Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Şuny bilýäňizmi?

Şuny bilýäňizmi?

Dawut patyşanyň goşunynda näme üçin başga milletli adamlar gulluk edipdir?

DAWUDYŇ esgerleriniň arasynda ammonlardan Zelek, hetlerden Uryýa, mowaplardan Ytmah bardy a (1 Tar. 11:39, 41, 46). Şeýle-de Dawudyň goşunynda «keretler, peletler we getliler» gulluk edýärdi (2 Şam. 15:18). Käbirleriň çaklamagyna görä, keretler, peletler piliştliler bilen ýakyndan gatnaşypdyrlar (Hyz. 25:16). Getliler piliştlileriň Get galasynda ýaşaýardy (Ýuşa 13:2, 3; 1 Şam. 6:17, 18).

Dawut patyşa näme üçin başga milletli adamlary nöker edipdir? Dawut olaryň özüne we Ýehowa wepaly boljakdygyna ynanypdyr. Mukaddes Kitabyň bir sözlüginde keretler we peletler barada şeýle diýilýär: «Olar Dawut patyşany iň kyn döwürde goldapdyr». Bir güni ysraýyl halky Dawudy taşlap, «başbozar Şebanyň» tarapyna geçýär. Şonda keretler bilen peletler Dawuda wepaly bolýar we Şebanyň turzan gozgalaňyny basyp ýatyrýar (2 Şam. 20:1, 2, 7). Adonyýar öz kakasyna, ýagny Dawut patyşa baş galdyryp, tagta geçjek bolýar. Emma Ýehowa Dawudyň ogullaryndan Süleýmany patyşa edip saýlapdy. Şonuň üçin keretler bilen peletler Dawudy goldap, Süleýmana tagta çykmaga kömek edýär (1 Pat. 1:24—27, 38, 39).

Dawut patyşany goldan başga milletli adamlaryň arasynda getli Yttaý hem bardy. Abselim kakasy Dawuda haýynlyk edip, tagty eýelemek isleýär. Ol tutuş Ysraýyl halkynyň göwnüni awlap, kakasyna garşy gozgalaň turuzýar. Şonda Yttaý 600 nökeri bilen Dawudy goldamaga gelýär. Dawut Yttaýa gelmişekdigini, bu söweşiň oňa degişli däldigini ýatladýar we yzyna dolanmagy maslahat berýär. Emma Yttaý: «Biribar Ýehowadan we şa hezretleriniň janyndan ant içýärin, ölmeli bolsam-da, ýanyňdan aýrylmaryn!» diýip jogap berýär (2 Şam. 15:6, 18—21).

Yttaý Ýehowanyň saýlan patyşasy Dawuda wepalydy

Keretler, peretler we getliler hak Hudaý Ýehowa iman edýärdiler, onuň saýlan patyşasy Dawuda wepaly boldular. Dawut patyşa goşunynda şeýle edermen, gaýduwsyz adamlaryň gulluk edýändigine örän begenendir.

a 5 Musa 23:3—6-njy aýatlara görä, ammonlardan, mowaplardan hiç kim Ýehowanyň halkynyň arasyna goşulyp bilmeýärdi. Şu tabşyryga görä, olar Hudaýyň halkynyň agzasy bolup bilmeýärdi. Emma ammonlardan ýa-da mowaplardan bolan adam Hudaýa sežde etse, ysraýyl halkynyň arasynda ýaşap, olar bilen gatnaşyp bilýärdi (it-U «Ammonlar», sözb. «Ysraýyllar bilen gyz alşyp-berişdiler»).