isleýärdi. Isa: «Lazar, daşaryk çyk!» diýip gygyrýar. Şonda el-aýagy kepene dolangy Lazar mazardan çykýar. Şeýdip, Isa Hudaýyň gudraty bilen adamlar üçin mümkin däl zady edýär («Isa pygamber näme üçin Lazaryň mazaryna dört gün geçensoň gelýär?» diýen makalany okap bilersiňiz (w08-U 1/1 sah. 31).

16. Ýahýa 11-nji bapdaky waka direlişe bolan imanymyzy nädip berkidýär?

16 Ýahýa 11-nji bapda ýazylan waka biziň direlişe bolan imanymyzy has-da berkidýär. Isa Marta: «Doganyň direler» diýipdi (Ýah. 11:23). Hawa, Isa pygamber hem Ýehowa ýaly ölen adamlary direltmek isleýär we muny etmäge güýji-de ýetýär. Biz muny nireden bilýäris? Isa hasrat çekýän adamlary görüp aglapdy we aradan çykanyna dört gün bolan dostuny direldipdi. Şeýdip, ol zalym duşman ölümi hemişelik ýok etjekdigini subut etdi. Isa Marta: «Maňa iman etseň, Hudaýyň şöhratyny görersiň» diýdi (Ýah. 11:40). Eger bizem direlişe iman etsek Ýehowanyň şöhratyny göreris we gelejekde aradan çykan dogan-garyndaşlarymyzy bagrymyza basarys. Biz direlişe bolan imanymyzy has-da berkitmek üçin näme etmeli?

DIRELIŞE IMANYMYZY BERKITMEK ÜÇIN NÄME ETMELI?

17. Biz näme üçin Mukaddes Kitapdan direliş hakdaky wakalary okamaly?

17 Hudaýyň Sözünden direliş hakda okaň we oýlanyň. Mukaddes Kitapda sekiz adamyň ölümden direlendigi hakda ýazylan c. Şahsy ýa-da maşgala okuwynda olar hakda gözleg geçiriň. Olar erteki däl, taryhda öçmejek yz galdyran wakalar. Şol wakalary okanyňyzda nämeleri öwrenip biljekdigiňiz hakda oýlanyň. Olar Ýehowanyň ölen adamlary direltmäge güýjüniň ýetýändigini we isleginiň bardygyny subut edýär. Şeýle-de Mukaddes Kitapda ýazylan sekiz direlişden düýbünden tapawutlanýan Isa pygamberiň direlişi hakda okaň. Şonda direlişe asla şübhelenmersiňiz, sebäbi Isanyň direlenini 500-den gowrak adam gördi (1 Kor. 15:3—6, 20—22).

18. Direliş hakdaky aýdymlary näme üçin aýtmaly? (Çykgyda serediň).

18 Direliş hakdaky aýdymlary aýdyň d (Efes. 5:19). Şonda direlişe bolan imanyňyzy has-da berkidersiňiz. Maşgala okuwynda direliş hakdaky aýdymlary aýdyň we olaryň manysy hakda gürrüň ediň. Aýdymy ýat tutuň. Goý, onuň sözleri diliňizde sena, ýüregiňize pena bolsun! Şonda ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolsaňyz-da, dogan-garyndaşlaryňyz aradan çyksa-da, Ýehowa mukaddes ruh arkaly aýdymyň sözlerini ýadyňyza salar, kalbyňyza giňlik berer we güýjüňize güýç goşar.

19. Siz Jennetde kimler bilen görüşmek isleýärsiňiz? (« Siz olardan näme hakda sorarsyňyz?» diýen çarçuwa serediň).

19 Göz öňüne getiriň. Ýehowa adamlary göz öňüne getirmek ukyby bilen ýaratdy. Bir uýa şeýle gürrüň berýär: «Men uzak wagtlap özümi Jennetde göz öňüne getirýärin welin, hatda bägül gülleriniň ysyny alýaryn». Siz hem özüňizi Jennetde göz öňüne getiriň. Siz Mukaddes Kitapda ýazylan gahrymanlaryň haýsy bilen görüşmek isleýärsiňiz? Olardan näme hakda sorarsyňyz? Siz aradan çykan dogan-garyndaşlaryňyz bilen hem görşersiňiz. Siz ylgap baryp, olary bagryňyza basarsyňyz, begenjiňizden ýaňa gözüňize ýaş aýlanar. Siz olara köp zatlary gürrüň berersiňiz.

20. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

20 Biz Ýehowa direliş hakda beren wadalary üçin örän minnetdar. Ýehowanyň beren wadasynda durjakdygyna asla şübhelenmän bileris. Ol ölen adamlary direltmek isleýär we muny etmäge güýji-de ýetýär. Geliň, direlişe bolan imanymyzy has-da berkitmek üçin tagalla edeliň. Şonda Ýehowa Hudaý bilen dostlugymyz berkär. Ol biziň her birimize: «Aradan çykan dogan-garyndaşyň direler» diýip wada berýär.

147-NJI AÝDYM Hudaý ebedi ýaşaýşy wada berýär

a Belki, ajy aýralyk siziňem ýüregiňizi para-para edendir. Emma direlişe bolan umyt ýürek ýaralaryňyza melhem bolandyr. Siz adamlara direlişe ynanýandygyňyzy nädip düşündirip bilersiňiz? Siz direlişe imanyňyzy nädip berkidip bilersiňiz? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris.

b «Täze dünýä ýakyn» atly şekilli aýdym 2016-njy ýylyň noýabrynda çykan teleýaýlymda görüldi.

c «Mukaddes Kitapda ýazylan sekiz direliş» diýen çarçuwany okaň (w15-U 1/8 sah. 4).

d «Ýehowa aýdym aýdalyň» kitapdan «Täze dünýäni göz öňüne getir!» (139-njy aýdym); «Baýragy ýatda sakla!» (144-nji aýdym) we «Ol çagyrar» (151-nji aýdym) diýen aýdymlary aýdyň. Şeýle-de jw.org saýtynyň «Aýdymlar» diýen bölüminden «Täze dünýä ýakyn», «Täze dünýä ýetip gelýär» we «Hökman görersiň» diýen aýdymlary aýdyň.