14-NJI MAKALA
56-NJY AÝDYM Hakykata ýürekden ýapyş
«Ruhy taýdan ösmäge jan edeliň»
«Geliň... ruhy taýdan ösmäge jan edeliň» (Ýew. 6:1).
ESASY PIKIR
Ruhy taýdan ösen mesihçi Ýehowany begendirýän zatlar hakda oýlanýar, paýhasly karara gelýär we Hudaýy razy edýär.
1. Ýehowa bizden nämä garaşýar?
ÇAGA dünýä inende ene-ata örän begenýär. Olar balajygyny bagryna basyp, mährini siňdirýär. Emma çaga kadaly ösmese, olar gaty gynanýar. Edil şonuň ýaly, Ýehowa-da akýürekli adamyň hakykat ýolunda ilkinji ädimleri ädýändigini we Isa pygamberiň göreldesine eýerýändigini görende örän begenýär. Emma adam ruhy taýdan ösüş etmese, Ýehowa gynanýar (1 Kor. 3:1). Ol biziň ruhy taýdan ösüp, «uly adam» bolmagymyzy isleýär (1 Kor. 14:20).
2. Makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?
2 Ruhy taýdan ösen adam nähili bolýar? Ruhy taýdan ösmek üçin näme etmeli? «Agyr nahar» ruhy taýdan ösmäge nädip kömek edýär? Biz näme üçin tekepbir bolmaly däl? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris.
RUHY TAÝDAN ÖSEN ADAM NÄHILI BOLÝAR?
3. Mukaddes Kitapda ulanylýan «uly adam» diýen jümle nämäni aňladýar?
3 Mukaddes Kitapda «uly adam» diýen grek jümlesi «kemala gelen, kämil, ýazyksyz» diýmegi aňladýar a (1 Kor. 2:6). Çaganyň kem-kemden ösüp kemala gelşi ýaly, mesihçi hem ruhy taýdan ösüp «uly adam» bolýar. Mesihçi ruhy taýdan ösmegini hiç haçan bes etmeli däl (1 Tim. 4:15). Hatda ýaşlaram ruhy taýdan ösüp, «uly adam» bolup bilýär. Mesihçiniň ruhy taýdan ösendigini nädip bilse bolýar?
4. Ruhy taýdan ösen mesihçini suratlandyryň.
4 Ruhy taýdan ösen mesihçi Ýehowanyň tabşyryklarynyň ählisini ýürekden ýerine ýetirýär. Ol gulagyna hoş ýakýan kada-kanunlara eýerip, başgalara eýermän oturmaýar. Elbetde, ruhy taýdan ösen mesihçi bikämil, käte ýalňyşlyk goýberýär. Emma ol her gün Ýehowany begendirýän zatlar hakda oýlanýar we Ony razy etmek üçin tagalla edýär. Ol täze häsiýetleri öwrenýär, Ýehowanyň pikirine düşünýär (Efes. 4:22—24). Oňa karara gelmek üçin düzgünleriň sanawy gerek däl, sebäbi ol Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna we prinsiplerine düşünýär. Ruhy taýdan ösen mesihçi gelen kararyna görä ýaşamak üçin elinde baryny edýär (1 Kor. 9:26, 27).
5. Ruhy taýdan ösüş etmeýän mesihçini suratlandyryň (Efesliler 4:14, 15).
5 Ruhy taýdan ösüş etmeýän mesihçi «adamlaryň hilesine we her dürli mekirligine aldanýar». Ol habar beriş serişdelerinde imandan dänenleriň aýdýan zatlaryna güpbe ynanýar b (Efesliler 4:14, 15-nji aýatlary okaň). Ol adamlara göriplik edýär, dawalaşýar, öýkeleýär we synaga düşende derrew ýykylýar (1 Kor. 3:3).
6. Adamyň ruhy ösüşi bilen çaganyň ösüşiniň arasynda nähili meňzeşlik bar? (Surata serediň).
6 Mukaddes Kitapda adamyň ruhy taýdan ösüşi çaganyň ösüşine meňzedilýär. Çaganyň agy-garany saýgarmaýandygy üçin ene-atasy oňa göz-gulak bolup, bela-beterden goramaly bolýar. Aýdaly, ejesi gyzjagazyny uly ýoldan geçirmeli bolýar. Şonda ol gyzynyň eljagazyndan tutup, nädip geçmelidigini görkezýär. Gyzjagaz agy-garany saýgaryp başlanda, ejesi onuň özüne ýoldan geçmäge rugsat edýär. Ýöne öýden çykmanka, ýoldan geçende iki tarapyna seretmelidigini ýatladýar. Gyzy ulalyp kemala gelensoň, oňa ýatlatmak gerek bolmaýar, sebäbi ol öz başyny özi çarap bilýär. Edil şonuň ýaly, ruhy taýdan ösmedik mesihçä imany berk dogan-uýalar kömek etmeli bolýar. Ony hemişe imanyny gowşadýan howp-hatarlardan goramaly bolýar we dogry kararlara gelmäge kömek etmeli bolýar. Emma ruhy taýdan ösen mesihçi Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryny, prinsiplerini öwrenip, Ýehowanyň pikirine düşünýär we oňa ýaraýan karara gelýär.
7. Ruhy taýdan ösen mesihçilere maslahat gerek bolýarmy?
7 Ruhy taýdan ösen mesihçi kömege we maslahata mätäç dälmi? Elbetde, olar hem wagtal-wagtal maslahat soraýar. Emma ruhy taýdan ösüş etmeýän adam özi karara gelmegiň deregine: «Siz meniň ýerime bolsaňyz näme edersiňiz?» diýip, dogan-uýalardan soraýar. Ruhy taýdan ösen mesihçi paýhasly we imany berk dogan-uýalar bilen maslahatlaşýar. Şol bir wagtda «öz jogapkärçiligini özi çekmelidigine» düşünýär we özi karara gelýär (Gal. 6:5).
8. Ruhy taýdan ösen mesihçiler haýsy ýagdaýlarda biri-birinden tapawutlanyp biler?
8 Adamlaryň daş keşbiniň biri-birine meňzemeýşi ýaly, ruhy taýdan ösen mesihçileriň hem häsiýetleri tapawutlanýar. Olaryň biri paýhasly, batyrgaý bolsa, beýlekisi jomart we duýgudaş bolýar. Käte iki sany ruhy taýdan ösen mesihçi bir meselede Mukaddes Kitaba esaslanyp, ynsabyna görä dürli kararlara gelip bilýär. Şonda olar biri-birini ýazgarmagyň deregine, biri-birine hormat goýýar. Şeýlelikde, olar ýygnakda agzybirligiň bolmagyna uly goşant goşýar (Rim. 14:10; 1 Kor. 1:10).
RUHY TAÝDAN ÖSMEK ÜÇIN NÄME ETMELI?
9. Mesihçi tagalla etmese ruhy taýdan ösermi? Düşündiriň.
9 Çaga gün-günden ösýär we ulalýar. Emma mesihçi tagalla etmese, aýlar-ýyllar geçse-de ruhy taýdan ösmez. Meselem, Korinf şäherindäki adamlar hoş habary kabul etdiler, suwa çümdürildiler we Hudaýyň mukaddes ruhuny aldylar. Pawlus resulyň hut özi olara tälim berdi (Res. 18:8—11). Olaryň suwa çümdürilenine birnäçe ýyl geçdi. Şonda Pawlus olara: «Entegem ulalmadyňyz» diýdi (1 Kor. 3:2). Biziň bilen şeýle ýagdaý bolmaz ýaly näme etmeli?
10. Ruhy taýdan ösmek üçin näme etmeli? (Ýahuda 20).
10 Mesihçi ruhy taýdan ösmegi ýüregine berk düwmeli. Emma «tejribesizler» bilim almak we ruhy taýdan ösmek islemeýärler (Nak. 1:22). Göz öňüne getiriň, adam ulalandan soň hem jogapkärçilikden gaçyp, ene-atasyndan özüne derek karara gelmegi haýyş edýär. Biz şeýle adama meňzemek islemeýäris, gaýtam öz jogapkärçiligimizi özümiz çekip, ruhy taýdan ösmek isleýäris (Ýahuda 20-ni okaň). Eger siz berk imanly mesihçi bolup, ruhy taýdan ösmek isleýän bolsaňyz, Ýehowa doga ediň. Ol «siziň ýüregiňizde isleg döredip, şony etmäge güýç hem berer» (Flp. 2:13).
11. Ýehowa bize ruhy taýdan ösmäge nädip kömek edýär? (Efesliler 4:11—13).
11 Ýehowa bize ruhy taýdan ösmäge kömek edýär. Ol ýygnak ýaşulularyny «çopanlar we mugallymlar edip berdi». Olar «bize ähli zatda Mesihe meňzäp, uly adam bolmaga» kömek edýär (Efesliler 4:11—13-nji aýatlary okaň). Şeýle-de Ýehowa mukaddes ruhy arkaly bize Isa Mesih ýaly pikir etmegi öwredýär (1 Kor. 2:14—16). Ýehowa Injiliň dört Hoş habarynda Isa pygamberiň öwüt-ündewi we eden işleri hakda ýazdyrdy. Biz olary okasak, Halypamyz ýaly pikirleneris, onuň göreldesine eýereris we ruhy taýdan ösen mesihçi bolarys.
«AGYR NAHAR» RUHY TAÝDAN ÖSMÄGE KÖMEK EDÝÄR
12. «Mesih hakdaky esasy taglymatlara» nämeler degişli?
12 Biz ruhy taýdan ösmek üçin «Mesih hakdaky esasy taglymatlary öwrenmeli». Muňa günäli işlere toba etmek, Hudaýa iman etmek, suwa çümdürilmek we direliş hakdaky hakykatlar degişli (Ýew. 6:1, 2). Şol hakykatlar mesihçileriň imanynyň özeni bolup durýar. Petrus resul Pentikost baýramynda şu zatlar hakda adamlara wagyz etdi (Res. 2:32—35, 38). Biz Isa Mesihiň şägirdi bolmak üçin esasy taglymatlara iman etmeli. Pawlus resul direliş hakyndaky taglymata iman etmeýän adamyň Isa Mesihiň şägirdi bolup bilmejekdigini açyk aýtdy (1 Kor. 15:12—14). Emma ruhy taýdan ösmek üçin esasy taglymatlary bilmek ýeterlik däl.
13. «Agyr nahary» siňdirmek üçin näme etmeli? (Ýewreýler 5:14; surata serediň).
13 Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryny bilýän adam Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýar. Emma «agyr nahar» iýýän adam Mukaddes Kitabyň prinsipleri boýunça ýaşaýar we Ýehowanyň pikirini düşünýär. Biz «agyr nahary» siňdirmek üçin Hudaýyň Sözüni okamaly, oýlanmaly we öwrenen zatlarymyzy durmuşda ulanmaly. Şonda biz hemişe Ýehowany begendirýän kararlara geleris c (Ýewreýler 5:14-i okaň).
14. Pawlus resul korinfli mesihçilere ruhy taýdan ösmäge nädip kömek etdi?
14 Ruhy taýdan ösüş etmedik mesihçi Mukaddes Kitabyň prinsipleri boýunça karara gelip bilmeýär. Käbirleri Mukaddes Kitapda anyk kada-kanun bolmasa, islän zadyny etmäge haky bardyr öýdýär, käbirleri bolsa anyk düzgün talap edýär. Meselem, Korinf şäherindäki mesihçiler Pawlus resuldan butlara berlen sadakalaryň etini iýmek babatda anyk görkezme soran bolmaly. Şonda Pawlus belli bir zat diýmegiň deregine, Mukaddes Kitabyň prinsiplerini düşündirdi we öz ynsabyna görä karara gelip bilýändiklerini aýtdy. Şeýle-de imandaşlaryny büdretmezligi hem ündedi (1 Kor. 8:4, 7—9). Şeýlelikde, Pawlus Korinfdäki mesihçilere ruhy taýdan ösmäge kömek etdi we çuňňur oýlanyp, paýhasly karara gelmegiň wajypdygyny düşündirdi.
15. Pawlus resul ýehudy mesihçilerine ruhy taýdan ösmäge nädip kömek etdi?
15 Biz Pawlusyň Ýewreýlere ýazan hatyndan köp zatlary öwrenip bilýäris. Ýehudy mesihçileriň käbiri ruhy taýdan ösmeýärdi. Olara «agyr nahar däl-de, süýt bermelidi» (Ýew. 5:12). Ýehowa mesihçiler ýygnagy arkaly hakykaty ýuwaş-ýuwaşdan açýardy. Emma olar şol hakykatlary kabul etmeýärdi (Nak. 4:18). Meselem, olaryň käbiri Ýehowany razy etmek üçin Musanyň kanuny boýunça ýaşamaly diýip pikir edýärdi. Aslynda, şondan 30 ýyl öň Isa pygamber janyny gurban edip, Musanyň kanunyny ýatyrypdy. Elbetde, 30 ýylyň dowamynda ýehudy mesihçiler pikirini we garaýşyny üýtgedip bilerdi (Rim. 10:4; Tit. 1:10). Emma olar hiç hili özgerişlik etmek islemedi. Şol sebäpli Pawlus olara «agyr nahar» iýmegi maslahat berdi. Pawlus hatynda Isa pygamber arkaly Ýehowa sežde etmegiň Musanyň kanunyna eýermekden has wajypdygyny düşündirdi we ildeşleriniň garşylyklaryna garamazdan, batyrgaýlyk bilen wagyz etmegi tabşyrdy (Ýew. 10:19—23).
TEKEPBIR BOLMAŇ
16. Mesihçi ruhy taýdan ösdüm diýip gol gowşuryp oturmalymy?
16 Mesihçi ruhy taýdan ösdüm diýip, gol gowşuryp oturmaly däl, ol hemişe imanyny berkidip durmaly. Ol tekepbirligiň duzagyna düşmeli däl (1 Kor. 10:12). Munuň üçin ol her gün: «Men ruhy taýdan ösýärinmi?» diýip, özüni barlap durmaly (2 Kor. 13:5).
17. Pawlus kolosly mesihçilere imanyňy berkitmegiň wajypdygyny nädip düşündirdi?
17 Pawlus Kolosdaky mesihçilere-de imanyny her gün berkidip durmagy maslahat berdi. Elbetde, Kolosdaky dogan-uýalar ruhy taýdan ösen mesihçidi. Emma Pawlus olara dünýäniň düşünjeleriniň, akyldarlygynyň ýesiri bolmaz ýaly seresap bolmagy maslahat berdi (Kol. 2:6—10). Epafras Kolosdaky dogan-uýalary gowy tanaýardy we imanda berk durmaklary üçin «hemişe yhlasly doga edýärdi» (Kol. 4:12). Diýmek, Pawlusam, Epafrasam mesihçiniň imany gowşamaz ýaly tagalla etmelidigine we Hudaýyň goldawyna bil baglamalydygyna düşünýärdi. Olar Kolosdaky mesihçilere kynçylyklara döz gelip, mundan beýläk hem ruhy taýdan ösmegi we imanyny berkitmegi ündedi.
18. Ruhy taýdan ösen mesihçi nämeden seresap bolmaly? (Surata serediň).
18 Pawlus ýewreýlere ýazan hatyndan ruhy taýdan ösen mesihçiniň hem imany gowşap, Ýehowanyň ýagşylygyndan ebedilik mahrum bolup biljekdigini aýtdy. Şeýle adamyň ýüregi gataýar, toba etmeýär we Ýehowadan ötünç soramaýar. Emma ýewreý mesihçileriň ýagdaýy imandan dänenleriňkiden has gowudy (Ýew. 6:4—9). Şu günler hem ýygnak duşuşyklaryna barmagyny bes eden we ýygnak gatnaşygyndan kesilen adamlar bar. Eger olar ýürekden toba etseler, Ýehowanyň ýagşylygyndan mahrum bolan adamlaryň arasynda bolmazlar. Olar Ýehowa dolanyp, onuň kömegini kabul etmeli (Hyz. 34:15, 16). Ýaşulular imany berk dogan-uýadan olara ruhy taýdan ösmäge kömek etmegi haýyş edip bilerler.
19. Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?
19 Siz ruhy taýdan ösmek üçin jan etseňiz, maksadyňyza ýetersiňiz. Munuň üçin «agyr nahary» iýiň we Ýehowanyň pikirine düşünmek üçin jan ediň. Eger siz ruhy taýdan ösen bolsaňyz, imanyňyz gowşamaz ýaly eliňizde baryny ediň.
SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?
-
Ruhy taýdan ösen adam nähili bolýar?
-
Ruhy taýdan ösmek üçin näme etmeli?
-
Biz näme üçin tekepbirligiň duzagyndan ägä bolmaly?
65-NJI AÝDYM Öňe git!
a Töwratda «ruhy taýdan ösen» we «ruhy taýdan ösmedik» diýen jümleler ulanylmasa-da, olaryň manydaş sözleri ýazylan. Meselem, Nakyllar kitabynda ýaş we tejribesiz, paýhasly hem-de düşünjeli adamlar hakda gürrüň berilýär (Nak. 1:4, 5).
b JW.ORG saýtynyň we JW Library programmasynyň «Dürli temalar» atly bölüminden «Nädogry maglumatlary diňlemäň» (rus.) diýen makalany okap bilersiňiz.
c Şu žurnalyň «Gözleg geçiriň» diýen makalasyny okaň.
d SURATYŇ BEÝANY: dogan Mukaddes Kitabyň prinsiplerine eýerip, görjek filmini saýlaýar.