33-NJI MAKALA
Ýehowa halkyna nazar salýar
«Ýehowa hudaýhonlara... nazar salýar» (Zeb. 33:18).
4-NJI AÝDYM «Ýehowa meniň Çopanym»
MAZMUNY a
1. Isa pygamber Ýehowadan näme haýyş etdi we näme üçin?
ÝEHOWA hemişe halkyny goraýar we olaryň aladasyny edýär. Emma Isa pygamber ýer ýüzündäki ömrüniň soňky gijesi Atasyna ýalbaryp: «Şägirtlerimi gora» diýip doga edýär (Ýah. 17:15, 20). Näme üçin? Sebäbi Isa pygamber şägirtleriniň dürli kynçylyklara, yzarlamalara duçar boljakdygyny bilýärdi. Olar Ýehowanyň kömegi bolmasa, Şeýtanyň synaglaryna döz gelip bilmezdi.
2. Biz nämä ynamly bolup bileris? (Zebur 33:18—20).
2 Şeýtan Iblis bütin dünýäniň üstünden höküm sürýär we Ýehowanyň halkyna azar baryny berýär. Biziň her gün Ýehowa imanymyz synalýar, ýöne Oňa wepaly bolup bileris. Ýehowa başymyza düşýän kynçylyklary görýär we kömek etmek isleýär. Makalada Ýehowanyň halkyna nazar salýandygyny subut edýän iki waka hakda gürrüň ederis (Zebur 33:18—20-nji aýatlary okaň).
ÖZÜŇI ÝEKE DUÝANYŇDA
3. Biz haýsy sebäplere görä özümizi ýeke duýmagymyz mümkin?
3 Biz Ýehowanyň halkynyň arasynda bolsak-da, özümizi ýeke duýmagymyz mümkin. Meselem, ýaşlar klasynda ýeke özüniň Ýehowanyň Şaýadydygy üçin özüni ýeke duýup biler, wagyz etmäge-de ýaýdanmagy mümkin ýa-da täze ýygnakda dostlarynyň ýokdugy üçin özüni ýeke duýup biler. Belki-de, biz erbet pikirleri ýeke özümiz ýeňjek bolup göwnüçökgünlige düşýändiris. Biz hiç kim ýagdaýymyza düşünmez diýip, dogan-uýalara gaýgy-aladamyzy aýtmaga ýaýdanýandyrys. Şu zatlar sebäpli ruhdan düşüp özümizi dereksiz duýmagymyz mümkin. Hiç kim ýagdaýymyza düşünmese-de, Ýehowa bize düşünýär. Näme üçin şeýle diýip bileris?
4. Ylýas pygamber näme üçin özüni ýeke duýdy?
4 Geliň, Ylýas pygamber hakda gürrüň edeliň. Patyşanyň aýaly Izabel Ylýasy öldürmegi ýüregine düwüpdi. Ylýas Izabelden gaçyp 40 günläp ýol ýöreýär we gowakda gizlenýär (1 Pat. 19:1—9). Ylýas Ýehowa dady-perýat edip: «(Pygamberlerden) diňe men galdym» diýýär (1 Pat. 19:10). Ýöne Ylýasyň ýeke özi däldi. Abdyýar pygamberleriň kastyna çykan zalym Izabeliň elinden 100 sany pygamberi halas edipdi (1 Pat. 18:7, 13). Onda näme üçin Ylýas pygamber özüni ýeke duýýar? Belki, ol Ýehowanyň ähli pygamberi ölendir diýip pikir edendir. Belki-de, Karmel dagynda Ýehowa hak Hudaýdygyny subut edensoňam hiç kim Oňa gulluk etmedi diýip pikir edendir. Ýa-da Ylýas janymyň kastyna çykanlaryny hiç kim bilmeýär, hiç kim dadyma ýetişmez diýip ruhdan düşendir. Biz muny anyk bilmeýäris. Sebäbi Mukaddes Kitapda Ylýasyň nähili duýgulary başdan geçirendigi jikme-jik aýdylmaýar. Ýöne Ýehowa Ylýasa haçan, nädip kömek etmelidigini bilýärdi.
5. Ýehowa Ylýas pygambere nädip kömek etdi?
5 Ýehowa Ylýasy ruhlandyryp, oňa göwünlik berdi. Ýehowa gaýgy-aladasyny aýdar ýaly, Ylýasdan: «Bärde näme işläp ýörsüň?» diýip iki sapar sorady (1 Pat. 19:9, 13). Ýehowa Ylýasy ünsli diňledi we ony hemişe goldaýandygyny, Gudratygüýçli Hudaýdygyny subut etdi. Şeýle-de Ylýasdan başga-da hak Hudaýa sežde edýän adamlaryň bardygyny aýtdy (1 Pat. 19:11, 12, 18). Ýehowa Ylýasa wajyp ýumuşlary tabşyrdy, ýagny ol Hazaýyly Siriýa, Ýehuwy Ysraýyla patyşa bellemelidi. Ol Alyşany hem pygamber bellemelidi (1 Pat. 19:15, 16). Ýehowanyň tabşyran ýumuşlaryny ýerine ýetirip, Ylýas özüni ýeke duýan däldir. Ýehowa pygamberine kömek eder ýaly Alyşany saýlady. Ol bize nädip kömek edýär?
6. Özümizi ýeke duýanymyzda Ýehowa näme barada doga edip bileris? (Zebur 62:8).
6 Ýehowa biziň nähili ýagdaýlary başdan geçirýändigimizi görýär. Ol biziň doga edip kömek soramagymyza garaşýar (1 Sel. 5:17). Ýehowa wepaly bendeleriniň doga-dileglerini höwes bilen diňleýär (Nak. 15:8). Özümizi ýeke duýanymyzda Ýehowa näme barada doga edip bileris? Ylýas pygamber ýaly Ýehowa ýüregimizi dökmeli (Zebur 62:8-i okaň). Oňa gaýgy-aladalarymyzy, biynjalyk edýän zatlarymyzy gürrüň bermeli. Meselem, ýaşlar klasdaşlaryna wagyz eder ýaly Ýehowadan batyrgaýlyk we akyldarlyk sorap biler (Luka 21:14, 15). Eger erbet pikirler sebäpli göwnüçökgünlige düşýän bolsaňyz Ýehowadan kömek soraň. Ol siziň ýagdaýyňyza düşünjek imany berk dogan-uýalar bilen gepleşmäge kömek eder. Ýehowanyň doga-dilegleriňize nädip jogap berýändigini görjek boluň. Dogan-uýalaryň kömegini kabul ediň. Şonda özüňizi ýeke duýmarsyňyz.
7. Biz Mark doganyň göreldesine nädip eýerip bileris?
7 Ýehowa bize wajyp ýumuş tabşyrdy. Eger biz yhlasly wagyz etsek we dogan-uýalaryň ýürekden aladasyny etsek, özümizi ýeke duýmarys (Zeb. 110:3). Geliň, Mark b dogan barada gürrüň edeliň. Onuň suwa çümdürilenine köp wagt geçmänkä jana-jan dosty Ýehowadan ýüz öwürýär. Mark şeýle gürrüň berýär: «Dostumyň Ýehowadan ýüz öwürmegi meniň özüme bolan ynamymy gaçyrdy. Sebäbi men Ýehowa beren wadamda durup bilmerin diýip alada edýärdim. Men özümi ýeke duýdum. Jana-jan dostum bolmansoň hiç kim ýagdaýyma düşünmez öýdýärdim». Mark dogana näme kömek etdi? Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Dogan-uýalar bilen eginme-egin işleşip başlanymdan soň özümi ýeke duýmadym. Häzir men bagtly, özüme ynamym artdy». Biz dogan-uýalar bilen öýden-öýe, köçede wagyz edip bilmesek-de, hat ýazyp ýa-da telefon arkaly wagyz edip işleşip bilýäris. Mark dogana ýene näme kömek etdi? Ol şeýle diýýär: «Men ýygnakda köp işleri etdim. Ýygnakda berilýän ýumuşlara gowy taýýarlanmaga jan etdim. Ýehowanyň hem, dogan-uýalaryň hem meni gowy görýändigine göz ýetirdim».
KYNÇYLYK BAŞYMYZA DÜŞENDE
8. Kynçylyk başymyza düşende özümizi nähili duýýarys?
8 Biz soňky günlerde ýaşaýandygymyz üçin dürli kynçylyklara we synaglara duçar bolýarys (2 Tim. 3:1). Meselem, pulsuzlykdan kösenmegimiz we kesellemegimiz mümkin, ýa-da dogan-garyndaşlarymyzdan biri aradan çykyp biler. Şeýle ýagdaýlarda özümizi el-aýagymyz ýüpsüz baglanan ýaly duýýarys. Esasanam, kynçylyklar üsti-üstüne bolanda alaçsyzlykdan ýaňa ruhdan düşýäris. Ýöne Ýehowa ähli zady görýär. Biz Onuň kömegi bilen islendik kynçylyga döz gelip bileris.
9. Eýýup nähili kynçylyklara duçar boldy?
9 Geliň, indi Eýýup pygamber barada gürrüň edeliň. Eýýubyň mallaryny talaýarlar, gullaryny öldürýärler we ol on çagasyndan jyda düşýär. Bularyň hemmesi bir günüň içinde bolýar (Eýp. 1:13—19). Üstesine-de, onuň «depesinden tä dabanyna çenli agyryly çybanlar çykýar» (Eýp. 2:7). Eýýup ruhdan düşüp: «Janymdan doýdum, indi ýaşasym gelenok» diýýär (Eýp. 7:16).
10. Ýehowa Eýýuba kynçylyklaryna döz gelmäge nädip kömek etdi? (Daşky sahypadaky surata serediň).
10 Ýehowa Eýýuby gowy görýärdi, onuň çekýän derdini görýärdi. Şol sebäpli oňa kynçylyklaryna döz gelmäge kömek etdi. Ýehowa Eýýuba özüniň akyldar Hudaýdygyny we ençeme haýwanlary ýaradandygyny hem-de ýaradan zatlarynyň ýürekden aladasyny edýändigini ýatlatdy (Eýp. 38:1, 2; 39:9, 13, 19, 27; 40:15; 41:1, 2). Ýehowa ýaş ýigit Alyhuw arkaly wepaly bendelerine sylag berýändigini aýdyp, Eýýuba göwünlik berdi. Ýehowa Alyhuw arkaly Eýýubyň garaýşyny hem düzetdi. Alyhuw Eýýuby düşen ýagdaýy barada däl-de, älem-jahanyň eýesi hak Allanyň eden işleri hakda oýlanmaga höweslendirdi (Eýp. 37:14). Ýehowa Eýýuba tabşyryk hem berdi. Ol üç dosty üçin doga etmelidi (Eýp. 42:8—10). Ýehowa bize nädip kömek edýär?
11. Kynçylyk başymyza düşende Ýehowa bize nädip kömek edýär?
11 Ýehowa şu günlerem biziň bilen gepleşýär. Ýöne ýüzbe-ýüz däl-de, Mukaddes Kitap arkaly öwüt-nesihat berýär (Rim. 15:4). Ýehowa bize kynçylyksyz durmuşy berjekdigini wada berýär. Geliň, kynçylyk başymyza düşende göwünlik berjek käbir aýatlara seredeliň. Mukaddes Kitapda hiç bir zadyň, hatda kynçylyklaryň hem bizi Ýehowanyň «söýgüsinden aýra salyp bilmejekdigi» aýdylýar (Rim. 8:38, 39). Şeýle-de onda Ýehowa doga-dileg edýänleriň «ählisine ýakyndyr» diýilýär (Zeb. 145:18). Mukaddes Kitapda Ýehowa bil baglasak, synaglara döz gelip bagtly bolup biljekdigimiz hem aýdylýar (1 Kor. 10:13; Ýak. 1:2, 12). Eger biz Ýehowanyň täze dünýäde berjek bereketleri barada oýlansak, häzirki duş gelýän kynçylyklarymyza döz gelmek aňsat bolar (2 Kor. 4:16—18). Ýehowanyň Şeýtany we onuň ýaranlaryny tizden ýok etjekdigini bilmek hasam göwnümizi göterýär (Zeb. 37:10). Siz kynçylyklara döz gelmäge kömek etjek aýatlary ýat tutup bilersiňizmi?
12. Ýehowa biziň näme etmegimizi isleýär?
12 Ýehowa biziň Mukaddes Kitaby her gün okap oýlanmagymyzy isleýär. Biz öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulansak, imanymyz hasam berkär we islendik kynçylyga döz gelip Ýehowany razy edip ýaşarys. Ýehowa öwüt-ündewlerine gulak asyp ýaşaýan adamlara mukaddes ruhuny berýär. Biz «Hudaýyň güýji bilen» kynçylyklara döz gelip bileris (2 Kor. 4:7—10).
13. «Wepaly hem paýhasly hyzmatkäriň» taýýarlaýan «ruhy iýmiti» kynçylyklara döz gelmäge nädip kömek edýär?
13 Ýehowa «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» arkaly «ruhy iýmiti» wagtly-wagtynda berýär (Mat. 24:45). Ol makalalar, wideolar, aýdymlar arkaly imanymyzy berkidýär. Şol sebäpli täze çykan edebiýatlary okap, wideolary görüp durmaly. ABŞ-da ýaşaýan uýa «wepaly hem paýhasly hyzmatkäre» minnetdarlyk sözlerini aýdýar. Ol şeýle diýýär: «Men Ýehowa 40 ýyldan bäri gulluk edýärin. Şu wagta çenli ençeme sapar imanym synaldy. Babam içgili sürüjiniň günäsi bilen ýol heläkçiliginde aradan çykdy, ene-atam agyr keselläp aradan çykdy, menem iki gezek rak keseli bilen keselläp hassahana düşdüm. Ýehowa meni hemişe goldady. „Wepaly hem paýhasly hyzmatkäriň“ taýýarlaýan „ruhy iýmiti“ kynçylyklara döz gelmäge kömek etdi. Menem Eýýup ýaly „soňky demime çenli wepaly bolaryn“ diýdim» (Eýp. 27:5).
14. Kynçylyk başymyza düşende Ýehowa kimler arkaly kömek edýär? (1 Selanikliler 4:9).
14 Ýehowa halkyna biri-birini söýmegi we goldamagy öwredýär (2 Kor. 1:3, 4; 1 Selanikliler 4:9-y okaň). Dogan-uýalar Alyhuwyň göreldesine eýerip, kynçylykdan kösenýän imandaşlaryny goldaýarlar (Res. 14:22). Meselem, Diýana uýanyň äri keselleýär. Şonda dogan-uýalar uýany ruhlandyrýarlar we kömek edýärler. Diýana şeýle diýýär: «Derdimiz çekip çydardan agyrdy. Ýöne Ýehowanyň kömegi bilen kynçylyga döz gelip bildik. Dogan-uýalar bizi goldadylar. Jaň edip ruhlandyrdylar, halymyzdan habar almak üçin öýümize geldiler we bizi bagryna basdylar. Dogan-uýalar meni ýygnaga, wagza äkidýärdiler. Ýehowanyň agzybir halkynyň arasynda bolmak uly bagt!»
ALADAÇYL ATAMYZA MINNETDAR BOLALYŇ
15. Biz kynçylyklara nädip döz gelip bileris?
15 Dünýäniň ýagdaýy gitdigiçe erbetleşýär. Şol sebäpli bizem kynçylyklara duş geleris. Ýöne Ýehowanyň kömegi bolmasa synaglardan öz güýjümiz bilen üstün çykyp bilmeris. Ýehowanyň nazaryndan hiç zat sypmaýar. Ol biziň düşýän kynçylyklarymyzy görýär we kömek etmek isleýär (Işa. 43:2). Biz Ýehowa doga edip ýüregimizi döküp bilýäris. Mukaddes Kitapdan we edebiýatlardan gerekli maslahatlary alýarys. Dogan-uýalar hem kynçylyklarda goldaýar. Görşümiz ýaly, başymyza kynçylyk düşende Ýehowa dürli ýollar bilen kömek edýär.
16. Ýehowa penamyz bolar ýaly näme etmeli?
16 Biz söýgüden doly, aladaçyl Atamyzyň bardygyna örän begenýäris. Ýehowanyň bize nazar salyp, kynçylyklarda kömek edýändigine örän minnetdar! (Zeb. 33:21). Biz Ýehowanyň öwüt-ündewine gulak asyp, Ony razy edip ýaşamaly. Şonda Ýehowa bize nazar salyp, hemişe penasynda saklar (1 Pet. 3:12).
30-NJY AÝDYM Hudaýym, Dostum, Atam