Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

2 Selanikliler 3:14-de: «gulak asmaýan... adamy bellige alyň» diýilýär. Şu görkezme diňe ýaşululara degişlimi ýa-da ähli wagyzçylara?

Pawlus resul Selanikdäki mesihçilere: «Eger biri şu hatymyzda ýazan zatlarymyza gulak asmasa, şeýle adamy bellige alyň» diýip maslahat berdi (2 Sel. 3:14). Biz öň şu görkezme diňe ýaşululara degişlidir diýip pikir edýärdik. Ýaşulular gaýta-gaýta maslahat berse-de, wagyzçylaryň biri Mukaddes Kitabyň prinsiplerini bozup ýörse, onda ýygnakda duýduryş nutugy bilen çykyş edip bolýardy. Şondan soň dogan-uýalar şol wagyzçy bilen ýakyndan gatnaşmaýardy.

Emma biz indi şu aýada başgaça düşünýäris. Pawlusyň beren maslahaty diňe ýaşululara däl-de, tutuş ýygnaga degişli. Şonuň üçin ýaşululara duýduryş nutugy bilen çykyş etmek gerek däl. Geliň, muňa gowy düşünmek üçin 2 Selanikliler 3:14-däki aýadyň kontekstine seredeliň.

Pawlus dogan-uýalaryň käbiriniň «tertip-düzgüne... eýermeýändigini» eşidýär. Ol geçen sapar Selanik şäherine gelende: «Kim zähmet çekmek islemese, çörek hem iýmesin» diýip maslahat beripdi. Emma käbir ýalta adamlar Pawlusyň maslahatyna eýermeýärdi, ýagdaýy bolsa-da işlemeýärdi. Üstesine-de, olar başgalaryň işine goşulýardy. Selanik şäherindäki dogan-uýalar şeýle adamlar bilen özüni nähili alyp barmalydy? (2 Sel. 3:6, 10—12).

Pawlus resul şeýle adamy «bellige alyň» diýip maslahat berdi. «Bellige alyň» diýen grek jümlesi tertip-düzgüni bozýan adamy anyklamagy we onuň bilen ýakyndan gatnaşmazlygy aňladýar. Pawlus şu maslahaty diňe ýaşululara däl-de, tutuş ýygnaga berdi (2 Sel. 1:1; 3:6). Şonuň üçin wagyzçylar dogan-uýalaryň biriniň Mukaddes Kitabyň prinsiplerini bozýandygyny görse, onuň bilen gatnaşmazlyk kararyna gelip biler.

Biz şeýle adama ýygnakdan çykarylan adam ýaly seretmeli däl. Sebäbi Pawlus oňa «dogan hökmünde hemişe maslahat beriň» diýdi. Şonuň üçin wagyzçylar bellige alnan adam bilen ýygnakda, wagyzda gürrüňdeş bolup biler. Emma onuň bilen dynç almaz, ýakyndan gatnaşmaz. Pawlus şonda «ol utanar» diýdi. Eger wagyzçylar bellige alnan adam bilen ýakyndan gatnaşmasa, ol eden işine öküner we düzeler (2 Sel. 3:14, 15).

Biz Pawlusyň maslahatyna nädip eýerip bileris? Biz ilki bilen doganyň ýa-da uýanyň tertip-düzgüne eýermeýändigine doly göz ýetirmeli. Käte dogan-uýalaryň ynsabyna görä gelýän karary biziňkiden tapawutlanyp biler ýa-da düşünişmezlik döräp göwnümize degip biler. Emma Pawlus «tertip-düzgüne... eýermeýänler» diýende şeýle adamlary göz öňünde tutmady. Ol Hudaýyň prinsiplerini göz-görtele bozýan adamlary göz öňünde tutdy.

Eger biz doganyň ýa-da uýanyň Mukaddes Kitabyň prinsiplerini bilgeşleýin bozýandygyny a görsek, onuň bilen ýakyndan gatnaşmarys ýa-da dynç almarys. Şu meselede her kimiň özüniň karara gelýändigi üçin, biz maşgala agzamyz bolmadyk adama näme etmelidigini maslahat bermeris. Elbetde, biz bellige alnan wagyzçy bilen ýygnakda, wagyzda gürrüňdeş bolup bileris. Eger ol düzelse, onuň bilen ýene-de öňkimiz ýaly ýakyndan gatnaşarys.

a «Tertip-düzgüne... eýermeýänlere» şeýle adamlar degişli bolup biler: ýagdaýy bolsa-da işlemeýän ýalta adamlar, gaýta-gaýta maslahat berilse-de Ýehowanyň Şaýady bolmadyk biri bilen duşuşýanlar, ýygnakda bölünişik döredýänler we gybat edip, gep gezdirýänler (1 Kor. 7:39; 2 Kor. 6:14; 2 Sel. 3:11, 12; 1 Tim. 5:13).