36-NJY MAKALA
Ýehowanyň halky dogruçyllygy halaýar
«Dogruçyllyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr» (Mat. 5:6, çykgyt).
9-NJY AÝDYM Ýehowa Patyşamyz
MAZMUNY a
1. Ýusup nähili synaga düşdi we ol näme etdi?
ÝAKUBYŇ ogly Ýusup Potifaryň guludy. Bir gün onuň imany synaldy. Potifaryň aýaly Ýusuba aşyk bolup: «Meniň bilen ýat» diýip gününe goýmady. Ýusup ony diňlemedi. Şol wagt Potifar öýünde ýokdy. Belki-de, käbirleri: «Ýusup näme üçin razylaşmadyka?» diýip geň galýandyr. Ýusup aýaly diňlemese, başyna ne günler düşerdi. Emma ol şonda-da gaçyp gitdi. Näme üçin? Ýusup: «Men nädip beýle erbet iş edip, Hudaýa garşy günä edeýin?!» diýdi (1 Mus. 39:7—12).
2. Ýusup Hudaýyň zynany külli günä hasaplaýandygyny nireden bilýärdi?
2 Ýusup zyna etmegiň külli günädigini nireden bilýärdi? Musanyň kanunynda: «Zyna etmäň» diýilýär (2 Mus. 20:14). Emma ol kanun Ýusubyň döwründen 200 ýyl soň ýazyldy. Ýusup Ýehowany gowy tanaýardy we onuň ahlaksyzlygy ýigrenýändigini bilýärdi. Meselem, Ýusup Ýehowanyň bir erkegi we bir aýaly ýaradyp, maşgala ojagyny döredendigini bilýärdi. Şeýle-de ol kakasynyň enesi Bibisarany Müsür patyşasyndan we Gerar hanyndan Ýehowanyň gorandygyny eşidipdi. Sebäbi olar Bibisara öýlenmek isläpdiler. Ýehowa Yshagyň gelni Rebekany hem gorapdy (1 Mus. 2:24; 12:14—20; 20:2—7; 26:6—11). Ýusup şu zatlar hakda oýlanyp, Ýehowanyň nämäni dogry we nädogry hasaplaýandygyna düşünendir. Ýusup Ýehowany söýýärdi, şol sebäpli dogruçyl bolmak we Ony razy edip ýaşamak isleýärdi.
3. Makalada näme hakda gürrüň ederis?
3 Siz dogruçyl we halal ýaşamagy gowy görýärsiňizmi? Elbetde, gowy görýänsiňiz. Emma şu zalym dünýäde ýagşyny ýamandan saýgarmak kyn bolup biler (Işa. 5:20; Rim. 12:2). Şu makalada dogruçyllygyň nämedigi we halal ýaşamagyň nähili peýdasynyň bardygy hakda gürrüň ederis. Şeýle-de Ýehowanyň kada-kanuny boýunça ýaşamaga kömek etjek üç zat hakda bileris.
NÄHILI ADAMA DOGRUÇYL DIÝILÝÄR?
4. Köpler nähili adama dogruçyl diýýärler?
4 «Dogruçyl» diýende nähili adam göz öňüňize gelýär? Köp adamlar talapkär, özüni ýokary tutýan, tankytçyl adamlary dogruçyl hasaplaýarlar. Emma şeýle häsiýetleri Ýehowa halamaýar. Isa pygamber hem öte dogruçyl we özüni çendenaşa paýhasly hasaplaýan dini ýolbaşçylara käýedi (Nes. 7:16; Luka 16:15). Ýehowany razy edip dogruçyl ýaşaýan adam özüni ýokary tutmaýar.
5. Mukaddes Kitapda nähili adama dogruçyl diýilýär? Mysal getiriň.
5 Dogruçyllyk adamyň abraýyny artdyrýan häsiýetleriň biridir. Ýehowanyň öňünde dogry işleri edýän adama halal ýaşaýar diýse bolar. Mukaddes Kitapda Hudaýyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşaýan adama dogruçyl diýilýär. Meselem, Ýehowa söwdagärlere: «Tereziňiz, ölçeg gabyňyz dogry hem halal bolsun» diýdi (5 Mus. 25:15). Diýmek, mesihçi her bir ýagdaýda, öýde-de, işde-de halal ýaşamaly. Dogruçyl adam adalaty söýýär. Kimdir birine adalatsyzlyk edilse gahary gelýär. Ol Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýerip dogry karara gelýär we halal ýaşap Ony şöhratlandyrýar (Kol. 1:10).
6. Biz näme üçin Ýehowanyň ýagşy we ýaman babatdaky kada-kanunlaryna görä ýaşamaly? (Işaýa 55:8, 9).
6 Mukaddes Kitapda Ýehowa «dogrulygyň gözbaşy» diýilýär (Ýer. 50:7). Ol ähli zady ýaradan hak Alladyr. Şol sebäpli ýagşy bilen ýaman babatda kanun bermäge diňe Ol haklydyr. Adam günäli we bikämil bolandygy üçin ýagşy-ýamany saýgaryp bilmeýär (Nak. 14:12; Işaýa 55:8, 9-njy aýatlary okaň). Emma biz Hudaýyň keşbinde ýaradyldyk, şonuň üçin Onuň dogruçyllyk babatdaky kada-kanunlaryna eýerip bilýäris (1 Mus. 1:27). Hawa, biz gökdäki Atamyz Ýehowany söýsek, Onuň göreldesine eýermäge jan ederis (Efes. 5:1).
7. Kada-kanunyň nähili peýdasy bar? Mysal getiriň.
7 Biz Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşasak uzak ömür süreris. Näme üçin? Meselem, sürüji ýol hereketiniň kadalaryna eýermese näme bolar? Adamlaryň janyna howp salar. Ýa-da lukmanlar hassalary lukmançylyk düzgünlerine eýermän bejerseler näme bolar? Elbetde, bigünä adamlar öler. Her bir kada-kanun adamy goraýar. Edil şonuň ýaly, Hudaýyň kada-kanunlary hem bizi goraýar.
8. Halal ýaşaýan adam nähili sylag alar?
8 Ýehowa halal ýaşaýan adamlary sylaglaýar. Ol şeýle wada berýär: «Dogruçyl adam ýeri miras alar, onda ebedi ýaşar» (Zeb. 37:29). Göz öňüne getiriň, ähli adamlar Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýar, hemmeler bagtly we şadyýan. Bütin ýer ýüzünde agzybirlik we parahatlyk höküm sürýär. Ýehowa siziň hem şeýle ajaýyp durmuşda ýaşamagyňyzy isleýär. Munuň üçin biz häzirden dogruçyl bolmaly we halal ýaşamaly. Geliň, halal ýaşamaga kömek edýän üç zat hakda gürrüň edeliň.
ÝEHOWANYŇ KADA-KANUNLARYNY ÝÜREKDEN SÖÝÜŇ
9. Dogruçyl we halal ýaşamak üçin näme etmeli?
9 Birinji: ýagşy-ýaman babatda kanun Bereni söýmeli. Ýagşy-ýaman babatda kanun Bereni söýsek, dogruçyl bolarys we halal ýaşarys. Biz Ýehowany ýürekden söýsek, Onuň kada-kanunlaryny doly ýerine ýetireris. Eger ilkinji ynsan jübüti Adam ata bilen How ene Ýehowany ýürekden söýen bolsadylar, Ony razy ederdiler we kada-kanunlaryny bozmazdylar (1 Mus. 3:1—6, 16—19).
10. Ybraýym pygambere Ýehowany gowy tanamaga näme kömek etdi?
10 Adam ata bilen How enäniň ýalňyşyny gaýtalamaz ýaly näme etmeli? Biz Ýehowany gowy tanamaly we Onuň pikirine hem garaýşyna düşünjek bolmaly. Şonda Ýehowany ýürekden söýeris. Geliň, Ýehowany ýürekden söýen Ybraýym pygamber hakda gürrüň edeliň. Ol Ýehowanyň gelen kararyna düşünmese-de gulak asdy we has gowy tanamak üçin jan etdi. Meselem, Allatagala Sodom we Gomorra şäherlerini ýok etjek bolanda, Ybraýym pygamber aladalanyp: «Gowy adamlara erbetler bilen deň jeza berip... ýer ýüzüniň Kazysy adalatsyzlyk edermi?!» diýdi. Ol pesgöwünlik bilen Ýehowa sorag berdi, Ýehowa hem sabyrlylyk bilen jogap berdi. Ybraýym Ýehowanyň her bir ynsanyň ýüregini görýändigine we gowy adamlary erbetler bilen ýok etmejekdigine düşündi (1 Mus. 18:20—32).
11. Ybraýym pygamber Ýehowany söýýändigini we iman edýändigini nädip subut etdi?
11 Ybraýym pygamber Ýehowa bilen Sodom we Gomorra şäherleri barada gepleşenden soňra hak Alla bolan söýgüsi hem hormaty has-da artdy. Birnäçe ýyldan soň Ybraýym pygamberiň imany synalýar. Ýehowa oňa söwer ogluň Yshagy gurban ber diýdi. Ol indi Ýehowany gowy tanaýardy, şol sebäpli hiç hili sorag bermän gulak asdy. Janyndan eý görýän eziz ogluny gurban bermek Ybraýyma agyr degendir. Emma ol Ýehowanyň adalatsyz däldigi we zalymlyk etmejekdigi barada oýlanandyr. Pawlus resul Ybraýym hakda: «(Ol)... ogly ölse-de, Hudaýyň direltjekdigine ynanýardy» diýdi (Ýew. 11:17—19). Ýehowa Ybraýym pygambere biliňden önen ýalňyz ogluň Yshagyň neslini deňiz çägesi deý köpelderin diýip wada beripdi. Emma şol wagt Ybraýymyň Yshakdan agtygy ýokdy. Ybraýym pygamber gökdäki Atasyny söýýärdi we Onuň adalatly Hudaýdygyna şübhelenmeýärdi. Ybraýyma ogluny gurban bermek kyn hem bolsa, Ýehowa iman edendigi üçin gulak asdy (1 Mus. 22:1—12).
12. Ybraýym pygamberiň göreldesine nädip eýerip bileris (Zebur 73:28).
12 Biz Ybraýym pygamberiň göreldesine nädip eýerip bileris? Ýehowany näçe gowy tanasak, Ony bütin ýüregimiz bilen söýeris we ýakyndan dostlaşarys (Zebur 73:28-i okaň). Onuň garaýşyna düşüneris we razy edip ýaşarys (Ýew. 5:14). Biri erbetlik etdirjek bolanda yrylmarys. Biz hiç haçan gökdäki Atamyzy gynandyrjak we dostlugymyzy bozjak zatlary etmeris. Biz halal ýaşamak üçin ýene-de näme etmeli?
13. Biz näme üçin halal ýaşamagy ýüregimize düwmeli? (Nakyllar 15:9).
13 Ikinji: Ýehowanyň dogruçyllyk baradaky kada-kanunlaryna görä ýaşamaly. Adam her gün türgenleşse, güýjüne güýç goşulýar we bedeni berkeýär. Edil şonuň ýaly, biz her gün halal ýaşamaga jan etsek, Ýehowanyň dogruçyllyk babatdaky kada-kanunyna bolan söýgimiz artar. Ol bizden güýjümiziň ýetmejek zadyny talap etmeýär (Zeb. 103:14). Ýehowa «halal ýaşamagy ýüregine düweni söýýär» (Nakyllar 15:9-y okaň). Adam ýüregine düwen zadyny etmek üçin tagalla edýär. Biz dogruçyl ýaşamagy ýüregimize düwsek, Ýehowanyň kömegi bilen başararys (Zeb. 84:5, 7).
14. «Dogruçyllyk sowudy» näme we biz ony näme üçin geýmeli?
14 Ýehowanyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek kyn däl (1 Ýah. 5:3). Bize her gün Ýehowanyň kada-kanunlary gerek bolýar, sebäbi olar bizi goraýar. Ýadyňyzda bolsa, Pawlus resul söweş ýaraglary barada aýdypdy (Efes. 6:14—18). Ýaraglaryň haýsysy biziň ýüregimizi goraýar? Elbetde, «dogruçyllyk sowudy»! «Dogruçyllyk sowudy» Ýehowanyň kada-kanunlaryny aňladýar. Sowut esgeriň ýüregini goraýar. Edil şonuň ýaly, Ýehowanyň dogruçyllyk baradaky kada-kanunlary biziň oý-pikirlerimizi we göçme manydaky ýüregimizi goraýar. Geliň, dogruçyllyk sowudyny hiç haçan egnimizden çykarmalyň! Şonda ýüregimizi gorap bileris (Nak. 4:23).
15. Dogruçyllyk sowudyny geýmek üçin näme etmeli?
15 Biz dogruçyllyk sowudyny geýmek üçin näme etmeli? Biz her gün Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýerip ýaşamaly. Meselem, aýdym diňlänimizde, kino görenimizde ýa-da kitap okanymyzda özümize şeýle soraglary berip bileris: «Olar Ýehowanyň ýigrenýän işlerini etmäge, ahlaksyz ýaşamaga, zorluk-sütem etmäge, açgöz bolmaga we özüňi bilmäge höweslendirýärmi? Olar ýüregimize nähili täsir eder? Ýehowa ýararmy?» (Flp. 4:8). Eger biz Ýehowanyň islegine görä karara gelsek, dogruçyllyk sowudy ýüregimizi gorar.
16, 17. Işaýa 48:18-däki sözler bizi nämä ynandyrýar?
16 Siziň: «Ýehowanyň kada-kanunlaryna her gün, aýlar-ýyllar eýerip ýaşamak mümkin däl» diýen wagtyňyz boldumy? Eger şeýle bolsa, Işaýa 48:18-de (okaň) aýdylan wada hakda oýlanyň. Ýehowa: «Dogruçyllygyňyz deňiz tolkunlary kimin bolar» diýdi. Aýdaly, siz ägirt uly, aňyrsy-bärsi görünmeýän deňziň kenarynda dursuňyz. Siz ýuwaşjadan kenara urýan tolkunlara syn edýärsiňiz. Şonda siz deňiz bir gün tolkun atmagyny bes eder diýersiňizmi? Elbetde, diýmersiňiz. Sebäbi siz müňlerçe ýyl bäri tolkun atýan deňziň ýene-de tolkun atjakdygyna ynanýarsyňyz.
17 Deňiz tolkunlarynyň yzy üzülmän kenara urşy ýaly, biz hem her gün dogruçyl we halal ýaşamak üçin jan etmeli. Biz karara gelmezden öň Ýehowanyň nämä garaşýandygyna düşünsek dogry karara gelip bileris. Belki, käte dogry karara gelmek kyn bolup biler, ýöne Ýehowanyň bizi hemişe goldajakdygyny unutmalyň. Ol bize dogruçyl bolmaga we halal ýaşamaga kömek eder (Işa. 40:29—31).
18. Öte dogruçyl bolmakdan näme üçin seresap bolmaly?
18 Üçünji: adalatly Kazy Ýehowanyň çözmegine garaşmaly. Biz Ýehowanyň dogruçyllyk baradaky kada-kanunlaryna eýermek üçin tagalla etmeli. Biz öte dogruçyl bolup başgalary ýazgarmakdan seresap bolmaly. Biz özümize ýokary baha berip adamlary tankytlamagyň deregine, bütin «ýer ýüzüniň Kazysynyň» Ýehowadygyny ýatda saklamaly (1 Mus. 18:25). Höküm çykarmaga diňe Ýehowanyň haky bar. Isa pygamber: «Adamlary ýazgarmaň, şonda sizi-de ýazgarmazlar» diýdi (Mat. 7:1) b.
19. Ýusup höküm çykarmaga diňe Ýehowanyň haklydygyny nädip görkezdi?
19 Geliň, dogruçyl ýaşan Ýusup hakda gürrüň edeliň. Adamlar Ýusuba ýowuz daraşýardylar, emma ol hiç kimi tankytlamaýardy. Agalary ony gul edip satdylar, kakasyna ogluň öldi diýdiler. Birnäçe ýyl geçenden soň Ýusup doganlary bilen görüşdi. Şol wagt ol hökümdardy. Doganlaryndan aryny alyp bilerdi. Olar Ýusupdan gorkup ötünç soradylar. Ýöne ol: «Gorkmaň. Men näme, Hudaýmy?!» diýdi (1 Mus. 37:18—20, 27, 28, 31—35; 50:15—21). Ýusup ähli zady Beýik Kazy Ýehowanyň eline tabşyrdy.
20, 21. Biz näme üçin öte dogruçyl bolmakdan seresap bolmaly?
20 Biz hem Ýusubyň göreldesine eýerip, meseläni Ýehowanyň çözmegine garaşmaly. Dogan-uýalaryň eden işlerini tankytlap, olaryň niýetine şübhelenmeli däl. Sebäbi adamlaryň ýüregini we niýetini görüp bilmeýäris. Mukaddes Kitapda: «Ýehowa bolsa ýüregiň niýetlerini barlaýar» diýilýär (Nak. 16:2). Ýehowa dürli milletli we dürli medeniýetli adamlaryň ählisini söýýär. Ol bizi hem «ýüregimizi giňden açmaga» höweslendirýär (2 Kor. 6:13). Geliň, dogan-uýalary tankytlamagyň deregine, olary ýürekden söýeliň!
21 Biz Ýehowa iman etmeýän adamlary hem tankytlamaly däl (1 Tim. 2:3, 4). Biz dogan-garyndaşlarymyz barada: «Şul-a, hiç haçan Ýehowa iman etmez» diýmekden seresap bolmaly. Eger şeýle diýsek, olara höküm çykardygymyz bolar. Ýehowa bolsa «hemmeleri toba etmäge çagyrýar» (Res. 17:30). Görşümiz ýaly, özüni dogruçyl hasaplaýan adama däl-de, Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýerýän adama dogruçyl diýse bolar.
22. Biz näme üçin Ýehowanyň dogruçyllyk baradaky kada-kanunlaryna eýerip ýaşamaly?
22 Geliň, hemişe Ýehowanyň dogruçyllyk babatdaky kada-kanunlaryna görä ýaşalyň. Şonda özümizi bagtly duýarys we dogan-uýalara görelde bolarys. Olara Ýehowany söýmäge we Onuň bilen dostlugyny berkitmäge kömek ederis (Mat. 5:6). Ýehowa siziň dogruçyl bolmak we halal ýaşamak üçin edýän tagallaňyzy görýär. Ol size guwanýar. Şu dünýä dogruçyl adamlary ýigrenýär, ýöne «Ýehowa dogruçyllary söýýär» (Zeb. 146:8).
139-NJY AÝDYM Täze dünýäni göz öňüne getir!
a Şu zalym we garaňky dünýäde dogruçyl, halal ýaşaýan adamlary tapmak kyn. Muňa garamazdan millionlarça adamlar halal ýaşaýarlar. Siz hem dogruçyl we halal ýaşaýansyňyz. Sebäbi siz Ýehowany söýýärsiňiz, Ýehowa hem dogruçyl adamlary söýýär. Makalada dogruçyl bolmagyň we halal ýaşamagyň nähili peýdasynyň bardygy hakda gürrüň ederis. Şeýle-de dogruçyl bolmaga kömek edýän üç zada serederis.
b Ýygnak ýaşululary käte adamyň nähili günä edendigini we onuň ýürekden toba edýändigini ýa-da toba etmeýändigini anyklamaly bolýar (1 Kor. 5:11; 6:5; Ýak. 5:14, 15). Olar adamyň ýüregindäki niýetini görmeýändiklerini pesgöwünlik bilen boýun alýarlar. Ýaşulular Ýehowanyň adyndan höküm çykarýarlar we Onuň kömek etjekdigine ynanýarlar (2 Taryh 19:6-ny deňeşdiriň). Olar Ýehowanyň adalatly kada-kanunlaryna eýerýärler.