17-NJI MAKALA
Duýdansyz bolýan kynçylyklarda Ýehowa bil baglaň
«Dogruçylyň derdi köpdür, emma Ýehowa ähli derdinden gutarýar» (Zeb. 34:19).
44-NJI AÝDYM Ejizlän adamyň dogasy
MAZMUNY a
1. Biz nämä ynamly bolup bileris?
ÝEHOWA halkyny ýürekden söýýär we olaryň bagtly, şadyýan ýaşamagyny isleýär (Rim. 8:35—39). Şeýle-de ol Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary arkaly agzybir we parahat ýaşamagy öwredýär (Işa. 48:17, 18). Ýöne käte biz garaşmaýan wagtymyz kynçylyga duş gelýäris.
2. Biz nähili kynçylyklary başdan geçirmegimiz mümkin we nähili soraglar döräp biler?
2 Ýehowanyň halky köp kynçylyklary başdan geçirýär. Käte dogan-garyndaşlarymyz tamamyzy ödemeýär, agyr kesel sebäpli Ýehowa köpräk gulluk edip bilmeýäris ýa-da tebigy betbagtçylykdan kösenýäris. Käte bolsa Ýehowa iman edýändigimiz üçin yzarlaýarlar. Şonda: «Kynçylygyň yzy üzülmedi-le! Men bir ýalňyş zat etdimmikäm? Ýa-da Ýehowa menden närazymyka?» diýip oýlanýarys. Şeýle soraglar sizde-de döreýän bolsa, biynjalyk bolmaň. Ýehowa wepaly gulluk eden adamlaryň köpüsi şeýle duýgulary başdan geçirýärler (Zeb. 22:1, 2; Hab. 1:2, 3).
3. Zebur 34:19-da nähili iki pikir bar?
3 Zebur 34:19-y okaň. Şu aýatda iki sany wajyp pikir aýdylýar: 1) Dogruçyl adamlar kynçylyklara uçrar we 2) Ýehowa olara kömek eder. Allatagala kynçylyklary ýeňmäge nädip kömek edýär? Ol ýagdaýa dogry baha bermäge kömek edýär. Ýehowa wepaly bendelerine şatlanyp gulluk etjekdigini aýdýar, ýöne gudrat bilen olaryň kynçylygyny aýyrjagyny wada bermeýär (Işa. 66:14). Şeýle-de Ýehowa bize Jennetde aljak bereketlerimiz we ebedi bagtly ýaşajagymyz hakda oýlanmaga höweslendirýär (2 Kor. 4:16—18). Şeýdip, Ýehowa bize kynçylyklara döz gelip, wepaly bolmaga kömek edýär (Agy 3:22—24).
4. Makalada näme hakda gürrüň ederis?
4 Geliň, şu makalada gadymy döwürde we şu günler Ýehowa bil baglan adamlar hakda gürrüň edeliň. Olar hakda oýlananymyzda özümize şu soraglary bereliň: «Meniň başyma duýdansyz kynçylyk inse näme ederin? Olaryň wakasy maňa Ýehowa bil baglamaga nädip kömek edýär? Olaryň başdan geçirenlerinden ýene näme öwrenip bilerin?» Hawa, biz olaryň göreldesine eýersek, kyn ýagdaýlarda Ýehowa ýürekden iman ederis (Zeb. 55:22).
GADYMY DÖWÜRDE ÝEHOWA BIL BAGLAN ADAMLAR
5. Ýakup daýysy sebäpli nähili kynçylyklary başdan geçirdi? (Daşky sahypadaky surata serediň).
5 Gadymy döwürde Hudaýyň wepaly bendeleriniň hem durmuşy göz açyp-ýumasy salymda üýtgäpdi. Geliň, Ýakup pygamber hakda gürrüň edeliň. Yshak ogly Ýakuba daýysynyň gyzyna öýlenmegi tabşyrdy. Şeýle-de Ýehowanyň bol bereket berjekdigini aýdýar, sebäbi Laban hak Hudaýa ynanýan adamdy (1 Mus. 28:1—4). Ýakup hem kakasyna gulak asyp, Kengan ýurdundan çykyp, uzak ýola rowana bolýar. Labanyň iki sany gyzy bardy: ulusynyň ady Leýa, kiçisiniň ady Rahel. Ýakup daýysynyň kiçi gyzyna aşyk bolýar we ýedi ýyl gapysynda işlemäge razylaşýar (1 Mus. 29:18). Aýlar-ýyllar geçip durdy, ýedi ýyl hem uçup geçdi. Emma Laban Ýakuby aldap, Rahele derek uly gyzyny durmuşa çykarýar (1 Mus. 29:25—27). Ýakup ör-gökden gelýär. Şonda daýysy bir hepdeden soň Raheli hem berjekdigini wada berýär, emma kiçi gyzy üçin ýene ýedi ýyl işlemelidi. Açgöz Laban Ýakubyň hakyny telim gezek üýtgedýär. Şeýdip, daýysy ýegenini gul kimin 20 ýyl işledýär (1 Mus. 31:41, 42).
6. Ýakup ýene-de nähili kynçylyklary başdan geçirdi?
6 Ýakup pygamberiň uly maşgalasy bardy, emma onuň göreni görgi boldy. Ýakubyň ogullary biri-biri bilen oňuşmaýardylar, hatda agalary inisi Ýusuby gul edip satdylar. Şimgon bilen Lewi maşgalasyny abraýdan düşürdi we Ýehowanyň adyna ysnat getirdi. Şeýle-de Ýakubyň mähriban aýaly Rahel çaga üstünden aradan çykdy. Soňra ýurtda güýçli açlyk boldy. Ýakup pygamber garran çagynda Müsür ýurduna göçmeli boldy (1 Mus. 34:30; 35:16—19; 37:28; 45:9—11, 28).
7. Ýehowa Ýakuba nähili bereketleri berdi?
7 Ýakup pygamberiň başyna nähili kynçylyklar düşse-de, ol Ýehowa iman edýärdi we onuň wadasyna ýürekden ynanýardy. Ýehowa wepaly bendesinden örän razydy. Daýysy Laban Ýakuby ençeme sapar aldasa-da, Ýehowa oňa bol bereket berdi we mal-mülküni artdyrdy. Ýakup pygamber söwer ogly Ýusubyň öldi habaryny eşideli bäri hasrat çekýärdi, ýöne Ýehowa ony ogluna duşuryp, ýasyny toýa öwürdi. Ýakup hak dosty Ýehowa doly bil baglaýardy. Şol sebäpli ähli kynçylyklara mertlik bilen döz geldi (1 Mus. 30:43; 32:9, 10; 46:28—30). Bizem dostumyz Ýehowa ýürekden iman etsek, başymyza duýdansyz kynçylyk inse-de berk durarys.
8. Dawut patyşa näme etmegi ýüregine düwýär?
8 Dawut patyşa Ýehowa üçin köp işleri etmek isleýärdi. Ol hak Alla üçin ybadathana gurmagy ýüregine düwýär. Dawut etsem-petsemlerini Natan pygambere gürrüň berdi. Natan oňa: «Göwnüň näme islese ediber, hak Hudaý seniň bilendir» diýip jogap berýär (1 Tar. 17:1, 2). Şonda Dawut patyşanyň başy göge ýetendir. Belki-de, ol derrew ybadathananyň gurluşyk işleriniň meýilnamasyny düzendir. Emma hemme zat Dawut patyşanyň isleýşi ýaly bolmady.
9. Dawut patyşa ybadathanany gurup bilmejekdigini eşidende näme edýär?
9 Ähli zat bir gijäniň içinde üýtgeýär. Ýehowa Natan pygamberi Dawut patyşanyň ýanyna iberip, ybadathanany onuň däl-de, oglunyň gurjakdygyny aýdýar (1 Tar. 17:3, 4, 11, 12). Dawut ruhdan düşüp, gol gowşuryp oturdymy? Elbetde, ýok! Ol ogly Süleýmanyň gurjak ybadathanasy üçin altyn, kümüş we gurluşyk harytlaryny ýygnap başlaýar (1 Tar. 29:1—5).
10. Ýehowa Hudaý Dawut patyşa nähili bereketleri berýär?
10 Ýehowa Dawut patyşa ybadathanany gurmajakdygyny aýdansoň, onuň bilen äht baglaşýar. Ýehowa Dawudyň neslinden bir adamyň ebedilik patyşa boljakdygyny wada berýär (2 Şam. 7:16). Göz öňüne getiriň, Dawut patyşa Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda direlýär. Ol Ýehowanyň beren wadasynda durandygyna begenýär we öz neslinden bir adamyň ebedilik patyşa bolandygyna guwanýar. Şu waka biziňem göwnümizi galkyndyrýar. Käte bizem Ýehowa üçin köp zatlary etmek islesek-de, mümkinçiligimiz bolmaýar. Emma Ýehowa bizi sylagsyz goýmaz, ýatsak-tursak kellämize gelmejek bereketleri berer.
11. I asyrda ýaşan mesihçileriň garaşan zady bolmasa-da näme etdiler? (Resullar 6:7).
11 I asyrda ýaşan mesihçileriň garaşan zady bolmady. Olar Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýärdiler, ýöne onuň haçan geljegini bilmeýärdiler (Res. 1:6, 7). Olar gol gowşuryp oturdylarmy? Ýok! Olar yhlasly wagyz etdiler. Ýehowa-da olaryň edýän tagallasyna ak pata berdi. Köp ýerlerde hoş habar wagyz edildi we şägirtleriň sany günsaýyn artdy (Resullar 6:7-ni okaň).
12. I asyrdaky mesihçiler açlyk döwri näme etdiler?
12 I asyrda güýçli açlyk bolýar (Res. 11:28). Açlyk sebäpli dogan-uýalar kösenýärler. Belki, erkek adamlar: «Maşgalamy nädip eklesemkäm?» diýip alada edendirler. Ýa-da Ýehowa köpräk gulluk etmegi maksat goýan ýaşlar: «Maksadymy soňa goýsammykam?» diýip oýlanandyr. Emma I asyrdaky mesihçiler ýagdaýa tiz öwrenişdiler. Açlyk sebäpli gol gowşuryp oturman, her bir mümkinçilikden peýdalanyp wagyz etdiler. Mesihçileriň käbiri bolsa Ýahudadaky imandaşlary bilen barja zadyny paýlaşdylar (Res. 11:29, 30).
13. Açlyk döwri Ýehowa halkyna nähili bereketleri berýär?
13 Ýehowa açlyk döwri öz halkyny goldaýar. Dogan-uýalar açlyk döwri biri-birine kömek edýär. Kömegi kabul eden dogan-uýalar Ýehowanyň goldaýandygyna göz ýetirýärler (Mat. 6:31—33). Olar goldaw beren imandaşlary bilen ýakyndan dostlaşýarlar. Imandaşlaryna pul kömegini, el kömegini berenler hem özlerini bagtly duýýarlar (Res. 20:35). Açlyk döwrüne döz gelip, ýagdaýa tiz öwrenişen halkyna Ýehowa ak pata berýär.
14. Pawlus bilen Barnabasa näme boldy we olar näme etdiler? (Resullar 14:21, 22).
14 I asyrdaky mesihçileri güýçli yzarladylar. Yzarlamalar mesihçileriň garaşmadyk wagty boldy. Meselem, Barnabas bilen Pawlus resul Listra şäherine wagyz etmäge barýarlar. Adamlar olary gujak açyp garşy alýarlar we aýdan her bir sözüni ýere gaçyrman diňleýärler. Emma ýagdaý birdenkä üýtgeýär. Duşmanlar gelip halky Pawlus bilen Barnabasa garşy öjükdirýärler. Olary mähir bilen garşy alan adamlar, indi Pawlusy daşlap başlaýarlar. Hatda ony ölendir öýdüp şäheriň daşyna süýräp çykarýarlar (Res. 14:19). Pawlus bilen Barnabas näme etdi? Olar başga şähere gidip, yhlasly wagyz edýärler we birnäçe adama şägirt bolmaga kömek edýärler. Olaryň beren gürrüňlerini diňlän we edýän işlerini gören dogan-uýalaryň hem imany berkedi (Resullar 14:21, 22-nji aýatlary okaň). Pawlus bilen Barnabasyň yzarlamalardan gorkman batyrgaýlyk bilen wagyz etmegi köpleri ruhlandyrdy. Bizem Ýehowanyň tabşyran işine yhlasly ýapyşsak, ol bizi hökman patalar.
ŞU GÜNLER ÝEHOWA BIL BAGLAÝAN ADAMLAR
15. Biz Makmillan doganyň göreldesine nädip eýerip bileris?
15 XX asyryň başlarynda dogan-uýalar gökdäki sylagyny almaga howlugýardylar. Olaryň biri Makmillan dogandy. Ol 1914-nji ýylyň sentýabr aýynda nutuk bilen çykyş edýär. Şonda ol: «Belki-de, şu nutuk meniň iň soňky nutugym bolar» diýýär. Ol ýalňyşypdy, sebäbi soňam ençeme nutuk bilen çykyş edipdi. Makmillan şeýle ýazýar: «Biz gökdäki sylagymyzy almaga howlugýan ekenik. Biziň üçin iň esasy zat Halypamyzyň işini yhlasly ýerine ýetirmek bolmaly». Makmillan dogan aýdan sözlerine özi-de eýerýär. Ol yhlasly wagyz edýär, türmede oturan doganlary ruhlandyrýar we garrylyk çagynda hem ýygnak duşuşyklaryndan galmaýar. Ol garaşan wagtynda gökdäki sylagyny almasa-da, Ýehowa söýgüsini sowatmaýar. Ol ölmeziniň öň ýany: «Meniň Ýehowa bolan imanym öňkim ýaly berk» diýýär. Makmillan dogan 1966-njy ýylda aradan çykýar. Ol bize gowy görelde galdyrdy. Käte bizem garaşýan zadymyza wagty bilen ýetmän bileris. Şonda Makmillan doganyň göreldesine eýersek, badymyzy gowşatman Ýehowa gulluk ederis (Ýew. 13:7).
16. Herbert Jenninks we aýaly nähili kyn ýagdaýy başdan geçirdiler? (Ýakup 4:14).
16 Şu günlerem dogan-uýalar garaşylmadyk ýagdaýda kynçylyga uçraýarlar. Geliň, Herbert Jenninks b hakda gürrüň edeliň. Ol terjimehalynda aýaly bilen Ganada missioner bolup gulluk edendigi hakda ýazýar. Emma bir gün onda bipolýar näsazlyk keseliniň bardygy bilinýär. Jenninks dogan Ýakup 4:14-e (okaň) salgylanyp: «Biz ertir näme boljagyny bilmeýäris» diýýär. Ol şeýle ýazýar: «Biz ýagdaýa dogry baha berip, bejergi almak üçin Kanada dolandyk. Bize missioner gullugymyzy goýmak we Ganadaky dost-ýarlarymyzdan aýra düşmek aňsat bolmady». Jenninks we aýaly kyn ýagdaýa garamazdan yhlasly gulluk etdiler.
17. Jenninks doganyň göreldesi dogan-uýalary nädip ruhlandyrdy?
17 Jenninks dogan terjimehalynda keseli hakda açyk-aýdyň gürrüň berýär. Onuň terjimehaly köp dogan-uýalaryň imanyny berkidýär. Bir uýa şeýle gürrüň berýär: «Jenninks doganyň terjimehalyny okanymda imanym berkedi. Onuň bejergi almak üçin missioner gullugyny goýup gaýtmagy maňa öz ýagdaýyma dogry baha bermäge kömek etdi». Bir dogan şeýle gürrüň berýär: «Men 10 ýyl ýygnakda ýaşuly bolup gulluk etdim. Garaşylmadyk ýagdaýda kesele uçranym üçin ýaşululyk borjumy goýmaly boldum. Meniň özümden göwnüm geçdi, özümi dereksiz adam ýaly duýdum. Dogan-uýalaryň yhlasly gulluk edişi baradaky terjimehallary okanymda ruhdan düşýärdim. Emma Jenninks doganyň terjimehalyny okap göwnüm galkyndy». Görşümiz ýaly, biz agyr günleri başdan geçirsek-de dogan-uýalary ruhlandyryp bilýäris. Unutmalyň, biziňem başymyza garaşylmadyk ýagdaýda kynçylyklar inip biler. Ýöne Ýehowanyň kömegi bilen döz geleris we dogan-uýalara görelde bolarys (1 Pet. 5:9).
18. Nigeriýaly uýanyň göreldesine nädip eýerip bileris? (Surata serediň).
18 Koronawirus keseli (COVID-19) sebäpli Ýehowanyň Şaýatlary köp ejir çekdiler. Geliň, Nigeriýada ýaşaýan uýa hakda gürrüň edeliň. Ol garypdy, gyzyny ýeke özi terbiýeleýärdi. Bir gün onuň gyzjagazy irden turup ejesine: «Eje, şu käsedäki tüwini iýenimizden soň näme iýeris?» diýýär. Şonda ejesi: «Balam, şundan başga iýer-içer ýaly zadymyz hem ýok, pulumyz hem ýok. Ýöne biz sareptaly dul aýalyň göreldesine eýerip, barja tüwimizi bişirip iýeris we Ýehowanyň gerek-ýarak zadymyzy ýetirjekdigine iman ederis» diýýär (1 Pat. 17:8—16). Ejeli-gyz entek günortanlyk nahary hakda pikirlenmänkäler dogan-uýalar olara iki hepdelik iýer-içer ýaly zat getirýärler. Uýa sözüni şeýle dowam edýär: «Men gyzyma gürrüň beren zatlarymy Ýehowanyň ünsli diňleýändigine haýran galdym». Eger biz Ýehowa bil baglasak kynçylyklarda ejizlemeris we Onuň bilen ýakyndan dostlaşarys (1 Pet. 5:6, 7).
19. Alekseý nähili kyn ýagdaýy başdan geçirdi?
19 Soňky ýyllarda dogan-uýalar döwlet işgärleri tarapyndan ýowuz yzarlamalara sezewar bolýarlar. Olaryň biri Alekseý Ýerşow. Ol Russiýada ýaşaýar. Alekseý 1994-nji ýylda suwa çümdürilip, Ýehowanyň şaýady bolýar. Şol döwürler Hudaýyň halky imany hakda arkaýyn wagyz edip bilýärdiler. Emma birden ýagdaý düýpgöter üýtgedi. 2020-nji ýylda Alekseý doganyň öýüne organ işgärleri kürsäp girýärler-de, öýüni agdar-düňder edýärler. Emläginiň käbirini döwletiň haýryna geçirýärler. Birnäçe aýdan dogany jenaýat işine çekýärler. Näme üçindigini bilýäňizmi?! Bir adam onuň bilen bir ýyla golaý Mukaddes Kitapdan okuw geçen bolup, her sapagy wideo düşürýän ekeni. Gör, nähili dönüklik!
20. Synaglar Alekseý doganyň imanyny nädip berkitdi?
20 Alekseý doganyň başdan geçiren kynçylyklary, onuň Ýehowa bolan imanyny has-da berkitdi. Ol şeýle diýýär: «Men aýalym bilen öňküden has köp Ýehowa doga edýärin. Ýehowanyň kömegi bolmasa, men agyr synaglara döz gelip bilmezdim. Şahsy okuwy maňa ruhdan düşmezlige kömek edýär. Men Mukaddes Kitapdan kyn ýagdaýlarda Ýehowa bil baglan adamlar hakda okap oýlanýaryn. Şeýle wakalar örän köp. Olar maňa howsala düşmän, Ýehowa iman etmäge kömek edýär».
21. Şu makalada näme hakda gürrüň etdik?
21 Şu makalada näme öwrendik? Makalanyň baş aýadynda: «Dogruçylyň derdi köpdür, emma Ýehowa ähli derdinden gutarar» diýilýär (Zeb. 34:19). Hawa, garaşylmadyk kynçylyklar her bir adamyň başyna inip biler. Emma Ýehowa özüne bil baglaýan halkyna hemişe goldaw berer. Geliň, kyn ýagdaýlarda ruhdan düşmän, Ýehowanyň berýän kömegini görjek bolalyň. Şonda biz Pawlus resulyň: «Maňa güýç berýän Hudaý arkaly ähli zada güýjüm ýetýändir» diýen sözlerine goşulyp bileris (Flp. 4:13).
38-NJI AÝDYM Hudaý saňa güýç berer
a Biziň başymyza kynçylyklar gara bulut kimin duýdansyz inmegi mümkin. Ýöne Ýehowanyň kynçylyklardan baş alyp çykmaga kömek etjekdigine ynamly bolup bileris. Ýehowa gadymy döwürde-de, şu günler hem wepaly bendelerine kömek edýär. Biz şol hudaýhon adamlar hakda köpräk bilsek, Ýehowa doly bil baglarys we onuň goldajakdygyna ynamly bolup bileris.
b «Garawul diňi» žurnalyndan Herbert Jenninksiň terjimehalyny okap bilersiňiz (w00-U 1/12 sah. 24—28).