Ýanýoldaşyň pornografiýa görse
-
«Ýanýoldaşym maňa gaýta-gaýta ikilik eden ýaly boldy».
-
«Meniň namysym depelenen ýaly boldy, özümi gelşiksiz, hiç kime gereksiz duýdum».
-
«Men derdimi hiç kime aýdyp bilmedim, ýeke özüm dymdym ýördüm».
-
«Ýehowa meniň derdimi görmeýän ýaly duýdum».
Ýanýoldaşy pornografiýa görýän zenanlar şeýle duýgulary başdan geçirýär. Ärler aýlap-ýyllap gizlinlikde pornografiýa görseler, aýalynyň ynamyndan gaçýar. Bir gelin şeýle gürrüň berýär: «Men ärimi tanamandyryn. Onuň hakyky ýüzüni indi gördüm. Ol menden ýene nämeleri gizläp ýörkä?»
Şu makala ýanýoldaşy pornografiýa görýän gelinler üçin ýazylan a. Makalada Mukaddes Kitabyň maslahatlary getirilen. Olar mähriban uýalara göwünlik berer. Şeýle-de Ýehowanyň olary söýýändigini, goldaw berjekdigini ýatladar we olaryň Hudaý bilen dostlugyny berkider b.
BIGÜNÄ ÝANÝOLDAŞY NÄME EDIP BILER?
Mähriban gelinler, siz ýanýoldaşyňyzyň her bir ädimine gözegçilik edip bilmersiňiz. Ýöne şu makaladaky maslahatlar size göwnüňizi giň tutmaga kömek eder we derdiňize derman bolar. Geliň, olar hakda gürrüň edeliň.
Özüňizi günäkärlemäň. Käbir gelinler ýanýoldaşynyň pornografiýa görýändigi üçin özüni günäkärleýär. Alisa c: «Ärim näme üçin başga gelin-gyzlara seredýärkä? Diýmek, men ony kanagatladyrmaýan bolmaly» diýip oýlanýar. Daniýela: «Men ärime pornografiýa görýändigi üçin gygyrýardym. Emma göwnüme bolmasa, ody söndürmegiň deregine, tutaşdyrýan ýalydym» diýýär.
Mähriban gelinler, äriňiziň pornografiýa görýändigi üçin, Ýehowa sizi günäkärlemeýär. Ýakup 1:14-de: «Her kim öz höwesine gyzygyp, aldanan mahaly synalýar» diýilýär (Rim. 14:12; Flp. 2:12). Gelinler, özüňizi günäkärlemäň! Ýehowa sizi gowy görýär. Sebäbi siz Oňa wepaly (2 Tar. 16:9).
Mähriban gelinler, äriňiziň pornografiýa görmegi siziň aýallyk borjuňyzy gowy ýerine ýetirip bilmeýändigiňizi aňlatmaýar. Sebäbi barlaglara görä, pornografiýa görýän adamlaryň azgyn höweslerini hiç bir gelin-gyzyň kanagatlandyryp bilmeýändigi anyklandy.
Aşa alada etmäň. Katerina äriniň pornografiýa görýändigini bilensoň saralyp-solup başlaýar. Françeska: «Ärim nirede gezip ýörkä?» diýip, aýagy bişen towuk ýaly bir ýerde durup bilmeýär. Başga bir gelin bolsa ýanýoldaşynyň pornografiýa görýändigini dogan-uýalar bilýändir öýdüp, utançdan ýaňa ýere giräýjek bolýar. Ýene bir gelin bolsa: «Ýagdaýyma hiç kim düşünmeýär» diýip, özüni ýeke duýýar.
Elbetde, şeýle duýgular adaty zat. Emma çendenaşa alada etseňiz güýç-kuwwatdan gaçarsyňyz. Muňa derek Ýehowa bilen dostlugyňyzy berkitjek ädimleri ädiň. Şonda kyn ýagdaýa döz gelmäge güýjüňiz bolar (Zeb. 62:2; Efes. 6:10).
Belki, siz Mukaddes Kitapdaky agyr gününde Ýehowa doga eden zenanlar hakda okarsyňyz. Hudaý derrew olaryň kynçylygyny aýyrmady. Emma kalbyna rahatlyk berdi. Meselem, Hanna «gaýgy-hasratdan ýaňa gözünden boýur-boýur ýaş dökýärdi». Ol ep-esli wagt Ýehowa doga edip oturdy. Elbetde, Hanna Ýehowanyň özüne ogul berjegini bilmeýärdi. Emma doga edenden soňra onuň göwni giňedi (1 Şam. 1:10, 12, 18; 2 Kor. 1:3, 4).
Ýaşululardan kömek soraň. Olaryň her biri size «ýelden gorag bolar, çabgada pena bolar» (Işa. 32:2). Belki, ýaşulular siziň syryňyzy saklajak we göwünlik berjek uýa bilen gepleşmegi maslahat berer (Nak. 17:17).
ÝANÝOLDAŞYŇYZA KÖMEK EDIŇ
Zenanlar, siz äriňize pornografiýa görmek endigini goýmaga kömek edip bilersiňizmi? Elbetde! Mukaddes Kitapda kynçylygy ýeňmek duşmana garşy göreşmek bilen deňeşdirilýär. Şeýle-de «ýeke bolanyňdan, iki Nes. 4:9—12). Barlaglara görä, aýaly ärine pornografiýa görmek endigini goýmaga kömek etse we olar biri-birine ynansa, gowy netije gazanjakdygy anyklandy.
bolanyň ýagşydyr» diýilýär (Äriňiz hem pornografiýa görmezlik üçin köp tagalla etmeli bolar. Ol erbet endigini goýmagy ýüregine düwdümi? Ýehowadan güýç sorap ýürekden doga edýärmi? Ýaşululardan kömek soraýarmy? (2 Kor. 4:7; Ýak. 5:14, 15). Ol pornografiýa görmez ýaly nämeler edýär? Äriňiz synaga düşmez ýaly internete sarp edýän wagtyny çäklendirdimi? (Nak. 27:12). Ýanýoldaşyňyz siziň kömegiňizi kabul edýärmi? Ol ähli zady açyk-aýdyň aýdýarmy? Eger şeýle edýän bolsa, onda siz oňa kömek edip bilersiňiz.
Geliň, Itan we Felisiýa är-aýal hakda gürrüň edeliň. Itan ýaşlygyndan bäri pornografiýa görýärdi. Felisiýa ärine kömek etmek isleýärdi. Şol sebäpli Itanyň pornografiýa görmek islegi dörän wagty gürrüňdeş bolar ýaly şert döredýärdi. Itan şeýle diýýär: «Men aýalyma ähli zady açyk-aýdyň aýdýardym. Ol mähir bilen ýagdaýlarymy sorap durýar. Özüme erk etmäge kömek edýär. Şeýle-de ol interneti ulanmakda belli bir çäk goýýar». Elbetde, Felisiýa äriniň her gün pornografiýa görmek isleginiň döreýändigini bilmek agyr degýärdi. Felisiýa şeýle diýýär: «Men ärime erbet endigini goýmaga kömek etmek üçin gaharlanmaly we öýkelemeli däldigime düşündim. Biz açyk gürrüňdeşlik etdik. Ol meniň kömegimi kabul etjegini we ýüregimi ynjydýan işleri etmejegini aýtdy».
Äri aýaly bilen açyk gürrüňdeşlik etse, pornografiýa görmek endigini goýup biler we aýalynyň ynamyny gazanar. Ol aýalyna ejizlikleri, nirede näme edip ýörendigini, hatda içki syrlaryny hem aýdyp biler.
Mähriban zenanlar, ýanýoldaşyňyza erbet endigini goýmaga kömek edip biljekdigiňize ynanýarsyňyzmy? Eger şeýle bolsa, siz äriňiz bilen şu makalany okaň. Ýöne ýanýoldaşyňyzda erbet endigini goýmak we siziň ynamyňyzy gazanmak islegi bolsun. Siz äriňiz bilen kynçylygy hakda gürrüňdeş bolanyňyzda, ol gaharlanmasyn. Gaýtam pornografiýa görmegi siziň ýüregiňizi ynjydýandygyna düşünsin. Sizem oňa erbet endigini goýmaga höweslendiriň we ynamyňyzy gazanmaga mümkinçilik dörediň. Gelinler, siz hem, äriňiz hem pornografiýanyň zyýanly taraplaryny we ony nädip goýmalydygyny öwreniň d.
Är-aýallar, siz meseläni çözmäge derek, dawalaşýan bolsaňyz näme etmeli? Onda gürrüňdeşlige ikiňiziň ynamdar hasaplaýan ýaşulyňyzy çagyryň. Ol size meseläni parahatlykda çözmäge kömek eder. Äriňiz erbet endigini goýan hem bolsa, ynamyňyzy gazanmaga ep-esli wagt gerek bolar. Şonuň üçin ýan bermäň, onuň tagallasyny görjek boluň. Sabyr ediň, wagtyň geçmegi bilen maşgala ojagyňyz ýene-de berkär (ÝANÝOLDAŞYŇ DÜZELMEK ISLEMESE NÄME EDIP BILERSIŇIZ?
Ýanýoldaşyňyz erbet endigini gaýtalasa näme? Bu onuň toba etmändigini ýa-da hiç haçan düzelmejekdigini aňladýarmy? Elbetde, ýok! Käbirleri erbet endigini goýmak üçin ömrüniň ahyryna çenli göreşýärler. Käbirleri birnäçe ýyl özüne erk edip gezen hem bolsa, soňra erbet endigini gaýtalaýarlar. Adam erbet endigini goýsa-da, synaga düşürjek ýagdaýlardan gaça durmagy we özüne erk etmegi ýüregine düwmeli (Nak. 28:14; Mat. 5:29; 1 Kor. 10:12). Ol «pikirini hemişe täzeläp durmaly» we erbetligi, ýagny pornografiýa görmegi hem-de masturbasiýa etmegi «ýigrenmeli» (Efes. 4:23; Zeb. 97:10; Rim. 12:9). Äriňiz şeýle tagallalary etmäge taýýarmy? Eger şeýle bolsa, ol erbet endigini goýup biler e.
Äriňiz erbet endigini goýmak islemeýän bolsa näme? Şonda siz gaharlanarsyňyz, özüňize biwepalyk edilen ýaly duýarsyňyz, tagallaňyz biderek bolar. Ýöne bar ýüküňizi Ýehowa tabşyrsaňyz göwnüňiz giňär (1 Pet. 5:7). Her gün Mukaddes Kitaby okaň we doga edip Ýehowa ýakynlaşyň. Ol hem size ýakynlaşar. Ýehowa Işaýa 57:15-de «ejizleri berkitmek üçin... (olaryň) ýanynda boljagyny» wada berýär. Her gün Ýehowany razy edip ýaşamagy ýüregiňize düwüň. Ýaşululardan kömek soraň. Ýanýoldaşyňyzyň erbet endigini goýup, durmuşyny üýtgetjekdigine umyt ediň (Rim. 2:4; 2 Pet. 3:9).
a Şu makaladaky maslahatlar äri pornografiýa görýän aýallara niýetlenen. Emma makaladaky maslahatlar aýaly pornografiýa görýän ärlere-de kömek edip biler.
b Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary ýanýoldaşy pornografiýa görýänlere aýrylyşmaga rugsat bermeýär (Mat. 19:9).
c Käbir atlar üýtgedildi.
d JW.ORG saýtyndan peýdaly maslahatlary tapyp bilersiňiz. Meselem, jw.org saýtyndan «Pornografiýa görýän adam maşgala ojagyny dargadýar» diýen makalany okap bilersiňiz. Şeýle-de «Garawul diňi» žurnalyndan şu makalalary okap bilersiňiz: «Siz synaga garşy durup bilersiňiz» (w14-U 1/4 sah. 10—12); «Pornografiýa güýmenjemi ýa-da zäher?» (w13 1/8 sah. 3—7).
e Käbir är-aýallar pornografiýa görmek endigini goýmak üçin diňe bir ýaşululardan maslahat soramak bilen çäklenmän, psihologlara hem ýüz tutýarlar.