33-NJI MAKALA
Danyýar pygamberiň göreldesine eýeriň!
«Danyýar, Hudaý seni gowy görýär» (Dan. 10:11).
73-NJI AÝDYM Batyrgaýlyk diläliň
MAZMUNY a
1. Wawilonlylar näme üçin Danyýara tälim bermek isleýär?
WAWILONLYLAR Iýerusalimi basyp alýar we ysraýyllary sürgün edýär. Olaryň arasynda Danyýar atly ýaş ýigit hem bardy. Wawilonyň emeldarlary Danyýaryň boý-syratyna, akyl-paýhasly ýigitdigine syn edip, atly-abraýly maşgaladandygyny bilip, oňa tälim berýärler we Wawilonyň ýokary gatlagynyň agzasy edip ýetişdirmek isleýärler (1 Şam. 16:7; Dan. 1:3, 4, 6).
2. Ýehowa Danyýary näme üçin gowy görýär? (Hyzkyl 14:14).
2 Ýehowa Danyýaryň görmegeý ýigitdigi üçin ýa-da atly-abraýly maşgaladan bolandygy üçin däl-de, berk imanlydygy üçin gowy görýär. Danyýar Wawilona sürgün edilende 20 ýaşlaryndady. Ýehowa ondan razydy. Hudaý ony özüne onlarça ýyl wepaly gulluk eden Nuh we Eýýup pygamberler bilen deň görýärdi (1 Mus. 5:32; 6:9, 10; Eýp. 42:16, 17; Hyzkyl 14:14-i okaň). Hak Alla Danyýary ýaş wagtynda-da, gojalyk çagynda-da goldaýar we aman-esen saklaýar (Dan. 10:11, 19).
3. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?
3 Danyýar batyrgaý we wepaly bolandygy üçin Ýehowany razy edýär. Ol şu iki häsiýeti haýsy ýagdaýlarda görkezýär? Danyýara batyrgaý we wepaly bolmaga näme kömek edýär? Biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris? Geliň, häzir şu soraglaryň jogabyny bileliň. Makala, esasan-da, ýaşlar üçin ýazylan hem bolsa, imany bilen köpleri haýran galdyran Danyýar pygamberiň göreldesine biziň ählimiz eýerip bileris.
DANYÝAR PYGAMBER ÝALY BATYRGAÝ BOLUŇ
4. Danyýar mertligini nädip görkezdi? Mysal getiriň.
4 Batyrgaý adamlar hem gorkýarlar, emma ýagşy işleri etmek üçin janyny orta goýýarlar. Danyýar mert we dogumly ýigitdi. Geliň, häzir onuň durmuşynda bolan iki waka seredeliň. Wawilonlylaryň Iýerusalimi weýran edenine iki ýyl geçipdi. Şonda Nawuhodonosor patyşa gorkunç düýş görýär. Ol akyldarlary çagyryp, düýşi we onuň ýorgudyny aýdyp bermegi talap edýär. Eger olar başarmasa, ölüm jezasyny berjekdigini aýdýar. Danyýar aýgytly hereket etmelidi (Dan. 2:3—5). Eger ol haýal-ýagallyk etse, janyndan mahrum bolardy. Ol «patyşanyň huzuryna baryp, düýşi ýormak üçin wagt bermegi haýyş edýär» (Dan. 2:16). Muny etmäge berk iman we batyrgaýlyk gerekdi, sebäbi Mukaddes Kitapda öň Danyýaryň düýş ýorandygy hakynda hiç zat aýdylmaýar. Ol dostlary Sedraha, Meşaha we Abdynaga (şu atlary olara wawilonlylar dakypdy) «gögüň rehimdar Hudaýyndan patyşanyň syryny açyp bermegi babatda dileg etmegi haýyş edýär» (Dan. 2:18). Ýehowa olaryň dogalaryna jogap berýär. Şeýdip, Danyýar patyşanyň düýşüni ýorýar we öz janyny, dostlarynyň janyny halas edýär.
5. Danyýar batyrgaýdygyny ýene nädip subut etdi?
5 Hawa, Danyýar mertlik bilen patyşanyň düýşüniň ýorgudyny aýdýar. Şondan birnäçe wagt geçenden soňra Nawuhodonosor patyşa ýene bir gorkunç düýş görýär. Patyşa düýşünde depesi göge ýetip duran beýik agajy görýär. Danyýara düýşüň ýorgudyny, ýagny patyşanyň biraz wagtlyk akylyndan azaşjakdygyny, hökümdar bolup bilmejekdigini aýtmak aňsat däldi. Sebäbi Nawuhodonosor patyşa ony gozgalaňçy hasaplap, başyny alyp bilerdi (Dan. 4:25). Ýöne Danyýar nähili ýagdaý bolaýanda-da, düýşüň ýorgudyny patyşanyň ýüzüne aýtdy.
6. Danyýara batyrgaý bolmaga näme kömek etdi?
6 Danyýara ömrüniň ahyryna çenli Ýehowa batyrgaýlyk bilen gulluk etmäge näme kömek etdi? Ene-atasy onuň ýaş kalbyna Ýehowanyň kada-kanunlaryny guýupdy (5 Mus. 6:6—9). Ol diňe bir ysraýyllara berlen Musanyň on tabşyrygyny däl-de, Ýehowanyň kanunlaryny jikme-jik, ýagny nämäniň halaldygyny we nämäniň haramdygyny bilýärdi b (3 Mus. 11:4—8; Dan. 1:8, 11—13). Şeýle-de ol ysraýyl halkynyň taryhy bilen tanyşdy. Danyýar Hudaýyň kanunlaryny äsgermezçilik edenlerinde halkyň başyna inen betbagtçylyklary bilýärdi (Dan. 9:10, 11). Onsoňam, Danyýar Ýehowanyň ençeme sapar goldandygyny gördi. Şonuň üçin hem nähili kyn ýagdaý bolsa-da, Allatagalanyň we onuň perişdeleriniň dadyna ýetişjekdigine ynamlydy (Dan. 2:19—24; 10:12, 18, 19).
7. Danyýar batyrgaý bolmagy nädip öwrendi? (Surata serediň).
7 Danyýar pygamberleriň golýazmalaryny okap oýlanýardy. Meselem, ol Ýermeýanyň pygamberligini okanda tizden ysraýyllaryň Wawilon ýesirliginden azatlyga çykjakdygyna düşündi (Dan. 9:2). Pygamberlikleriň ýerine ýetmegi hem onuň, hem ysraýyllaryň imanyny berkitdi we Ýehowa bil baglamaga höweslendirdi (Rimliler 8:31, 32, 37—39-njy aýatlary deňeşdiriň). Şeýle-de Danyýar hemişe Ýehowa doga edýärdi (Dan. 6:10). Doga edende günälerini boýun alyp, toba edýärdi. Ýehowa biynjalyk edýän zatlaryny aýdýardy we kömek soraýardy (Dan. 9:4, 5, 19). Danyýar hem biziň ýaly bikämil adamdy, batyrgaý bolup dünýä inmändi. Ýöne ol pygamberleriň golýazmalaryny okap, Ýehowa doga edip we oňa bil baglap, batyrgaý bolmagy öwrendi.
8. Biz batyrgaý bolmak üçin näme etmeli?
8 Biz batyrgaý bolar ýaly näme edip bileris? Ene-atamyz batyrgaý bolsa, biz hem mert bolarys öýtmeli däl, sebäbi batyrgaýlyk nesilden-nesle geçmeýär. Mert bolmagy öwrenmek täze kär öwrenmek ýalydyr. Adam bir käri öwrenende halypasynyň edýän işini ünsli synlaýar, soňra edil şonuň ýaly etjek bolýar. Bizem mert adamlar hakda okasak we olaryň göreldesine eýersek, dogumly bolup bileris. Biz batyrgaý pygamber Danyýaryň göreldesine nädip eýerip bileris? Biz her gün Mukaddes Kitaby okap oýlanmaly. Ýehowa ýürekden doga edip, onuň bilen dostlaşmaly we kyn ýagdaýlarda goldajakdygyna ynamly bolup, bil baglamaly. Şonda islendik synaglara mertlik bilen döz geleris.
9. Batyrgaý bolmagyň nähili peýdasy bar?
9 Batyrgaý bolmak näme üçin wajyp? Geliň, Germaniýada ýaşaýan Ben hakda gürrüň edeliň. Onuň synpdaşlary ewolýusiýa taglymatyna ynanýar we Hudaýyň älem-jahany ýaradandygyny erteki hasaplaýar. Bir gün Ben sapakda ýeri-gögi Allatagalanyň ýaradandygyny mertlik bilen gürrüň berýär. Soňra näme bolýar? Ben şeýle diýýär: «Mugallym meni ünsli diňledi we taýýarlan makalamyň nusgasyny çykaryp, synpdaşlaryma paýlady. Synpdaşlarym çykyşyma örän haýran galdylar we maňa hormat goýup başladylar». Ben bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, biz batyrgaý bolsak, adamlaryň hormatyny gazanarys we olara Ýehowany tanamaga kömek ederis. Dogrudan-da, batyrgaýlyk — uly baýlyk!
DANYÝAR PYGAMBER ÝALY WEPALY BOLUŇ
10. Wepalylyk näme?
10 Mukaddes Kitapdaky «wepaly» we «wepaly söýgi» diýen ýewreý jümleleri ysnyşmagy hem-de ýürekden söýmegi aňladýar. Bu köplenç Hudaýyň adamlara bolan söýgüsini, käte bolsa Hudaýyň halkynyň biri-birine bolan söýgüsini aňladýar (2 Şam. 9:6, 7). Ýyllar geçdigi saýyn, biz has-da Hudaýa wepaly bolmaly. Munuň şeýledigini Danyýar pygamberiň durmuşy subut edýär.
11. Danyýar garran çagynda Hudaýa wepalydygyny nädip subut etdi? (Daşky sahypadaky surata serediň).
11 Danyýar pygamber köp synaglara döz geldi. Ol garran çagynda, ýagny 90 ýaşlarynda agyr synag bilen ýüzbe-ýüz boldy. Şol wagtlar Wawilony Midiýa-Pars patyşalygy basyp alypdy, tagta Dariý patyşa geçipdi. Köşk emeldarlary, wezir-wekilleri Danyýary ýigrenýärdi we onuň Hudaýyny äsgermeýärdi. Şol sebäpli Danyýary öldürmek üçin dildüwşük gurnadylar. Olar patyşa bir perman çykardýarlar. Danyýar indi näme eder? Ol Hudaýa sežde edermi ýa-da patyşa? Danyýardan köp zat talap edilenokdy. Ol bary-ýogy 30 günüň dowamynda Hudaýa dileg etmeli däldi. Emma Danyýar köpçüligiň akymy bilen gitmedi, Ýehowa wepaly galdy. Şeýlelikde, ony ýolbarsly çukura taşladylar. Ýehowa wepaly bendesini ýolbarslaryň ganly penjesinden halas etdi (Dan. 6:12—15, 20—22). Biz Danyýar pygamber ýaly nädip wepaly bolup bileris?
12. Danyýary Ýehowa wepaly bolmaga näme höweslendirdi?
12 Ýokarda aýdylyşy ýaly, Hudaýa wepaly bolmaga söýgi häsiýeti höweslendirýär. Danyýar pygamber Ýehowa bütin ömrüne wepaly boldy, sebäbi Ýaradany söýýärdi. Danyýary Hudaýy söýmäge näme höweslendirdi? Danyýar pygamber Hudaýyň ajaýyp häsiýetleri hakda her gün oýlanýardy (Dan. 9:4). Ýehowanyň özüne we ysraýyl halkyna eden ýagşylyklary, beren bereketleri barada pikirlenýärdi (Dan. 2:20—23; 9:15, 16).
13. a) Şu günler ýaşlaryň Hudaýa wepalylygy nädip synalýar? Mysal getiriň. (Surata serediň). b) Kimdir biri sizden: «Ýehowanyň Şaýatlary gomoseksuallary goldaýarmy?» diýip sorasa näme diýersiňiz? (Wideony görüp jogap beriň).
13 Ýaş dogan-uýalar her gün diýen ýaly Ýehowa iman etmeýän adamlar bilen görüşmeli bolýar. Olar Ýehowanyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşamaýarlar, Hudaýa iman edýän adamlary ýigrenýärler we olary kemsidip, azar berýärler. Geliň, Awstraliýada ýaşaýan Grem hakda gürrüň edeliň. Ýokarky synplarda okaýan wagty onuň Hudaýa bolan wepalylygy synalýar. Bir gün mugallymy okuwçylaryň pikirini bilmek üçin şeýle sorag berýär: «Aýdaly, dostuňyz size özüniň gomoseksualdygyny aýdýar. Siz ony goldarsyňyzmy?» Soňra mugallym goldaýanlaryň bir tarapa, goldamaýanlaryň beýleki tarapa geçmelidigini aýdýar. Grem şeýle diýýär: «Tutuş synp goldaýanlaryň tarapyna, ikije adam, ýagny meniň bilen ýene bir dogan beýleki tarapa geçdi». Şondan soňky bolan zatlar Gremiň wepalylygyny has-da synady. Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Mugallym we synpdaşlarym bir sagatlap bizi kemsidip, üstümizden güldüler. Men garaýşymy sypaýyçylyk bilen düşündirjek boldum, ýöne olar diňlemegem islemediler». Şu ýagdaý Greme nähili täsir etdi? Ol şeýle diýýär: «Elbetde, hiç bir adam üstünden gülünse halamaýar. Emma men şol gün örän begendim, sebäbi synagda Ýehowa wepaly galdym» c.
14. Biz Ýehowa wepaly bolmak üçin näme etmeli?
14 Bizem Danyýar pygamber ýaly Ýehowany ýürekden söýsek, oňa hemişe wepaly bolarys. Hudaýy ýürekden söýmek üçin onuň häsiýetleri hakda oýlanmaly. Ýaradylan zatlary synlasak, Ýehowanyň ajaýyp häsiýetlerini görüp bilýäris (Rim. 1:20). Siz Ýehowany ýürekden söýüp, oňa çuňňur hormat goýmak isleýärsiňizmi? Onda «Öz-özünden döredimi ýa-da ýaradyldy?» diýen makalalary okaň we wideolary görüň. Şeýle-de «Ýaşaýyş ýaradyldymy?» we «Ýaşaýşyň gelip çykyşy baradaky bäş sorag» (rus.) diýen broşýuralary okap bilersiňiz. Daniýada ýaşaýan Ester uýa şeýle diýýär: «Şu edebiýatlar örän täsirli. Olar saňa kime iman etmelidigini aýtmaýar. Edebiýatlarda ençeme subutnamalar getirilýär. Şeýlelikde, seniň özüň karara gelmeli bolýarsyň». Ýokarda agzalan Ben dogan şeýle diýýär: «Şol edebiýatlar imanymy berkidýär. Olar Ýaradan hak Allanyň bardygyny subut edýär». Sizem şol edebiýatlary okasaňyz, Mukaddes Kitaby ýazan bir adamyň şu sözlerine goşularsyňyz: «Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa, sen şöhrata, hormata, alkyşa mynasypsyň! Sebäbi ähli zady sen ýaratdyň» (Ylh. 4:11) d.
15. Ýehowa bilen dostlaşmak üçin näme etmeli?
15 Biz Ýehowany ýürekden söýmek üçin Isa pygamberi tanamaly. Germaniýada ýaşaýan Samira uýa şeýle diýýär: «Men Isa pygamber arkaly Ýehowa bilen dostlaşdym». Samira çaga wagty Ýehowanyň aladaçyl, söýgüden doly we duýgudaş Hudaýdygyna ynanmaýardy. Emma ol şeýle häsiýetleriň Isa pygamberde bardygyna ynanýardy. Ol: «Men Isa pygamberi gowy görýärin. Ol çagalary söýýärdi we adamlara köp ýagşylyk edýärdi» diýýär. Samira Isa pygamber barada köp zatlary öwrenip, Ýehowany hem ýürekden söýüp başlaýar. Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Men Isa pygamberiň gökdäki Atasynyň göreldesine kämil derejede eýerendigine düşündim. Görüp otursam, olar bir almany ikä bölen ýaly biri-birine meňzeýän eken. Men indi Ýehowanyň Isa pygamberi näme üçin ýer ýüzüne iberendigine düşünýärin. Sebäbi Isadan başga hiç kim Ýehowany şeýle gowy tanadyp bilmezdi» (Ýah. 14:9). Eger sizem Ýehowa bilen dostlaşmak isleseňiz, Isa pygamber barada öwrenseňiz gowy bolar. Şonda siz Ýehowa Hudaýy ýürekden söýersiňiz we Oňa hemişe wepaly bolmagy ýüregiňize düwersiňiz.
16. Biz näme üçin Ýehowa wepaly bolmaly? (Zebur 18:25; Mikaý 6:8).
16 Wepaly adamlar jana-jan dost bolýar we olaryň dostlugy hemişelik dowam edýär (Rut 1:14—17). Bizem Ýehowa wepaly bolsak, onuň bilen dostlaşarys we kalbymyz rahat bolar, sebäbi Ol wepaly adamlara wepaly bolmagy wada berýär (Zebur 18:25; Mikaý 6:8-nji aýatlary okaň). Göz öňüne getiriň, älem-jahany ýaradan hak Alla biziň ýaly ýönekeýje ynsanlary söýjekdigini wada berýär. Hudaýyň söýgüsinden ne kynçylyklar, ne duşmanlar, ne-de ölüm aýra salar (Dan. 12:13; Luka 20:37, 38; Rim. 8:38, 39). Hawa, Danyýar pygamberiň göreldesine eýersek, Ýehowa wepaly bolarys.
DANYÝAR PYGAMBERDEN ÖWRENIŇ
17, 18. Biz Danyýar pygamberden ýene näme öwrenip bileris?
17 Biz şu makalada Danyýar pygamberiň iki häsiýeti hakda gürrüň etdik. Emma biz pygamberden ýene-de köp zatlary öwrenip bileris. Meselem, Ýehowa Danyýara ençeme görnüşleri, düýşleri görkezdi we pygamberlik etdirdi. Şol pygamberlikleriň köpüsi ýerine ýetdi, käbirleri bolsa gelejekde ýerine ýeter we ýer ýüzünde ýaşaýan her bir adama täsir eder.
18 Biz indiki makalada Danyýaryň iki pygamberligini öwreneris. Olar ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli ähli adamlara paýhasly karara gelmäge ýardam eder. Şol pygamberlikler bize gelejekde boljak agyr synaglarda batyrgaý bolmaga we Hudaýa wepaly galmaga kömek eder.
119-NJY AÝDYM Imanyňy berkit
a Köp ýaşlar älem-jahany Allatagalanyň ýaradandygyna iman edýärler we Ýehowanyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşaýarlar. Şol sebäpli olar köp synaglara duş gelýärler. Meselem, synpdaşlary üstünden gülýär ýa-da deň-duşlary olary kemsidýär. Eger ýaşlar Danyýar pygamberiň göreldesine eýerseler, synaglara mertlik bilen döz geler we Ýehowa wepaly galar.
b Belki, Danyýar üç sebäbe görä, Wawilon şasynyň saçagyndan iýen däldir. 1) Naharlar Musanyň kanunyndaky haram hasaplanýan haýwanlaryň etinden bişirilýärdi (5 Mus. 14:7, 8). 2) Haýwanlaryň gany doly çykarylmaýardy (3 Mus. 17:10—12). 3) Nahardan iýmek ýalan taňra sežde etmek hasaplanýardy (3 Musa 7:15 we 1 Korinfliler 10:18, 21, 22-nji aýatlary deňeşdiriň).
c JW.ORG saýtyndan «Dogruçyllyk parahatlyk getirer» diýen wideony görüň.
d Ýehowany ýürekden söýmek üçin «Ýehowa ýakynlaşyň» (rus.) kitabyny okap bilersiňiz. Kitapda Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri hakda ýazylan.