Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

35-NJI MAKALA

Sabyrly bolalyň!

Sabyrly bolalyň!

«Sabyrlylygy geýiň» (Kol. 3:12, çykgyt).

114-NJI AÝDYM Sabyrly boluň

MAZMUNY a

1. Biz sabyrly adamlary näme üçin sylaýarys?

 BIZ sabyrly dostlarymyza hormat goýýarys. Sebäbi biz gijä galyp barsak, olar sabyrly garaşýarlar. Ýalňyşlyk goýbersek gaharlanmaýarlar we sabyrlylyk bilen düzedýärler. Biz Mukaddes Kitabyň hakykatlaryny sabyrlylyk bilen düşündiren we durmuşda ulanmaga kömek eden wagyzçylara köp sag bolsun aýdýarys. Şeýle-de bize sabyr edýändigi üçin Ýehowa örän minnetdar bolýarys (Rim. 2:4).

2. Sabyrly bolmak haçan kyn bolýar?

2 Elbetde, biz sabyrly dostlarymyza sylag-hormat goýýarys. Emma kä halatlarda bize sabyrly bolmak kyn bolýar. Aýdaly, biz gyssanmaç ulagly bir ýere barýarys. Ýolda ulaglaryň köplügi sebäpli dyknyşyga düşýäris. Şonda bize sabyrly bolmak kyn bolup biler. Ýa-da biri gaharymyzy getirse, özümize erk edip bilýän däldiris. Belki-de, Ýehowanyň Jennet hakdaky wadasyna sabyrly garaşmak kyn bolýandyr. Siz sabyrly adam bolmak isleýärsiňizmi? Onda şu makala siziň üçin niýetlenen. Makalada sabyrly bolmagyň näme aňladýandygy, şu häsiýetiň näme üçin wajypdygy we sabyrly bolmak üçin näme etmelidigi hakda gürrüň ederis.

SABYRLY BOLMAK NÄMÄNI AŇLADÝAR?

3. Sabyrly adam dartgynly ýagdaý dörände näme edýär?

3 Sabyrly adam nähili bolýar? Birinjiden, ol çalt gaharlanmaýar. Sabyrly adam mähirli bolýar. Dartgynly ýagdaýda özüni rahat alyp barýar. Ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap bermeýär. Mukaddes Kitapda «çalt gaharlanmaýar» diýen jümle ilkinji sapar 2 Musa 34:6-da duş gelýär we Ýehowanyň «rehimdarlyk, mähirlilik... wepaly söýgi, sözünde durmak» ýaly häsiýetleri bilen deň hatarda agzalýar.

4. Sabyrly adamyň isleýän zady bolmasa näme edýär?

4 Ikinjiden, ol sabyrly garaşýar. Käte durmuşda garaşýan zady bolmasa, çendenaşa alada etmeýär we dargursak bolmaýar (Mat. 18:26, 27). Biz haýsy ýagdaýlarda sabyrly garaşmaly bolarys? Meselem, dostumyzyň sözüni bölmän, soňuna çenli diňlemek üçin sabyr-takatly bolmaly (Eýp. 36:2). Şeýle-de okuw geçýän adama erbet endigini ýeňmäge kömek etmek we Mukaddes Kitabyň taglymatyny düşündirmek üçin hem sabyrly bolmaly.

5. Sabyrly adam näme etmeýär?

5 Üçünjiden, sabyrly adam howlukmaç karara gelmeýär. Elbetde, durmuşda çalt hereket etmeli ýagdaýlar bolýar. Emma sabyrly adama iş tabşyrsaň, ol işe girişmäge howlukmaýar. Gaýtam «ýedi ölçäp, bir kesýär» we işleri gowy planlaşdyrýar. Şeýle-de ol tabşyrylan işi derrew edip dynjak bolman, işiň kemini goýman etmek üçin ýeterlikli wagt sarp edýär.

6. Sabyrly adam kyn ýagdaýlarda näme edýär?

6 Dördünjiden, sabyrly adam kynçylyga düşende zeýrenip ýörmeýär. Sebäbi sabyrly adam çydamly bolýar. Elbetde, ynamdar dostumyza duş gelýän kynçylygymyzy gürrüň bersek, bize ejiz ýa-da çydamsyz adam diýip bolmaýar. Hawa sabyrly adam ruhdan düşmeýär we kynçylyga şatlyk bilen döz gelýär (Kol. 1:11). Biz şu dört ýagdaýda sabyrly bolmaly. Näme üçin? Geliň, munuň käbir sebäplerine seredeliň.

NÄME ÜÇIN SABYRLY BOLMALY?

Daýhan bol hasyl aljagyna ynanýar we sabyrly garaşýar. Biz hem Ýehowanyň ähli wadasyny ýerine ýetirjegine ynanýarys we sabyrly garaşýarys (7-nji abzasa serediň).

7. Ýakup 5:7, 8-nji aýatlara görä, biz näme üçin sabyrly bolmaly? (Surata serediň).

7 Biz ebedi ýaşaýşa gowuşmak üçin sabyrly bolmaly. Gadym döwürde ýaşan hudaýhon adamlaryň göreldesine eýermeli we Ýehowa wadasyny ýerine ýetirýänçä garaşmaly (Ýew. 6:11, 12). Mukaddes Kitapda sabyrly adam daýhana meňzedilýär (Ýakup 5:7, 8-nji aýatlary okaň). Daýhan ýeri sürýär, tohum sepýär we suwarýar. Ol tohumyň haçan gögerjegini bilmese-de, sabyrly garaşýar we bol hasyl aljagyna ynanýar. Edil şonuň ýaly, bizem «Halypamyzyň haýsy gün geljekdigini bilmeýäris» (Mat. 24:42). Ýöne şol güne çenli yhlasly wagyz edýäris. Biz Ýehowanyň ähli wadasyny öz bellän wagtynda ýerine ýetirjekdigine ýürekden ynanýarys. Biz sabyr-takatsyz bolsak garaşmakdan ýadarys, hakykat ýolundan sowlarys we wagtlaýyn lezzet berýän zatlaryň yşkyna düşeris. Emma sabyrly bolsak, soňuna çenli çydarys we halas bolarys (Mik. 7:7; Mat. 24:13).

8. Sabyrly bolsak ýygnagyň parahatlygyna nädip goşant goşarys? (Koloslylar 3:12, 13).

8 Sabyrly bolsak düşünişmezligi çalt çözeris we dogan-uýalaryň sözüni bölmän diňläris (Ýak. 1:19). Biz ýygnagyň parahatlygyna goşant goşarys. Dartgynly ýagdaýlarda göwne degiji we gödek sözleri aýtmarys. Dogan-uýalar göwnümize degse gaharlanmarys. Gaýtam «sabyrly bolup, bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň» diýen maslahata eýereris (Koloslylar 3:12, 13-nji aýatlary okaň).

9. Sabyrly adam paýhasly karara gelmek üçin näme edýär? (Nakyllar 21:5).

9 Sabyrly adam gowy karara gelýär. Ol oýlanman, howlukmaç hereket etmegiň deregine gözleg geçirýär we bar bolan teklipleriň içinden iň gowusyny saýlaýar (Nakyllar 21:5-i okaň). Meselem, siz iş gözleýärsiňiz we Ýehowa edýän seždäňizi birinji orunda goýmaga päsgel berýän iş tapýarsyňyz. Siz işe girmezden öň şu soraglar hakda oýlansaňyz gowy bolar: «Işe barmak üçin näçe wagt gider? Men uzakly gün işlemeli bolarynmy? Işe girsem, maşgalama we Ýehowa bilen dostlugyma nähili täsir eder?» Biz sabyrly bolsak ýalňyş kararlara gelmeris.

SABYRLY BOLMAK ÜÇIN NÄME ETMELI?

10. Sabyrlylyk häsiýetini nädip ösdürmeli?

10 Sabyrly bolmak üçin Hudaýa doga ediň. Sabyrlylyk häsiýeti mukaddes ruhuň miwesi (Gal. 5:22, 23). Şonuň üçin biz Ýehowadan mukaddes ruhuny sorap doga-dileg etmeli. Eger bize sabyrly bolmak kyn bolsa, onda Hudaýa «gaýta-gaýta» dileg etmeli (Luka 11:9, 13). Şeýle-de Ýehowanyň islegine düşünmek üçin kömek soramaly. Hawa, biz sabyrly bolmak üçin Hudaýdan kömek sorasak we öz üstümizde işlesek, mukaddes ruhuň miwesi bolan sabyrlylyk häsiýetini ösdüreris.

11, 12. Ýehowa sabyrlydygyny nädip görkezýär?

11 Mukaddes Kitapdaky wakalary okap oýlanyň. Mukaddes Kitapda Allany razy eden sabyrly adamlaryň wakalary hakda ýazylan. Eger biz şol wakalary okap oýlansak sabyrly bolup bileris. Geliň, ilki bilen sabyrlylygyň Gözbaşy bolan hak Alla hakda gürrüň edeliň.

12 Şeýtan Erem bagynda Ýehowa adalatsyz we zalym Hökümdar diýip, Onuň mukaddes adyna töhmet atdy. Ýehowa töhmetçini ýüzüniň ugruna ýok etmegiň deregine, sabyrly boldy we özüne erk etdi. Sebäbi Ol gowy Hökümdardygyny subut etmek üçin belli bir wagtyň geçmelidigine düşünýärdi. Ýehowa asyrlaryň dowamynda öz adyna atylýan töhmetlere çydady. Şeýle-de Ol akýürekli adamlaryň ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöremegi üçin sabyrly garaşýar (2 Pet. 3:9, 15). Şeýlelikde, her ýyl millionlarça adamlar hak Alla bilen dostlaşýar. Eger biz Ýehowanyň adyny aklamak we adamlary halas etmek üçin sabyr edýändigine düşünsek dünýäniň soňuna çenli sabyrly garaşarys.

Sabyrly bolsak çalt gaharlanmarys (13-nji abzasa serediň).

13. Isa pygamber Atasynyň göreldesine nädip eýerdi? (Surata serediň).

13 Isa pygamber Atasy Ýehowanyň göreldesine kämil derejede eýerdi. Oňa ikiýüzli kanunçylara we fariseýlere sabyrly bolmak aňsat däldi (Ýah. 8:25—27). Emma ol gaharlanmady, sögenlerinde sögmedi, ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap bermedi (1 Pet. 2:23). Isa kyn ýagdaýlara zeýrenmän döz geldi. Şonuň üçin Mukaddes Kitapda: «Günäkärleriň erbet sözlerine çydan adam hakda oýlanyň» diýip maslahat berilýär (Ýew. 12:2, 3). Ýehowanyň kömegi bilen bizem kyn ýagdaýlara sabyrlylyk bilen döz gelip bileris.

Ybraýym pygamberiň göreldesine eýerip sabyrly bolsak, Ýehowa şu günler bereket berer we gelejekde ebedi ýaşaýşy sylag berer (14-nji abzasa serediň).

14. Biz Ybraýym pygamberiň göreldesine nädip eýerip bileris? (Ýewreýler 6:15; surata serediň).

14 Biz Ýehowa köp ýyldan bäri gulluk edýändiris we dünýäniň soňy garaşan wagtymyzda gelmeýändigi üçin biynjalyk bolýandyrys. Şeýle-de: «Ahyrzamandan öň dünýäden ötäýermikäm?» diýip alada edýändiris. Eger biz Ybraýym pygamberiň göreldesine eýersek sabyrly garaşyp bileris. Ýehowa 75 ýaşly Ybraýyma: «Nesliňden ägirt uly millet dörederin» diýip wada berýär (1 Mus. 12:1—4). Ybraýym Ýehowanyň wadasynyň ýerine ýetendigini gördümi? Ybraýym Hudaýyň gudraty bilen ogly Yshak dünýä inýänçä 25 ýyl garaşdy. Agtyklary Esaw bilen Ýakup dünýä inýänçä bolsa 60 ýyl garaşdy (Ýewreýler 6:15-i okaň). Emma ol nesliniň uly millet bolanyny we wada edilen ýurdy miras alanyny görmedi. Ybraýym şonda-da soňky demine çenli Ýehowa wepaly boldy (Ýak. 2:23). Ybraýym pygamber Jennetde direlende Hudaýa sabyrly gulluk edendigini we ýer ýüzi neslinden bereket alandygyny bilip örän begener, başy göge ýeter (1 Mus. 22:18). Biz mundan näme öwrenýäris? Belki, biz Ýehowanyň ähli wadasyny ýerine ýetirendigini görüp bilmeris. Emma Ybraýym pygamberiň göreldesine eýerip sabyrly bolsak, Ýehowa şu günler bize bereket berer, gelejekde bolsa ebedi ýaşaýşy sylag berer (Mar. 10:29, 30).

15. Biz şahsy okuwynda kimler hakda öwrenmeli?

15 Mukaddes Kitapda Hudaýa sabyrly gulluk eden başga-da hudaýhon adamlar hakda ýazylan (Ýak. 5:10). Siz şahsy okuw geçirip, olar hakda öwrenseňiz gowy bolar b. Meselem, Dawut ýaş wagty Ysraýyla patyşa edip bellenýär, emma tagta geçýänçä köp ýyl garaşýar. Şimgon we Anna wada edilen Mesihi görýänçäler, Ýehowa ençeme ýyl wepaly gulluk edýärler (Luka 2:25, 36—38). Şu wakalary okanyňyzda özüňize şeýle soraglary beriň: «Olara sabyrly bolmaga näme kömek etdi? Olar sabyrly bolup nähili bereket aldy? Men olaryň göreldesine nädip eýerip bilerin?» Şeýle-de siz sabyrly bolup bilmedik adamlar hakda okaň we şu sorag hakda oýlanyň: «Olar näme üçin sabyrly bolup bilmediler we nähili zyýan çekdiler?» (1 Şam. 13:8—14).

16. Sabyrly bolmagyň nähili peýdasy bar?

16 Sabyrly bolmagyň peýdasy hakda oýlanyň. Sabyrly adamyň kalby rahat bolýar we özüni bagtly duýýar. Ol göwnüçökgünlige düşmeýär, gahar-gazabyň, gaýgy-aladanyň döredýän keselleri bilen syrkawlamaýar. Dogan-uýalar bilen agzybir ýaşaýar, ýygnagyň parahatlygyna goşant goşýar. Göwnüne degseler çalt gaharlanmaýar, öýke-kine saklamaýar we dawalaşmaýar (Zeb. 37:8; Nak. 14:29). Iň esasy zat bolsa, sabyrly Hudaý Ýehowanyň göreldesine eýerýär we Onuň bilen ýakyndan dostlaşýar.

17. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

17 Sabyrlylyk jan-saglygyň girewi, ynsan ömrüniň bezegi! Bize hemişe sabyrly bolmak aňsat bolmaýar, emma Ýehowanyň kömegi bilen sabyrly adam bolup bileris. Biz täze dünýä sabyrly garaşýarys we mezmurçynyň şu sözlerine goşulýarys: «Ýehowa hudaýhonlara, ýagşylyk etmegine garaşýanlara nazar salýar» (Zeb. 33:18). Geliň, mundan beýläk hem sabyr-takatly bolmagy ýüregimize düweliň!

41-NJI AÝDYM Dilegimi eşit

a Şeýtanyň höküm sürýän dünýäsinde köp adamlar sabyrly bolup bilmeýär. Emma Mukaddes Kitapda bize sabyrly bolmak maslahat berilýär. Sabyrly bolmak näme üçin wajyp? Sabyrly bolmak üçin näme etmeli? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris.

b «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasynyň» «Duýgular we gylyk-häsiýetler» diýen bölüminiň «Sabyrlylyk» diýen sözbaşysyna serediň.