Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

32-NJI MAKALA

Ýaşlar, suwa çümdürileniňizden soň hem imanyňyzy berkidiň

Ýaşlar, suwa çümdürileniňizden soň hem imanyňyzy berkidiň

«Sizden... has-da köp tagalla etmegiňizi haýyş edýäris» (1 Sel. 4:1).

56-NJY AÝDYM Hakykata ýürekden ýapyş

MAZMUNY a

1. Ýaşlary özüni Ýehowa bagyş edip suwa çümdürilmäge näme höweslendirdi?

 HER ÝYL müňlerçe ýaşlar özüni Ýehowa bagyş edip suwa çümdürilýär. Ýaşlar, siziň äden aýgytly ädimiňiz Ýehowany hem, dogan-uýalary hem begendirýär (Nak. 27:11). Belki, siz Mukaddes Kitaby birnäçe gezek okap oýlanansyňyz. Şonda Mukaddes Kitabyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandygyna göz ýetirensiňiz. Siziň Ýehowa bolan söýgiňiz özüňizi Oňa bagyş edip suwa çümdürilmäge höweslendirendir. Siz gelen kararyňyza hiç haçan ökünmersiňiz.

2. Makalada näme barada gürrüň ederis?

 2 Ýaşlar, siz özüňizi Ýehowa bagyş edip suwa çümdürilmek üçin köp kynçylyklara döz gelensiňiz. Ýöne ýaşyňyz ulaldygy saýy dag ýaly kynçylyklary ýeňip geçmeli bolarsyňyz. Sebäbi Şeýtan siziň Ýehowa bolan söýgiňizi sowadyp, Onuň bilen dostlugyňyzy bozmak isleýär (Efes. 4:14). Şeýtana ýol bermäň! Siz her gün Ýehowa beren wadaňyza görä ýaşamak üçin näme edip bilersiňiz? Mukaddes Kitapda: «Ruhy taýdan ösmäge jan ediň» diýilýär (Ýew. 6:1). Şu makalada ýaşlaryň Hudaý bilen ýakyndan dostlaşmak üçin näme etmelidigi barada gürrüň ederis.

IMANY BERK MESIHÇI BOLMAK ÜÇIN NÄME ETMELI?

3. Suwa çümdürilen mesihçiler Pawlusyň maslahatyna näme üçin eýermeli?

3 Biz suwa çümdürilenimizden soň hem Pawlusyň efeslilere beren maslahatyna eýermeli. Pawlus efeslileri «uly adam» bolmaga höweslendirdi (Efes. 4:13). Elbetde, Pawlus olara çaga diýjek bolmady. Ýöne Hudaýa imanyňy berkitmegi çaganyň ösüşi bilen deňeşdirdi. Dünýä inen çaga ene-atasynyň guwanjy bolýar. Emma çaga ýyllar geçdigi saýyn ulalyp kemala gelýär, özüni çaga ýaly alyp barmaýar (1 Kor. 13:11). Edil şonuň ýaly, suwa çümdürilen mesihçi hem Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryny bilmek bilen çäklenmän, Hudaý barada bilim almagyny dowam etmeli we imanyny berkitmeli. Geliň, imanymyzy berkitmäge kömek etjek käbir maslahatlara seredeliň.

4. Ýehowany hemişe razy edip ýaşamaga näme kömek eder? (Filipililer 1:9).

4 Ýehowany ýürekden söýüň. Ýaşlar, siz Ýehowany söýýärsiňiz, emma söýgiňiz sowamaz ýaly jan ediň. Pawlus resul filipililere: «Söýgiňiziň artmagyny... dileýärin» diýdi (Filipililer 1:9-y okaň). Biz hem Ýehowany ýürekden söýmek üçin «dogry bilim alyp... Hudaýyň islegine düşünmeli». Ýehowanyň häsiýetleri we eden işleri barada oýlansak, Ony has gowy tanarys hem-de ýürekden söýeris. Ýehowanyň bizden nämä garaşýandygyna düşünsek, Ony gynandyrýan işleri etmän, hemişe razy edip ýaşarys.

5, 6. Ýehowany ýürekden söýmek üçin näme etmeli?

5 Isa pygamberi gowy tanasak, Ýehowany ýürekden söýeris. Ýehowa Ogluny öz keşbinde ýaratdy, Isa Atasynyň göreldesine doly eýerýärdi (Ýew. 1:3). Biz Injiliň dört Hoş habaryny okasak, Isa pygamberi gowy tanarys. Eger siz Mukaddes Kitaby her gün okamaýan bolsaňyz, şu günden okap başlamagy maksat goýup bilersiňiz. Isa pygamber barada okanyňyzda, onuň häsiýetleri hakda oýlanyň. Meselem, ol mähirlidi, aladaçyldy, çagalar onuň ýanyna arkaýyn gelip bilýärdi (Mar. 10:13—16). Şägirtleri Halypasyna pikirini aýtmaga çekinmeýärdi (Mat. 16:22). Isa Atasyndan görelde alýardy. Ýehowa mähirli, aladaçyl Hudaý. Şol sebäpli biz Ýehowa arkaýyn ýüregimizi döküp bilýäris. Ol bize käýemeýär, gaýtam söýgi bilen aladamyzy edýär (1 Pet. 5:7).

6 Isa rehimdardy. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Isa märekäni görüp, ýüregi awady, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýaly alaçsyzdy, hor-homsy ýaşaýardy» (Mat. 9:36). Isa rehimdar Atasy Ýehowanyň göreldesine eýerýärdi. Ol Atasy hakda: «Gökdäki Atam hem pesgöwünli adamlaryň hiç biriniň heläk bolmagyny islemeýär» diýdi (Mat. 18:14). Görşümiz ýaly, Isa pygamberi gowy tanasak, Ýehowany ýürekden söýeris.

7. Kimler bilen dostlaşmaly we näme üçin?

7 Ýehowany ýürekden söýmäge imany berk dogan-uýalar hem kömek edip biler. Olar dogry karara gelip, Ýehowa şatlyk bilen gulluk edýärler. Olar bilen dostlaşyň we başyndan geçiren gyzykly wakalaryny gürrüň bermegini haýyş ediň. Siz wajyp karara gelmänkäňiz, olardan maslahat soraň. Sebäbi Mukaddes Kitapda: «Maslahatçy köp bolsa, üstünlik gazanylar» diýilýär (Nak. 11:14).

Ýaşlar ewolýusiýa taglymatyna ynanmaýandygyny düşündirmek üçin näme etmeli? (8, 9-njy abzaslara serediň).

8. Beýik Ýaradana şübhelenmez ýaly näme etmeli?

8 Beýik Ýaradana iman ediň.  Ikinji abzasdan bilşimiz ýaly, Şeýtan Ýehowa imanymyzy gowşatmak isleýär. Ol Mukaddes Kitabyň taglymatlaryna şübhe döretjek bolýar. Ýaşlar, size «älem-jahany Allatagala ýaratmady, ol öz-özünden döredi» diýip öwretmekleri mümkin. Elbetde, çaga wagtyňyz bu barada pikirlenen dälsiňiz. Emma ýaşyňyz ulaldygyça mugallymlaryň ewolýusiýa hakda aýdýanlary dogry bolup görünmegi mümkin. Gynansak-da, olar ähli zady Allatagalanyň ýaradandygyny subut edýän delillere üns bermeýärler. Nakyllar 18:17-de: «Arzyny ilkinji aýdan hakly görünýär» diýilýär. Mugallymlaryň aýdýanlaryna köre-körlük bilen ynanmagyň deregine, Mukaddes Kitapdan we edebiýatlarymyzdan gözleg geçiriň. Öň ewolýusiýa taglymatyna ynanan dogan-uýalar bilen gürrüňdeş boluň. Olara hak Alla iman etmäge nämäniň kömek edendigini soraň. Şonda ähli zady Beýik Biribaryň ýaradandygyna şübhelenmersiňiz.

9. Siz Melissanyň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz?

9 Melissa b uýa gözleg geçirip Allanyň bardygyna imanyny berkitdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Maňa mugallymlarymyň ewolýusiýa barada öwredýän zatlary dogry ýaly görnüp başlady. Başda gözleg geçirmek islemedim, sebäbi ewolýusiýa barada gözleg geçirsem, Hudaýa imanym gowşar öýdüp gorkdum. Ýöne Ýehowa köre-körlük bilen iman etmegimizi islemeýär. Men „Biziň aladamyzy edýän Ýaradyjy barmy?“ (rus.) diýen kitapdan we „Ýaşaýyş ýaradyldymy?“ (rus.), „Ýaşaýşyň gelip çykyşy baradaky bäş sorag“ (rus.) diýen broşýuralardan gözleg geçirdim. Şonda älem-jahany Ýehowanyň ýaradandygyna doly ynandym. Men ýaýdanyp ýörmän, öňräk gözleg geçirmeli ekenim».

10, 11. Ahlaksyzlygyň toruna düşmez ýaly näme etmeli? (1 Selanikliler 4:3, 4).

10 Ahlak taýdan arassa boluň. Ýetginjek wagtyň jynsy höwesleriň güýçli bolýar. Deň-duşlaryň hem ahlaksyzlyk etmäge höweslendirmegi mümkin. Ýaşlar, Şeýtan sizi ten höwesleriňize ýesir etmek isleýär. Size ahlak taýdan arassa bolmaga näme kömek eder? (1 Selanikliler 4:3, 4-nji aýatlary okaň). Ýehowa doga edip duýgularyňyzy açyk aýdyň, Ondan wepaly bolup biler ýaly güýç soraň (Mat. 6:13). Unutmaň, Ýehowa size käýemez, gaýtam kömek eder (Zeb. 103:13, 14). Şeýle-de Mukaddes Kitapdan gözleg geçiriň. Melissa uýa hem ahlaksyz pikirler bilen göreşipdi. Ol şeýle diýýär: «Mukaddes Kitaby her gün okap oýlanmak, ahlaksyz pikirleriň guly bolmazlyga kömek etdi. Indi men Ýehowanyň mähriban gyzy, Oňa bütin ömrüme gulluk edesim gelýär» (Zeb. 119:9).

11 Ýaşlar, gaýgy-aladaňyzy ene-ataňyza gürrüň bermäge çekinmäň. Belki, ähli zady açyk aýtmak aňsat düşmez. Ýöne mertlik bilen aýdyp bilseňiz, egniňizden agyr ýük aýrylan ýaly bolar. Melissa şeýle gürrüň berýär: «Kakam bilen gepleşip biler ýaly Ýehowadan batyrgaýlyk diledim. Soňra alada edýän zatlarymy kakama gürrüň berdim. Şondan soň ýüregim giňäp gitdi. Ýehowa-da maňa guwanandyr».

12. Paýhasly kararlara geler ýaly näme etmeli?

12 Hudaýyň kada-kanunlarynyň düýp manysyna düşüniň. Ýaşlar, siz iru-giç özbaşdak karara gelmeli bolarsyňyz. Ýaşlaryň durmuş tejribesi az bolýar. Ýehowany gynandyrýan karara gelmez ýaly näme etmeli? (Nak. 22:3). Siz Kari uýanyň göreldesine eýerip bilersiňiz. Ol dogry karara geldi. Kari şeýle diýýär: «Mukaddes Kitapda her bir kynçylygyň çözgüdi üçin kada-kanun ýok. Şol sebäpli men kada-kanunlaryň düýp manysyna düşünmegiň wajypdygyna göz ýetirdim». Ýaşlar, Mukaddes Kitaby okanyňyzda özüňize şeýle soraglary beriň: «Şu aýadyň düýp manysyna düşünýärinmi? Ony durmuşymda ulansam nähili peýda berer? Ýehowa menden nämä garaşýar?» (Zeb. 19:7; Işa. 48:17, 18). Mukaddes Kitaby okap oýlansaňyz we aýatlaryň düýp manysyna düşünseňiz, paýhasly kararlara gelip Ýehowany begendirersiňiz. Ýehowanyň garaýşyna düşünseňiz, durmuşda her bir ýagdaý üçin kada-kanunyň gerek däldigine göz ýetirersiňiz.

Suratdaky ýaş uýa kimler bilen jora boldy? (13-nji abzasa serediň).

13. Imany berk dogan-uýalar bilen näme üçin dostlaşmaly? (Nakyllar 13:20).

13 Ýehowany söýýän dogan-uýalar bilen dostlaşyň. Şonda siz hem Ýehowany ýürekden söýersiňiz (Nakyllar 13:20-ni okaň). Sara uýa ruhdan düşýär. Oňa Hudaýa ýene şatlyk bilen gulluk etmäge näme kömek etdi? Sara şeýle diýýär: «Joralarym meni tüýs wagtynda goldady, ýüregimde gaýgy-ünji galmady. Bir joram maňa „Garawul diňi“ duşuşygyna taýýarlanmaga kömek etdi. Beýleki joram bolsa ýygnaklarda jogap bermäge höweslendirdi. Joralarymyň kömegi bilen şahsy okuwyny geçirip başladym. Ýehowa doga edip gaýgy-aladamy aýdanymdan soň, Onuň bilen dostlugym has-da berkedi. Indi men Ýehowa ýene-de şatlyk bilen gulluk edýärin».

14. Jeýsonyň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz?

14 Imany berk dogan-uýalar bilen dostlaşmaga näme kömek eder? Ýaşuly dogan Jeýson ýaşlyk ýyllaryny ýatlap şeýle gürrüň berýär: «Men yhlasly wagyz edýän dogan-uýalar bilen dostlaşdym. Meniňem Ýehowa şatlyk bilen gulluk edesim geldi. Şonuň üçin uzak wagtly gulluk etmegi ýüregime düwdüm. Şeýle-de men diňe deň-duşlarym bilen däl-de, uly ýaşly dogan-uýalar bilen hem dostlaşmalydygyna düşündim. Men beýtelçiler bilen hem dostlaşdym. Olar maňa görýän, diňleýän zatlarymy dogry saýlamaga kömek etdiler. Şeýdip, meniň Ýehowa bilen dostlugym berkedi».

15. Pawlus resul Timoteosa nähili maslahat berdi? (2 Timoteos 2:20—22).

15 Ýygnakdaky dogan-uýalaryň hemmesi size hak dost bolup bilermi? Pawlus resul Timoteosa Ýehowa bilen dostlugyny bozjak dogan-uýalar bilen ýakyndan gatnaşmazlygy maslahat berdi (2 Timoteos 2:20—22-nji aýatlary okaň). Ýaşlar, siz Ýehowa bilen dostlaşmak üçin köp tagalla edýärsiňiz. Goý, älem-jahanyň eýesi Ýehowa bilen dostlugyňyzy hiç kim we hiç zat bozmasyn! (Zeb. 26:4).

MAKSAT GOÝ, BEREKET AL!

16. Siz nähili maksatlary goýup bilersiňiz?

16 Imanyňyzy berkitjek maksatlary goýuň (Efes. 3:16). Meselem, Mukaddes Kitaby her gün okaň we yzygiderli şahsy okuwyny geçiriň (Zeb. 1:2, 3). Ýehowa ýüregiňizi döküp doga ediň. Şeýle-de dynç almak üçin görýän we eşidýän zatlaryňyzy ünsli saýlaň hem-de wagtyňyzy paýhasly ulanyň (Efes. 5:15, 16). Siziň tagalla edýändigiňizi görüp, Ýehowa örän begener.

Suratdaky ýaş uýa nähili maksat goýdy? (17-nji abzasa serediň).

17. Adamlara nädip ýagşylyk etmeli?

17 Isa pygamber: «Bermek almakdan has bagtly edýändir» diýdi (Res. 20:35). Ýaşlar, dogan-uýalara kömek etmek üçin wagtyňyzy, güýjüňizi gaýgyrmaň. Meselem, garry we ýarawsyz dogan-uýalara gerek-ýarak zatlaryny satyn almaga, elektron enjamlaryny ulanmaga kömek edip bilersiňiz. Ýaş doganlar, siz ýygnakda hyzmatçy bolmagy hem maksat goýup bilersiňiz. Ýöne niýetiňiz at-abraý gazanmak däl-de, dogan-uýalara hyzmat etmek bolmaly (Flp. 2:4). Adamlara ýagşylyk etmegiň iň gowy usuly Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmek (Mat. 9:36, 37). Şol sebäpli Ýehowa uzak wagtly gulluk etmegi maksat ediniň.

18. Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşmaga näme kömek edýär?

18 Uzak wagtly gulluga başlasaňyz, Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşarsyňyz. Eger pioner bolup gulluk etseňiz, Hoş habarçylar mekdebinde okap bilersiňiz we Beýtelde gulluk etmäge ýa-da guramanyň gurluşyk işlerine gatnaşmaga mümkinçiligiňiz bolar. Pioner uýa Ketli şeýle diýýär: «Suwa çümdürilenimden soň, imany berk dogan-uýalar maňa köp kömek etdiler. Olar bilen dostlaşanymdan soň, Mukaddes Kitaba çuňňur düşündim we ökde mugallym boldum».

19. Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşsaňyz nähili bereketleri alarsyňyz?

19 Ýaşlar, Ýehowany ýürekden söýseňiz we Onuň bilen ýakyndan dostlaşsaňyz köp bereketleri alarsyňyz. Gujur-gaýratyňyzy, wagtyňyzy ýele sowurmarsyňyz (1 Ýah. 2:17). Siz hiç haçan ökündirmejek paýhasly karara gelersiňiz we bagtly bolarsyňyz (Nak. 16:3). Siziň göreldäňiz ýaş we garry dogan-uýalary ruhlandyrar (1 Tim. 4:12). Esasy zat bolsa, her gün Ýehowany razy edip ýaşarsyňyz we Onuň bilen ýakyn dost bolarsyňyz (Nak. 23:15, 16).

88-NJI AÝDYM Ýollaryňy öwret

a Biz ýaşlaryň özüni Ýehowa bagyş edip suwa çümdürilýändigini görenimizde örän begenýäris. Ýöne olar suwa çümdürilenden soň hem aýgytly ädimleri ätmelidigine düşünmeli. Şu makaladaky pikirler ählimize, esasanam, suwa çümdürilen ýaşlara hakykat ýolundan ýöremäge we pellehana ýetmäge kömek eder.

b Käbir atlar üýtgedildi.