Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýadyňyzdamy?

Ýadyňyzdamy?

2022-nji ýylyň «Garawul diňi» žurnalyna esaslanan aşakdaky soraglara jogap berip bilersiňizmi?

Ýehowa barada oýlansak we Onuň bilen gürrüňdeş bolsak nähili peýda alarys?

Biz paýhasly kararlara geleris, ökde mugallym bolarys, Hudaýa iman ederis we Ony ýürekden söýeris (w22.01 sah. 30, 31).

Biz Ýehowa we ýer ýüzündäki wekillerine näme üçin bil baglamaly?

Ýehowa ýer ýüzündäki wekilleri arkaly görkezme berýär. Häzir ýaşululara şübhelenmegiň wagty däl. Biz Ýehowa we ýer ýüzündäki wekillerine ýürekden ynanmaly. Şonda uly betbagtçylykda beriljek görkezmeler geň we düşnüksiz ýaly bolup görünse-de, olara ýürekden eýereris (w22.02 sah. 4—6).

Perişde: «Halk Zerubabeliň elindäki ölçeg daşyny görüp begener» diýende nämäni göz öňünde tutdy? (Zek. 4:8—10).

Perişdäniň aýdan habary ýehudylara ybadathananyň öz wagtynda guruljakdygyna we Ýehowanyň gurluşykdan hoşaldygyna düşünmäge kömek etdi (w22.03 sah. 16, 17).

Biz gepleýşimiz bilen görelde bolmak üçin näme etmeli? (1 Tim. 4:12).

Wagyzda üstümize gygyrsalar mähirli gepleşmeli, ýygnakda joşup aýdym aýtmaly we jogap bermeli, dogan-uýalary ruhlandyrmaly, sögünç sözleri aýtmaly däl, ýalan sözlemeli däl hem-de gybat etmeli däl (w22.04 sah. 6—9).

Danyýar kitabynyň 7-nji babynda agzalýan dört wagşy haýwanyň alamatlary näme üçin Ylham 13:1, 2-nji aýatlardaky bir wagşy haýwanda jemlenýär?

Ylham 13-nji bapdaky wagşy haýwan Rim imperiýasy ýaly bir patyşalygy däl-de, adamzat taryhyndaky ähli patyşalyklary aňladýar (w22.05 sah. 9).

Adalatly Hudaý Ýehowa bil baglaýandygymyzy nädip görkezip bileris?

Eger biri bizi kemsitse, göwnümize degse ýa-da ýüregimize ýara salsa, öýke-kine saklaman ýürekden bagyşlamaly, meseläni özümiz çözjek bolman Ýehowanyň eline tabşyrmaly. Sebäbi diňe Ol bize ýetirilen zyýanyň öwezini dolup biler (w22.06 sah. 10, 11).

Ýygnakda doga edýän dogan nämäni unutmaly däl?

Doga maslahat ýa-da bildiriş ýaly bolmaly däl. Esasan-da, ýygnagyň başynda doga edýän dogan uzyn doga etmeli däl (Mat. 6:7; w22.07 sah. 24, 25).

«Erbet iş edenler» haýsy manyda «höküm edilmek üçin direler»? (Ýah. 5:29).

Olar ölmänkä eden işlerine görä höküm edilmez, sebäbi adam ölenden soň günäden azat bolýar. Olar täze dünýäde bilim alandan soň «eden işlerine» we özüni alyp barşyna görä höküm ediler (w22.09 sah. 18).

1922-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen kongresde Ruterford dogan näme diýdi?

Sidar Poýntda (Ogaýo ştaty) geçirilen kongresde Ruterford dogan şeýle diýdi: «Ynha, Patyşa höküm sürýär, siz onuň jarçylary. Şonuň üçin Patyşany we Patyşalygyny wagyz ediň, wagyz ediň, wagyz ediň!» (w22.10 sah. 3—5).

Işaýa 30-njy baba görä Ýehowa haýsy üç ýol arkaly kynçylyklara döz gelmäge kömek edýär?

Işaýa 30-njy bapda Ýehowanyň 1) biziň doga-dileglerimizi diňleýändigi, jogap berýändigi, 2) bize görkezme berýändigi we 3) şu günler hem-de gelejekde bereket berjekdigi hakda ýazylan (w22.11 sah. 9).

Zebur 37:10, 11, 29-njy aýatlardaky sözler haçan ýerine ýetdi?

Dawudyň sözleri Süleýman patyşanyň hökümdarlyk eden döwründe ýerine ýetdi. Isa pygamber Dagdaky wagzynda şu aýada salgylanyp, onuň gelejekde-de ýerine ýetjekdigini düşündirdi (Mat. 5:5; Luka 23:43; w22.12 sah. 8—10, 14).