Gözleg geçiriň
«Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasynyň» «Aýatlaryň düşündirilişi» diýen bölümini okaýarsyňyzmy?
Şu bölüm Mukaddes Kitaba has gowy düşünmäge kömek edýär. Siz aýatlaryň ýazylan döwri, näme üçin we kime ýazylandygy, sözleriň hem-de jümleleriň manysy barada okap bilersiňiz.
Şu bölümi «Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASYNDAN™» we JW Library® programmasyndan tapyp bilersiňiz. Siz Mukaddes Kitapdan islendik aýadyň üstüne basyp, onuň düşündirilişini tapyp bilersiňiz.
«Aýatlaryň düşündirilişi» bölüminde ilki täze çykan edebiýatlaryň, soňra öňki edebiýatlaryň salgysy durar. Ony okanyňyzda edebiýatlaryň senesine üns beriň, sebäbi öňki edebiýatlardaky pikirlere täzeçe düşündiriliş berlen bolmagy mümkin.
«Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASYNDA» Mukaddes Kitaby açan badyňa gapdalynda aýatlaryň düşündirilişi çykýar.
«Aýatlaryň düşündirilişini» okamak üçin JW Library programmasyna «Edebiýatlar boýunça gollanmany» ýükläň we ony täzeläp duruň. Muny etmek üçin Mukaddes Kitabyň bir babyny açyň we aýadyň üstüne basyň. Şonda gapdalyndan «Edebiýatlar boýunça gollanma» çykar. Şol ýerden ony täzeläp bilesiňiz.