Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

TERJIMEHAL

Men ejizkäm Hudaýyň güýji has aýdyň görünýär

Men ejizkäm Hudaýyň güýji has aýdyň görünýär

MEN aýalym bilen 1985-nji ýylda Kolumbiýa geldim. Biz başga dünýä düşen ýaly bolduk. Hökümet neşe söwdasyny edýän jenaýatçylara, daglarda gizlenip ýören gozgalaňçylara garşy göreşýärdi. Biz Medellin şäherine gelenimizde her köçede diýen ýaly eli ýaragly adamlara duş gelýärdik. Olar neşe satýardylar, hakyna adam öldürýärdiler. Kafeleriň we dükanlaryň eýelerine: «Sizi gorarys!» diýip, salgyt salýardylar. Gynansak-da, şol jenaýatçylar uzak ýaşaman ir aradan çykýardylar.

Dünýäniň demirgazyk künjegi bolan Finlýandiýada ýaşaýan iki adam nädip Günorta Amerika düşendir öýdýärsiňiz? Geliň, men size başdan geçiren wakalarymy jikme-jik gürrüň bereýin.

ÝAŞLYK DÖWRÜM

Men 1955-nji ýylda kenarýaka şäher Wantada dünýä indim. Ol Finlýandiýanyň günortasynda ýerleşýärdi. Biz maşgalada üç oglan, men iň kiçileri.

Ejem ömrüni Ýehowa bagyş edip suwa çümdürildi. Şondan birnäçe ýyl geçensoň, men dünýä inipdirin. Emma kakam Ýehowa iman etmeýärdi. Ol ejeme bize Mukaddes Kitapdan okuw geçmegi we ýygnak duşuşyklaryna äkitmegi gadagan etdi. Ýöne kakam öýde ýok wagty ejem bize Ýehowa barada gürrüň berýärdi.

Ýedi ýaşymda mekdepde agyr synaga duş geldim

Men Ýehowany çagalykdan söýýärdim. Ýedi ýaşymda mekdepde agyr synaga duş geldim. Biziň mugallymymyz aýal maşgalady. Ol maňa gan goşulyp taýýarlanan kökeden iýdirjek boldy. Ol meniň agzymy zor bilen açyp, wilka bilen ganly kökäni saljak boldy. Emma men eýläk-beýläk urnup, mugallymyň elindäki wilkany kakyp goýberdim.

Men 12 ýaşymdakam kakam aradan çykdy, şondan soňra ýygnak duşuşyklaryna gatnap başladym. Doganlar ýürekden aladamy etdiler welin, ruhy taýdan ösüp başladym. Men Mukaddes Kitaby her gün okaýardym, edebiýatlardan çuňňur şahsy okuwyny geçirýärdim. Şeýdip, meniň Hudaýa imanym berkedi we 14 ýaşymda, ýagny 1969-njy ýylyň 8-nji awgustynda suwa çümdürildim.

Orta mekdebi tamamlanymdan soň pioner gullugyna başladym we birnäçe hepdeden wagyzçylaryň az ýerine, ýagny Pielawesi şäherine göçdüm. Şäher Finlýandiýanyň merkezinde ýerleşýärdi.

Pielawesi şäherinde söwer ýarym Sirkka duşdum. Ol pespäl, berk imanly uýady we at-abraýa, baýlyga gyzmaýardy. Ikimiz hem Ýehowa uzak wagtly gulluk etmek isleýärdik. Ýehowa nirä iberse, şol ýere gitmäge taýyndyk. Biz 1974-nji ýylyň 23-nji martynda toý etdik. Toýdan soň bal aýyna gidip dynç almagyň deregine, wagyzçylaryň az ýerine, ýagny Karttula şäherine gitdik.

Karttula şäherinde kireýne alan jaýymyz

ÝEHOWANYŇ GOLDAWY

Agamyň sowgat eden maşyny

Biz toý tutan günümizden bäri bir zada göz ýetirip gelýäris. Eger Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýsaň, Ol zada zar etmeýär (Mat. 6:​33). Meselem, biz Karttula şäherinde uzak ýerlere tigirli gidip wagyz edýärdik. Emma aýazly gyşda tigirli ýörär ýaly däldi. Ýygnagyň bolsa territoriýasy uludy. Bize uzak ýerlere gidip wagyz eder ýaly maşyn gerekdi, emma maşyn almaga pulumyz ýokdy.

Günlerde bir gün agam bize myhmançylyga geldi. Ol biziň hal-ýagdaýymyzy görüp, tüýs gerekli zady sowgat etdi. Ol nämedir öýdýärsiňiz? Ýalpyldap duran maşyn! Hatda maşynyň ätiýaçlandyryş tölegi hem tölenen eken. Bize diňe ýangyç guýup, maşyny süräýmek galýar.

Ýehowanyň eli gysga däl. Ol bize tüýs gerekli zady sowgat etdi. Indi biz hiç zadyň aladasyny etmän, Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habary wagyz etmelidik.

GILEAD MEKDEBI

Pionerler mekdebinde (1978)

Men aýalym bilen 1978-nji ýylda Pionerler mekdebinde okadym. Şonda mekdebiň mugallymy Raýmo Kuokkanen a bizi Gilead mekdebinde okamaga höweslendirdi. Şeýlelikde, biz iňlis dilini öwrenip başladyk. Emma 1980-nji ýylda bizi Finlýandiýanyň Beýtelinde gulluk etmäge çagyrdylar. Şol döwürler beýtelçileri Gilead mekdebine okamaga çagyrmaýardylar. Biz Ýehowa nirä iberse, şol ýerde gulluk etmäge taýyndyk. Şeýlelikde, biz Beýtelde gulluk edip başladyk. Emma biz iňlis dilini hem öwrenýärdik, sebäbi kim bilýär, günlerde bir gün bize-de Gilead mekdebinde okamak miýesser eder.

Birnäçe ýyldan soň Ýolbaşçylyk maslahaty beýtelçileri hem Gilead mekdebine çagyryp başlady. Biz derrew arza ýazdyk. Elbetde, biz Beýtel gullugyny gowy görýärdik. Emma Ýehowa üçin has köpräk zat edesimiz gelýärdi. 1985-nji ýylda Gilead mekdebiniň 79-njy klasynda okadyk we sentýabr aýynda tamamladyk. Soňra doganlar bizi Kolumbiýa bellediler.

MISSIONER GULLUGY

Biz Kolumbiýada Beýtelde gulluk edip başladyk. Men tabşyrylan her bir işi janym-tenim bilen ýerine ýetirjek bolýardym, ýöne bir ýyldan soň nämedir bir zady üýtgetmelidigime düşündim. Men ömrümde birinji we iň soňky gezek doganlardan başga borç bermegi haýyş etdim. Şeýlelikde, bizi Huila welaýatynyň Neiwa şäherine missioner edip bellediler.

Men adamlara wagyz etmegi gowy görýärdim. Pioner wagtym daň atandan gün batýança hoş habary wagyz edýärdim. Maşgala guranymdan soň hem Sirkka bilen uzakly gün wagyz edýärdik. Biz daş ýerlerdäki obalara giderdik, wagt utmak üçin öýümize gitmän, gijesine maşynda ýatardyk. Ertesi güni daň bilen turup wagyz ederdik.

Biz ýene pioner döwrümizdäki ýaly hoş habary yhlasly wagyz edip başladyk. Ýygnagymyz gün-günden ösýärdi. Kolumbiýadaky dogan-uýalar sylaşykly, mähirli we örän minnetdar adamlardy.

DILEGIM HASYL BOLDY

Neiwanyň töweregindäki obalarda ýekeje-de Ýehowanyň Şaýady ýokdy. Men ol ýerlerde hoş habary nädip wagyz edip bolarka diýip aladalanýardym. Şol obalarda eli ýaragly gozgalaňçylar bardy, olar ýat adamy halamaýardy. Şol sebäpli men Ýehowa şeýle doga etdim: «Ýehowa, şol obadan bir adam hakykaty eşitsedi. Ol Neiwa şäherine göçüp gelip, Mukaddes Kitapdan okuw geçsedi. Soňra suwa çümdürilip, ruhy taýdan össedi. Ol ýene-de obasyna dolanyp, hoş habary wagyz edip bilerdi». Görüp otursam, Ýehowa şu meseläni eýýäm çözüp goýupdyr.

Köp wagt geçmänkä, men Fernando Gonzalez bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başladym. Ol ýaş ýigit Neiwa şäherinden 50 kilometr uzakda ýerleşýän Alheris obasynda ýaşaýardy. Fernandonyň obasynda ýekeje-de Ýehowanyň Şaýady ýokdy. Ol Neiwa şäherine gatnap işleýärdi. Fernando sapagyna gowy taýýarlanýardy we ýygnak duşuşyklarynyň hemmesine gatnaşýardy. Ol sapak geçip başlan badyna Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlaryny obadaşlaryna wagyz etdi.

Fernando bilen surata düşdük (1993)

Fernando alty aý geçensoň, ýagny 1990-njy ýylyň ýanwarynda suwa çümdürildi. Soňra ol pioner gullugyna başlady. Alheris obasynda Ýehowanyň Şaýady bolandygy üçin wagyz etmek howpsuzdy. Şol sebäpli filial ol ýere ýörite pionerleri belledi. 1992-nji ýylyň fewralynda şol obada ilkinji ýygnak döredi.

Fernando Olga uýa bilen toý tutýar. Soňra olar San Wisente Del Kaguana göçýärler. Ol ýerde ýekeje-de Ýehowanyň Şaýady ýokdy. Olaryň tagallasy bilen şol obada ýygnak döreýär. 2002-nji ýylda Fernandony etrap gözegçisi edip belleýärler. Şu günlerem ol aýaly bilen gullugyny dowam edýär.

Men Fernando bilen bolan wakadan bir wajyp sapak edindim: wagyz işi babatda Ýehowa jikme-jik doga etmeli. Ýehowa ynsanyň başarmaýan zadyny çöp döwen ýaly edýär. Wagyz işi — Ýehowanyň işi (Mat. 9:38).

ÝEHOWA ISLEG WE GÜÝÇ BERÝÄR

1990-njy ýylda meni Kolumbiýanyň paýtagty Bogota şäherine aýlanýan gözegçi edip bellediler. Biz başda gorkduk, alada etdik, sebäbi biz ýönekeýje adamdyk, ukyp-başarnygymyz ýokdy. Şeýle-de Bogota köp ilatly uly şäherdi. Ýöne men Ýehowanyň Filipililer 2:13-däki: «Hudaý niýetine görä kömek etmek üçin, siziň ýüregiňizde isleg döredip, şony etmäge güýç hem berer» diýen sözleriň dogrudygyna göz ýetirdim.

Soňra meni Medellin şäherine etrap gözegçisi edip bellediler. Ol şäher barada gürrüňimiň başynda hem agzapdym. Ol ýeriň ilaty zorluk-süteme, atyşyga şeýle bir öwrenişipdirler welin, oňa bolaýmaly zat ýaly garaýardylar. Meselem, men bir adama Mukaddes Kitapdan okuw geçip otyrdym welin, birdenkä daşarda atyşygyň sesi eşidildi. Meniň zähräm ýarylara geldi, eýläme-beýläme seredip, gizlenere ýer gözledim. Emma ol adam arkaýyn abzaslary okap otyrdy. Okap bolansoň: «Häzir gelýän» diýdi-de, daşaryk çykyp gitdi. Biraz wagtdan iki oguljygyny alyp öýe geldi: «Bagyşlaň, men çagalary köçeden ýygnaýyn diýdim» diýdi.

Şeýle gorkunç wakalar köp bolýardy. Bir gezek biz öýden-öýe wagyz edip ýördük, şonda aýalym ýanyma ylgap geldi, gorkudan ýaňa ýüzi ak tam ýalydy: «Meni atdylar!» diýdi. Men aňk-taňk boldum. Soňra görüp otursak, ol adam aýalymy däl-de, onuň gapdalyndan geçip barýan başga birini atan eken.

Wagtyň geçmegi bilen köçede bolýan zorluk-süteme öwrenişip gitdik. Ýerli dogan-uýalar has gorkunç ýagdaýlara-da duş gelýärdiler. Emma olaryň batyrlygy bizi örän ruhlandyrdy. Biz: «Eger Ýehowa olara kömek edýän bolsa, bize-de kömek eder» diýen netijä geldik. Şeýle-de biz ýerli ýaşulularyň maslahatyna eýerdik, seresap bolýardyk we galan zady Ýehowa tabşyrýardyk.

Käte gülkünç wakalaram bolýardy. Bir gezek meni myhmançylyga çagyrdylar. Birdenkä daşardan iki aýalyň dawalaşýan sesi eşidilip başlady. Olar biri-biriniň üstüne gygyryp kemsidýärdiler. Men olaryň dawasyna üns hem bermedim welin, öýüň eýesi meni daşary çagyrdy. Görüp otursam, dawalaşýan iki aýal däl-de, iki sany totuguş ekeni. Totuguşlar goňşy aýallaryň agzyna öýkünýän ekeni.

HORMATLY BORÇLARYM WE GOÝBEREN ÝALŇYŞLARYM

1997-nji ýylda meni Gullugy kämilleşdiriş mekdebiniň b mugallymy edip bellediler. Men guramanyň mekdeplerinde okamagy gowy görýärdim. Emma mekdepde mugallym bolaryn diýip, ýatsam-tursam kelläme gelmeýärdi.

Soňra men welaýat gözegçisi bolup gulluk etdim. Gullugyň şu görnüşi ýatyrylansoň, men ýene-de etrap gözegçisi bolup gulluk etdim. Men 30 ýylyň dowamynda guramanyň mekdeplerinde mugallym boldum we etrap gözegçisi bolup gulluk etdim. Şonda ençeme bereketleri aldym, emma hemme zat gülala-güllük däldi, käbir kynçylyklar hem bolýardy. Geliň, olar hakda gürrüň bereýin.

Men dogumly adamdym, kynçylygyň öňünden aňsat-aňsat ejizlemeýärdim. Emma käte öte talapkär bolýardym. Bir güni men dogana mähirli we sylaşykly bolmagyň wajypdygyny janygyp düşündirdim. Emma gülkünç ýeri, şol pursat meniň özüm mähirli we sylaşykly bolmalydym (Rim. 7:21—23).

Men goýberýän ýalňyşlarym sebäpli käte hemme zatdan elim sowaýardy (Rim. 7:24). Bir gün men Ýehowa doga edip: «Men gowusy missioner gullugymy goýup Finlýandiýa dolanaýyn» diýdim. Emma şol güni ýygnak duşuşygynda aýdylan pikirler örän ruhlandyrdy. Ýehowa göýä: «Oglum, sen bärde gulluk et, ýan berme! Öz üstüňde işle» diýen ýaly boldy. Men Ýehowanyň dogama anyk jogap berendigine haýran galdym. Şeýlelikde, eziz Atam maňa öz üstümde işlemäge we ýalňyşlarymy düzetmäge mähir bilen kömek etdi.

GELEJEGE YNAMLY GARAÝARYN

Aýalym ikimiz bütin ömrümize diýen ýaly Ýehowa uzak wagtly gulluk etdik. Men Ýehowa hormatly borçlary ynanandygy üçin we wepaly ýaryma duşurandygy üçin örän minnetdar. Mähriban aýalym şunça ýyllaryň dowamynda meni goldady.

Tizden men 70 ýaşaýan. Indi men guramanyň mekdeplerinde mugallym we etrap gözegçisi bolup gulluk etmerin. Emma men ruhdan düşmeýärin, sebäbi Ýehowany razy etmek üçin haýsydyr bir borjy ýerine ýetirmek wajyp däl. Iň esasy zat, pespäl bolmaly, Ýehowany ýürekden söýmeli, alkyş aýtmaly we hemişe oňa minnetdar bolup ýaşamaly (Mik. 6:8; Mark. 12:32—34).

Yzyma ser salanymda, Ýehowanyň maňa ynanan jogapkärli borçlaryna haýran galýaryn. Hak Hudaý maňa şol borçlary başgalardan has zehinli, ukyp-başarnykly bolandygym üçin däl-de, ýagşylyga baýdygy üçin ynandy. Meniň ejizliklerim bolsa-da, Ýehowa maňa güýç-kuwwat berdi, gullugymy ýerine ýetirmäge kömek etdi. Hawa, meniň ejizliklerim arkaly Hudaýyň güýji has gowy göründi (2 Kor. 12:9).

a Raýmo Kuokkanen doganyň «Ýehowa janym-tenim bilen gulluk etdim» diýen terjimehalyny «Garawul diňi» žurnalyndan okap bilersiňiz (w06-U 1/4)

b Indi bu mekdebe «Hoş habarçylar mekdebi» diýilýär.