19-NJY MAKALA
Täze dünýä ýürekden iman ediň!
«Heý-de, Hudaý aýdan zadyny etmezmi?!» (4 Mus. 23:19).
142-NJI AÝDYM Umyda berk ýapyşalyň
MAZMUNY a
1, 2. Biz näme üçin imanymyzy berkitmeli?
ÝEHOWA Şeýtanyň zalym dünýäsini ýok edip, adalatly täze dünýäni dikeltjekdigini wada berýär (2 Pet. 3:13). Biz Hudaýyň wadasynyň haçan ýerine ýetjekdigini anyk bilmeýäris, emma ýer ýüzünde bolýan wakalar täze dünýäniň tizden geljekdigini subut edýär (Mat. 24:32—34, 36; Res. 1:7).
2 Biz Ýehowa köp ýyldan bäri gulluk edýän hem bolsak imanymyzy berkitmeli, sebäbi seresap bolmasak imanymyz gowşap biler. Pawlus resul «aňsatlyk bilen çolaşdyrýan günäniň» imanymyzy gowşadyp bilýändigini aýtdy. Şol duzaga düşmez ýaly näme etmeli? (Ýew. 12:1). Biz täze dünýäniň golaýdygyny görkezýän subutnamalar hakda wagtal-wagtal oýlanmaly (Ýew. 11:1).
3. Makalada näme hakda gürrüň ederis?
3 Şu makalada täze dünýä bolan imanymyz gowşadýan kynçylyklar hakda gürrüň ederis we imanymyzy berkidýän üç maslahata serederis: Isanyň töleg gurbany hakda oýlanmaly, Ýehowanyň gudratly güýji hakda pikirlenmeli we Hudaýa edýän seždämizi birinji orunda goýmaly. Şeýle-de biz Ýehowanyň Habakuk pygambere aýdan habary hakda gürrüň ederis.
SIZIŇ IMANYŇYZ BERKMI?
4. Biziň gelýän kararlarymyz nämäni aýan edýär?
4 Biz her gün wajyp kararlara gelýäris. Meselem, dost saýlamak, dynç almak, maşgala gurmak, çaga terbiýelemek, ýokary bilim almak we işlemek babatda karara gelmeli bolýarys. Biziň gelýän kararymyzdan imanymyzyň nähilidigi görünýär. Şonuň üçin özümize şeýle soraglary bersek gowy bolar: «Meniň gelýän kararlarymdan şu dünýäde wagtlaýyn ýaşaýjydygym we Hudaýyň täze dünýäsine sabyrsyzlyk bilen garaşýandygym görünýärmi? Ýa-da maňa: „Iýeliň, içeliň, barybir ertir öleris“ diýip, ýaşaýan adamlaryň garaýşy täsir edýärmi?» (Mat. 6:19, 20; Luka 12:16—21). Eger täze dünýäniň bosagasynda durandygymyza düşünsek dogry kararlara geleris.
5, 6. Berk iman agyr synaglara döz gelmäge nädip kömek edýär?
5 Biziň başdan geçirýän synaglarymyz hem imanymyzyň nähilidigini görkezýär. Meselem, biz yzarlamalar, agyr kesel we başga-da kynçylyklar sebäpli ejir çekýäris. Başda biz kynçylyklaryň hötdesinden gelýändiris, emma kynçylyklaryň yzy üzülmese, ruhdan düşmegimiz mümkin. Şeýle ýagdaýda Hudaýa şatlyk bilen gulluk etmäge näme kömek eder? (Rim. 12:12; 1 Pet. 1:6, 7).
6 Eger kynçylyklaryň yzy üzülmese täze dünýä gelmejek ýaly bolup görnüp biler. Bu siziň imanyňyzyň gowşandygyny aňladýarmy? Göz öňüne getiriň, siz aýazly gyşda daşarda dursuňyz, sowukdan ýaňa eňegiňiz titreýär. Şonda gyş asla gutarmajak ýaly bolup görünmegi mümkin, emma tomus öz wagtynda geler. Kynçylyklar, synaglar aýazly gyş ýaly uzak wagt dowam etse, täze dünýä gelmejek ýaly bolup görünmegi mümkin. Eger imanymyz berk bolsa, täze dünýäniň geljekdigine asla şübhelenmeris (Zeb. 94:3, 14, 15; Ýew. 6:17—19). Biz hemişe Hudaýa edýän seždämizi birinji orunda goýarys.
7. Biz nämeden seresap bolmaly?
7 Wagyz işi biziň imanymyzyň nähilidigini görkezýär. Käte adamlara wagyz edenimizde: «Siz ertekä ynanýarsyňyz, bolmajak zatlary aýdýarsyňyz» diýýärler (Mat. 24:14; Hyz. 33:32). Eger seresap bolmasak, olaryň garaýşy bize-de täsir edip, imanymyzy gowşadyp biler. Geliň, Hudaýyň wadalaryna ýürekden iman etmäge kömek edýän üç maslahat hakda gürrüň edeliň.
TÖLEG GURBANY HAKDA OÝLANYŇ
8, 9. Töleg gurbany hakda näme üçin oýlanmaly?
8 Ýehowanyň täze dünýä barada beren wadasyna ýürekden iman etmek üçin, birinjiden, Isanyň töleg gurbany hakda oýlanmaly. Töleg gurbany täze dünýäniň boljakdygyna kepil geçýär. Biz: «Ýehowa töleg gurbany näme üçin berdi? Ol nämelerden geçdi?» diýen soraglar hakda oýlansak, täze dünýäde ýaşajakdygymyza asla şübhelenmeris. Biz muňa näme üçin ynamly bolup bileris?
9 Ýehowa töleg tölemek üçin nämelerden geçdi? Ol ýeke-täk Ogluny ýer ýüzüne iberdi. Isa pygamber kämil bolup dünýä indi. Ol köp kynçylyklara döz geldi we ony gynap öldürdiler. Eger adamlar 70-80 ýyl ýaşap ölmeli bolsa, Hudaý olar üçin söwer Oglunyň ejir çekip ölmegine ýol bererdimi? Elbetde, ýok! (Ýah. 3:16; 1 Pet. 1:18, 19). Hudaýyň şeýle gymmat töleg tölemegi adamlary Jennetde ebedi ýaşatmak isleýändigini subut edýär.
ÝEHOWANYŇ GUDRATLY GÜÝJI HAKDA PIKIRLENIŇ
10. Efesliler 3:20-de Hudaý barada näme diýilýär?
10 Täze dünýä ýürekden iman etmek üçin, ikinjiden, Hudaýyň gudratly güýji hakda oýlanmaly. Hudaýyň her bir wadasyny ýerine ýetirmäge güýji ýetýär. Käbirleri: «Heý-de, adamlar ebedi ýaşarmy?! Bu mümkin däl» diýýärler. Emma Hudaý gadym döwürlerde adamlar üçin mümkin däl gudratlary edip görkezdi (Eýp. 42:2; Mar. 10:27). Gudratygüýçli Hudaýyň adamlary ebedi ýaşatmaga güýji ýetmezmi näme?! (Efesliler 3:20-ni okaň).
11. Ýehowanyň gudratlary barada gürrüň beriň. (« Täsin wadalar» diýen çarçuwa serediň).
11 Geliň, Ýehowanyň adamlar üçin mümkin däl gudratlary görkezendigi hakda gürrüň edeliň. Ýehowa Ybraýym bilen Bibisara garrylyk çagynda oglunyň boljakdygyny wada berýär (1 Mus. 17:15—17). Şeýle-de Ybraýym pygambere nesliniň Kengan topragyny miras aljakdygyny aýdýar. Emma Ybraýymyň nesli, ýagny ysraýyllar Müsür ýurdunda gulçulykda ýaşaýardy. Hudaýyň beren wadasy ýerine ýetmejek ýaly bolup görünse-de, Ýehowanyň aýdyşy ýaly boldy. Şondan köp ýyl geçensoň, Ýehowa Elizabete garran çagynda oglunyň boljakdygyny wada berýär. Şeýle-de Ýehowa päk gyz Merýeme wada edilen Mesihi dünýä inderjekdigini aýdýar. Şeýlelikde, müňlerçe ýyl öň Ýehowanyň Erem bagynda beren wadasy ýerine ýetýär (1 Mus. 3:15).
12. Ýuşa 23:14 we Işaýa 55:10, 11-nji aýatlarda Ýehowanyň güýji hakda näme aýdylýar?
12 Geçmişde Ýehowanyň beren wadalaryny ýerine ýetirendigi hakda oýlansak, täze dünýäniň boljakdygyna ýürekden iman ederis (Ýuşa 23:14; Işaýa 55:10, 11-nji aýatlary okaň). Şonda biz adamlara Hudaýyň berjek täze dünýäsi barada ynamly wagyz edip bileris. Hudaý täze dünýäniň boljakdygyny wada berensoň: «Sözüm ygtybarlydyr, hakdyr» diýýär (Ylh. 21:1, 5).
HUDAÝA EDÝÄN SEŽDÄŇIZI BIRINJI ORUNDA GOÝUŇ
13. Ýygnak duşuşyklary imanymyzy nädip berkidýär?
13 Täze dünýä ýürekden iman etmek üçin, üçünjiden, Hudaýa edýän seždämizi birinji orunda goýmaly. Meselem, ýygnak duşuşyklary biziň imanymyzy berkidýär. Geliň, Anna b uýa hakda gürrüň edeliň. Ol onlarça ýyl uzak wagtly gulluk edýär. Ol şeýle diýýär: «Ýygnak duşuşyklary meniň imanymy berkidýär. Men nutuklary diňlemegi gowy görýärin. Käbir doganlar ökdelik bilen çykyş etmese-de, täze pikirleri aýtmasa-da, nutuklary ünsli diňleýärin we Mukaddes Kitabyň hakykatlaryna çuňňur düşünýärin». Dogrudanam, ýygnak duşuşyklary imanymyzy berkidýär we dogan-uýalaryň berýän jogaplary göwnümizi galkyndyrýar (Rim. 1:11, 12; 10:17).
14. Hoş habary wagyz etmek imanyňy nädip berkidýär?
14 Hoş habary wagyz etmek imanyňy nädip berkidýär? (Ýew. 10:23). 70 ýyldan bäri Ýehowa gulluk edýän Barbara uýa şeýle diýýär: «Hoş habary wagyz etmek imanyňy berkidýän ekeni. Men Hudaýyň wadalary hakda näçe köp wagyz etsem, şonça-da imanym berkeýär».
15. Şahsy okuw imanymyzy nädip berkidýär? (Surata serediň).
15 Şahsy okuwyny geçirmek hem imanyňy berkidýär. Sýuzan uýa şeýle diýýär: «Men ýekşenbe güni öňümizdäki hepdäniň „Garawul diňi“ duşuşygyna taýýarlanýaryn. Hepdäniň duşenbe we sişenbe günleri „Mesihçileriň durmuşy we wagzy“ duşuşygyna taýýarlanýan. Hepdäniň galan günleri bolsa şahsy okuwyny geçirýärin». Sýuzanyň gün tertibini düzmegi we şahsy okuwyny geçirmegi imanyny berkitmäge kömek edýär. Baş edarada onlarça ýyl gulluk eden Irena uýa pygamberlikler hakda şahsy okuwyny geçirmegi gowy görýär. Ol şeýle diýýär: «Men Ýehowanyň aýdan pygamberlikleriniň jikme-jik ýerine ýetýändigini görüp haýran galýaryn» c.
«OL HÖKMAN GELER, GIJÄ GALMAZ!»
16. Ýehowanyň Habakuk pygambere aýdan sözleri bize degişlimi? Düşündiriň. (Ýewreýler 10:36, 37).
16 Ýehowa onlarça ýyl wepaly gulluk edýän dogan-uýalaryň: «Täze dünýä geler ýerde gelmedi!» diýip, ruhdan düşmekleri mümkin. Şeýle duýgulary Habakuk pygamber hem başdan geçirdi. Ýehowa oňa şeýle diýdi: «Gören görnüşiň bellenen wagtynda amala aşar. Ol berjaý boljak gününe howlugýar, ol hökman ýerine ýeter. Gijä galýan ýaly bolup görünse-de, oňa garaş! Sebäbi ol hökman geler, gijä galmaz!» (Hab. 2:3). Ýehowa şu sözleri diňe Habakuk pygambere aýtdymy ýa-da bize-de degişli? Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen şu sözleriň täze dünýä garaşýan mesihçilere-de degişlidigini aýtdy (Ýewreýler 10:36, 37-nji aýatlary okaň). Ýehowa beren wadasyny ýerine ýetirmäge gijä galýan ýaly görünse-de, «ol hökman geler, eglenmez».
17. Luiza uýa Ýehowanyň Habakuk pygambere beren maslahatyna nädip eýerdi?
17 Käbir dogan-uýalar Ýehowanyň wadasyna onlarça ýyl garaşýarlar. Luiza uýa Ýehowa 1939-njy ýyldan bäri gulluk edýär. Ol şeýle diýýär: «Men orta mekdebi tamamlamankam Armageddon geler öýdýärdim, ýöne beýle bolmady. Men Nuh, Ybraýym, Ýusup we başga-da Ýehowa wepaly gulluk eden adamlar barada okaýaryn. Olar hem Ýehowanyň wada beren sylagyna köp ýyl garaşdylar. Ýehowa sabyrly garaşsak, täze dünýäniň tizden geljekdigine iman edip ýaşarys». Ýehowa uzak wagtly gulluk edýän dogan-uýalaryň köpüsi şu sözler bilen razylaşýarlar.
18. Görýän zatlarymyz täze dünýäniň boljakdygyna imanymyzy nädip berkidýär?
18 Elbetde, biz täze dünýäde ýaşamaýarys, emma täze dünýä hökman geler. Gök asmana, garaňky gijede ýagty saçýan ýyldyzlara, bag-bakjalara, guşlara we adamlara syn ediň. Olar birmahallar ýokdy, ýöne Ýehowanyň islegi bilen ýaradyldy. Ýehowa olara ýaşaýyş demini berdi. Hiç bir adam gözüniň görýänine hyýaly zatdyr öýtmez (1 Mus. 1:1, 26, 27). Edil şonuň ýaly, Ýehowa adamlary täze dünýäde ýaşatmak isleýär. Täze dünýäde adamlar tut ýaly sagdyn, kämil bolar we ebedi ýaşar. Eger Ýehowanyň älem-jahan hakdaky islegi ýerine ýeten bolsa, onda täze dünýä baradaky niýeti hem hökman amala aşar (Işa. 65:17; Ylh. 21:3, 4).
19. Imanymyzy berkitmek üçin näme etmeli?
19 Geliň, täze dünýä bolan imanymyzy her gün berkideliň. Munuň üçin Isanyň töleg gurbany, Ýehowanyň gudratly güýji hakda oýlanalyň we Hudaýa edýän seždämizi birinji orunda goýalyň. Şonda biz Ýehowa «iman eden, sabyrly bolan, wadalaryny miras alan adamlar» bilen täze dünýäde ýaşarys (Ýew. 6:11, 12; Rim. 5:5).
139-NJY AÝDYM Täze dünýäni göz öňüne getir!
a Ýehowa ýer ýüzünde Jennetiň boljakdygyny wada berýär. Köp adamlar muny erteki, rowaýat we boş arzuw hasaplaýar. Biz bolsa Hudaýyň Jennet hakdaky wadasynyň ýerine ýetjekdigine ynanýarys. Emma seresap bolmasak kynçylyklar sebäpli täze dünýä bolan imanymyz gowşap biler. Şu makalada Hudaýyň Jennet baradaky wadasyna ýürekden iman etmek üçin näme etmelidigi hakda bileris.
b Käbir atlar üýtgedildi.
c Mukaddes Kitabyň pygamberliklerini «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasynyň» «Pygamberlikler» diýen bölüminden okap bilersiňiz. Meselem, «Wagt hem möwsümler Hudaýy Ýehowa bil baglaň» diýen makalany okap bilersiňiz (w12 15/05).