32-NJI MAKALA
44-NJI AÝDYM Ejizlän adamyň dogasy
Ýehowa ähli adamlaryň toba etmegini isleýär
«Ýehowa... hemmeleriň toba edip, halas bolmagyny isleýär» (2 Pet. 3:9).
ESASY PIKIR
Toba etmegiň nämedigi we munuň näme üçin wajypdygy hem-de Ýehowanyň agyr günä eden adamlary toba çagyrýandygy barada bileliň.
1. Toba etmek näme?
BIZIŇ hemmämiz ýalňyşýarys, günä edýäris. Ýöne biz eden günämize toba etmeli. Mukaddes Kitapda «toba etmek» diýlende erbet işleriňe ýürekden ökünip, garaýşyňy we durmuşyňy üýtgetmegi aňladýar. Ýürekden toba edýän adam öňki erbet işlerini gaýtalamazlygy ýüregine düwýär («Mukaddes Kitabyň sözlüginden» «Toba etmek» diýen düşündirilişe serediň).
2. Biz näme üçin toba etmegiň nämedigine düşünmeli? (Nehemýa 8:9—11).
2 Biziň her birimiz toba etmegiň nämedigine düşünmeli. Adam ata bilen How eneden nesline günä miras galdy (Rim. 3:23; 5:12). Şonuň üçin biz her gün diýen ýaly günä edýäris. Hatda Pawlus resul ýaly berk imanly mesihçiler hem öz günäli höwesleri bilen göreşipdir (Rim. 7:21—24). Şonuň üçin: «Men her gün ýalňyşýaryn, günä edýärin» diýip özüňden göwnüň geçmelimi? Ýok, sebäbi Ýehowa rehimdar Hudaý. Ol biziň bagtly bolmagymyzy isleýär. Nehemýanyň hem günlerinde ysraýyl halky eden günälerini ýatlap, hasrat çekýärdiler (Nehemýa 8:9—11-nji aýatlary okaň). Ýöne Ýehowa olaryň günälerini ýatlap, hasrat çekmegiň deregine, toba edip, özüne begenip sežde etmeklerini isleýärdi. Ýehowa toba edýän adamyň egninden agyr ýüküň aýrylýandygyny we özüni bagtly duýýandygyny bilýär. Şol sebäpli ol toba etmek üçin nähili ädimleri ätmelidigini öwredýär. Eger adam eden günäsine toba etse, rehimdar Hudaý Ýehowanyň bagyşlajakdygyna doly ynamly bolup biler.
3. Makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?
3 Makalada şu üç soragyň jogabyny bileris. 1) Ýehowa ysraýyl halkyna toba etmek barada näme diýdi? 2) Ýehowa günä eden adamlary toba etmäge nädip höweslendirdi? 3) Isa şägirtlerine toba etmäge nädip kömek etdi?
ÝEHOWA YSRAÝYL HALKYNA TOBA ETMEK BARADA NÄME DIÝDI?
4. Ýehowa ysraýyllara toba etmek barada näme diýdi?
4 Ýehowa ysraýyllar bilen äht baglaşdy, olary öz halky edip saýlady. Eger ysraýyllar Ýehowa gulak asyp, kada-kanunlaryny berjaý edip ýaşasalar, Ýehowa olary gorajakdygyny we bereket berjekdigini wada berdi. Ýehowanyň tabşyrygy kyn däldi, ol: «Size berýän tabşyryklarym kyn ýa-da elýetmez däldir» diýýär (5 Mus. 30:11, 16). Eger ysraýyllar ähti bozsa, Ýehowa olaryň bereketden mahrum boljakdygyny we kösenip ýaşajakdygyny aýtdy. Ýöne ysraýyllar üçin umyt bardy. Olar Hudaýyna dolanyp tabşyryklaryna gulak assalar, Ýehowa olary gujak açyp garşy alar (5 Mus. 30:1—3, 17—20). Olar eden günäsine toba etseler, ýene-de Ýehowanyň halky bolup bilýärdi we öňküden hem köp bereketleriň eýesi bolardylar.
5. Ýehowa boýnuýogyn ysraýyl halkyna nädip sabyr etdi? (2 Patyşalar 17:13, 14).
5 Ysraýyl halky Ýehowanyň kada-kanunlaryny gaýta-gaýta bozup, onuň göwnüne degdiler. Olar butlara çokundylar, haram işlere baş goşdular. Şeýlelikde, hak Hudaýdan daşlaşyp, köp ejir çekdiler. Emma Ýehowa saýlan halkyndan ýüz öwürmedi. Ol ysraýyllary toba getirmek üçin pygamberlerini gaýta-gaýta ýollady (2 Patyşalar 17:13, 14-nji aýatlary okaň).
6. Ýehowa halkyny toba getirmek üçin pygamberleri arkaly näme diýdi? (Surata serediň).
6 Ýehowa pygamberleri arkaly boýnuýogyn ysraýyl halkyna toba etmese, kösenip ýaşajakdygyny duýdurdy we hak ýola dolanyp, halal ýaşamaga höweslendirdi. Meselem, Ýehowa halkyna şeýle diýdi: «Eý dönük Ysraýyl... Men saňa gahar bilen bakmaryn, sebäbi men wepalydyryn... Men ebedilik gaharlanmaryn. Günäleriňi boýun al, sebäbi sen Hudaýyň Ýehowa garşy gozgalaň turuzdyň» (Ýer. 3:12, 13). «Bütin ýüregiňiz bilen maňa dolanyň» (Ýow. 2:12, 13). «Ýuwnuň, tämizleniň! Gözümiň alnynda zalym işleri etmäň. Erbet işlerden el çekiň» (Işa. 1:16—19). «Heý-de, men erbet adamyň ölmegini isleýärinmi?.. Eýsem, erbet işlerini taşlap, uzak ýaşamagyny islemeýärinmi? Men hiç bir adamyň ölmegini islemeýärin... Toba edip, uzak ýaşaň» (Hyz. 18:23, 32). Görşümiz ýaly, günäkär toba etse, Ýehowa örän begenýär, oňa guwanýar, ebedi ýaşamagyny isleýär. Emma günäkär erbet işine düşünip, kömek soraýança, Ýehowa gol gowşuryp oturýarmy?
7. Ýehowa Hoşeýa we aýaly bilen bolan waka arkaly haýsy wajyp hakykaty düşündirdi?
7 Geliň, Hoşeýa pygamber we aýaly Gomer bilen bolan waka seredeliň. Ýehowa şu waka arkaly wajyp hakykaty düşündirýär. Gomer ärine ikilik edýär we ony taşlap oýnaşlary bilen ýaşap başlaýar. Indi Hoşeýa aýalyny bagyşlarmy? Ony öýüne getirermi? Ýürekleri görýän Ýehowa Hoşeýa pygambere şeýle diýýär: «Ysraýyl halky başga taňrylara sežde etse-de... Ýehowa halkyny söýýär. Aýalyň oýnaşy bolsa-da, zyna etse-de, senem ony söý» (Hoş. 3:1; Nak. 16:2). Üns beren bolsaňyz, Gomer heniz günäsine ökünmänkä, oýnaşy bilen ýaşaýarka, Ýehowa pygamberine aýalyny öýüne getirmegi, ony bagyşlamagy tabşyrýar a. Edil şonuň ýaly, Ýehowa boýnuýogyn halkyndan umydyny üzmeýär. Ysraýyllar haram işlere baş goşsa-da, Ýehowa olardan ýüz öwürmedi, halkyny söýdi. Pygamberlerini gaýta-gaýta ýollap, toba etmäge, halal ýaşamaga höweslendirdi. Hoşeýa we aýaly Gomer bilen bolan wakadan görşümiz ýaly, Ýehowa agyr günä eden adamlara toba etmäge, hak ýoldan ýöremäge kömek etmek isleýär, sebäbi ol adamyň ýüregini, başdan geçirýän ýagdaýlaryny, duýgularyny bilýär (Nak. 17:3). Geliň, bu barada giňişleýin bileliň.
ÝEHOWA GÜNÄ EDEN ADAMLARY TOBA ETMÄGE NÄDIP HÖWESLENDIRÝÄR?
8. Ýehowa Kabyly toba etmäge nädip höweslendirdi? (1 Musa 4:3—7; surata serediň).
8 Kabyl Adam ata bilen How enäniň nowbahar ogludy. Oňa ene-atasyndan günä miras geçdi. Kabyl günä garşy göreşmedi. Mukaddes Kitapda onuň «işleriniň zalymdygy» aýdylýar (1 Ýah. 3:12). Belki, şonuň üçin Ýehowa Kabyldan razy bolman, beren gurbanlygyny kabul eden däldir. Şonda Kabyl durmuşyny üýtgetmegiň deregine, «gaharlanyp gaşyny çytdy». Indi Ýehowa näme eder? Ol Kabyl bilen mähirli gepleşdi (1 Musa 4:3—7-nji aýatlary okaň). Ýagşy işleri etse bereket aljakdygyny, erbet işleri etse günäniň içine batjakdygyny düşündirdi. Ýehowa Kabyla goldaw bermek üçin sag elini uzatdy. Emma Kabyl gökdäki Atasynyň kömeginden ýüz öwürdi. Şonda Ýehowa mundan beýläk günäkärlere kömek etmerin, olara sag golumy uzatmaryn diýdimi? Elbetde, ýok!
9. Ýehowa Dawudy toba etmäge nädip höweslendirdi?
9 Ýehowa Dawudy örän gowy görýärdi. Ýehowa Dawut hakda: «Ýessäniň ogly Dawut göwnüme ýaraýan adam» diýdi (Res. 13:22). Emma Dawut agyr günäleri etdi. Batşeba bilen zyna etdi we onuň ärini öldürtdi. Musanyň kanunyna görä, Dawut ölüme höküm edilmelidi (3 Mus. 20:10; 4 Mus. 35:31). Emma Ýehowa Dawuda toba etmäge mümkinçilik berdi b. Ýöne Ýehowa Dawut eden günäsiniň agyrdygyna düşünip, toba edýänçä garaşyp oturdymy? Elbetde, ýok! Ol Natan pygamberi Dawudyň ýanyna iberýär. Natan Dawudyň ýüregine täsir edýän mysaly gürrüň berýär. Şonda Dawut eden işiniň agyr günädigine düşünip, toba edýär (2 Şam. 12:1—14). Zebur 51-nji bapdan Dawudyň toba edendigini, eden işine ökünip, ýürekden syzdyryp aýdan sözlerini okaýarys. Şu mezmur ençeme günä eden adamlara göwünlik berdi we toba etmäge höweslendirdi. Biz Ýehowanyň wepaly bendesi Dawuda toba etmäge kömek edendigine örän begenýäris.
10. Ýehowanyň sabyrlylygy we geçirimliligi hakda oýlananyňyzda özüňizi nähili duýýarsyňyz?
10 Mukaddes Hudaý Ýehowa günäni ýigrenýär. Uly bolsun, kiçi bolsun günäli işleriň hiç birine göz ýummaýar (Zeb. 5:4, 5). Emma ol biziň bikämildigimizi, toprakdan ýaradylandygymyzy bilýär. Ýehowa bizi ýürekden söýýär, günä garşy göreşmäge kömek etmek isleýär. Ol hatda günä batan adamlara hem sag goluny uzadýar. Olary toba getirip, dostlaşmak isleýär. Muny bilmek biziň göwnümizi göterýär. Biz Ýehowanyň sabyrlylygy, geçirimliligi hakda oýlananymyzda, oňa her gün wepaly bolmagy, bardy-geldi ýalňyşsak derrew toba etmegi ýüregimize düwýäris. Geliň, indi Isa pygamberiň şägirtlerine toba etmäge nädip kömek edendigi hakda bileliň.
ISA ŞÄGIRTLERINE TOBA ETMÄGE NÄDIP KÖMEK ETDI?
11, 12. Isa pygamber Ýehowanyň rehimdar, geçirimli Hudaýdygyny nädip düşündirdi? (Surata serediň).
11 I asyrda Isa Mesih ýer ýüzüne geldi. Geçen makaladan bilşimiz ýaly, Ýehowa suwa çümdürýän Ýahýa we Isa Mesih arkaly adamlara toba etmegiň wajypdygyny düşündirdi (Mat. 3:1, 2; 4:17).
12 Isa pygamber Ýehowanyň rehimdar, geçirimli Hudaýdygyny ençeme sapar adamlara gürrüň berdi. Bir gezek ol ýiten ogul mysalyny gürrüň berdi. Ýaş ýigit özüne degişli mirasy alyp, ýat ýurda keýp çekmäge gidýär. Ol bar puluny ýele sowrup, iýere zat tapman kösenýär. Soňra «akylyna aýlanyp», öýüne dolanýar. Ol heniz uzakdaka kakasy ony görüp, ýüregi awaýar. Ol ylgap barýar-da, ogluny gujaklap ogşaýar. Ýaş ýigit kakasynyň ogly bolmaga özüni mynasyp görmän, hakyna tutan işçisi bolmaga razydygyny aýdýar. Emma kakasy ogluna don geýdirip, barmagyna ýüzük dakyp ony maşgalasyna kabul edýär. Ol: «Sen ýitipdiň, indi tapyldyň» diýýär (Luka 15:11—32). Isa pygamber gökde Atasynyň ýanyndaka Ýehowanyň toba edýän günäkärlere rehim edendigini ençeme sapar gören bolsa gerek. Ol şu mysal arkaly Ýehowanyň rehimdar, geçirimli, mähirli Hudaýdygyny düşündirýär.
13, 14. Petrus resula toba etmäge kim kömek etdi we ol adamlara näme barada wagyz etdi? (Surata serediň).
13 Isa pygamber Petrus resula Ýehowanyň toba edýän adamlary ýürekden bagyşlaýandygyny düşündirdi. Petrus köp ýalňyşýardy, Isa ony her sapar bagyşlaýardy. Bir gün Petrus Halypasyny tanamaýandygyny üç gezek aýdýar. Soňra eden işine ökünip, möňňürip aglaýar (Mat. 26:34, 35, 69—75). Isa direlensoň, ýekelikde Petrusyň ýanyna barýar (Luka 24:33, 34; 1 Kor. 15:3—5). Ol toba eden şägirdine käýemek üçin däl-de, oňa bagyşlandygyny, gowy görýändigini aýtmak üçin barypdy.
14 Petrus resul Ýehowanyň geçirimliligine örän minnetdardy. Şonuň üçin adamlary ýürekden toba etmäge höweslendirýärdi. Pentikost baýramçylygyndan soň Petrus ýehudylara Hudaýyň bellän Mesihini öldürendiklerini batyrgaýlyk bilen wagyz edýär. Soňra ol mähir bilen: «Günäleriňiziň bagyşlanmagy üçin toba ediň, erbet ýoluňyzdan dönüň. Şonda Ýehowa ýüregiňize rahatlyk berer» diýýär (Res. 3:14, 15, 17, 19). Petrus ýehudylara toba edip, erbet ýolundan dönseler, ýagny pikirini, garaýşyny üýtgedip ýagşy işleri etseler, hak ýoldan ýöräp Ýehowany razy edip biljekdigini düşündirýär. Şeýle-de Ýehowanyň toba edýän günäkäri bagyşlaýandygyny, eden günäsini süpürip aýyrýandygyny aýdýar. Ençeme ýyldan soň Petrus mesihçilere: «Ýehowa... siziň üçin sabyr edýär. Sebäbi ol hemmeleriň toba edip, halas bolmagyny isleýär» diýdi (2 Pet. 3:9). Petrusyň şu sözlerini okanymyzda ýüregimiz giňäp gidýär. Biz saý-sebäp bilen günä edäýsek, rehimdar Atamyz Ýehowa gujak açyp, ogly-gyzy hökmünde kabul eder.
15, 16. a) Pawlus resul geçirimli bolmagyň wajypdygyny nädip öwrendi? (1 Timoteos 1:12—15). b) Indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?
15 Tarsusly Sawul Isa Mesihiň şägirtlerini zalymlyk bilen yzarlapdy, olara zulum-sütem edipdi. I asyrdaky dogan-uýalar: «Kim mesihçi bolsa-da, Sawul bolmaz» diýendir. Emma Ýehowa Hudaý we Isa Mesih Sawulyň ýagşy häsiýetlerini görýärdi, onuň toba etjekdigini bilýärdi. Isa Sawul hakda: «Ol meniň saýlan gulum» diýdi (Res. 9:15). Isa Mesih Sawuly toba getirmek üçin gudrat hem görkezdi (Res. 7:58—8:3; 9:1—9, 17—20). Soňra Sawul Isanyň şägirdi bolýar. Şondan soň ol Pawlus resul ady bilen tanalýar. Pawlus hatlarynda köplenç Ýehowanyň hem Isanyň ýagşylygyna, rehimdarlygyna minnetdardygyny ýazýardy (1 Timoteos 1:12—15-nji aýatlary okaň). Ol: «Hudaý... siziň toba etmegiňiz üçin ýagşylyk edýär» diýdi (Rim. 2:4).
16 Pawlus resul Korinf şäherinde ahlaksyzlyk edýän adamyň ýygnakdan çykarylmandygyny eşitdi. Ol Korinfdäki dogan-uýalara hat ýazyp, Ýehowanyň söýgi bilen temmi berýändigini we toba edýän günäkäre rehimdarlyk bildirýändigini düşündirýär. Indiki makalada Korinfdäki ýygnakda bolan waka hakda gürrüň ederis we Ýehowanyň göreldesine eýermek üçin näme etmelidigini bileris.
33-NJI AÝDYM Ýüküňi Ýehowa tabşyr
a Ýehowa diňe Hoşeýa pygambere şeýle tabşyryk beripdi. Ol şu günler bigünä adamdan ikilik eden ýanýoldaşy bilen ýaşaşmagy talap etmeýär. Ýehowa Isa pygamber arkaly bigünä adamyň zyna eden ýanýoldaşy bilen aýrylyşmaga hakynyň bardygyny hem aýtdy (Mat. 5:32; 19:9).
b «Sen Ýehowanyň geçirimliliginden näme öwrenýärsiň?» diýen makalany okap bilersiňiz (w12 15/11 sah. 21—23, abz. 3—10).