34-NJI MAKALA
Mukaddes Kitabyň pygamberliklerini öwreniň
«Akyldarlar düşünerler» (Dan. 12:10).
98-NJI AÝDYM Mukaddes Kitap Hudaýyň ylhamy bilen ýazyldy
MAZMUNY a
1. Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleri höwes bilen okamaga näme kömek eder?
«MEN Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleri çuňňur öwrenmegi halaýaryn» diýip, ýaş dogan Ben gürrüň berýär. Sizem pygamberlikleri okamagy halaýarsyňyzmy? Ýa-da olara düşünmek kyn bolýarmy? Belki-de, siz pygamberlikleri gyzyksyz hasaplap okasyňyz gelýän däldir. Emma siz Ýehowanyň näme üçin Mukaddes Kitaba pygamberlikleri ýazdyrandygyna düşünseňiz, olary höwes bilen okarsyňyz.
2. Makalada näme barada gürrüň ederis?
2 Şu makalada pygamberlikleri näme üçin we nädip öwrenmelidigi hakda gürrüň ederis. Şeýle-de Danyýaryň aýdan iki pygamberligine serederis we olary öwrenmegiň nähili peýda berýändigini bileris.
PYGAMBERLIKLERI NÄME ÜÇIN ÖWRENMELI?
3. Pygamberliklere düşünmek üçin näme etmeli?
3 Biz Mukaddes Kitabyň pygamberliklerine düşünmek üçin Ýehowadan akyldarlyk soramaly. Aýdaly, siz ýat ýurda gezelenje gidýärsiňiz. Ýöne ýanyňyzda şol ýeri bäş barmagy ýaly bilýän dostuňyz bar. Ol siziň häzir nirededigiňizi we her bir ýoluň nirä eltýändigini gowy bilýär. Siz ýanyňyzda ýola belet dostuňyzyň bardygyna örän begenersiňiz. Edil şonuň ýaly, Ýehowa biziň haýsy döwürde ýaşaýandygymyzy we öňümizde nähili wakalaryň boljagyny gowy bilýär. Şol sebäpli Mukaddes Kitabyň pygamberliklerine düşünmek üçin pesgöwünlilik bilen Ýehowadan kömek soramaly (Dan. 2:28; 2 Pet. 1:19, 20).
4. Ýehowa Mukaddes Kitaba näme üçin pygamberlikleri ýazdyrdy? (Ýermeýa 29:11; surata serediň).
4 Her bir ene-ata çagasynyň gowy durmuşda ýaşamagyny isleýär. Ýöne olar çagalaryna gelejekde nämeleriň boljagyny bilmeýär. Ýehowa hem ýaradan bendeleriniň bagtly ýaşamagyny isleýär. Emma ene-atalardan tapawutlylykda Ýehowa gelejekde nämeleriň boljakdygyny bilýär (Ýermeýa 29:11-i okaň). Şol sebäpli Ol Mukaddes Kitaba pygamberlikleri ýazdyrypdyr (Işa. 46:10). Olara gökdäki Atamyzyň perzentlerine beren mirasy diýse bolar. Biz näme üçin pygamberlikleriň ýerine ýetjekdigine ynamly bolmaly?
5. Ýaş dogan-uýalar Maksyň göreldesine nädip eýerip biler?
5 Ýaşlaryň köpüsi Mukaddes Kitaba ynanmaýar we onuň kada-kanunlaryny äsgermeýär. Ýaş dogan-uýalar hem deň-duşlarynyň täsirine düşüp, Mukaddes Kitaba şübhelenýär. Maks şeýle gürrüň berýär: «Ýetginjek wagtym: „Ene-atam hakyky dine uýýarmyka? Olar maňa dogry zady öwredýärmikä? Mukaddes Kitap Hudaýyň ylhamy bilen ýazyldymyka?“ diýip oýlanýardym. Soňra men şular hakda ene-atama gürrüň berdim. Olar maňa gaharlanmady, ýöne ýüz-gözünden biynjalyk bolýandygy görünýärdi. Ene-atam meniň soraglaryma Mukaddes Kitap arkaly jogap berdi. Emma menem öz tarapymdan nämedir bir zatlar etmelidigine düşünýärdim. Men Mukaddes Kitabyň pygamberliklerini çuňňur öwrendim we bilen zatlarymy deň-duşlaryma gürrüň berdim. Şeýlelikde, men Mukaddes Kitabyň Hudaýyň sözüdigine göz ýetirdim».
6. Siz Mukaddes Kitaba şübhelenýän bolsaňyz näme etmeli we näme üçin?
6 Sizem Maks ýaly Mukaddes Kitapdaky wakalaryň hakykatdygyna şübhelenýän bolsaňyz näme? Ruhdan düşmäň, emma gol gowşuryp hem oturmaň. Şübhäni demre düşen posa meňzetse bolýar. Eger çäre görmeseň, pos berk demiri hem çüýredýär. Siz «posy», ýagny şübhäni aýyrmak üçin şu sorag hakda oýlanyň: «Men Mukaddes Kitapda ýazylan gelejekde ýerine ýetjek pygamberliklere ynanýarynmy?» Eger ynanmaýan bolsaňyz, onda ýerine ýeten pygamberlikler hakda gözleg-barlag geçiriň. Muny nädip edip bilersiňiz?
PYGAMBERLIKLERI NÄDIP ÖWRENMELI?
7. Danyýar pygamberlikleri öwrenmekde nähili görelde galdyrdy? (Danyýar 12:10; surata serediň).
7 Danyýar pygamberlikleri öwrenmekde gowy görelde galdyrdy. Birinjiden, ol golýazmalary ýagşy niýet bilen, ýagny hakykaty bilmek üçin öwrenýärdi. Ikinjiden, Danyýar pesgöwünlidi. Ol Ýehowanyň dostlaryna we ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşaýan adamlara hakykaty açýandygyny bilýärdi (Dan. 2:27, 28; Danyýar 12:10-y okaň). Şeýle-de Danyýar pesgöwünli bolandygy üçin hemişe Ýehowadan kömek soraýardy (Dan. 2:18). Üçünjiden, ol gözleg-barlag geçirýärdi. Danyýar gadymy golýazmalary we pygamberleriň kitabyny çuňňur öwrenýärdi (Ýer. 25:11, 12; Dan. 9:2). Siz Danyýaryň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz?
8. Käbirleri Mukaddes Kitaby nähili niýet bilen okaýarlar, emma biz näme etmeli?
8 Niýetiňizi barlaň. Siz Mukaddes Kitaby hakykata düşünmek üçin okaýarsyňyzmy? Eger şeýle bolsa, Ýehowa size pygamberliklere düşünmäge kömek eder (Ýah. 4:23, 24; 14:16, 17). Käbirleri Mukaddes Kitabyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylmandygyny subut etmek üçin öwrenýärler. Olaryň maksady Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary bilen ýaşaman, ýagşynyň we ýamanyň nämedigini özleriniň çözmäge hakynyň bardygyny subut etjek bolýar. Şol sebäpli Mukaddes Kitaby ýagşy niýet bilen okamak örän wajyp. Bize pygamberliklere düşünmäge ýene bir häsiýet kömek edýär. Geliň, ol hakda bileliň.
9. Pygamberliklere düşünmek üçin haýsy häsiýet gerek? (Düşündiriň).
9 Pesgöwünli boluň. Ýehowa pesgöwünli adamlary gowy görýär (Ýak. 4:6). Şol sebäpli biz pygamberliklere düşünmek üçin Ýehowadan akyldarlyk sorap doga etmeli. Şu günler Ýehowanyň hakykaty diňe «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» arkaly açýandygyna düşünmeli (Luka 12:42). Ýehowa pygamberlikleri wepaly hyzmatkärden başga hiç kim arkaly düşündirmeýär. Sebäbi Ol hemme zadyň tertip-düzgünli bolmagyny isleýär (1 Kor. 14:33; Efes. 4:4—6).
10. Siz Esteriň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz?
10 Gözleg-barlag geçiriň. Belki, siz edebiýatlardan gowy görýän pygamberligiňiz hakda gözleg geçirip bilersiňiz. Ester uýa Mesih hakdaky pygamberlikleri bilmegi ýüregine düwýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men 15 ýaşymda Mesih hakdaky pygamberlikleriň Isa pygamber ýer ýüzüne gelmezinden öň ýazylandygyny görkezýän subutnamalary gözläp başladym». Öli deňzinden tapylan golýazmalar Esteriň imanyny berkidýär. Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Golýazmalaryň käbiri Isa pygamber ýer ýüzüne gelmezinden has öň ýazylan eken. Diýmek, şol golýazmalardaky pygamberlikler Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan bolmaly. Men Mesih hakdaky pygamberliklere düşünmek üçin olary birnäçe sapar okamaly boldum. Ýöne eden tagallam ýerine düşdi». Ester Mukaddes Kitabyň pygamberlikleri hakda gözleg-barlag geçirenden soň: «Indi men Mukaddes Kitapda hakykatyň ýazylandygyna göz ýetirdim» diýýär.
11. Ýerine ýeten pygamberlikleri näme üçin okamaly?
11 Biz ýerine ýeten pygamberlikler hakda okasak, Ýehowa bil baglarys we Onuň görkezmelerine ýürekden eýereris. Şeýle-de nähili kyn ýagdaýa duş gelsegem, ýagty gelejege umyt edip ýaşarys. Geliň, häzir Danyýaryň iki pygamberligine seredeliň. Olar biziň günlerimizde jikme-jik ýerine ýetýär. Şol pygamberlikleri öwrensek, biz durmuşda paýhasly kararlara geleris.
«DEMIR BILEN TOÝUN GARYŞYKLY» AÝAK
12. Heýkeliň «demir bilen toýun garyşykly» aýagy nämäni aňladýar? (Danyýar 2:41—43).
12 Danyýar 2:41—43-nji aýatlary okaň. Nawuhodonosor patyşa düýşünde beýik heýkeli görýär. Danyýar pygamber patyşanyň düýşüni ýoranda, heýkeliň «demir bilen toýun garyşykly» aýagynyň manysyny düşündirýär. Danyýaryň beýleki pygamberlikleri we Ylham kitaby heýkeliň «demir bilen toýun garyşykly» aýagynyň şu günler höküm sürýän Angliýa-Amerika dünýä imperiýasyny aňladýandygyna düşünmäge kömek edýär. Danyýar pygamber şol «patyşalygyň bir tarapdan güýçli, beýleki tarapdan gowşak boljakdygyny» aýdýar. Näme üçin? Sebäbi «ýumşak toýny» aňladýan halk patyşalyga «demir» ýaly berk bolmaga päsgel berýär b.
13. Heýkel hakdaky pygamberlik nähili hakykatlara düşünmäge kömek edýär?
13 Biz Danyýaryň heýkel hakdaky pygamberliginden we onuň «demir bilen toýun garyşykly» aýagyndan köp zatlary öwrenýäris. Birinjiden, Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy güýç-kuwwatyny görkezýär. Meselem, Birinji we Ikinji jahan urşy döwri, ol demir ýaly berkdigini subut etdi. Emma patyşalygyň toýun ýaly gowşak tarapy hem bar, ýagny onuň raýatlarynyň arasynda agzalalyk bolýar we olar döwlete garşy gozgalaň turuzýar. Ikinjiden, Hudaýyň Patyşalygy ynsan hökümetlerini ýok etmäge gelende, Angliýa-Amerika patyşalygy iň soňky dünýä imperiýasy bolar. Käbir döwletler Angliýa-Amerika garşy çyksa-da, onuň ornuny eýeläp bilmez. Sebäbi Hudaýyň dagyndan gopan daş Angliýa-Amerika dünýä imperiýasyny aňladýan heýkeliň «demir bilen toýun garyşykly» aýagyna urar (Dan. 2:34, 35, 44, 45).
14. Danyýaryň pygamberligine düşünmek paýhasly karara gelmäge nädip kömek edýär?
14 Siz Danyýaryň pygamberliginiň ýerine ýetýändigine ynanýarsyňyzmy? Eger şeýle bolsa, size durmuşyňyzy düýpgöter üýtgetmek kyn bolmaz. Siz baýlygyň ugrunda hars urmarsyňyz we geçegçi dünýäden gorag gözlemersiňiz (Luka 12:16—21; 1 Ýah. 2:15—17). Şeýle-de adamlara Hudaýyň Patyşalygy hakda hoş habary yhlasly wagyz edersiňiz we olara Mukaddes Kitapdan okuw geçersiňiz (Mat. 6:33; 28:18—20). Siz Danyýaryň «demir bilen toýun garyşykly» aýak hakdaky pygamberligini öwreneniňizde, özüňize şeýle soragy beriň: «Meniň gelýän kararlarym Hudaýyň Patyşalygynyň tizden ähli ynsan hökümetlerini ýok etjegine ynanýandygymy görkezýärmi?»
DEMIRGAZYK PATYŞASY WE GÜNORTA PATYŞASY
15. Şu günler «demirgazyk patyşasy» we «günorta patyşasy» haýsy döwletleri aňladýar? (Danyýar 11:40).
15 Danyýar 11:40-y okaň. Danyýar kitabynyň 11-nji babynda iki patyşanyň ýa-da iki syýasy güýçleriň biri-biri bilen söweşjekdigi ýazylan. Mukaddes Kitabyň beýleki pygamberlikleri «demirgazyk patyşasynyň» Russiýany we onuň tarapdarlaryny, «günorta patyşasynyň» bolsa Angliýa-Amerika dünýä imperiýasyny aňladýandygyna düşünmäge kömek edýär c.
16. «Demirgazyk patyşasynyň» golastynda ýaşaýan Şaýatlar nähili synaglary başdan geçirýärler?
16 «Demirgazyk patyşasynyň» golastynda ýaşaýan Ýehowanyň Şaýatlaryny ýowuz yzarlaýarlar. Dogan-uýalaryň käbirini urup-ýençýärler, käbirlerini imany üçin türmä basýarlar. Emma olar «demirgazyk patyşasyndan» gorkmaýarlar, gaýtam olaryň imany has-da berkeýär. Sebäbi Danyýaryň pygamberliginiň ýerine ýetýändiginiň diri şaýady bolýarlar d (Dan. 11:41). Eger bizem Danyýaryň şu pygamberliginiň ýerine ýetýändigine düşünsek, imanymyz berk bolar we gelejege bolan umydymyz üzülmez.
17. «Günorta patyşanyň» golastynda ýaşaýan Ýehowanyň Şaýatlary nähili synaglary başdan geçirýär?
17 «Günorta patyşasy» hem Ýehowanyň halkyny yzarlady. XX asyryň birinji ýarymynda bitaraplygyny saklaýandygy üçin dogan-uýalaryň köpüsini türmä basdylar we okuwçylary mekdepden çykardylar. Soňky wagtlar «günorta patyşanyň» golastynda ýaşaýan Ýehowanyň Şaýatlarynyň imany başga usullar bilen synalýar. Meselem, saýlaw döwri olar syýasy ýolbaşçylarynyň birini goldamagy mümkin. Elbetde, mesihçi saýlaw geçirilýän ýere baryp, birine ses bermez, emma ol ýüreginde ýa-da pikirinde kimdir birini goldamagy mümkin. Şol sebäpli biz pikirimizde-de bitaraplygy saklamaly (Ýah. 15:18, 19; 18:36).
18. Biz iki patyşanyň çaknyşýandygy üçin biynjalyk bolmalymy? Düşündiriň. (Surata serediň).
18 Mukaddes Kitabyň pygamberliklerine ynanmaýan adamlar «demirgazyk patyşasy» bilen «günorta patyşasynyň» çaknyşýandygyna örän biynjalyk bolýarlar (Dan. 11:40). Sebäbi iki patyşada-da bütin ýer ýüzüni ýok edip bilýän ýadro ýaragy bar. Emma Ýehowa muňa hiç haçan ýol bermez (Işa. 45:18). Biz «günorta patyşasy» bilen «demirgazyk patyşasynyň» uruşýandygy üçin biynjalyk bolmaýarys, gaýtam imanymyz berkeýär. Sebäbi dünýäniň soňunyň golaýdygyna düşünýäris.
PYGAMBERLIKLERIŇ ÝERINE ÝETIŞINE ÜNS BERIŇ!
19. Biz nämäni unutmaly däl?
19 Biz Mukaddes Kitapda ýazylan käbir pygamberlikleriň nädip ýerine ýetjegini bilmeýäris. Danyýar hem ýazýan pygamberlikleriniň manysyna düşünmeýär (Dan. 12:8, 9). Emma biz düşünsek-de, düşünmesek-de pygamberlikler hökman ýerine ýeter. Bir zady unutmalyň, Ýehowa geçmişde edişi ýaly, şu günler hem biziň bilmeli pygamberliklerimizi öz wagtynda düşündirer (Amos 3:7).
20. Tizden Mukaddes Kitabyň haýsy pygamberlikleri ýerine ýeter we siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?
20 «Adamlar: „Parahatlyk we howpsuzlyk!“» diýip yglan ederler (1 Sel. 5:3). Syýasy ýolbaşçylar ýalan dinleri ýok eder (Ylh. 17:16, 17). Soňra Hudaýyň halkyna topular (Hyz. 38:18, 19). Şonda Armageddon söweşi başlar (Ylh. 16:14, 16). Biz şu pygamberlikleriň ýerine ýetjekdigine doly ynamly bolup bileris. Geliň, şol güne çenli Ýehowany razy edip ýaşalyň. Mukaddes Kitabyň pygamberliklerini öwreneliň we akýürekli adamlara pygamberliklere düşünmäge kömek edeliň.
95-NJI AÝDYM Hakykat barha nur saçýar
a Dünýäniň ýagdaýy gün-günden erbetleşýär. Emma biz ýagty gelejege umyt edýäris. Sebäbi Mukaddes Kitabyň pygamberlikleri bagtly durmuşda ýaşajakdygymyza kepil geçýär. Şu makalada pygamberlikleri näme üçin öwrenmelidigi hakda bileris. Şeýle-de Danyýaryň aýdan iki pygamberligine serederis we olaryň paýhasly karara gelmäge nädip kömek edýändigi barada gürrüň ederis.
b «Ýehowa „ýakynda bolmaly zatlary“ aýan edýär» diýen makalany okap bilersiňiz (w12 15/6 abz. 7—9).
c «Şu günler „demirgazyk patyşasy“ kim?» diýen makalany okap bilersiňiz (w20.05 abz. 3, 4).
d «Şu günler „demirgazyk patyşasy“ kim?» diýen makalany okap bilersiňiz (w20.05 abz. 7—9).