35-NJI MAKALA
Biri-biriňizi goldaň
«Bir-biriňizi ruhlandyryň, birek-biregi berkidiň» (1 Sel. 5:11).
90-NJY AÝDYM Birek-biregi ruhlandyralyň
MAZMUNY a
1. 1 Selanikliler 5:11-e görä, biz näme etmeli?
SIZ Ýygnak jaýynyň gurluşygyna ýa-da abatlaýyş işine kömek edip gördüňizmi? Eger şeýle bolsa, täze bina ilkinji sapar ýygnaga baran günüňiz ýadyňyzdan çykýan däldir. Ýygnak jaýynyň açylyş dabarasynda aýdym aýdanyňyzda ýüregiňiz minnetdarlykdan dolup gözüňize ýaş aýlanandyr. Hawa, Ýygnak jaýlary Ýehowany şöhratlandyrýar. Ýöne Ýehowany şöhratlandyrýan başga-da gurluşyk işi bar. Oňa biziň ählimiz gatnaşyp bilýäris. Biz Ýygnak jaýyna gelýän adamlaryň imanyny berkidip ruhlandyrmaly. Pawlus resul 1 Selanikliler 5:11-de (okaň) «birek-biregi berkidiň» diýdi. Aýatdaky «berkidiň» diýen grek sözüni «guruň» diýip hem terjime etse bolýar.
2. Makalada näme hakda gürrüň ederis?
2 Pawlus resul dogan-uýalary ruhlandyrmakda ajaýyp görelde görkezdi. Makalada Pawlusyň imandaşlaryny kynçylykda goldandygy, parahatlygy saklamaga kömek edendigi we Ýehowa imanyny berkidendigi barada gürrüň ederis. Şeýle-de Pawlus resulyň göreldesine nädip eýerip biljekdigimize serederis (1 Kor. 11:1).
PAWLUS KYNÇYLYKLARA DÖZ GELMÄGE KÖMEK ETDI
3. Pawlus nämäni birinji orunda goýdy?
3 Pawlus dogan-uýalary ýürekden söýýärdi, olaryň ýagdaýyna düşünýärdi we nähili kynçylyklary başdan geçirýändigini bilýärdi. Sebäbi Pawlusyň özi hem köp kynçylyklary başyndan geçirdi. Bir gezek onuň puly gutarýar. Şonuň üçin gün-güzeranyny görmek we bile işleşen ýoldaşlaryny goldamak üçin iş tapmaly bolýar (Res. 20:34). Şol sebäpli ol çadyr tikip başlaýar. Pawlus Korinf şäherine baranda kärdeşleri är-aýal Akila we Priskilla bilen işleşýär. Emma ol «her Sabat güni» ýehudylara we greklere hoş habary wagyz edýär. Onuň ýanyna Silas bilen Timoteos gelende bolsa «Hudaýyň sözüni yhlasly öwredip başlaýar» (Res. 18:2—5). Pawlus der döküp zähmet çekýärdi, ýöne Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýýardy. Ol dogan-uýalary hem şeýle etmäge höweslendirdi. Pawlus maşgalany eklemegiň aňsat däldigini bilýärdi. Şol sebäpli «iň wajyp zatlary» ýatda saklamagy maslahat berdi (Flp. 1:10).
4. Pawlus bilen Timoteos dogan-uýalara nädip kömek etdi?
4 Selanik şäherinde täze ýygnak döreýär. Dogan-uýalaryň imany synalýar. Olar yzarlamalar sebäpli aljyraňňy ýagdaýa düşýär. Adamlar Pawlus bilen Silasy tapmansoňlar, «käbir doganlary şäher ýolbaşçylarynyň ýanyna» eltýärler we olara «Sezaryň kanunlaryna garşy çykýarlar» diýip töhmet atýarlar (Res. 17:6, 7). Dogan-uýalar bütin şäheriň garşy çykýandygyny görüp gorkandyrlar. Pawlus bilen Silas hem şäherden çykyp gaýdýar. Dogan-uýalaryň imany gowşap we Ýehowa söýgüsi sowap bilerdi. Ýöne Pawlus el gowşuryp oturmady, olaryň aladasyny etdi. Ol selaniklilere şeýle hat ýazdy: «Ýanyňyza. . . Timoteos dogany iberýäris. Ol size göwünlik berip, imanyňyzy berkider. Şonda kynçylyklar sebäpli hiç kimiň imany gowşamaz» (1 Sel. 3:2, 3). Timoteosyň dogduk mekany Listrada hem yzarlamalar bolandyr. Ol Pawlus resulyň dogan-uýalaryň imanyny berkidendigini we Ýehowanyň ony goldandygyny gözi bilen görendir. Şol sebäpli Timoteos hem Selanikdäki dogan-uýalara göwünlik berip bilerdi (Res. 14:8, 19—22; Ýew. 12:2).
5. Ýaşuly dogan Braýna nädip kömek etdi?
5 Pawlus resul imandaşlaryna ýene nädip kömek etdi? Ol Barnabas bilen Listra, Ikoniýa we Antakyýa baryp «ýygnaklarda ýaşululary belledi» (Res. 14:21—23). Ýaşulular dogan-uýalara göwünlik berip ruhlandyrdylar. Şu günlerem ýaşulular olaryň göreldesine eýerýärler. Braýn şeýle gürrüň berýär: «Men 15 ýaşymda wagtym kakam öýden gitdi, ejem imandan dändi. Men özümi hiç kime gereksiz ýaly duýdum we ruhdan düşdüm». Braýna kynçylyklara döz gelmäge näme kömek edýär? Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Ýaşuly dogan Tony ýygnaga gelenimde meniň bilen gürrüňdeş bolardy. Meni ruhlandyrmak üçin köp wagtyny sarp ederdi. Ol meniňki ýaly kynçylyklary başdan geçiren dogan-uýalara nämäniň kömek edendigini gürrüň bererdi. Ol maňa Zebur 27:10-y okap berdi. Şeýle-de kakasy gowy görelde bolmasa-da, Hizkiýanyň Ýehowa wepaly gulluk edendigini gürrüň berdi. Tonynyň goldawy bilen men pioner gullugyna başladym. Häzir Ýehowa şatlanyp gulluk edýärin». Ýaşulular, sizem Braýn ýaly «hoş sözlere» mätäç dogan-uýalardan kömegiňizi gaýgyrmaň (Nak. 12:25).
6. Pawlus dogan-uýalara näme üçin hudaýhon adamlar barada gürrüň berdi?
6 Pawlus dogan-uýalara Ýehowanyň geçmişde wepaly bendelerine kömek edendigini ýatlatdy (Ýew. 12:1). Pawlus şeýle wakalaryň dogan-uýalaryň imanyny berkidýändigini bilýärdi. Sebäbi olar nazaryny «Biribaryň şäherine» dikip, kynçylyklaryna döz geldiler (Ýew. 12:22). Hudaýhon adamlaryň göreldesi bize-de kömek edýär. Siz Ýehowanyň Gedeýona, Baraga, Dawuda we Şamuwele kömek edişi barada okanyňyzda, güýjüňize güýç goşulýandyr (Ýew. 11:32—35). Şu günlerem imany berk dogan-uýalaryň göreldesi bizi ruhlandyrýar. Meselem, Baş edara dogan-uýalardan hat gelýär. Olar edebiýatlarymyzdan Ýehowa wepaly gulluk eden imany berk dogan-uýalaryň terjimehalyny okanlarynda ruhlanandyklaryny ýazýarlar.
PAWLUS PARAHAT ÝAŞAMAGA HÖWESLENDIRDI
7. Pawlusyň Rimliler 14:19—21-nji aýatlarda beren maslahatyna nädip eýerip bileris?
7 Biz edýän işlerimiz we aýdýan sözlerimiz bilen ýygnagyň agzybirligine goşant goşup bileris. Biz dürli terbiýe alandygymyz üçin garaýşymyz tapawutlanyp, pikirimiz deň gelmän biler. Şeýle ýagdaýda dogan-uýalary öz garaýşymyza eýertjek bolman Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýermeli. Geliň, I asyrda Rimde bolan waka barada gürrüň edeliň. Rimdäki ýygnakda ýehudy we başga milletli dogan-uýalar gulluk edýärdi. Şol wagt Musanyň kanuny ýatyrylypdy. Haram haýwanyň etinden iýmeli däl diýen kanun hem ýokdy (Mar. 7:19). Käbir ýehudylar islendik haýwanyň etini iýýärdiler, käbirleri bolsa iýmeýärdiler. Şol sebäpli ýygnakda agzalalyk döreýär. Pawlus resul parahat ýaşamagyň wajypdygyny aýdyp şeýle diýdi: «Eger doganyň büdreýän bolsa, et iýmedigiň, şerap içmedigiň ýa-da başga zatlary etmedigiň gowudyr» (Rimliler 14:19—21-nji aýatlary okaň). Pawlus imandaşlaryna agzalalyk sebäpli doganlyk söýginiň sowajakdygyny düşündirdi. Onuň özi hem dogan-uýalary büdretjek zatlary etmeýärdi (1 Kor. 9:19—22). Bizem öz pikirimizi öňe sürmän, ýygnakda parahatlygyň bolmagyna goşant goşsak dogan-uýalary ruhlandyryp bileris.
8. Pawlus resul ýygnakda sünnetlenmek babatda sorag dörände näme etdi?
8 Pawlus resul sünnetlenmek barada sorag dörände hem parahatlygy saklap bildi. I asyrda käbir mesihçiler ýehudylaryň gep-gürrüňlerinden çekinip, başga milletli doganlar hem hökman sünnetlenmeli diýýärdiler (Gal. 6:12). Pawlus resul olaryň aýdýany bilen razylaşmady, emma öz garaýşyny hem öňe sürmedi. Ol meseläni çözmek üçin Iýerusalimdäki resullardan we ýaşululardan maslahat sorady (Res. 15:1, 2). Şeýlelikde, Pawlus resul ýygnakda parahatlygy döredip bildi (Res. 15:30, 31).
9. Pawlusyň göreldesine eýermek üçin näme etmeli?
9 Wajyp meselelerde dogan-uýalar bilen pikirimiz deň gelmese, ýygnakda parahatlygyň bolmagy üçin Ýehowanyň bellän ýaşulularyndan kömek sorap bileris. Şeýle-de Mukaddes Kitapdan we edebiýatlardan gerekli maslahatlary tapyp bileris. Şol maslahatlara eýersek, öz pikirimizi öňe sürmän dogan-uýalar bilen parahat ýaşap bileris.
10. Pawlus resul ýygnakda parahatlygyň bolmagy üçin ýene-de näme etdi?
10 Pawlus resul parahatlygy döredýän adamdy. Şol sebäpli ol dogan-uýalaryň kemçiliklerine däl-de, ýagşy häsiýetlerine üns berýärdi. Meselem, ol rimlilere hat ýazanda dogan-uýalaryň ýekän-ýekän adyny agzady we edýän ýagşy işleri üçin öwdi. Bizem dogan-uýalary ýagşy edim-gylymy üçin öwsek, Pawlusyň göreldesine eýerip bileris. Geliň, hemişe dogan-uýalary öweliň! Şonda bir-birimiziň göwnümizi galkyndyrarys, hakyky dost we dogan bolarys.
11. Biz ýygnagyň parahatlygyna nädip goşant goşup bileris?
11 Käte imany berk dogan-uýalaryň hem garaýşy tapawutlanyp, arasynda düşünişmezlik döräp biler. Şeýle ýagdaý Pawlus bilen Barnabasyň arasynda hem döräpdi. Olar jana-jan dostdular, ýöne bir meselede olaryň garaýşy tapawutlanýar. Olar wagyz syýahatyna gitjek bolanlarynda Markus sebäpli aralarynda dawa turýar. Barnabas Markusy ýany bilen äkitmek isleýär, emma Pawlus garşy çykýar. Şol sebäpli olaryň arasynda dawa turup, biri saga, biri sola gidýär (Res. 15:37—39). Aýra düşen dostlar ýene-de birleşýär. Pawlus hem, Barnabas hem, Markus hem ýygnakda agzybirligiň we parahatlygyň bolmagyny isleýärdiler. Soňra Pawlus hatynda Barnabas we Markus hakda ýagşy sözleri ýazýar (1 Kor. 9:6; Kol. 4:10). Bizem dogan-uýalar bilen aramyzda düşünişmezlik dörände derrew çözjek bolup jan etmeli we olaryň ýagşy häsiýetleri barada oýlanmaly. Şonda ýygnakda parahatlygyň we agzybirligiň bolmagyna goşant goşarys (Efes. 4:3).
PAWLUS DOGAN-UÝALARYŇ IMANYNY BERKITDI
12. Käbir dogan-uýalar nähili kynçylyklara duşýarlar?
12 Biz dogan-uýalary ruhlandyrsak we goldasak Ýehowa imanyny berkideris. Olaryň käbirine garyndaşlary, işdeşleri, klasdaşlary garşy çykýar ýa-da üstünden gülýär. Käbirleri bolsa keselçilikden, göwnüçökgünlikden ejir çekýärler. Başgalary bolsa Ýehowa ençeme ýyldan bäri wepaly gulluk etseler-de, dünýäniň soňunyň gelmeýändigi üçin ruhdan düşýärler. Şeýle ýagdaýlar olaryň berk imanyny sarsdyryp biler. I asyrdaky mesihçiler hem şuňa meňzeş kynçylyklary başdan geçiripdiler. Pawlus resul olaryň imanyny nädip berkitdi?
13. Pawlus dogan-uýalara iman edýän zatlary barada gürrüň bermäge nädip kömek etdi?
13 Pawlus resul Mukaddes Kitap arkaly dogan-uýalaryň imanyny berkitdi. I asyrda ýaşan mesihçileri ýehudy dinine berk ýapyşýan dogan-garyndaşlary tankytlandyrlar. Belki-de, olar dogan-garyndaşlaryna näme jogap berjegini bilen däldirler. Emma Pawlusyň ýazan haty olaryň imanyny berkitdi (Ýew. 1:5, 6; 2:2, 3; 9:24, 25). Pawlus olara tüýs wagtynda hat ýazdy. Şondan soň olar dogan-garyndaşlaryna iman edýän zatlary barada gürrüň berip başlandyrlar. Bizem dogan-uýalara Mukaddes Kitaba we edebiýatlara esaslanyp imany barada gürrüň bermäge kömek edip bileris. Biz mekdepde okaýan dogan-uýalara nädip kömek edip bileris? Belki-de, klasdaşlary ýaradylyşa ynanýandygy üçin olaryň üstünden gülýändir. Biz olara «Ýaşaýyş ýaradyldymy?» (rus.) we «Ýaşaýşyň gelip çykyşy baradaky bäş sorag» (rus.) diýen broşýuralar arkaly ähli zady Hudaýyň ýaradandygyny düşündirmäge kömek edip bileris.
14. Pawlus resul yhlasly wagyz etse-de nämäni ýatdan çykarmady?
14 Pawlus dogan-uýalary «ýagşy işleri etmäge» höweslendirdi (Ýew. 10:24). Pawlus dogan-uýalar üçin janyny bermäge taýyndy. Meselem, Ýahudada açlyk bolanda, Pawlus dogan-uýalaryň gerek-ýarak zatlaryny ýetirdi (Res. 11:27—30). Ol wagyz işine yhlasly gatnaşýardy, ýöne mätäç dogan-uýalara kömek etmäge-de hemişe taýyndy (Gal. 2:10). Pawlusyň jany-teni bilen kömek edýändigini görüp dogan-uýalaryň Ýehowa imany berkändir. Biz Pawlus resulyň göreldesine eýerip, kynçylyga uçran dogan-uýalara wagtymyzy we güýjümizi gaýgyrman kömek etsek, olaryň imanyny berkidip bileris. Şeýle-de bütindünýä wagyz işini goldamak üçin pul sadakasyny berip bileris. Biz her bir mümkinçilikden peýdalanyp dogan-uýalara kömek etsek, Ýehowanyň olary hiç haçan taşlamajakdygyna ynandyryp bileris.
15, 16. Imany gowşan dogan-uýalara nädip kömek edip bileris?
15 Pawlus imany gowşan dogan-uýalara hem kömek edýärdi. Pawlus olar bilen mähirli gepleşýärdi, ruhlandyryp durýardy (Ýew. 6:9; 10:39). Meselem, Pawlus ýewreýlere hat ýazanda «biz», «bize» diýen at çalyşmalaryny ulandy. Bu Pawlusyň berýän maslahatyna özüniň hem eýerýändigini görkezýär (Ýew. 2:1, 3). Pawlusdan görelde alyp, bizem imany gowşan dogan-uýalara kömek etmeli. Olaryň imanyny berkitmek üçin hal-ýagdaýyny sorap durmaly. Olar bilen mähirli we mylakatly gepleşsek ýüregine täsir ederis. Şonda olar biziň söýgimizi duýarlar.
16 Pawlus dogan-uýalara eden ýagşy işlerini Ýehowanyň görýändigini aýtdy (Ýew. 10:32—34). Bizem onuň göreldesine eýerip, imany gowşan dogan-uýalaryň imanyny berkidip bileris. Meselem, olaryň hakykata haçan gelendigi, Ýehowanyň olary nädip goldandygy barada gürrüňdeş bolup bileris. Olaryň eden ýagşy işlerini Ýehowanyň unutmandygyny we hemişe goldajakdygyny ýatladyp bileris (Ýew. 6:10; 13:5, 6). Şeýle gürrüňdeşlikden soň imany gowşan dogan-uýalaryň özüne ynamy artar we ýene-de Ýehowa yhlasly gulluk eder.
«BIRI-BIRIŇIZI RUHLANDYRYŇ»
17. Dogan-uýalaryň daýanjy we guwanjy bolmak üçin näme etmeli?
17 Jaý ussasy näçe köp zähmet çekse, şonça-da işine ökdeleşýär. Edil şonuň ýaly, dogan-uýalary ruhlandyrmak üçin jan etsek, biz olaryň daýanjy we guwanjy bolarys. Biz dogan-uýalara kynçylyklara döz gelmäge kömek etmek üçin, Ýehowa wepaly bolan hudaýhon adamlar barada gürrüň bermeli. Şeýle-de parahatlygy saklar ýaly garaýşymyz, pikirimiz tapawutlansa-da, olaryň ýagşy häsiýetlerini görjek bolmaly. Olary ruhlandyrmak üçin Mukaddes Kitapdan tapan gymmatly dürdänelerimizi gürrüň bermeli. Şonda ýygnakda parahatlyk bolar we dogan-uýalar Ýehowa şatlyk bilen gulluk ederler.
18. Şu makala sizi näme etmäge höweslendirdi?
18 Dogan-uýalar Ýygnak jaýynyň gurluşygyna, abatlaýyş işine gatnaşyp bilýändiklerine begenýärler we özlerini bagtly duýýarlar. Bizem dogan-uýalaryň imanyny berkitmek we goldamak üçin zähmet çekýändigimize örän begenýäris. Elbetde, gurulýan binalar wagtyň geçmegi bilen könelip ýa-da ýykylyp biler. Ýöne biz dogan-uýalaryň imanyny berkitmek üçin çekýän zähmetimiziň hözirini ebedilik göreris. Geliň, häzirden «bir-birimizi ruhlandyralyň, birek-biregi berkideliň» (1 Sel. 5:11).
100-NJI AÝDYM Myhmansöýer bolalyň
a Gaýgy-aladadan doly dünýäde ýaşaýyş gün-günden kynlaşýar. Bizem her gün kynçylyklar bilen göreşmeli bolýarys. Şol sebäpli biri-birimizi ruhlandyryp, berkidip durmaly. Makalada Pawlus resulyň dogan-uýalary nädip goldandygy we biziň ondan näme öwrenip biljekdigimiz barada gürrüň ederis.
b SURAT: kakasy gyzyna Täze ýyl baýramyny näme üçin bellemeýändiklerini edebiýatlar arkaly düşündirmegi öwredýär.
c SURAT: är-aýal tebigy betbagtçylyk bolan ýerde kömek edýär.
d SURAT: ýaşuly imany gowşan doganyň öýüne baryp halyndan habar alýar. Olar Pionerler mekdebinde düşen suratlaryny görýärler. Dogan gyzykly wakalary ýatlap öňküsi ýaly Ýehowa şatlanyp gulluk edesi gelýär. Soňra ol ýene-de ýygnaga barýar.