Okyjylaryň sowallary
2020-nji ýylyň iýunynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda «Adyň mukaddes bolsun!» diýen makala çykdy. Şol makalada Ýehowanyň adynyň we hökümdarlygynyň aklanmagy hakda nähili täzeçe düşündiriş berildi?
Şol makalada perişdeleriň we adamlaryň Ýehowanyň adynyň aklanmagy baradaky wajyp meselä gatnaşýandygy aýdylypdy. Şu wajyp meseläniň iki aýratynlygy bar: 1) Ýehowanyň iň gowy hökümdardygynyň subut edilmegi, Onuň adyny nädip aklaýar? 2) Adamlar agyr synaglarda Hudaýa wepaly bolup, Onuň adyny nädip mukaddes edip biler?
Wajyp meselede näme üçin Allatagalanyň ady we onuň aklanmagy esasy orun eýeleýär? Geliň munuň üç sebäbine seredeliň.
Birinjiden, Şeýtan Erem bagynda Hudaýyň adyna we abraýyna gara ýöňkeýär. Şeýtan hilegärlik bilen How enä sorag berýär we Ýehowany gysganç, Adam ata bilen How enäniň erkinligini çäklendirýän edip görkezýär. Şeýle-de ol How enä: «Ýok, ýok, ölmersiňiz» diýip, Ýehowany ýalançy edip görkezýär. Ol Ýehowanyň adyna töhmet atýar. Şeýdip, ol «Iblis», ýagny «töhmetçi» bolýar (Ýah. 8:44). How ene Ýehowa gulak asmaga derek, Şeýtanyň ýalanyna ynanyp Hudaýa garşy çykýar (1 Mus. 3:1—6). Şeýtan şu günlerem Hudaýyň adyny garalamagy dowam edýär. Gynansakda şu günler köp adamlar Şeýtanyň ýalanyna ynanyp, Ýehowanyň mukaddes adyna dil ýetirýärler. Ýöne Hudaýyň halky Ýehowanyň adyna atylan töhmeti adalatsyzlyk hasaplaýar we Şeýtanyň atan töhmeti sebäpli ähli adamlar ejir çekip ýaşaýandygyny aýdýarlar.
Ikinjiden, Ýehowa adamlaryň we perişdeleriň peýdasy üçin Öz adyny aklamak isleýär. Ol muny örän wajyp hasaplaýar. Ýehowa: «Adymy hökman aklaryn» diýýär (Hyz. 36:23). Isa pygamber Ýehowanyň adynyň mukaddes bolmagyny örän wajyp hasaplaýardy. Ol şägirtlerine: «Eý gökdäki Atamyz, adyň mukaddes bolsun!» diýip, doga etmegi öwretdi (Mat. 6:9). Mukaddes Kitapda Ýehowanyň adyny şöhratlandyrmak hakda gaýta-gaýta aýdylýar. Ine käbir mysallar: «Ýehowanyň şöhratly adyny arşa galdyryň» (1 Tar. 16:29; Zeb. 96:8); «Şöhratly adynyň şanyna aýdym aýdyň!» (Zeb. 66:2); «Ýehowa Hudaýym... adyňy ebedilik şöhratlandyraýyn» (Zeb. 86:12). Ýehowa Hudaý adyny şöhratlandyrmak isleýändigini özi hem aýdypdy. Isa pygamber Iýerusalimdäki ybadathanada Atasyna doga edip: «Atam, adyňy şöhratlandyr» diýdi. Şonda Ýehowa: «Men adymy şöhratlandyrdym, ýene-de şöhratlandyraryn» diýip jogap berdi (Ýah. 12:28) a.
Üçünjiden, Ýehowanyň ilkibaşdaky niýetiniň amala aşmagy üçin Onuň ady aklanmaly. Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynyň ahyrynda soňky synag bolar. Şondan soňam adamlar Ýehowanyň adynyň aklanmagy baradaky wajyp meselä gatnaşarmy? Şu soraga
jogap bermek üçin wajyp meseläniň iki aýratynlygyna üns bermeli. 1) Adamlaryň Hudaýa wepalydygy we 2) Onuň hak-hukukly hökümdardygy subut edilmeli. Soňky synagdan geçen adamlar Hudaýa wepalylygyny gaýta-gaýta subut etmeli bolarmy? Ýok! Sebäbi olar kämil bolar. Hudaýy hemişe razy edip ebedi ýaşar. Şeýle-de Ýehowa özüniň hak-hukukly hökümdardygyny gaýta-gaýta subut etmeli bolarmy? Ýok! Onuň iň gowy hökümdardygy bir gezekde hemişelik subut ediler. Onda Ýehowa ady nädip aklanar?Müňýyllyk hökümdarlygyň ahyrynda boljak synagdan soň Ýehowanyň ady töhmetden aklanar. Emma şondan soňam wepaly perişdeler we adamlar Ýehowanyň mukaddes adyny şöhratlandyryp ýaşarlar. Sebäbi Ýehowa täsin we ajaýyp işleri eder. Isa Mesih hökümdarlygy Atasyna tabşyrar, «şonda ähli zadyň üstünden diňe Hudaý hökümdarlyk eder» (1 Kor. 15:28). Ýer ýüzünde ýaşaýan wepaly adamlar «Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşarlar» (Rim. 8:21). Şeýlelikde, Ýehowanyň ilkibaşdaky niýeti amala aşar, ýagny Onuň gökde we ýer ýüzünde ýaşaýan perzentleri agzybir maşgala bolup, hak Hudaýa sežde eder (Efes. 1:10).
Ýehowanyň gelejekde etjek täsin işleri perişdelere we adamlara nähili täsir eder? Olar ýüregi minnetdarlykdan dolup, Ýehowanyň mukaddes adyna alkyş aýdar. Olar Dawut pygamberiň şu sözlerine goşular: «Ýehowa Hudaýa... alkyş bolsun! Hudaýyň adyna ebedilik alkyş aýdylsyn» (Zeb. 72:18, 19). Hawa, Jennetde Ýehowanyň adyny şöhratlandyrmaga ençeme sebäpler bolar.
Ýehowanyň adyny eşidenimizde, onuň at-abraýy, häsiýetleri we eden işleri göz öňümize gelýär. Esasanam, Ýehowa diýen at, Hudaýyň söýgi häsiýeti bilen berk baglanyşykly (1 Ýah. 4:8). Biz Ýehowanyň adamlary söýgi bilen ýaradandygyny, söýgi bilen töleg gurbanyny berendigini, söýgi bilen hökümdarlyk edýändigini hiç haçan unutmarys. Şeýle-de Jennetde Ýehowa bizi söýýändigini dürli ýollar bilen görkezer. Şonda biz gökdäki Atamyz bilen ýakyndan dostlaşarys we onuň mukaddes adyna ebedilik alkyş aýdarys (Zeb. 73:28).