Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

17-NJI MAKALA

111-NJI AÝDYM Şatlanyň!

Ruhy jenneti taşlap gitmäliň!

Ruhy jenneti taşlap gitmäliň!

«Ýaratjak zatlarymy görüp, ebedilik şatlanyň» ​(Işa. 65:18).

ESASY PIKIR

Biz ruhy jennetde bol bereketleri alýarys. Akýürekli adamlary ol ýerde ýaşamaga çagyrýarys.

1. Ruhy jennet näme we biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

 ŞU GÜNLER ýer ýüzünde Erem bagy ýaly ajaýyp, owadan ýer bar. Ol ýerde millionlarça hudaýhon adamlar agzybir ýaşaýarlar. Olar şeýle bir bagtly welin, ol ýerden gitmezligi ýüreklerine berk düwdüler. Olar beýleki adamlary hem şol ýerde ýaşamaga çagyrýarlar. Ol ýer ruhy jennetdir! a

2. Şu günler ruhy jennetiň bolmagyna näme üçin gudrat diýse bolar?

2 Şeýtanyň golastyndaky dünýäde zorluk-sütem, ýigrenç höküm sürýär (1 Ýah. 5:19; Ylh. 12:12). Ýehowa adamlaryň gaýgy-alada batyp, jebir-jepa çekýändigini görýär; olaryň bagtly ýaşamaklary üçin asuda we parahat ýeri, ýagny ruhy jenneti döretdi. Muňa gudrat diýse bolar! Mukaddes Kitapda ruhy jennetiň «gaçybatalga» boljakdygy we «suwa ganan bag-bakja kimin» gülläp ösjekdigi hakda pygamberlik edildi (Işa. 4:6; 58:11). Biz soňky günlerde juda kyn döwürde ýaşasak-da, hiç zatdan gorkmaýarys, sebäbi biz Ýehowanyň ruhy jennetinde ýaşaýarys (Işa. 54:14; 2 Tim. 3:1).

3. Işaýa 65-nji bapdaky pygamberlik birinji sapar haçan ýerine ýetdi?

3 Ýehowa ruhy jennetde nähili bereket aljakdygymyz barada Işaýa pygambere ýazdyrdy. Bu barada Işaýa 65-nji bapda ýazylan. Şu pygamberlik birinji sapar b. e. öň 537-nji ýylda ýerine ýetdi. Şol döwür toba eden ýehudylar Wawilon ýesirliginden azat bolup watanyna dolandylar. Olar haraba bolup ýatan Iýerusalim şäherini we ybadathanany dikeltdiler. Şeýlelikde, ol ýer arassa seždäniň merkezi boldy (Işa. 51:11; Zek. 8:3).

4. Işaýa 65-nji bapdaky pygamberlik ikinji sapar haçan ýerine ýetdi?

4 Işaýanyň pygamberligi ikinji sapar b. e. 1919-njy ýylynda ýerine ýetdi. Şol döwür Ýehowanyň halky Beýik Wawilonyň ýesirliginden azat boldy. Şondan soňra ruhy jennet kem-kemden giňedi. Hudaýa wepaly wagyzçylar köp ýygnaklary döretdiler we ruhy jennetiň pajarlap miwe bermegine goşant goşdular. Öň ahlaksyz, zalym, zorluk-sütem edip ýaşan adamlar indi «Hudaýyň islegine görä ýaradylan... täze häsiýetleri geýdiler» (Efes. 4:24). Gelejekde Işaýanyň pygamberligi uly möçberde ýerine ýeter. Emma şu günler hem biz ruhy jennetde bol bereketleri alýarys. Geliň, olaryň käbirine seredeliň we ruhy jenneti taşlap gitmez ýaly näme etmelidigini bileliň.

RUHY JENNETDE ÝAŞAÝANLARYŇ ALÝAN BEREKEDI

5. Işaýa 65:13-e görä Ýehowa ruhy jennetde ýaşaýan adamlara nähili bereket berýär?

5 Doýup ganýarlar. Işaýa pygamber ruhy jennetde ýaşaýan we ýaşamaýan adamlaryň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawudyň bardygyny aýtdy (Işaýa 65:13-i okaň). Ýehowa özüne sežde edýän adamlara bolluk bilen ruhy iýmiti berýär, mukaddes ruhy bilen goldaýar, Sözi we edebiýatlar arkaly hakykatyny açýar. Işaýa pygamberiň aýdyşy ýaly, biz «iýip doýýarys... içýäris... şatlanýarys» (Ylham 22:17-ni deňeşdiriň). Emma ruhy jennetde ýaşamaýan adamlar «aç galýar... suwsaýar... masgara bolýar», sebäbi olar hak Allany tanamaýar (Amos 8:11).

6. Ýowel 2:21—24-nji aýatlarda nähili pygamberlik ýazylan we onuň bize nähili peýdasy bar?

6 Ýowel pygamber Ýehowanyň ruhy jennetde ýaşaýan adamlara ruhy iýmiti jomartlyk bilen berjegini aýdyp şeýle diýdi: «Harmanlar galladan dolar. Çelekler täze şerapdan, ýagdan püre-pür bolar» (Ýow. 2:21—24). Şu pygamberlik gözümiziň alnynda ýerine ýetýär. Ýehowa Mukaddes Kitap, edebiýatlar, jw.org saýty, ýygnaklar, etrap we welaýat kongresleri arkaly bolluk bilen ruhy iýmiti berýär. Şeýlelikde, biz hak Hudaý bilen ýakyndan dostlaşýarys we imanymyz gün-günden berkeýär.

7. Ruhy jennetde ýaşaýan adamlar näme üçin «ýürekden şatlanýar»? (Işaýa 65:14).

7 Bagtly ýaşaýarlar. Ruhy jennetde ýaşaýan adamlar hak Allany wasp edýärler we «joşup aýdym aýdýarlar», sebäbi olaryň ýüregi Ýehowa minnetdarlykdan doly (Işaýa 65:14-i okaň). Ýehowa olara Mukaddes Kitap arkaly hakykatyny açýar, ajaýyp wadalary berýär, Isa pygaberiň töleg gurbany arkaly ýagty gelejege umyt berýär. Şol sebäpli olar «ýürekden şatlanýarlar», biri-birini ruhlandyrýarlar we özüni bagtly duýýarlar (Zeb. 34:8; 133:1—3).

8. Ruhy jennetde ýaşaýan adamlar haýsy iki häsiýeti bilen tanalýar?

8 Ruhy jennetde ýaşaýan adamlar biri-birini söýýär we agzybir ýaşaýar. Täze dünýäde bolsa bütin ýer ýüzünde hakyky söýgi we agzybirlik höküm sürer (Kol. 3:14). Kristina uýa Ýehowanyň Şaýatlaryna birinji sapar duşanda özünde galdyran täsir hakda şeýle diýdi: «Men Ýehowanyň Şaýatlary ýaly bagtly, şadyýan we biri-birini söýýän adamlary hiç ýerde görmändim. Hatda maşgalamda-da şeýle söýgi ýok. Olar biri-birini kiçi dilden bärde däl-de, ýürekden söýýär». Hawa, ruhy jennete gelen her bir adam söýgi bilen garşy alynýar. Emma bu dünýäniň adamlary siz barada erbet zatlary aýtsalar-da, ruhdan düşmäň, esasy zat, Ýehowanyň öňünde we dogan-uýalaryň arasynda ýagşy adyňyz bar (Işa. 65:15).

9. Işaýa 65:16, 17-nji aýatlarda Hudaýyň halkynyň çekýän derdi barada nähili pygamberlik edilen?

9 Rahat duýýarlar. Işaýa 65:14-de ruhy jennetde ýaşamaýan adamlaryň «ýürek derdinden ýaňa aglajakdygy, ruhdan düşüp perýat etjekdigi» ýazylan. Emma ruhy jennetde ýaşaýan adamlar hem gaýgy-hasrat çekýär, kösenýär, ýöne tizden olaryň ähli «gaýgy-aladasy unudylar, (Hudaýyň) gözüniň öňünden ýok bolar» (Işaýa 65:16, 17-nji aýatlary okaň). Hawa, Ýehowa kynçylyklary aýransoň, ýuwaş-ýuwaşdan ýürek ýaralarymyz biter, erbet ýatlamalar aňymyzdan ýiter.

10. Siz näme üçin Hudaýyň halkynyň agzasy bolmagy uly hormat hasaplaýarsyňyz? (Surata serediň).

10 Biz Şeýtanyň dünýäsinde ýaşaýandygymyz üçin her gün dürli kynçylyklar bilen göreşmeli bolýarys. Emma ýygnaklara gelenimizde ähli gaýgy-aladamyzy unudýarys, özümizi rahat duýýarys. Sebäbi ol ýerdäki dogan-uýalar ruhuň miwesini, ýagny söýgi, şatlyk, parahatlyk, mähribanlyk, ýumşaklyk ýaly häsiýetleri görkezýär (Gal. 5:22, 23). Hudaýyň halkynyň agzasy bolmak uly hormat! Tizden ruhy jennetde ýaşaýan adamlar Ýehowanyň «men täze gökleri, täze ýeri ýaradýaryn» diýen sözleriniň doly ýerine ýetişini görer.

Hudaýyň halkynyň agzasy bolmak uly hormat! (10-njy abzasa serediň) c.


11. Işaýa 65:18, 19-njy aýatlara görä, ruhy jennetde ýaşaýan adamlar ýene haýsy sebäbe görä şatlanýarlar?

11 Minnetdar bolýarlar. Işaýa pygamber ruhy jenneti Ýehowanyň döredendigini aýdýar. Biz muňa örän «şatlanýarys» (Işaýa 65:18, 19-njy aýatlary okaň). Ýehowa şu günler ruhy taýdan teşne adamlara gynanýar, olary bag-bakjaly we bol suwly ruhy jennete çagyrýar. Allatagala şu ýumşy halkyna tabşyrdy. Eger biz Hudaý baradaky bilimiň berýän bereketleri hakda oýlansak, ýüregimiz minnetdarlykdan dolar we akýürekli adamlary ruhy jennete höwes bilen çagyrarys (Ýer. 31:12).

12. Işaýa 65:20—24-nji aýatlarda ýazylan pygamberlikleri okanyňyzda özüňizi nähili duýýarsyňyz we näme üçin?

12 Gelejekde aljak umydymyz hakda oýlananymyzda begenýäris we ýüregimiz minnetdarlykdan dolýar. Geliň, täze dünýäde aljak bereketlerimiz hakda oýlanyp göreliň. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Doglanyna birki gün bolan bäbekler ölmez, garrylar hem biwagt aradan çykmaz». Hawa, biz «jaý gurup, onda ýaşarys, üzüm baglaryny ekip, miwesini iýeris». Biz «biderek ýere zähmet çekmeris». Bize «Ýehowanyň ýalkany» diýerler. Ýehowa biziň asuda, parahat, bagtly ýaşamagymyzy isleýär. Ol adamlar «heniz çagyrmankalar jogap berjekdigini» we «her bir adamy... näz-nygmatdan doýurjakdygyny» söz berýär (Işa. 65:20—24; Zeb. 145:16).

13. Işaýa 65:25-e görä, hak Hudaýy tanaýan adamyň durmuşy nädip üýtgeýär?

13 Asuda ýaşaýarlar. Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen zalym, gödek, ýalançy adamlar durmuşyny düýpgöter üýtgetdi (Işaýa 65:25-i okaň). Indi olar ýamanlykda däl-de, ýagşylykda tanalýar (Rim. 12:2; Efes. 4:22—24). Elbetde, olar hem bikämil, käte ýalňyşýar. Emma olar ähli adamlary söýýär we parahat ýaşaýar (Tit. 2:​11) Şeýle gudraty diňe hak Alla edip biler.

14. Işaýa 65:25-däki pygamberlik bir doganyň durmuşynda nädip ýerine ýetýär? Mysal getiriň.

14 Adam ganyna siňen erbet häsiýetlerini üýtgedip bilermi? Geliň, bir ýaş ýigit hakda gürrüň edeliň. Ol maşyn ogurlaýardy, öý ýarýardy, başga-da agyr jenaýat işlerini edýärdi we 20 ýaşyna çenli ençeme sapar türmede oturyp çykdy. Şeýle-de ol ahlaksyz, zalym, gödek we ganygyzma adamdy. Emma ol Mukaddes Kitabyň hakykatyny bilende durmuşyny düýpgöter üýtgedýär. Ol Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýygnak jaýyna baranda ruhy jennete düşýär. Indi durmuşyň manysyna düşünýär we suwa çümdürilip Ýehowanyň Şaýady bolýar. Ol Işaýa 65:25-däki sözleriň öz durmuşynda ýerine ýetendigine göz ýetirýär. Hawa, öň möjek ýaly zalym adam, indi guzy ýaly mähirli, mylakatly boldy.

15. Biz näme üçin adamlary ruhy jennete çagyrýarys we muny nädip edip bileris?

15 Işaýa 65:13-nji aýat şeýle sözler bilen başlanýar: «Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär»; 25-nji aýat bolsa: «Muny Ýehowa aýdýar» diýen sözler bilen tamamlanýar. Hawa, Ýehowanyň aýdan sözi hemişe ýerine ýetýär (Işa. 55:10, 11). Biz Şeýtanyň zalym dünýäsinde ýaşasak-da, özümizi howpsuz duýýarys, sebäbi ruhy jennetde dogan-uýalar bilen Ýehowa agzybirlikde sežde edýäris. (Zeb. 72:7). Biz akýürekli adamlary hem ruhy jennete çagyrýarys we Hudaýyň halkyna goşulmagyny isleýäris. Geliň, şägirt taýýarlamak işine has-da yhlasly gatnaşalyň (Mat. 28:19, 20).

RUHY JENNETIŇ GÖRKÜNE GÖRK GOŞALYŇ

16. Akýürekli adamlar näme üçin Hudaýyň halkyna goşulýar?

16 Ýehowa bize adamlary ruhy jennete çagyrmagy tabşyrdy. Ýehowa adamlary mejburlyk bilen sežde etdirmeýär, gaýtam mähir bilen özüne «çekýär». Biz Ýehowanyň göreldesine eýermeli (Ýah. 6:44, çykgyt; Ýer. 31:3). Akýürekli adamlar Ýehowanyň söýgüden doly, aladaçyl we mähirli Hudaýdygyny bilende, höwes bilen halkyna goşulýar. Biz adamlaryň ruhy jennete gelmegi üçin näme etmeli?

17. Biz adamlaryň ruhy jennete gelmegi üçin näme etmeli?

17 Biz biri-birimizi söýsek we mähirli bolsak, ruhy jenetiň görküne görk goşarys. I asyrda Korinf şäherinde geçirilýän ýygnaga ilkinji sapar gelen adamlaryň käbiri mesihçileriň arasyndaky söýgini görüp: «Dogrudan-da, Alla siziň bilen eken» diýdiler. Şu günlerem ilkinji sapar ýygnaga gelen adamlar biziň ýürekden çykýan söýgimizi duýsunlar (1 Kor. 14:24, 25; Zek. 8:23). Geliň, «biri-biriňiz bilen parahat ýaşaň» diýen maslahata her gün eýermeli (1 Sel. 5:13).

18. Ruhy jenneti näme bezeýär?

18 Biz dogan-uýalaryň bikämillik sebäpli goýberýän ýalňyşyna däl-de, ýagşy häsiýetlerine üns bermeli. Sebäbi tizden bikämillik zym-zyýat bolar, dogan-uýalaryň ýagşy häsiýetleri ebedi galar. Aramyzda düşünişmezlik dörese «bir-birimize mähirli bolmaly we rehim-şepagat etmeli... biri-birimizi ýürekden bagyşlamaly» (Efes. 4:32). Şonda ruhy jennet gülläp öser, göze has-da ýakymly bolar, köp adamlar geler b.

RUHY JENNETDEN DAŞLAŞMAŇ

19. a) Ruhy jennete dolanan adamlar näme diýdi? (« Yzyna dolandylar» diýen çarçuwa serediň). b) Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli? (Surata serediň).

19 Biz ruhy jennetde ýaşaýandygymyza örän begenýäris. Ruhy jennet gün-günden owadanlaşýar we ol ýerde Ýehowa alkyş aýdýan adamlar barha köpelýär. Geliň, Ýehowanyň döreden ruhy jennetiniň gadyryny bileliň. Eger adam bagtly, parahat, asuda ýaşamak we doýup-ganmak islese, ruhy jennete girmeli, ony hiç haçan terk etmeli däl. Unutmaň, Şeýtan bizi ruhy jennetden çykarmak üçin her dürli usullary ulanýar (1 Pet. 5:8; Ylh. 12:9). Geliň, Şeýtanyň duzagyna düşmäliň! Owadan, arassa, parahat ruhy jenneti goramak üçin elimizde baryny edeliň.

Ruhy jennetde ýaşaýan adamlar gelejekde ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşarlar (19-njy abzasa serediň).


SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Ruhy jennet näme?

  • Ruhy jennetde ýaşaýan adamlar nähili bereket alýar?

  • Biz ruhy jennetiň görküne nädip görk goşup bileris?

144-NJI AÝDYM Baýragy ýatda sakla!

a DÜŞÜNDIRILIŞ: «ruhy jennet» Ýehowa arassa sežde edilýän islendik ýeri aňladýar. Ruhy jennetde biz Ýehowa Hudaý we dogan-uýalar bilen ýakyndan dostlaşýarys.

b Ruhy jennetde ýaşaýan uýanyň alýan bereketleri hakda bilmek üçin jw.org saýtyna girip «Häzir olaryň durmuşy nähili? Alena Žitnikowa: Arzuwym ýerine ýetdi» diýen wideony görüp bilersiňiz.

c SURATYŇ BEÝANY: dogan-uýalar ýygnakda gürrüňdeş bolýarlar. Bir dogan hiç kime goşulman, ýeke özi otyr.