36-NJY MAKALA
Pellehana çenli ylgamak üçin näme etmeli?
«Egnimizdäki her bir ýüki... taşlap, öňümizdäki ýolda çydamly ylgalyň» (Ýew. 12:1).
33-NJI AÝDYM Ýüküňi Ýehowa tabşyr
MAZMUNY a
1. Ýewreýler 12:1-e görä, pellehana ýetmek üçin näme etmeli?
MUKADDES KITAPDA mesihçiler ýaşaýyş ýolunda ylgaýan türgenlere meňzedilýär. Biz ylgap pellehana ýetsek ebedi ýaşaýyş sylagyny alarys (2 Tim. 4:7, 8). Şu günler bar güýjüň bilen ylgamaly. Sebäbi gün-günden pellehana ýetip barýarys. Pawlus resul ýaşaýyş ýolundan ylgap ýeňiş gazandy. Ol: «Egnimizdäki her bir ýüki... taşlap, öňümizdäki ýolda çydamly ylgalyň» diýip maslahat berýär. Onuň maslahatyna eýersek pellehana ýetip ýeňiş gazanarys (Ýewreýler 12:1-i okaň).
2. Pawlusyň «her bir ýüki taşlaň» diýen sözleri nämäni aňladýar?
2 Pawlus resul «her bir ýüki taşlaň» diýdi. Onda mesihçiler hiç hili ýüki götermeli dälmi? Pawlus beýle diýjek bolmady. Ol ylgaw ýolunda päsgel berýän we badymyzy gowşadýan ýükleri taşlamalydygymyzy aýtdy. Biz ylgamaga päsgel berýän ýükleri anyklamaly we olary taşlamaly. Emma biziň götermeli ýüklerimiz hem bar. Olary götermesek ýaryşyň şertlerini ýerine ýetirip bilmeris (2 Tim. 2:5). Biz nähili ýükleri götermeli?
3. a) Galatýalylar 6:5-de mesihçileriň götermeli ýüki hakynda näme aýdylýar? b) Şu makalada näme hakynda gürrüň ederis we näme üçin?
3 Galatýalylar 6:5-i okaň, çykgyt. Pawlus resul biziň götermeli ýüklerimiz hakda şeýle diýdi: «Her kim öz ýüküni özi götermelidir». Ol «ýük» diýende, Ýehowanyň öňündäki jogapkärçiligimizi göz öňünde tutdy. Şu makalada götermeli ýüklerimize nämeleriň degişlidigini we olary götermek üçin näme etmelidigini bileris. Şeýle -de şu güne çenli göterip gelýän gerekmejek ýüklerimiziň nämelerdigini anyklarys we olary taşlamak üçin näme etmelidigini öwreneris. Biz gerekli ýüki götersek, gerekmejek ýüki taşlasak, ebedi ýaşaýşa eltýän ýolda badymyzy gowşatman ylgarys.
GEREK ÝÜKLER
4. Ýehowa beren wadamyza görä ýaşamak näme üçin kyn däl? (Surata serediň).
4 Ömrümizi Hudaýa bagyş edip, beren wadamyz. Ömrümizi Hudaýa bagyş edenimizde, Oňa sežde etjegimizi we razy edip ýaşajakdygymyzy wada berýäris. Biz beren sözümizde durmaly. Bu uly jogapkärçilik. Ýöne Ýehowanyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek kyn däl. Sebäbi Hudaý adamlaryň gursagyna Özüne sežde etmek islegini guýdy (Ylh. 4:11). Hudaý adamlary Öz keşbinde ýaratdy. Şol sebäpli Hudaýyň islegini ýerine ýetirsek, Onuň bilen ýakyndan dostlaşarys we ýürekden şatlanarys (Zeb. 40:8). Şeýle-de Hudaýa sežde etsek we Isa pygamberiň göreldesine eýersek «janymyz rahatlyk tapar» (Mat. 11:28—30).
5. Ýehowa beren wadamyza görä ýaşamak üçin näme etmeli? (1 Ýahýa 5:3).
5 Ýükümizi götermek üçin näme etmeli? Birinjiden, Ýehowany ýürekden söýmeli. Munuň üçin Hudaýyň eden ýagşylyklary we gelejekde berjek sylaglary hakynda oýlanmaly. Ýehowany ýürekden söýsek, Oňa höwes bilen gulak asarys (1 Ýahýa 5:3-i okaň). Ikinjiden, Isa pygamberiň göreldesine eýermeli. Ol Hudaýyň tabşyryklaryny birkemsiz ýerine ýetirdi. Sebäbi ol hemişe Ýehowa doga edýärdi we aljak sylagy hakda oýlanýardy (Ýew. 5:7; 12:2). Bizem Isa pygamberiň göreldesine eýerip, Ýehowadan güýç-kuwwat diläp doga etmeli we ebedi ýaşaýyş sylagy barada pikirlenmeli. Dogrudan-da, Ýehowany ýürekden söýsek we Isa pygamberiň göreldesine eýersek beren wadamyza görä ýaşarys.
6. Maşgala borçlarymyza näme üçin sowuk-sala garamaly däl? (Surata serediň).
6 Maşgala borçlarymyz. Biz dogan-garyndaşlarymyza garanda Ýehowany we Isa pygamberi has köp söýmeli (Mat. 10:37). Ýogsam ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan sowlup bileris. Maşgala borçlarymyza sowuk-sala garasak, Ýehowa we Isa pygamber gynanar. Biz borçlarymyzy ýürekden ýerine ýetirsek, olar begener (1 Tim. 5:4, 8). Biziň özümizem begeneris. Näme üçin? Sebäbi maşgalany döreden Ýehowa. Ol maşgala bagtynyň syryny gowy bilýär. Eger är-aýallar biri-birini söýüp, hormat goýsa, çagalaryna söýgi bilen terbiýe berse, çagalar hem ene-atasyna gulak assa, maşgalada agzybirlik höküm sürer (Efes. 5:33; 6:1, 4).
7. Maşgala borçlaryny gowy ýerine ýetirmek üçin näme etmeli?
7 Ýükümizi götermek üçin näme etmeli? Siz mekir ýüregiňize gulak asman, däp-dessurlara we psihologlaryň berýän maslahatyna eýermän, gaýtam Mukaddes Kitabyň kada-kanunlara gulak assaňyz maşgalaňyz agzybir bolar (Nak. 24:3, 4). Munuň üçin Mukaddes Kitaba esaslanýan edebiýatlary okaň. Olarda Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary nädip ýerine ýetirip bolýandygy düşündirilýär. Meselem, siz «Maşgalalylara kömek» diýen makalalary okap bilersiňiz. Olarda är-aýallaryň, ene-atalaryň, ýetginjekleriň duş gelýän kynçylyklary we olary nädip çözüp bolýandygy hakda jikme-jik düşündirilýär b. Ýanýoldaşyňyz ýa-da çagalaryňyz Hudaýa gulak asmasa-da, Mukaddes Kitabyň maslahatlaryna eýermegi ýüregiňize düwüň. Şonda maşgalaňyz agzybir bolar, Ýehowa-da bereket berer (1 Pet. 3:1, 2).
8. Biz edýän işimize jogapkärdigimize näme üçin düşünmeli?
8 Edýän işlerimize jogap bermek. Ýehowa bizi erkin edip ýaratdy. Ol biziň paýhasly karara gelip, bagtly bolmagymyzy isleýär. Ýöne edýän işlerimiziň erbet netijesinden goramaýar. Şonuň üçin ýalňyşsak, elimiz bilen edenimizi egnimiz bilen çekmelidigimize düşünmeli (Gal. 6:7, 8). Käte günä edenimizde ynsabymyz köseýär. Şonda edýän işimize jogapkärdigimize düşünsek günämize toba ederis, ýalňyşymyzy düzederis we ony gaýtalamajak bolarys. Şeýlelikde, ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan pellehana çenli ylgarys.
9. Ýalňyşymyzy düzetmek üçin näme etmeli? (Surata serediň).
9 Ýükümizi götermek üçin näme etmeli? Eger siz ýalňyşan bolsaňyz näme?! Geçeni geçdi biliň! Sebäbi geçmişi düzedip bilmersiňiz. Siz özüňizi aklamaň ýa-da günäkärlemäň, başgalary hem ýazgarmaň. Ýogsam ruhdan düşüp, güýç-kuwwatdan gaçarsyňyz. Gaýtam günäňizi boýun alyň, ýalňyşyňyzy düzetjek boluň. Eger agyr günä eden bolsaňyz toba ediň we günäňizi boýun alyp, Ýehowa pesgöwünlilik bilen doga ediň (Zeb. 25:11; 51:3, 4). Eger biriniň göwnüne degen bolsaňyz ötünç soraň we ýaşululardan kömek soraň (Ýak. 5:14, 15). Ýalňyşyňyzdan sapak ediniň, ony gaýtalamajak boluň. Şonda Ýehowanyň sizi bagyşlandygyna we kömek etjekdigine ynamly bolup bilersiňiz (Zeb. 103:8—13).
GEREKMEJEK ÝÜKLER
10. Elýetmez maksat nädip agyr ýük bolup biler? (Galatýalylar 6:4).
10 Elýetmez maksatlary goýmaň. Siz dogan-uýalar bilen özüňizi deňeşdirip, elýetmez maksatlary goýsaňyz ruhdan düşersiňiz (Galatýalylar 6:4-i okaň). Üstesine-de, bäsdeşligiň we göripligiň duzagyna düşersiňiz (Gal. 5:26). Siz biri bilen özüňizi hemişe deňeşdirip ýörseňiz, güýjüňiziň ýetmeýän işini etjek bolarsyňyz we agyr ýüküň astynda galarsyňyz. Eger «uzaga çeken tama ýürege dert» bolýan bolsa, elýetmez maksatlary goýsaňyz özüňizi dereksiz duýarsyňyz (Nak. 13:12). Şeýlelikde, güýç-kuwwatdan gaçarsyňyz we ylgaw ýolunda badyňyz gowşar (Nak. 24:10).
11. Elýetmez maksatlary goýmazlyga näme kömek eder?
11 Gerekmejek ýüki taşlamak üçin näme etmeli? Ýehowa sizden başarmajak zadyňyzy talap etmeýär. Sizem güýjüňiziň ýetmejek işini etjek bolmaň (2 Kor. 8:12). Ýehowa sizi dogan-uýalar bilen deňeşdirmeýär (Mat. 25:20—23). Ol sizi söýýär, sebäbi siz Oňa janyňyz-teniňiz bilen gulluk edýärsiňiz. Hemişe pespäl boluň! Garrylyk, keselçilik we başga ýagdaýlar sebäpli köp işi edip bilmejekdigiňizi boýun alyň. Size güýjüňiziň ýetmeýän işini tabşyrsalar, Barzylla goja ýaly «ýok» diýmäge ýaýdanmaň (2 Şam. 19:35, 36). Musa pygamber ýaly borçlaryňyzy paýlaşmagy öwreniň (2 Mus. 18:21, 22). Şonda pespäl bolup, elýetmez maksatlary goýmarsyňyz we ylgaw ýolunda ýadamarsyňyz.
12. Maşgala agzalaryňyzyň gelen karary üçin özüňizi günäkärlemek dogrumy? Düşündiriň.
12 Maşgala agzalaryňyzyň gelen kararynda özüňizi günäkärlemäň. Siz dogan-garyndaşlaryňyz ýa-da maşgala agzalaryňyz üçin karara gelip bilmeýärsiňiz, ýa-da olary gelen kararynyň erbet netijesinden gorap bilmeýärsiňiz. Aýdaly, ogluňyz ýa-da gyzyňyz Ýehowa gulluk etmegi bes edýär. Şonda ýüregiňize bitmejek ýara salnan ýaly duýarsyňyz. Siz olaryň gelen karary üçin özüňizi günäkärleseňiz egniňize agyr ýük alarsyňyz. Ýöne Ýehowa özüňizi kösemegiňizi islemeýär (Rim. 14:12).
13. Ene-atalar çagalary ýalňyş karara gelende näme edip biler?
13 Gerekmejek ýüki taşlamak üçin näme etmeli? Ýehowa ähli adamlary erkin edip ýaratdy. Şonuň üçin oňa gulluk etmelimi ýa-da gulluk etmeli däldigini her kimiň özi çözýär. Ýehowa siziň bikämildigiňizi bilýär. Ol siziň çagalaryňyza terbiýe bermek üçin eliňizde baryny etmegiňizi isleýär. Çagalaryňyzyň gelen karary siziň däl-de, olaryň saýlan ýoludygyny unutmaň (Nak. 20:11). Ýöne şonda-da ata-ene hökmünde goýberen ýalňyşlaryňyz sebäpli ynsabyňyz kösese näme? Ýehowa doga edip ötünç soraň we dert-aladaňyzy aýdyň. Ol siziň geçmişi üýtgedip bilmejekdigiňize düşünýär. Şeýle-de çagalaryňyzy gelen kararynyň erbet netijesinden gorap bilmejekdigiňizi bilýär. Eger çagaňyz yzyna dolanmak islese, Ýehowa ony gujak açyp garşy alar (Luka 15:18—20).
14. Biz näme üçin özümizi çendenaşa günäkärlemeli däl?
14 Özüňi çendenaşa günäkärlemek. Adatça, adam günä etse, ynsaby köseýär. Ýöne özüni çendenaşa günäkärleýän adam agyr ýüki göterýär. Biz şu ýüki taşlamaly. Özüni çendenaşa günäkärleýän adam näme edýär? Ol eden günäsine toba edýär, Ýehowa doga edip ötünç soraýar we günäsini gaýtalamajak bolýar. Emma şondan soň hem ol Ýehowanyň bagyşlandygyna ynanyp bilmeýär (Res. 3:19). Ýehowa biziň özümizi hemişe günäli duýmagymyzy islemeýär, sebäbi özüňi çendenaşa günäkärlemek güýç-gurbatdan gaçyrýandygyny bilýär (Zeb. 31:10). Eger biziň ynsabyňyz hemişe kösese, ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ylgap bilmeris (2 Kor. 2:7).
15. Özüňizi çendenaşa günäkärlemez ýaly näme etmeli? (1 Ýahýa 3:19, 20; surata serediň).
15 Gerekmejek ýüki taşlamak üçin näme etmeli? Ynsabyňyz hemişe ezýet berýän bolsa, Ýehowanyň «geçirimli» Hudaýdygy hakda oýlanyň (Zeb. 130:4). Ol toba eden adamy bagyşlanda: «Günäleriňi ýatlamaryn» diýip söz berýär (Ýer. 31:34). Ýehowa biziň geçmişde eden günämiz sebäpli hasabat soramaýar. Siz eden işiňiziň erbet netijesini göreniňizde: «Ýehowa meni bagyşlamandyr» diýip pikir etmäň. Özüňize käýäp, ýazgaryp oturmaň. Ýogsam Ýehowa bütin janyňyz-teniňiz bilen gulluk edip bilmersiňiz, hatda ýygnakdaky käbir borçlaryňyzy ýitirersiňiz. Ýehowa siziň günäleriňizi unutdy, sizem olary ýatlamaň (1 Ýahýa 3:19, 20-nji aýatlary okaň).
PELLEHANA ÇENLI YLGAŇ
16. Pellehana çenli ylgamak üçin näme etmeli?
16 Biz «baýrak almak» üçin ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ylgamaly (1 Kor. 9:24). Munuň üçin biz götermeli we taşlamaly ýükümizi bilmeli. Şu makalada olar hakda gürrüň etdik. Isa pygamber «iýermenlik, serhoşlyk we durmuşyň gaýgy-aladalary» ýaly ýükleri taşlamalydygyny aýtdy (Luka 21:34). Mukaddes Kitapdaky maslahatlar özümizi barlamaga, durmuşymyzy üýtgetmäge we pellehana çenli ylgamaga kömek eder.
17. Pellehana ýetip biljekdigimize näme üçin ynamly bolup bileris?
17 Ýehowanyň goldawy bilen pellehana çenli ylgap biljekdigiňize ynanyň (Işa. 40:29—31). Badyňyzy gowşatmaň! Pawlus resuldan görelde alyp, bar güýjüňiz bilen ylgaň (Flp. 3:13, 14). Şu ylgaw ýolunda size derek hiç kim ylgamaz, ýöne Ýehowanyň kömegi bilen ýeňiş gazanyp bilersiňiz (Zeb. 68:19). Ol size käbir ýükleri götermäge we gerekmejek ýükleri taşlamaga kömek eder. Goý, hak Alla size pellehana çenli ylgamaga güýç-kuwwat bersin!
65-NJI AÝDYM Öňe git!
a Biz türgenler ýaly ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ylgaýarys. Biz öz ýükümizi özümiz götermeli bolýarys, ýagny ömrümizi Ýehowa bagyş edip beren wadamyza görä ýaşaýarys, maşgala borçlarymyzy ýerine ýetirýäris we gelýän kararlarymyza özümiziň jogapkärdigimizi unutmaýarys. Emma ylgaw ýolunda badymyzy gowşadýan gerekmejek ýükleri taşlamaly bolýarys. Olara nämeler degişli? Makalada şu soragyň jogabyny bileris.
b JW.ORG saýtyndan «Maşgalalara kömek» diýen internet makalalary okap bilersiňiz. Är-aýallar üçin: «Birek-birege hormat goýmak üçin näme etmeli?»; «Minnetdar bolmak üçin näme etmeli?» Ene-atalar üçin: «Çagalara elektron enjamlaryny paýhasly ulanmagy öwrediň»; «Ýetginjekleriň nädip dilini tapmaly?» Ýetginjekler üçin: «Deň-duşlaryň täsirine düşmezlik üçin näme etmeli?»; «Ýekelik duýgusyny nädip ýeňmeli?»