16-NJY MAKALA
64-NJI AÝDYM Hasyla höwes bilen gatnaşalyň
Şatlyk bilen wagyz edeliň!
«Ýehowa begenip gulluk ediň» (Zeb. 100:2).
ESASY PIKIR
Adamlara şatlyk bilen hoş habary wagyz ediň.
1. Käbir wagyzçylara wagyz etmek näme üçin kyn bolýar? (Surata serediň).
BIZ adamlara näme üçin wagyz edýäris? Biz Ýehowany gowy görýäris we adamlara Ony tanatmak isleýäris. Käbir dogan-uýalar yhlasly wagyz edýär, ýöne käbirleri wagyz işinden hiç hili şatlyk tapmaýar. Näme üçin? Käbirleri çekinjeň bolany üçin özüni ynamsyz duýýar, käbiri ýat adamyň gapysyny kakmaga gorkýar. Elbetde, olar Ýehowany jany-teni bilen söýýärler, emma nätanyş adam bilen söhbetdeş bolmaga ýaýdanýarlar. Emma olar wagyz işiniň gaýragoýulmasyzdygyna düşünip, her hepde yhlasly wagyz edýärler. Ýehowa olary görüp guwanýar!
2. Wagyz etmek kyn bolsa näme üçin ruhdan düşmeli däl?
2 Size hoş habary wagyz etmek kyn bolýarmy? Siz ruhdan düşmäň! Siz özüňize ynamly bolmasaňyz ýa-da wagyz etmäge çekinýän bolsaňyz, onda siz pesgöwünli adamsyňyz. Ýat adamyň gapysyny kakmaga ýa-da dawa-jenjel turmagyndan gorkýan bolsaňyz, onda siz parahatlygy söýýän adamsyňyz. Elbetde, edilen ýagşylyga ýamanlyk bilen jogap berilse, hiç bir adam halamasa gerek. Ýehowa siziň nähili kynçylyklar bilen göreşýändigiňizi görýär we size kömek etmek isleýär (Işa. 41:13). Şu makalada kynçylyklary ýeňmäge kömek etjek bäş maslahat berilýär. Siz olara eýerseňiz şatlyk bilen wagyz edersiňiz.
HUDAÝYŇ SÖZÜNIŇ GÜÝJI
3. Ýermeýa pygambere wagyz etmäge näme kömek etdi?
3 Taryha ser salsak, Hudaýyň sözi ençeme pygamberlere agyr ýumşy ýerine ýetirmäge güýç berdi. Geliň, Ýermeýa pygamber hakda gürrüň edeliň. Ýehowa oňa adamlara wagyz etmegi tabşyrýar. Şonda ol özüni ynamsyz duýup: «Men heniz ýaş, dile çeper däl» diýýär (Ýer. 1:6). Ýaş pygambere näme kömek etdi? Elbetde, Hudaýyň sözi! Ýermeýa şeýle diýýär: «Allanyň sözi süňkümi eretdi, ýüregimde ot bolup tutaşdy, içimde saklamakdan ýadadym» (Ýer. 20:8, 9). Adamlar Ýermeýa pygamberi diňlemediler. Emma ol Hudaýyň Sözünden güýç alyp, tabşyrylan ýumşy birkemsiz ýerine ýetirdi.
4. Mukaddes Kitaby okamak we çuňňur oýlanmak näme üçin wajyp? (Koloslylar 1:9, 10).
4 Hudaýyň sözi biziň hem güýjümize güýç goşýar. Pawlus resul koloslylara hat ýazyp, «dogry bilim almagyň» wajypdygyny düşündirýär. Şonda olar «Ýehowanyň adyna mynasyp ýaşardy we ýagşy işleri edip, miwe bererdi» (Koloslylar 1:9, 10-njy aýatlary okaň). Şu günler hoş habary wagyz etmek ýagşy iş hasaplanýar. Biz Mukaddes Kitaby okasak, çuňňur oýlansak, imanymyz berk bolar we Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmegiň wajypdygyna düşüneris.
5. Mukaddes Kitaby nädip okamaly?
5 Siz Mukaddes Kitaby okanyňyzda sahypa sanyna kowalaşmaň, gaýtam çuňňur oýlanyň we gözleg-barlag geçiriň. Eger bir aýada düşünmeseňiz, saklanyň, oýlanyň, soňra «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlarynyň indeksi» ýa-da «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasy» esasynda gözleg-barlag geçiriň. Siz Hudaýyň Sözüni howlukman okasaňyz, ondaky pygamberlikleriň hakykatdygyna göz ýetirersiňiz (1 Sel. 5:21). Şonda siziň imanyňyz berkär we hoş habary adamlara şatlyk bilen wagyz edersiňiz.
TAÝÝARLYK GÖRÜŇ
6. Wagyz etmezden öň näme üçin gowy taýýarlyk görmeli?
6 Hoş habary wagyz etmäge gitmezden öňürti gowy taýýarlyk görseňiz özüňizi ynamly duýarsyňyz. Isa pygamber şägirtlerini iki-ikiden wagyz etmäge ýollanda, olara näme aýtmalydygyny we nädip aýtmalydygyny öwretdi (Luka 10:1—11). Olar Isa pygamberiň maslahatyna doly eýerip, ökdelik bilen wagyz etdiler we şatlyk bilen dolanyp geldiler (Luka 10:17).
7. Biz wagza nädip taýýarlyk görmeli? (Surata serediň).
7 Wagza nädip taýýarlyk görmeli? Teklipleri ýat tutmaň, öz sözleriňiz bilen aýdyň. Ýerli halky göz öňünde tutup, olaryň berip biläýjek soraglary hakda oýlanyň we şol soraglara jogap tapyň. Wagyz etjek adamyňyzyň ýanyna baryň, özüňizi rahat duýuň, ýylgyryň we salamlaşyň.
8. Pawlus resul wagyzçylary näme üçin toýun küýzä meňzedýär?
8 Pawlus resul biziň wagyz işine goşýan goşandymyz hakda şeýle diýdi: «Biz toprakdan ýaradylsak-da, gymmatly hazyna ynanyldy» (2 Kor. 4:7). Mukaddes Kitabyň bir terjimesinde şu aýat şeýle terjime edilen: «Biz hazynalary özünde saklaýan toýun küýzeler kimindiris». Aýatdaky «gymmatly hazyna» Hudaýyň Patyşalygy hakdaky hoş habary aňladýar (2 Kor. 4:1). «Toýun küýzeler» hoş habary wagyz edýän Hudaýyň wepaly bendelerini aňladýar. Pawlusyň ýaşan döwründe täjirler uzak ýola rowana bolanlarynda iýip-içgi, şerap we altyn-kümüş teňňeleri toýun küýzelere salypdyrlar. Edil şonuň ýaly, Ýehowa hem bize gymmatly hazynany, ýagny hoş habary wagyz etmegi tabşyrdy. Biz Ýehowanyň goldawy bilen hoş habary birkemsiz wagyz edýäris.
BATYRGAÝLYK DILÄŇ
9. Gorkyny ýeňmek üçin näme etmeli? (Surata serediň).
9 Biz käte adamlar diňlemez ýa-da üstümize gygyrar diýip wagyz etmäge gorkýarys. Gorky el-aýagymyzy ýüpsüz baglamaz ýaly näme etmeli? I asyrda atly-abraýly adamlar resullara wagyz etmegi gadagan edýär. Şonda olar gorkynyň duzagyna düşmegiň deregine, Ýehowa doga edip, «sözüni batyrgaý wagyz etmäge» kömek soradylar (Res. 4:18, 29, 31). Ýehowa hem olaryň doga-dilegine şobada jogap berýär. Eger siz hem wagyz etmäge gorkýan bolsaňyz, Ýehowa doga-dileg ediň we batyrgaýlyk soraň. Şonda adamlara söýgi ýüregiňizde kök urar, gorky bolsa zym-zyýat bolar.
10. Ýehowa bize batyrgaýlyk bilen wagyz etmäge nädip kömek edýär? (Işaýa 43:10—12).
10 Biz Ýehowanyň Şaýatlary! Ýehowa bizi gorajagyny we batyr bolmaga kömek etjekdigini söz berýär (Işaýa 43:10—12-nji aýatlary okaň). Allatagala şu dört usul arkaly goldaýar: birinjiden, Ol Isa pygambere wagyz işine ýolbaşçylyk etmegi tabşyrdy. Isa pygamber hoş habary wagyz edýän dogan-uýalary hemişe goldajakdygyny söz berdi (Mat. 28:18—20). Ikinjiden, Ýehowa bizi wepaly perişdeler arkaly goldaýar (Ylh. 14:6). Üçünjiden, Ýehowa mukaddes ruhy arkaly okan zadymyzy ýadymyza salýar (Ýah. 14:25, 26). Dördünjiden, Ýehowa dogan-uýalar arkaly kömek edýär. Arkamyzda hak Hudaý Ýehowa durka, ýanymyzda dogan-uýalar barka, almajak galamyz bolmaz!
UGURTAPYJY BOLUŇ WE GARAÝŞYŇYZY ÜÝTGEDIŇ
11. Biz nirede we haçan wagyz edip bileris? (Surata serediň).
11 Siz öýden-öýe wagyz edeniňizde adamlary öýünden tapmasaňyz gynanýan bolsaňyz gerek. Şonda ruhdan düşmegiň deregine, şu soraglar hakda oýlansaňyz gowy bolar: «Häzir öý eýesi niredekä? Ol işdemi ýa-da bazara gitdimikä?» (Res. 16:13). Eger adamlary öýünden tapmasaňyz, onda köpçülik ýerlerinde wagyz etseňiz gowy bolar. Joşuwa dogan şeýle diýýär: «Men köp adamlara wagyz etmek üçin bazara ýa-da awtoduralgalara gidýärin». Ol aýaly Brijit bilen adamlary haçan öýünde tapyp biljekdigi hakda oýlanýar. Şeýlelikde, är-aýal iş günleri sagat 18:00—20:00 aralygy, dynç güni bolsa öýlän çagy öýden-öýe wagyz edýär (Efes. 5:15, 16).
12. Adamlar hoş habary diňlemese näme etmeli?
12 Eger adamlar hoş habar bilen gyzyklanmasa, onda olaryň dini garaýşyny ýa-da nämäni alada edýändigini biljek boluň. Joşuwa bilen Brijit kitapçalardaky soragy ökdelik bilen ulanýan ekeni. Meselem, olar «Siz Mukaddes Kitaba nähili garaýarsyňyz?» diýen kitapçadaky: «Ol ertekimi ýa-da rowaýat? Ýa-da Hudaýyň Kitabymy?» diýen soragy berýän ekeni. Şeýdip, olar adamlar bilen gyzykly söhbetdeşlik edýärler.
13. Adamlar hoş habary diňlemese-de, siz nämä üçin şatlanyp bilersiňiz? (Nakyllar 27:11).
13 Siz hiç kime wagyz edip bilmeseňiz ýa-da hiç kim sizi diňlemese, ruhdan düşmäň. Iň esasy zat, siz Ýehowanyň we Isa pygamberiň tabşyrygyny ýerine ýetirýärsiňiz (Res. 10:42). Siz ýekeje adama wagyz edip bilmeseňiz-de, Hudaý edýän tagallaňyzy görýär. Ýehowa sizden razy, Ol size guwanýar! (Nakyllar 27:11-i okaň).
14. Dogan-uýalaryň biri akýürekli adam bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlasa, biz näme üçin begenýäris?
14 Siziň ýygnagyňyzdaky dogan-uýalaryň biri akýürekli adam bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlasa begenýärsiňizmi? «Garawul diňi» žurnalynda wagyz işi ýiten çagany gözlemek bilen deňeşdirilýär. Çaganyň gözlegine köp adam çykýar, emma ony bir adam tapýar. Şonda tutuş topar begenýär. Edil şonuň ýaly, hoş habary wagyz etmek toparlaýyn iş hasaplanýar. Akýürekli adamyň ruhy taýdan ösmegi üçin tutuş ýygnak goşant goşýar. Ýygnagyň territoriýasynda ýaşaýan adamlara wagyz etmek üçin her bir wagyzçynyň kömegi gerek. Şeýlelikde, akýürekli adam ýygnaga gatnap başlasa, biziň ählimiz begenýäris.
ÝEHOWANY WE ADAMLARY ÝÜREKDEN SÖÝÜŇ
15. Matta 22:37—39-njy aýatlar hakda oýlanmak hoş habary yhlasly wagyz etmäge nädip kömek edýär? (1-nji sahypadaky surata serediň).
15 Hoş habary yhlasly wagyz etmäge näme kömek edýär? Şu hakda oýlanyň, siz wagyz edip, Ýehowany we adamlary söýýändigiňizi subut edýärsiňiz (Matta 22:37—39-njy aýatlary okaň). Göz öňüne getiriň, Ýehowa siziň wagyz edendigiňizi görüp guwanýar; Mukaddes Kitapdan okuw geçýän adam size hak Allany tanadandygyňyz üçin ýürekden minnetdar bolýar. Şeýle-de wagyz işiniň adamlaryň janyny halas edýändigi hakda-da pikirleniň (Ýah. 6:40; 1 Tim. 4:16).
16. Öýden çykyp bilmesek ruhdan düşmän wagyz etmäge näme kömek eder? Mysal getiriň.
16 Siz keselçilik ýa-da garrylyk sebäpli öýden çykyp bilmeýän bolsaňyz, onda Ýehowa we adamlara bolan söýgiňizi nädip görkezip bilersiňiz? Koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýran döwri Samuwel we Danýa öýünden çykyp bilmediler. Şol kyn döwürde olar telefon we hat arkaly wagyz etdiler; Zoom programmasy arkaly Mukaddes Kitapdan okuw geçdiler. Samuwel rak keseli bilen göreşýärdi. Ol bejergi almak üçin hassahana gatnaýar we her bir mümkinçilikden peýdalanyp wagyz etmek üçin elinde baryny edýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Başymyza düşen kynçylykdan ýaňa halys ýadadyk, ysgyn-mydardan gaçdyk, ruhdan düşdük, gullukdan hiç hili şatlyk tapmadyk». Üstesine-de, Danýa ýykylyp üç aýlap ýerinden galyp bilmän ýatýar, soňra ol alty aýlap maýyplaryň arabasyna ýüpsüz baglanýar. Danýa şeýle diýýär: «Men mümkinçiligimiň boldugyndan wagyz etjek bolýardym. Men öýe gelen şepagat uýalar bilen we nahar getirýän adamlar bilen Mukaddes Kitap esasynda gürrüňdeş bolýardym. Şeýle-de men dermanhana jaň edenimde, onuň işgärlerine wagyz edýärdim». Hawa, Samuwel we Danýa keselçilik sebäpli köp wagyz edip bilmediler, emma ruhdan düşmediler, ýagdaýyna görä wagyz edip şatlyk tapdylar.
17. Biz näme üçin makaladaky maslahatlaryň ählisine eýermäge jan etmeli?
17 Makalada aýdylan bäş maslahatyň her biri öz ýerinde peýdaly. Emma olaryň ählisine bir wagtda eýerseň welin, has köp peýdaly bolýar. Göz öňüne getiriň, siz süýji nahar bişirmekçi bolýarsyňyz. Elbetde, nahara atylýan önümleriň hersiniň özboluşly tagamy bolýar. Emma olaryň ählisini goşup bişirseň welin, nahar bal ýaly süýji bolýar. Edil şonuň ýaly, makaladaky maslahatlaryň ählisine eýerseňiz, siz ruhdan düşmän şatlyk bilen wagyz edersiňiz.
... ŞATLYK BILEN WAGYZ ETMÄGE NÄDIP KÖMEK EDÝÄR?
-
Wagza taýýarlanmak
-
Batyrgaýlyk dilemek
-
Ýehowany we adamlary söýýändigiň hakda oýlanmak
80-NJI AÝDYM Ýehowanyň ýagşylygyny dadyp görüň