Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

34-NJI MAKALA

Hakykat ýolundan sowulmalyň

Hakykat ýolundan sowulmalyň

«Hakykat ýolunda ýöräň» (3 Ýah. 4).

111-NJI AÝDYM Şatlanyň!

MAZMUNY a

1. Ýehowany nädip tanandygyň barada gürrüň bermegiň nähili peýdasy bar?

 «HAKYKATY kimden eşitdiňiz?» Şu soragy size ençeme sapar berendirler. Dogrudanam, dogan-uýalar biri-biri bilen tanşanda, ilki bilen Ýehowany haçan tanandygyny soraýarlar. Biz dogan-uýalaryň berýän gürrüňlerini halaýarys. Özümiz hem olara hoş habary kimden eşidendigimizi höwes bilen gürrüň berýäris (Rim. 1:11). Biz şeýdip biri-birimiziň imanymyzy berkidýäris we hakykat ýolundan ýöremäge kömek edýäris. Şeýlelikde, Ýehowany razy edip bol bereketleri alýarys (3 Ýah. 4).

2. Makalada näme hakda gürrüň ederis?

2 Makalada hakykat ýolundan sowulmazlyga nämäniň kömek edýändigi barada gürrüň ederis. Biz näme üçin hakykat ýolundan ýöremeli? Mukaddes Kitabyň hakykatyny söýýändigimizi nädip subut etmeli? Şu soraglaryň jogabyny bilsek, Ýehowanyň özüni tanadandygyna minnetdar bolarys we hoş habary yhlasly wagyz ederis (Ýah. 6:44).

BIZ NÄME ÜÇIN «HAKYKAT ÝOLUNDA» ÝÖREMELI?

3. Biz näme üçin Hudaýyň Sözündäki hakykat boýunça ýaşaýarys?

3 Ýehowa — hakykatyň Gözbaşy. Biz ony ýürekden söýýäris. Şonuň üçin Hudaýyň Sözündäki hakykat boýunça ýaşaýarys. Älem-jahanyň eýesi Gudratygüýçli Ýehowa aladaçyl we söýgüden doly Hudaý (1 Pet. 5:7). Mukaddes Kitapda Ýehowanyň «rehimdar, mähirli, giň göwünli, wepaly söýgä baý, sözünde durýan» Hudaýdygy aýdylýar (2 Mus. 34:6). Şeýle-de Ýehowa adalatly Hudaý (Işa. 61:8). Ol biziň çekýän jebir-jepamyzy görýär we tizden derdimizden gutarar (Ýer. 29:11). Muny bilmek göwnümizi göterýär.

Mukaddes Kitabyň hakykaty labyra meňzeýär

Labyryň apy-tupanda gämini saklaýşy ýaly, gelejege bolan umydymyz hem kynçylyklarda ýykylman berk durmaga kömek edýär. Mukaddes Kitabyň hakykaty adamlara gelejek barada wagyz etmäge höweslendirýär (4—7-nji abzaslara serediň).

4, 5. Pawlus gelejege bolan umydymyzy näme üçin labyr bilen deňeşdirdi?

4 Geliň, indi Mukaddes Kitabyň hakykaty boýunça ýaşamagyň ýene bir peýdasy barada gürrüň edeliň. Mukaddes Kitabyň hakykaty gelejege umyt berýär. Pawlus şeýle diýdi: «Şol umyt gämini saklaýan labyr kimindir, janymyzy berk hem ynamly saklaýandyr» (Ýew. 6:19). Labyryň apy-tupanda gämini saklaýşy ýaly, gelejege bolan umyt hem kynçylyklarda ýykylman berk durmaga kömek edýär.

5 Pawlus resul aýatdaky sözleri gökde ýaşamak üçin saýlanan mesihçilere aýtsa-da, ýer ýüzünde ýaşajaklara-da degişli (Ýah. 3:16). Hawa, gelejege bolan umyt bizi bagtly edýär.

6, 7. Mukaddes Kitapdaky hakykat Ýowanna uýa nähili täsir etdi?

6 Geliň, Ýowanna uýa barada gürrüň edeliň. Ol çagaka ölümden gorkýardy, sebäbi hakykaty bilmeýärdi. Ýowanna uýa bir kitapdan şeýle sözleri okaýar: «Bir gün geler gaýdyp ýagty jahany görmersiň». Ol şeýle diýýär: «Şol gün uzak gije gelejegim hakda oýlanyp, uklap bilmedim. Men: „Ölmek üçin doguldymmy? Durmuş şunuň bilen gutarmalymy?“ diýýärdim. Meniň ölesim gelmeýärdi».

7 Ýowanna uýa ýetginjek wagty Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar. Ol: «Indi men ýer ýüzündäki Jennetde ölmän ebedi ýaşamaga umyt edýärin» diýýär. Mukaddes Kitabyň hakykatyny bilmek Ýowanna uýa nähili peýda berdi? Ol indi ölümden gorkmaýar. Uýamyz şeýle diýýär: «Indi men gelejegimi alada etmeýärin, rahat ýatýaryn». Ýowanna uýa Ýehowany tanandygyna örän begenýär we hoş habary yhlasly wagyz edýär (1 Tim. 4:16).

Mukaddes Kitabyň hakykaty hazyna meňzeýär

Ýehowa gulluk edip alýan şatlygymyzy hiç bir zat bilen deňäp bolmaz. Biz Hudaýyň Patyşalygynyň golastynda Jennetde ýaşamaga umyt edýäris (8—11-nji abzaslara serediň).

8, 9. a) Isanyň gürrüň beren mysalyndaky adam hazynany gymmat saýýandygyny nädip görkezdi? b) Siz Ýehowanyň adyna mynasyp ýaşamak üçin nämelerden geçdiňiz?

8 Mukaddes Kitapda Hudaýyň Patyşalygy barada hem aýdylýar. Isa Patyşalyk baradaky hakykaty gizlin hazyna bilen deňeşdirdi. Ol şeýle diýdi: «Gökdäki Patyşalyk gizlin ýatan hazyna kimindir. Bir adam ony tapyp, ýene-de gizläp goýýar. Begenjine ähli zadyny satyp, şol mellegi satyn alýar» (Mat. 13:44). Üns beren bolsaňyz, ol adam hazynany gözlemedi, ýöne tapandan soň gadyryny bildi we hiç zada çalyşmady. Näme üçin? Ol hazynanyň gaty gymmatlydygyny bilýärdi. Şol sebäpli hazyna üçin dünýe malyndan geçdi.

9 Siz hem hak Hudaýy tananyňyzdan soň köp zadyňyzdan geçensiňiz. Ýehowa gulluk edip alýan şatlygymyzy hiç bir zat bilen deňäp bolmaz! Biz Hudaýyň Patyşalygynyň golastynda Jennetde ebedi ýaşamaga umyt edýäris. Hawa, «Ýehowanyň adyna mynasyp ýaşamak» we Onuň bilen dostlugymyzy saklamak üçin geçen zatlarymyza ökünmeýäris (Kol. 1:10).

10, 11. Maýkl dogany durmuşyny üýtgetmäge näme höweslendirdi?

10 Biziň köpümiz Ýehowany razy edip ýaşamak üçin ýokary wezipä ýa-da baýlyga kowalaşmadyk. Käbirimiz Ýehowanyň bizden näme isleýändigine düşünip durmuşymyzy üýtgetdik. Geliň, Maýkl barada gürrüň edeliň. Ol hakykaty eşitmänkä, karate gatnaýardy. Ol şeýle diýýär: «Men güýç-kuwwatyma buýsanýardym, hiç kim garşyma çykyp bilmez öýdýärdim. Men Mukaddes Kitapdan okuw geçip başladym we Ýehowanyň zorluk-sütemi ýigrenýändigine düşündim» (Zeb. 11:5). Oňa bir är-aýal okuw geçýär. Maýkl şeýle diýýär: «Olar maňa karateni goý diýmediler, gaýtam sabyrly bolup Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryny öwretdiler».

11 Maýkl Ýehowany tanadygyça, Onuň bilen dostlugy hasam berkedi. Ol Ýehowanyň sabyrly Hudaýdygyna göz ýetirdi. Ahyrsoňy, Maýkl durmuşyny üýtgetmelidigine düşündi. Ol şeýle diýýär: «Karateni goýmak maňa kyn düşdi. Ýöne aýgytly ädim ätsem, Ýehowany razy edip biljekdigime düşünýärdim». Maýkl Mukaddes Kitabyň hakykatyny gymmat saýýandygy üçin durmuşyny bütinleý üýtgetdi (Ýak. 1:25).

Mukaddes Kitabyň hakykaty çyra meňzeýär

Tüm-garaňky gijede çyranyň ýolumyza ýagty saçyşy ýaly, Mukaddes Kitabyň gymmatly hakykaty hem garaňky dünýäde ýörejek ýolumyzy görkezýär (12, 13-nji abzaslara serediň).

12, 13. Maýli uýa soraglarynyň jogabyny nireden tapdy?

12 Tüm-garaňky gijede çyranyň ýolumyza ýagty saçyşy ýaly, Mukaddes Kitabyň gymmatly hakykatlary hem garaňky dünýäde ýörejek ýolumyzy görkezýär (Zeb. 119:105; Efes. 5:8). Maýli uýamyz Azerbeýjanda dindar maşgalada dünýä inýär. Onuň kakasy musulman, ejesi ýewreýdi. Uýamyz Ýehowanyň özi barada hakykaty açanyna örän begenýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men Hudaýyň bardygyna hijem şübhelenmeýärdim. Ýöne käbir soraglaryma jogap tapmaýardym. Men: „Hudaý adamlary näme üçin ýaratdy? Jebir-jepa çekdirip, soňam dowzahda gynamak üçinmi?“ diýip pikirlenýärdim. Adamlar: „Hudaýsyz çöp başy gymyldamaz“ diýýärdiler. Men bolsa: „Hudaý adamlaryň ejir çekişinden lezzet alýarmyka?“ diýip oýlanýardym».

13 Maýli ahyry soraglaryna jogap tapdy. Ol Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlady we hak Allany tanady. Ol şeýle diýýär: «Mukaddes Kitapdan bilim alyp başlanymdan soň durmuşym manyly boldy, ähli soraglaryma jogap tapdym. Indi men örän bagtly». Bizem Maýli uýa ýaly Ýehowanyň «garaňkylykdan ýagtylyga» çykarandygy üçin çäksiz minnetdar! (1 Pet. 2:9).

14. Mukaddes Kitabyň hakykatyny çuňňur öwrenmegiň nähili peýdasy bar? (« Başga meňzetmeler» diýen çarçuwa serediň).

14 Biz Mukaddes Kitabyň hakykatynyň gadyr-gymmatyny görkezýän käbir mysallar barada gürrüň etdik. Sizem çuňňur gözleg geçirseňiz Mukaddes Kitabyň hakykatlarynyň gadyr-gymmatyny görkezýän başga-da subutnamalary taparsyňyz. Hudaýyň Sözüni näçe köp okasaňyz, şonça-da imanyňyz berkär we hiç haçan hakykat ýolundan sowulmarsyňyz.

MUKADDES KITABYŇ HAKYKATYNY SÖÝÝÄNDIGIMIZI NÄDIP SUBUT ETMELI?

15. Mukaddes Kitapdaky hakykatyň gadyryny bilmek üçin näme etmeli?

15 Biz näçe ýyldan bäri Ýehowa gulluk edýän hem bolsak, imanymyzy berkidip durmaly. Biz her gün Mukaddes Kitaby okasak, edebiýatlarymyzdan yzygiderli şahsy okuw geçirsek, Hudaýyň Sözündäki hakykatyň gadyr-gymmatyny bileris. «Garawul diňi» žurnalynda şeýle diýilýär: «Hakykat edil owadan gül ýalydyr. Ol ýaşaýyş diýip atlandyrylan çöl-beýewanlykda ösýändir. Ýalan zatlar ony haşal ot kimin bogup barýar. Eger siz bu güli tapmak isleseňiz, onda gije-gündiz oýa boluň... Eger hakykaty bilmek isleseňiz, onda egliň-de, ony alyň. Diňe bir gül bilen çäklenmäň... Köpräk ýygyň we olary gözlemegiňizi dowam ediň». «Çekseň zähmet, ýagar rähnet» diýlişi ýaly, Mukaddes Kitaby her gün okasaňyz we çuňňur gözleg geçirseňiz peýdasyny görersiňiz.

16. Siz Mukaddes Kitaby haçan we nädip okaýarsyňyz? (Nakyllar 2:4—6).

16 Belki-de, käbirimiz okamagy, öwrenmegi halaýan däldiris. Ýöne Ýehowa hakykaty gözlemegimizi, agtarmagymyzy isleýär (Nakyllar 2:4—6-njy aýatlary okaň). Şeýtsek, biz Hudaýyň Sözüne doly düşüneris. Kori dogan Mukaddes Kitaby her gün okaýar we bir aýadyň üstünde oýlanyp, gözleg geçirýär. Ol şeýle diýýär: «Men aýadyň çykgytlaryny, goşmaça aýatlaryny okaýaryn we gowy gözleg geçirýärin... Her gezek gözleg geçirenimde Mukaddes Kitabyň hakykatyna has gowy düşünýärin». Siz Mukaddes Kitaby haçan we nädip okaýarsyňyz? Eger Mukaddes Kitaby okamaga wagt tapyp çuňňur gözleg geçirseňiz, Hudaýyň Sözüniň gadyr-gymmatyny bilýändigiňizi görkezersiňiz (Zeb. 1:1—3).

17. Öwrenen zatlarymyzy näme üçin durmuşymyzda ulanmaly? (Ýakup 1:25).

17 Elbetde, Mukaddes Kitaby diňe bir okamak ýeterlik däl, biz öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulanmaly. Şonda hakykatdanam bagtly bolarys (Ýakup 1:25-i okaň). Biz öwrenen zatlarymyzy nädip durmuşymyzda ulanyp bileris? Bir dogan gylyk-häsiýetleriň barada oýlanmagy we Ýehowa ýaraýan häsiýetleri ösdürmegi maslahat berýär. Pawlus resul şeýle diýdi: «Biz nähili üstünlik gazanan bolsak, şeýle etmegi dowam edeliň» (Flp. 3:16).

18. Hakykat ýolundan sowulmaz ýaly näme üçin jan etmeli?

18 Mähriban dogan-uýalar, hakykat ýolundan sowulmazlyk üçin tagalla ediň. Şonda hakykatdanam bagtly bolarsyňyz, Ýehowany we dogan-uýalary begendirersiňiz (Nak. 27:11; 3 Ýah. 4). Geliň, Mukaddes Kitabyň hakykatynyň gadyryny bileliň we öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulanalyň.

144-NJI AÝDYM Baýragy ýatda sakla!

a Biz her gün hakykat ýolundan ýöreýäris. Biz Ýehowany ýaňy-ýakynda tanan bolsak-da, köp ýyldan bäri Oňa gulluk edýän bolsak-da hakykata berk ýapyşmaly. Şonda Ýehowany razy edip ýaşarys.