Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

15-NJI MAKALA

Isa pygamberiň gudratlaryndan näme öwrenýäris?

Isa pygamberiň gudratlaryndan näme öwrenýäris?

«Isa ähli ýerlere aýlanyp, ýagşy işleri etdi... ejir çekýän adamlary sagaltdy» (Res. 10:38).

13-NJI AÝDYM Mesihiň göreldesi

MAZMUNY a

1. Isa pygamberiň ilkinji görkezen gudratyny gürrüň beriň.

 B. E. 29-NJY ÝYLYNYŇ ahyrlarydy. Isa pygamber Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habary wagyz edip başlaýar. Bir gün Isany, ejesini we şägirtlerini Kana şäherine toýa çagyrýarlar. Kana Isanyň önüp-ösen Nazaret şäheriniň demirgazygynda ýerleşýärdi. Toý eýeleri Merýem bilen gowy gatnaşýardy. Şonuň üçin ondan myhmanlara hyzmat etmegi haýyş edýärler. Toý şatlyk-şagalaň bilen dowam edýärdi, emma toýda şerap gutarýar. Belki-de, toýa köp myhman gelen bolmaly. Eger myhmanlar şerabyň gutarandygyny bilen bolsalar, näme bolardy?! Toý eýeleri we ýaş çatynjalar oňaýsyz ýagdaýa düşerdi b. Merýem Isanyň ýanyna baryp: «Oglum, şerap gutarypdyr» diýýär (Ýah. 2:1—3). Isa pygamber bolsa suwy şeraba öwrüp, ilkinji gudratyny görkezýär (Ýah. 2:9, 10).

2, 3. a) Isa pygamber nähili gudratlary görkezdi? b) Makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

2 Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşanda ençeme gudratlary görkezýär we on müňlerçe adamlara kömek edýär c. Meselem, Isa pygamber 27 000-den gowrak adamy gudrat bilen doýurýar. Bir gezek ol aýallary we çagalary hasaba almanyňda, 5 000 erkek adamy; ýene bir gezek bolsa 4 000 erkek adamy doýurýar (Mat. 14:15—21; 15:32—38). Isa şol iki ýagdaýda-da syrkaw adamlary sagaldýar (Mat. 14:14; 15:30, 31). Agyr derdinden gutulan, garny doýan adamlaryň begenjini göz öňüne getiriň!

3 Hawa, Isa pygamber ençeme gudratlary görkezdi. Olar Ýehowany we Isany gowy tanamaga nädip kömek edýär? Biz Isanyň pesgöwünliliginden we duýgudaşlygyndan nädip görelde alyp bileris? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris.

ÝEHOWANY WE ISANY HAS GOWY TANAÝARYS

4. Isa pygamberiň görkezen gudratlaryndan näme öwrenýäris?

4 Isa pygamber gudrat görkezip, bize özüni, Atasyny gowy tanamaga kömek edýär we imanymyzy berkidýär. Ýehowa Hudaý Ogluna gudrat görkezmäge güýç berdi. Resullar 10:38-de: «Hudaý mukaddes ruhy arkaly nazaretli Isany saýlap, oňa güýç berdi. Isa ähli ýerlere aýlanyp, ýagşy işleri etdi, Iblisden ejir çekýän adamlary sagaltdy, sebäbi Hudaý ony goldaýardy» diýilýär. Isanyň sözlerinden, eden işlerinden, görkezen gudratlaryndan Ýehowanyň duýgulary we häsiýetleri görünýär (Ýah. 14:9). Geliň, Isa pygamberiň görkezen gudratlaryndan näme öwrenip biljekdigimize seredeliň.

5. Isa pygamber näme üçin adamlary agyr derdinden gutarýardy? (Matta 20:30—34).

5 Birinjiden, Ýehowa we Isa pygamber bizi söýýär. Isa adamlary söýýändigi üçin gudrat bilen olary agyr derdinden gutarýardy. Bir gezek iki kör adam Isadan kömek soraýar (Matta 20:30—34-nji aýatlary okaň). Şonda Isanyň «haýpy gelip», olaryň gözüni açýar. «Haýpy geldi» diýen grek jümlesi biriniň derdini duýmagy we oňa ýüregiň awamagy aňladýar. Isa pygamber açlary doýranda we heýwere keselli adamy sagaldanda şeýle duýgyny başdan geçiripdi (Mat. 15:32; Mar. 1:41). «Örän rehimdar» Hudaý Ýehowa bilen Isa pygamber biziň çekýän agyr derdimize gynanýar we ýagdaýymyza düşünýär (Luka 1:78; 1 Pet. 5:7). Olar tizden adamlary agyr derdinden gutarar.

6. Hudaý Isa pygambere nähili güýç-kuwwat berdi?

6 Ikinjiden, Ýehowa Isa pygambere adamlaryň kynçylygyny çözer ýaly güýç berdi. Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşanda hiç bir adamyň edip bilmejek täsin gudratlaryny görkezdi. Adamlar günäli bolandygy üçin kösenip ýaşaýar, keselleýär we ölýär. Emma Isa pygamberiň günäniň gulçulygyndan adamlary azat etmäge güýji ýetýär (Mat. 9:1—6; Rim. 5:12, 18, 19). Ol «her dürli» keselli adamlary sagaldyp bilýärdi, hatda ölen adamlary direldýärdi (Mat. 4:23; Ýah. 11:43, 44). Isa pygamber tebigy betbagtçylyklaryň öňüni alyp bilýärdi, adamlaryň içinden jynlary hem çykarýardy (Mar. 4:37—39; Luka 8:2). Biz Ýehowa Hudaýa diýseň minnetdar, sebäbi ol biziň kynçylyklarymyzy çözmek üçin Isa pygambere güýç-kuwwat berdi.

7, 8. a) Isa pygamberiň görkezen gudratlary bizi nämä ynandyrýar? b) Siz täze dünýäde haýsy gudraty görmek isleýärsiňiz?

7 Üçünjiden, Hudaýyň Patyşalygy bol bereketleri berer. Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşanda köp gudratlary görkezdi. Şeýdip, ol Patyşa bolanda adamlary gowy durmuşda ýaşatjakdygyny subut etdi. Geliň, Hudaýyň Patyşalygynyň berjek bereketleri hakda oýlanalyň. Täze dünýäde syrkaw adam bolmaz, hemmeleriň jany tut ýaly sagdyn bolar (Işa. 33:24; 35:5, 6; Ylh. 21:3, 4). Biz bolçulykda ýaşarys, tebigy betbagtçylykdan kösenmeris (Işa. 25:6; Mar. 4:41). Aradan çykan dogan-garyndaşlarymyz direler we olary bagrymyza basarys (Ýah. 5:28, 29). Siz täze dünýäde haýsy gudraty görmek isleýärsiňiz?

8 Isa pygamberiň görkezen gudratlary onuň pesgöwünli we duýgudaş adam bolandygyny subut edýär. Onuň Kana şäherinde görkezen gudratyndan şu iki häsiýeti görünýär. Geliň, şu waka jikme-jik seredeliň.

PESGÖWÜNLI BOLMAGY ÖWRENÝÄRIS

9. Isa pygamber toýda nähili gudrat görkezdi? (Ýahýa 2:6—10).

9 Ýahýa 2:6—10-njy aýatlary okaň. Isa pygamber suwy şeraba öwürmäge borçludymy? Elbetde, ýok! Mukaddes Kitabyň hiç ýerinde Mesihiň suwy şeraba öwürmelidigi hakda pygamberlik ýokdy. Oýlanyp görüň, siziň toýuňyzda şerap gutarsa, özüňizi nähili duýardyňyz? Isa pygamber ýaş çatynjalaryň oňaýsyz ýagdaýa düşjegini bilen bolmaly. Şonuň üçin ol 390 litr suwy gowy şeraba öwürýär. Isa näme üçin şonça suwy şeraba öwürdikä? Belki, ol täze gurlan maşgala goldaw bermek isländir. Ýaş çatynjalar toýdan soň galan şeraby satyp, hojalygy üçin gerek-ýarak zatlaryny alyp bilendir. Olar Isa pygamberiň jomartlygyna örän minnetdar bolandyrlar.

Isa pygamberiň göreldesine eýerip pesgöwünli boluň we edýän ösüşleriňize öwünmäň (10, 11-nji abzaslara serediň) e.

10. Ýahýa 2-nji bapda Isa pygamberiň ilkinji gudraty hakda nähili jikme-jiklik ýazylan? (Surata serediň).

10 Ýahýa 2-nji bapda Isa pygamberiň Kana şäherinde görkezen gudraty barada jikme-jik ýazylan. Isa pygamber küýzeleri suwdan özi doldurýarmy? Ýok! (6, 7-nji aýatlar). Isa muny hyzmatkärlere tabşyrýar, sebäbi ol özüni görkezjek bolmaýar. Ýa-da suwy şeraba öwrenden soň, ony toýuň guramaçysyna özi eltip berýärmi? Ýok! Ony hem hyzmatkärlere tabşyrýar (8-nji aýat). Isa käsäni şerapdan dolduryp we toýa gelen myhmanlaryň öňüne çykyp: «Meniň ýasan şerabymdan dadyp görüň» diýip öwünýärmi? Elbetde, ýok!

11. Biz Isa pygamberiň görkezen ilkinji gudratyndan näme öwrenýäris?

11 Biz Isa pygamberiň görkezen ilkinji gudratyndan pesgöwünli bolmagy öwrenýäris. Isa suwy şeraba öwrendigi üçin özüni öwüp arşa çykarmady. Ol pesgöwünlidi we edýän her bir işi üçin gökdäki Atasyny şöhratlandyrýardy (Ýah. 5:19, 30; 8:28). Biz hem Isa pygamberiň göreldesine eýerip pesgöwünli bolmaly we edýän ösüşlerimize öwünmeli däl, gaýtam Gudratygüýçli Hudaýa gulluk edýändigimize buýsanmaly (Ýer. 9:23, 24). Ýehowa güýç-kuwwat bermedik bolsa, biz hiç bir zady başarmazdyk. Şonuň üçin, geliň, her gün gökdäki Atamyzy şöhratlandyralyň (1 Kor. 1:26—31).

12. Biz Isa pygamberiň göreldesine nädip eýerip bileris? (Mysal getiriň).

12 Biz Isa pygamberiň göreldesine eýerip nädip pesgöwünli bolup bileris? Aýdaly, hyzmatçy dogana ýygnakda ilkinji sapar jemagat nutugy bilen çykyş etmek tabşyrylýar. Tejribeli ýaşuly dogan oňa kömek edýär. Hyzmatçy dogan nutuk bilen şeýle bir gowy çykyş edýär welin, dogan-uýalar örän ruhlanýarlar. Ýygnakdan soň dogan-uýalaryň biri oňa kömek edýän ýaşulynyň ýanyna baryp: «Pylan dogan gowy çykyş etdi. Örän ruhlandyk!» diýýär. Şonda ýaşuly dogan öwnüp: «Hawa, eger oňa men kömek etmedik bolsam gowy çykyş edip bilmezdi» diýermi? Ýa-da ol pesgöwünlik bilen: «Hawa, ol gowy çykyş etdi. Men oňa buýsanýan!» diýermi? Biz hem dogan-uýalara edýän kömegimizi gaýta-gaýta agzap, özümizi öwüp arşa çykarmaly däl. Esasy zat, edýän ýagşy işlerimizi Ýehowa görýär we gadyryny bilýär (Matta 6:2—4-nji aýatlary deňeşdiriň; Ýew. 13:16). Geliň, pesgöwünli bolmak üçin elimizde baryny edeliň! Şonda Ýehowany her gün razy edip ýaşarys (1 Pet. 5:6).

DUÝGUDAŞ BOLMAGY ÖWRENÝÄRIS

13. Isa pygamber Naýyn şäherinde nähili gudrat görkezdi? (Luka 7:11—15).

13 Luka 7:11—15-nji aýatlary okaň. B. e. 31-nji ýylydy. Isa pygamber Hudaýyň Patyşalygy hakda yhlasly wagyz edýärdi. Bir gün onuň ýoly Jeliläniň Naýyn şäherine düşýär. Naýyn Şunem şäheriniň golaýynda ýerleşýärdi. Şondan 900 ýyl öň Şunemde Alyşa pygamber bir aýalyň ogluny direldipdi (2 Pat. 4:32—37). Adamlar şäheriň derwezesinden aglaşyp çykyp gelýärdiler. Olar dul aýalyň ýalňyz perzendini jaýlamaga barýardylar. Şonda Isa pygamber hasrat çekýän enäniň ýeke dikraryny ölümden direldýär. Injilde Isanyň üç adamy direldendigi hakda aýdylýar. Ol ilkinji bolup dul aýalyň ogluny direldipdi.

Isa pygamberiň göreldesine eýerip hasrat çekýänlere göwünlik beriň (14—16-njy abzaslara serediň).

14. Luka 7-nji bapda Isa pygamberiň görkezen gudraty hakda nähili jikme-jiklik ýazylan? (Surata serediň).

14 Geliň, Luka 7-nji bapda ýazylan Isanyň görkezen gudratyna jikme-jik seredeliň. Ol zar-zar aglaýan «enäni görende, oňa haýpy gelýär» (13-nji aýat, Araz Parwişiň terjimesi). Belki, tabydyň öňünden aglap barýan aýaly görüp, Isanyň ýüregi gyýym-gyýym bolandyr. Ol ýöne bir gynanyp, aglaşyp barýan adamlaryň deňinden geçip gitmedi. Isa pygamber aýala duýgudaşlyk bildirmek üçin ýanyna baryp, mähir bilen: «Aglama!» diýdi. Soňra hiç kim haýyş etmese-de oglany ölümden direltdi we ejesine gowşurdy (14, 15-nji aýatlar).

15. Isa pygamberiň dul aýalyň ogluny direltmeginden näme öwrenýäris?

15 Isa pygamberiň görkezen gudratyndan duýgudaş bolmagy öwrenýäris. Biz aradan çykan adamlary direldip bilmesek-de, Isa pygamber ýaly duýgudaş bolup bileris. Siz ýakynlary aradan çykan dogan-uýalara göwünlik berip ýa-da kömek edip bilersiňizmi? d (Nak. 17:17; 2 Kor. 1:3, 4; 1 Pet. 3:8). Unutmaň, ýekeje söz ýa-da ýagşylyk ýürek ýaralara melhem bolup bilýär.

16. Gyzy aradan çykan aýal bilen bolan wakadan näme öwrenýäris? (Surata seredip jogap beriň).

16 Birnäçe ýyl mundan öň Ýygnak jaýynda dogan-uýalar direliş hakda aýdym aýdýardy. Aýdym bir aýala şeýle bir güýçli täsir edýär welin, ol gözýaşlaryny saklap bilmeýär, sebäbi ýakynda gyzy aradan çykypdy. Şonda bir uýa onuň aglap duranyny görüp ýanyna barýar we elini egnine goýup, aýdymy soňuna çenli bile aýdýar. Ol aýal şeýle diýýär: «Dogan-uýalar ýürekden aladamy etdi. Şol gün Ýygnak jaýyna baranyma örän begenýärin. Dogrudan-da, Ýehowa ýygnak duşuşyklary arkaly göwünlik berýän ekeni». Biz şu wakadan näme öwrenýäris? Ýehowa ýüregi ýaraly dogan-uýalara kömek etmek üçin edýän her bir tagallamyzy gymmat saýýar (Zeb. 34:18).

GÖZLEG GEÇIRIŇ

17. Biz şu makalada näme öwrendik?

17 Dört Hoş habarda ýazylan Isa pygamberiň görkezen gudratlaryndan näme öwrenýäris? Ýehowa we Isa adamlary ýürekden söýýär. Patyşamyz Isa adamzadyň ähli kynçylygyny çözüp bilýär. Hudaýyň Patyşalygy tizden akýürekli adamlara bol bereket berer. Şeýle-de Isanyň gudratlaryny öwrensek, onuň ýagşy häsiýetlerinden görelde almak isläris. Biz maşgala ýa-da şahsy okuwynda Isa pygamberiň gudratlary hakda okasak, köp ruhy dürdäneleri taparys. Soňra tapan pikirlerimizi dogan-uýalara gürrüň berip, hem olaryň, hem öz imanymyzy berkideris (Rim. 1:11, 12).

18. Indiki makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

18 Isa pygamber ýerdäki ömrüniň ahyrynda täsin gudrat görkezdi, ýagny aradan çykanyna dört gün bolan merhumy direldýär. Ol Isa pygamberiň direlden üçünji adamydy. Biz şol gudratdan näme öwrenýäris? Ol biziň direlişe bolan imanymyzy nädip berkidýär? Indiki makalada şu soraglaryň jogabyny bileris.

20-NJI AÝDYM Eziz Ogluňy berdiň

a Isa pygamber güýçli ýeli ýatyrdy, syrkawlary sagaltdy we ölen adamlary direltdi. Biz Mukaddes Kitapdan onuň görkezen gudratlaryny okanymyzda haýran galýarys. Şol wakalar ýöne bir gyzykly hekaýa däl, olar bize tälim berýär we Hudaýa imanymyzy berkidýär. Şu makalada Isa pygamberiň käbir gudratlary hakda gürrüň ederis we Ýehowa bilen Isany gowy tanamak hem-de olaryň ýagşy häsiýetlerine eýermek üçin näme etmelidigini bileris.

b Mukaddes Kitaby öwrenýän alym şeýle diýýär: «Gündogar ýurtlarynda myhman almagy sogap iş hasaplaýardylar. Myhmanyň öňünde saçagy giňden ýazýardylar. Esasanam, toýlarda saçagy näz-nygmatdan doldurýardylar».

c Dört Hoş habarda Isa pygamberiň 30-dan gowrak gudraty hakda ýazylan. Käte Isanyň görkezen köp gudraty bir waka hökmünde beýan edilýär. Meselem, bir gezek tutuş «şäheriň ilaty» Isa pygamberiň ýanyna gelýär we ol «dürli keselli adamlary sagaldýar» (Mar. 1:32—34).

d Hasrat çekýänleriň derdini ýeňletmek üçin «Isa pygamberiň göreldesine eýerip hasrat çekýänlere göwünlik beriň» atly makalany okap bilersiňiz (w10-U 1/11).

e SURAT: ýaş juwanlar we toýa gelen myhmanlar şatlanýar, Isa-da olaryň şatlygyny paýlaşýar.