15-NJI MAKALA
124-NJI AÝDYM Hemişe wepaly bolalyň
Ýehowanyň guramasynyň görkezmesine eýeriň
«Hudaýyň sözüni öwredip, araňyzda ýolbaşçylyk edýän doganlary unutmaň» (Ýew. 13:7).
ESASY PIKIR
Ýehowanyň guramasynyň berýän görkezmesine hiç haçan şübhelenmäň.
1. I asyrda Hudaýyň halky nädip guramaçylykly hereket etdi?
ÝEHOWA halkynyň guramaçylykly hereket etmegini isleýär (1 Kor. 14:33). Meselem, Onuň niýetine görä, hoş habar bütin ýer ýüzüne wagyz edilmelidi. Ýehowa şu wajyp işi Isa pygambere tabşyrýar (Mat. 24:14). Isa pygamber hoş habaryň bütin ýer ýüzünde guramaçylykly wagyz edilmegine gözegçilik edýär. I asyrda ençeme ýygnaklar döredildi, dogan-uýalaryň aladasyny edip görkezme berer ýaly ýaşulular bellendi (Res. 14:23). Şeýle-de Iýerusalimde Ýolbaşçylyk maslahaty bardy we onda resullar bilen ýaşulular gulluk edýärdi. Olar ähli ýygnaklara görkezme berýärdi (Res. 15:2; 16:4). Görkezmä eýeren ýygnaklar «ruhy taýdan berkeýärdi we şägirtleriň sany gün-günden artýardy» (Res. 16:5).
2. 1919-njy ýyldan bäri Ýehowa halkyna kim arkaly görkezme berýär?
2 Ýehowa şu günlerem halkyna guramaçylykly bolmagy öwredýär. 1919-njy ýylda Isa Mesih saýlanan mesihçileriň sanlyjasyna, ýagny wepaly hem paýhasly hyzmatkäre wajyp iş tabşyrýar. Wepaly hem paýhasly hyzmatkär Hudaýyň halkyna wagtly-wagtynda nahar paýlaryny berýär we bütin ýer ýüzünde wagyz işiniň guramaçylykly alnyp barylmagyna ýolbaşçylyk edýär a (Luka 12:42). Hak Alla olaryň edýän tagallasyna ak pata berýär (Işa. 60:22; 65:13, 14).
3, 4. a) Guramaçylykly hereket etmegiň nähili peýdasy bar? b) Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?
3 Eger biz guramaçylykly bolmasak, Isa pygamberiň tabşyran ýumşuny birkemsiz ýerine ýetirip bilmezdik (Mat. 28:19, 20). Göz öňüne getiriň, her bir ýygnaga wagyz etmek üçin ýörite territoriýa bellenmedik bolsa, bir ýerde gaýta-gaýta wagyz edilerdi, başga ýerde bolsa asla wagyz edilmezdi. Belki, siz guramaçylykly bolmagyň başga-da köp peýdaly taraplaryny bilýänsiňiz.
4 Isa pygamber ýer ýüzünde gulluk edende, guramaçylykly wagyz etmegiň ajaýyp nusgasyny galdyrdy. Şu makalada Hudaýyň guramasynyň Isa Mesihiň galdyran nusgasyna nädip eýerýändigi hakda gürrüň ederis. Şeýle-de Ýehowanyň guramasynyň berýän görkezmelerine şübhelenmez ýaly näme etmelidigini bileris.
GURAMA ISA PYGAMBERIŇ GALDYRAN NUSGASYNA EÝERÝÄR
5. Hudaýyň guramasy Isa pygamberiň göreldesine nädip eýerýär? (Ýahýa 8:28).
5 Isa pygamber Atasynyň öwredýän zadyny aýdýardy we tabşyran işini ýerine ýetirýärdi. Şu günlerem Hudaýyň guramasy Isa Mesihiň göreldesine eýerip, görkezme we tälim berende Mukaddes Kitaba esaslanýar (Ýahýa 8:28-i okaň; 2 Tim. 3:16, 17). Şol sebäpli Hudaýyň guramasy bize Mukaddes Kitaby okamak, oýlanmak we durmuşda ulanmak babatda maslahat berýär. Şu maslahata eýermegiň nähili peýdasy bar?
6. Mukaddes Kitaby okamagyň we şahsy okuwyny geçirmegiň nähili peýdasy bar?
6 Biz Mukaddes Kitaby her gün okasak, çuňňur oýlansak we edebiýatlar arkaly şahsy okuwyny geçirsek köp peýda alarys. Şonda biz guramanyň berýän görkezmesiniň Mukaddes Kitaba esaslanýandygyna düşüneris we oňa Ýehowanyň ýolbaşçylyk edýändigine göz ýetireris (Rim. 12:2).
7. Isa pygamber näme barada wagyz etdi we Ýehowanyň halky onuň göreldesine nädip eýerýär?
7 Isa pygamber «Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary» wagyz etdi (Luka 4:43, 44). Ol şägirtlerine hem Patyşalyk barada wagyz etmegi tabşyrdy (Luka 9:1, 2; 10:8, 9). Şu günler mesihçiler nirede ýaşasa-da, guramada nähili borjy ýerine ýetirse-de hoş habary yhlasly wagyz edýär.
8. Bize nähili hormatly iş tabşyryldy?
8 Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz etmek uly hormat! Isa pygamber şu işi hemme adamlara ynanmady. Meselem, ol ýer ýüzünde gulluk edende jynlara özi hakda şaýatlyk etmegi gadagan etdi (Luka 4:41). Şu günler hoş habary wagyz etmek isleýän adam Mukaddes Kitabyň talaplaryna laýyk gelmeli. Biz şu işi gymmat saýsak islendik wagtda, islendik ýerde yhlasly wagyz ederis. Şeýle-de Halypamyzyň göreldesine eýereris, Patyşalyk baradaky habary akýürekli adamlara wagyz ederis we olara tälim bereris (Mat. 13:3, 23; 1 Kor. 3:6).
9. Gurama Hudaýyň adyny adamlara nädip tanadýar?
9 Isa pygamber Hudaýyň adyny jar etdi. Ol gökdäki Atasyna doga edip: «Men olara adyňy tanatdym» diýdi (Ýah. 17:26). Şu günler Ýehowanyň guramasy Isa pygamberiň göreldesine eýerip, adamlara hak Hudaýyň adyny aýdýarlar. Meselem, «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesinde» Ýehowa ady asyl nusgasynda duş gelýän ähli ýerde dikeldildi. Mukaddes Kitap tutuşlygyna ýa-da onuň käbir kitaplary 270-den gowrak dile terjime edildi. Eger siz Mukaddes kitapdaky A4 we A5 goşmaça maglumaty okasaňyz Hudaýyň adynyň näme üçin dikeldilendigini bilersiňiz. Şeýle-de siz 2008-nji ýylyň 1-nji awgustynda çykan «Garawul diňi» žurnalyndaky «Injilde Hudaýyň ady barmy?» diýen makalany okap bilersiňiz.
10. Mýanmada ýaşaýan daýza bilen bolan wakadan näme öwrendiňiz?
10 Bizem Isa pygamberiň göreldesine eýerip, mümkin boldugyndan köp adamlara Hudaýyň ady hakda wagyz edýäris. Bir uýa Mýanmada ýaşaýan 67 ýaşly daýza Mukaddes Kitapdan okuw geçýär. Uýa oňa Hudaýyň adynyň Ýehowadygyny aýdanda, ol gözüne ýaş aýlap: «Men Hudaýyň adynyň Ýehowadygyny ilkinji sapar eşitdim. Men şu ýaşyma çenli muny bilmeýärdim» diýýär. Şu wakadan görnüşi ýaly, akýürekli adamlar Hudaýyň adynyň Ýehowadygyny bilenlerinde özüni örän bagtly duýýar.
GURAMANYŇ BERÝÄN GÖRKEZMESINE ŞÜBHELENMÄŇ
11. Ýaşulular guramanyň görezmesine nädip eýerýärler? (Surata serediň).
11 Ýaşulular Ýehowanyň guramasynyň berýän görkezmesine doly ynanýarlar. Şol sebäpli olar görkezmeleri ünsli okaýarlar we gyşarnyksyz eýermek üçin elinde baryny edýärler. Meselem, ýaşululara ýygnak duşuşyklaryny guramaçylykly geçirmek, köpçüligiň öňünde doga etmek we dogan-uýalaryň aladasyny etmek babatda görkezme berilýär. Eger ýaşulular görkezmä eýerseler, dogan-uýalar Ýehowanyň söýýändigini duýarlar we penasynda bolarlar.
12. a) Biz näme üçin ýaşululara gulak asmaly? (Ýewreýler 13:7, 17). b) Ýaşulularyň gowy häsiýetlerine üns bermek näme üçin wajyp?
12 Biz ýygnak ýaşulularynyň berýän görkezmesine höwes bilen eýermeli. Şonda olar borjuny şatlyk bilen ýerine ýetirerler. Mukaddes Kitapda: «Ýolbaşçylyk edýän doganlara gulak asyň we tabyn boluň» diýip maslahat berilýär (Ýewreýler 13:7, 17-nji aýatlary okaň). Käte bize ýaşululara gulak asmak aňsat bolmaýar, sebäbi olaram biziň ýaly bikämil adamlar. Eger biz ýaşulularyň gowy häsiýetlerine, edýän ýagşy işlerine däl-de, olaryň goýberýän ýalňyşlaryna üns bersek, Hudaýyň duşmanlaryny goldadygymyz bolar. Nädip? Hudaýyň duşmanlary biziň ýüregimizde Ýehowanyň guramasyna şübhe döretjek bolýar. Eger biz ýaşulular hakda erbet pikir etsek, soňabaka guramanyň berýän görkezmesine hem ynanmarys. Şeýdip, duşmanlaryň işini aňsatlaşdyrarys. Duşmanlaryň ýalan gep-gürrüňlerine gulak gabartmaz ýaly näme etmeli?
ÝALAN GEP-GÜRRÜŇLERE GULAK GABARTMAŇ
13. Duşmanlar Ýehowanyň guramasyny nädip tankytlaýar?
13 Hudaýyň guramasy diňe peýdaly görkezme berýär, emma duşmanlar şonda-da ony tankytlaýar. Ýehowa özüne sežde edýän adamlaryň beden, ahlak we ruhy taýdan arassa bolmagyny isleýär. Ol haram işlere baş goşup toba etmedik günäkäri ýygnak gatnaşygyndan kesmegi tabşyrýar (1 Kor. 5:11—13; 6:9, 10). Biz Mukaddes Kitaba esaslanan şu görkezmä höwes bilen gulak asýarys. Emma duşmanlar bizi doňýürek, adamlary söýmeýän we dünýägaraýşy dar diýip tankytlaýar.
14. Ýehowanyň guramasy barada ýalan gep-gürrüňleri kim ýaýradýar?
14 Ýalan gep-gürrüňleri kimiň ýaýradýandygyny biliň. Hudaýyň guramasy hakda ýalan gep-gürrüňleri Şeýtan Iblis ýaýradýar (Ýah. 8:44; 1 Mus. 3:1—5). Mukaddes Kitapda oňa «ýalanyň atasy» diýilýär. Şol sebäpli biz Şeýtanyň we onuň tarapdarlarynyň Hudaýyň guramasy barada ýalan gep-gürrüňleri ýaýradýandygyna geň galmaýarys. I asyrda-da Hudaýyň halkyna töhmet atypdylar.
15. Dini ýolbaşçylar Isa pygambere we onuň şägirtlerine nädip garşy çykdylar?
15 Isa pygamber ýer ýüzüne gelende hiç hili günä etmedi, ençeme gudratlary görkezdi, emma duşmanlar şonda-da ony aýypladylar. Meselem, Isa pygamber Hudaýyň gudratly güýji bilen adamlaryň içinden jynlary çykarýar. Emma dini ýolbaşçylar oňa: «Jynlary jynlaryň hökümdarynyň kömegi bilen kowup çykarýar» diýip töhmet atdylar (Mar. 3:22). Olar Isany Allatagala dil ýetirýän jenaýatçy hökmünde aýyplap, tussag edýärler we halky öjükdirip, ölüme tabşyrýarlar (Mat. 27:20). Isa pygamberiň şägirtleri hem hoş habary wagyz edende, duşmanlar başga milletli adamlaryň aňyny zäherläp, olara garşy öjükdirýärler (Res. 14:2, 19). 1998-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda Resullar 14:2-nji aýat şeýle düşündirilýär: «Ýehudylar hoş habary diňlemediler. Üstesine-de, başga milletli adamlar Isa pygamberiň şägirtlerini ýigrener ýaly, mesihçiler hakda ýalan gep-gürrüňleri ýaýratdylar».
16. Biz nämäni unutmaly däl?
16 Şeýtan Iblis I asyrda köp adamlary aldady. Ol şu günlerem «bütin ýer ýüzünde ýaşaýanlary aldaýar» we duzagyna salýar (Ylh. 12:9). Siz Ýehowanyň guramasy, jogapkär doganlar hakda ýalan gep-gürrüňleri eşitseňiz, olara güpbe ynanmaň. Hudaýyň duşmanlarynyň Isa pygamberi we onuň şägirtlerini ne güne salandygy hakda oýlanyň. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň halkynyň yzarlanjakdygy we olara töhmet atyljakdygy pygamberlik edilen (Mat. 5:11, 12). Eger siz ýalan gep-gürrüňleri Şeýtan Iblis ýaýradýandygyny unutmasaňyz we olary diňlemeseňiz, duzagyna düşmersiňiz.
17. Ýalan gep-gürrüňleri diňlemegiň nähili zyýany bar? (2 Timoteos 1:13; « Ýalan gep-gürrüňleri diňlemäň» diýen çarçuwa serediň).
17 Ýalan gep-gürrüňleri diňlemäň. Pawlus resul ýalan gep-gürrüňleri diňlemeli däldigini şeýle düşündirdi: «Ýalan rowaýatlara ynanmaň... ýalan rowaýatlary gürrüň berýänleri diňlemäň» (1 Tim. 1:3, 4; 4:7). Göz öňüne getiriň, çaga ýerde ýatan hapa zady gören badyna alyp agzyna salýar. Emma uly adam beýle etmeýär, sebäbi saglygyna zyýan ýetirjekdigini bilýär. Biz agy-garany saýgarmaýan çaga ýaly bolmak islemeýäris. Şol sebäpli Hudaýyň guramasy hakda aýdylýan ýalan gep-gürrüňleri diňlemeýäris, sebäbi olary kimiň ýaýradýandygyna düşünýäris we ruhy saglygymyza zyýan ýetirjekdigine, ýagny Ýehowa bilen dostlugymyzy bozjakdygyna düşünýäris. Biz sagdyn sözlere berk ýapyşmak isleýäris (2 Timoteos 1:13-i okaň).
18. Guramanyň görkezmesine ynanýandygymyzy nädip subut edip bileris?
18 Biz şu makalada Ýehowanyň guramasynyň Isanyň galdyran nusgasyna üç ýagdaýda eýerendigi hakda gürrüň etdik. Mukaddes Kitaby okanyňyzda başga-da köp meňzeşligini tapyp bilersiňiz. Mähriban dogan-uýalar, imandaşlarymyza gurama ýürekden ynanmaga kömek ediň! Ýehowa wepaly boluň we guramasy arkaly berýän görkezmelerine ýürekden eýeriň. Şonda Ýehowanyň ýerdäki guramasy arkaly islegini amala aşyrýandygyna şübhelenmersiňiz (Zeb. 37:28). Hawa, Ýehowanyň wepaly we eziz halkynyň agzasy bolmak uly hormat!
SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?
-
Ýehowanyň guramasy näme üçin Isa pygamberiň göreldesine eýerýär?
-
Ýehowanyň guramasyna şübhelenmez ýaly näme etmeli?
-
Ýalan gep-gürrüňlere näme üçin gulak gabartmaly däl?
103-NJI AÝDYM Çopanlar Hudaýyň berekedi
a «Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi» kitabynyň «1919-njy ýylda azat edilýär» diýen çarçuwasyna serediň (sah. 102, 103).
b SURATYŇ BEÝANY: ýaşulular köpçülik ýerlerinde wagyz etmek hakda maslahat edýär. Topar gözegçisi uýalara stendli wagyz edenlerinde arkasyndan hiç kim geçmez ýaly diwara ýakyn durmalydygyny düşündirýär.