Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

52-NJI MAKALA

Kynçylyklarda dogan-uýalary goldalyň!

Kynçylyklarda dogan-uýalary goldalyň!

«Eliňden gelse, mätäç adamlara ýagşylyk et» (Nak. 3:27).

103-NJI AÝDYM Çopanlar Hudaýyň berekedi

MAZMUNY a

1. Ýehowa gullukçylarynyň dogasyna nädip jogap berýär?

 ALLATAGALANYŇ wepaly bendeleriniň doga-dilegine siz arkaly jogap berýändigi barada oýlanyp gördüňizmi? Siz ýaşuly, hyzmatçy, pioner, wagyzçy, ýaş, garry, dogan ýa-da uýa bolsaňyz hem, Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolup bilersiňiz. Köplenç Ýehowa dogan-uýalaryň ýalbaryp edýän dilegine ýaşulular ýa-da wepaly gullukçylary arkaly jogap berýär (Kol. 4:11). Hawa, Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolmak we dogan-uýalary goldamak uly hormat! Geliň, dogan-uýalara keselçilik döwri, tebigy betbagtçylykda we yzarlamalarda nädip göwünlik berip biljekdigimize seredeliň.

KESELÇILIK DÖWRI

2. Ýokanç kesel ýaýranda dogan-uýalara kömek etmek näme üçin kyn bolup biler?

2 Ýokanç keselleriň ýaýraýan döwri dost-ýarlarymyz bilen öňkimiz ýaly görşüp bilmeýäris. Meselem, olar bilen görşüp, süýji-süýji gürrüň edesimiz gelýär ýa-da ýeter-ýetmezçilikden kösenýän dogan-uýalary myhmançylyga çagyrasymyz gelýär. Ýöne keseliň ýokuşmazlygy üçin olar bilen görüşmeýäris. Biz imandaşlarymyza kömek edesimiz gelýär, ýöne özümiz pulsuzlykdan kösenýän bolsak ýa-da maşgala agzalarymyzyň biri kesellän bolsa, muny etmek kyn bolýar. Ýehowa biziň dogan-uýalara elimizde baryny edip kömek edýändigimizi görende örän begenýär (Nak. 3:27; 19:17). Biz dogan-uýalara nädip ýagşylyk edip bileris?

3. Deýzi uýanyň ýygnagyndaky ýaşululardan näme öwrenýäris? (Ýermeýa 23:4).

3 Ýaşulular näme edip biler? Ýaşulular, ýygnagyňyzdaky dogan-uýalary ýakyndan tanap, olar bilen dostlaşyň (Ýermeýa 23:4-i okaň). Geçen makalada agzalan Deýzi b uýa: «Wagyz toparymyzdaky ýaşulular meniň bilen we beýleki dogan-uýalar bilen ýygy-ýygydan wagza çykýardylar, dynç alýardylar» diýýär. Koronawirus (COVID-19) sebäpli Deýziniň dogan-garyndaşlarynyň käbiri aradan çykdy. Ýaşulular Deýzini ýakyndan tanaýandygy üçin, oňa ajy hasratyna döz gelmäge kömek etdiler.

4. Ýaşulular Deýzini nädip goldadylar we olaryň göreldesine nädip eýerip bileris?

4 Deýzi şeýle diýýär: «Ýaşuly doganlar meniň üçin kakam, agam, jigim ýalydy. Şonuň üçin men olara gaýgy-aladamy we ýürek derdimi arkaýyn aýdyp bilýärdim». Ýaşulular mundan näme öwrenip biler? Dogan-uýalary heniz agyr güne düşmänkä idäp duruň, olar bilen dostlaşyň. Keseliň ýaýraýandygy sebäpli dogan-uýalar bilen ýüzbe-ýüz görşüp bilmeseňiz hem, jaň edip ýagdaýyny sorap duruň. Deýzi şeýle diýýär: «Käte ýaşulular biri-birinden habarsyz günüň dowamynda maňa birnäçe gezek jaň edýärdiler ýa-da SMS ýazýardylar. Olaryň iberýän aýatlary maňa tanyş hem bolsa, ýüregime güýçli täsir edýärdi».

5. Ýaşulular dogan-uýalaryň ýagdaýyny bilmek üçin näme etmeli we olara nädip kömek etmeli?

5 Ýaşulular, dogan-uýalaryň ýagdaýyny bilmek üçin ýerlikli soraglary beriň, ýöne oňaýsyz ýagdaýa salmaň (Nak. 20:5). Olaryň azyk önümlerini, däri-dermanlary we başga-da gerek-ýarak zatlaryny almaga ýeterlik puly barmy? Belki, olar işden çykarylandyr, jaýyň kireýni töläp bilýän däldir. Ýa-da olara döwletiň berýän kömegini almaga ýardam etmelidir. Dogan-uýalar Deýzä pul kömegini berdiler. Ýöne oňa agyr ýagdaýa döz gelmäge, esasanam, ýaşulularyň göwünlik bermegi we ruhlandyrmagy kömek etdi. Deýzi şeýle diýýär: «Ýaşulular meniň bilen doga edýärdi. Şonda ýüregim giňäp gidýärdi. Olaryň dogada näme diýeni ýadyma düşenok. Ýöne şonda Ýehowa maňa: „Gyzym sen ýeke däl, men seniň bilen“ diýen ýaly bolýardy» (Işa. 41:10, 13).

Duşuşygy alyp barýan dogan ýygnaga gelen dogan-uýalaryň we ýarawsyz doganyň wideoaragatnaşyk arkaly berýän jogabyna begenýär (6-njy abzasa serediň).

6. Biz dogan-uýalary nädip ruhlandyryp bileris? (Surata serediň).

6 Başgalar näme edip biler? Elbetde, dogan-uýalaryň aladasyny etmäge, esasan, ýaşulular jogapkär. Ýöne Ýehowa her-birimiziň imandaşlarymyza ýagşylyk etmegimizi isleýär (Gal. 6:10). Biz ýarawsyz dogan-uýalara nädip kömek edip bileris? Munuň üçin köp zat etmek gerek däl, ýönekeýje zatlar hem olaryň göwnüni göterip bilýär. Meselem, çagajyklar surat çekip biler, ýaşlar bazardan gerek-ýarak zatlaryny getirip biler. Belki, ýarawsyz dogan-uýalar üçin gyzgynjak nahar bişirip, gapysynyň agzynda goýup gaýdarys. Keseliň ýaýran döwri dogan-uýalaryň hemmesi ruhlandyryjy sözlere mätäç bolýar. Şonuň üçin ýygnakdan soň galyp dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolsak gowy bolar. Hatda ýaşululara hem ruhlandyryjy sözleri aýtmaly, sebäbi keseliň ýaýraýan döwri olaryň işi hasam köp bolýar. Käbir dogan-uýalar ýaşululara minnetdarlyk hatyny ýazýarlar. Hawa, Ýehowa «bir-birini ruhlandyrýan, birek-biregi berkidýän» dogan-uýalary görüp örän begenýär (1 Sel. 5:11).

TEBIGY BETBAGTÇYLYK BOLANDA

7. Tebigy betbagtçylyk nähili zyýan ýetirýär?

7 Tebigy betbagtçylyk adamyň durmuşyny göz açyp-ýumasy salymda üýtgedip bilýär. Adamlar öýüni, mal-mülküni, hatda ýakynlaryny ýitirýärler. Tebigy betbagtçylyklar dogan-uýalarymyzdan hem sowlup geçmeýär. Biz olara nädip kömek edip bileris?

8. Ýaşulular we maşgalabaşylar tebigy betbagtçylyga öňünden taýýarlanmak üçin näme edip bilerler?

8 Ýaşulular näme edip biler? Ýaşulular, dogan-uýalary tebigy betbagtçylyga öňünden taýýarlaň. Olara howpsuzlyk çäresini görmek üçin näme etmelidigini we ýaşuly doganlar bilen nädip habarlaşmalydygyny aýdyň. Geçen makalada agzalan Margaret uýa: «Ýaşulular ýerli zerurlyk bölüminde biziň ýaşaýan ýerimizde-de tokaý ýangynynyň bolup biljekdigini aýtdylar. Şeýle-de olar döwlet işgärleri ýangyn hakda duýduranda, dessine öýümizi goýup gitmelidigimizi ýatlatdylar» diýýär. Hawa, ýaşuly doganlar tüýs wagtynda duýdurypdy. Sebäbi bäş hepde geçip-geçmänkä şol ýerde güýçli tokaý ýangyny başlady. Maşgalabaşylar, maşgala okuwynda çagalaryňyza tebigy betbagtçylykda näme etmelidigini öwrediň. Şonda siziň ýaşaýan ýeriňizde tebigy betbagtçylyk bolsa, özüňiz hem, çagalaryňyz hem howsala düşmersiňiz.

9. Tebigy betbagtçylykdan öň we soň ýaşulular nädip guramaçylykly hereket edip bilerler?

9 Eger siz wagyz toparynyň gözegçisi bolsaňyz, heniz tebigy betbagtçylyk bolmanka, toparyňyzdaky dogan-uýalaryň öý salgysyny we telefon belgisini alyp goýuň. Eger wagyzçylar telefon belgisini üýtgetseler ýa-da başga ýere göçseler, soňky maglumatlary belläp alyň. Şonda tebigy betbagtçylyk bolanda her bir wagyzçy bilen habarlaşyp, olara näme kömegiň gerekdigini anyklap bilersiňiz. Soňra bilen zatlaryňyzy ýaşulular maslahatynyň koordinatoryna aýdyň. Ol hem etrap gözegçisine habar berer. Doganlar eginme-egin işleşip, az wagtyň içinde köp dogan-uýalara kömek edip biler. Margaret uýanyň etrap gözegçisi ýangyndan soň 36 sagat uklamaýar, sebäbi ol ýaşululara görkezme bermeli bolýar. Ýaşuly doganlar hem takmynan 450 sany dogan-uýa bilen habarlaşyp, olary howpsuz ýere göçürýärler (2 Kor. 11:27). Şeýlelikde, her bir dogan-uýanyň aladasy edilýär.

10. Ýaşulular tebigy betbagtçylykda ejir çeken dogan-uýalary näme üçin ruhlandyrmaly? (Ýahýa 21:15).

10 Ýaşulular dogan-uýalaryň imanyny berkitmeli we olara göwünlik bermeli (1 Pet. 5:2). Tebigy betbagtçylyk bolanda ýaşulular ilkinji nobatda dogan-uýalary howpsuz ýere göçürmeli we olaryň iýjek-içjeginiň, geýjeginiň hem-de ýaşar ýaly ýeriniň bolmagynyň aladasyny etmeli. Ýöne käbir dogan-uýalar tebigy betbagtçylykdan birnäçe aý geçen soň hem şol wakany ýatlap ruhdan düşýärler (Ýahýa 21:15-i okaň). Harold dogan filial komitetiniň agzasy bolup gulluk edýär. Ol tebigy betbagtçylykdan ejir çeken dogan-uýalara kömek etdi. Harold şeýle gürrüň berýär: «Dogan-uýalara özüne gelmek üçin wagt gerek bolýar. Olar aradan çykan dost-ýarlarynyň, dogan-garyndaşlarynyň hasratyny çekýärler, weýran bolan öýüni küýseýärler. Şeýle-de olar ölümiň bäri ýanyndan gaýdan pursatlaryny köp wagtlap unudyp bilmeýärler. Şeýle ýatlamalar dogan-uýalaryň güýjüni alyp, ruhdan düşürýär. Bu olaryň imanynyň gowşakdygyny aňlatmaýar. Şeýle duýgular islendik adamda bolup bilýär».

11. Ene-atalar näme etmeli?

11 Ýaşulular Mukaddes Kitapdaky «aglaýanlar bilen aglaň» diýen maslahata ýürekden eýerýärler (Rim. 12:15). Tebigy betbagtçylykdan halas bolanlara Ýehowanyň we dogan-uýalaryň olary söýýändigini ýatladyp durmaly. Ýaşulular dogan-uýalary maşgala okuwyny geçirmäge, Hudaýa yzygiderli doga etmäge, Mukaddes Kitaby okamaga, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaga we wagyz etmäge höweslendirip bilerler. Şeýle-de ýaşulular ene-atalara çagalary ruhlandyrmagyň wajypdygyny aýtmaly. Ene-atalar, çagalaryňyza tebigy betbagtçylygyň ýok edip bilmejek zatlary hakda oýlanmaga kömek ediň. Olara Ýehowanyň ýakyn dostdugyny we hemişe kömege taýyndygyny ýatladyp duruň. Mundan başga-da bütin dünýäde olary söýýän we goldamaga taýyn uly maşgalasynyň bardygyny aýdyň (1 Pet. 2:17).

Tebigy betbagtçylyk bolanda meýletinçi bolup kömek edip bilersiňizmi? (12-nji abzasa serediň) e.

12. Biz tebigy betbagtçylykda nädip kömek edip bileris? (Surata serediň).

12 Başgalar näme edip biler? Eger tebigy betbagtçylyk siziň golaýyňyzda bolan bolsa, ýaşululardan nädip kömek edip biljekdigiňiz hakda soraň. Belki, siz tebigy betbagtçylykdan ejir çekenleri ýa-da meýletinçileri öýüňize myhman alyp bilersiňiz. Ýa-da olar üçin nahar bişirip, gerek-ýarak zatlaryny eltip berersiňiz. Tebigy betbagtçylyk sizden uzakda bolan bolsa nädip kömek edip bilersiňiz? Ejir çeken dogan-uýalar üçin doga ediň (2 Kor. 1:8—11). Şeýle-de pul sadakasyny berip, olary goldap bilersiňiz (2 Kor. 8:2—5). Eger siziň betbagtçylyk bolan ýerde kömek etmäge mümkinçiligiňiz bolsa, meýletinçi bolup biljekdigiňizi ýaşululara aýdyň. Eger kömegiňiz gerek bolsa, doganlar size tälim berer we betbagtçylygyň bolan ýerine iberer.

YZARLAMA BOLANDA

13. Wagyz işi gadagan edilen ýurtlarda dogan-uýalar nähili kynçylyklara duş gelýärler?

13 Wagyz işimiz gadagan edilende ýa-da yzarlama bolanda dogan-uýalaryň durmuşy hasam kynlaşýar. Meselem, olar pul ýetmezçiliginden, keselçilikden kösenýärler ýa-da eziz görýän adamlarynyň biri aradan çykýar. Şonda ýaşululara dogan-uýalary ruhlandyrmak we çopançylyk idegini etmek kyn bolýar. Geçen makalada agzalan Andreý dogan bilen hem şeýle bolupdy. Onuň wagyz toparyndaky bir uýa ýeter-ýetmezçilikden kösenýärdi. Soňra uýa ýol heläkçiligine uçraýar. Indi ol işläp bilmeýärdi, birnäçe agyr operasiýa geçirmelidi. Şol ýurtda wagyz işi gadagan edilen bolsa-da, keselçilik ýaýrasa-da, ýaşulular elinde baryny edip uýamyza kömek etdiler. Ýehowa-da olaryň eden tagallasyny görüp örän begenendir.

14. Ýaşulular Ýehowa bil baglamakda nädip görelde bolup bilerler?

14 Ýaşulular näme edip biler? Andreý Ýehowa doga edýär we ýol heläkçiligine uçran uýa kömek etmek üçin elinde baryny edýär. Ýehowa onuň dogasyna nädip jogap berdi? Allatagala dogan-uýalary kömek etmäge höweslendirdi. Käbirleri uýany ulagda hassahana äkidip getirdi. Başgalar bolsa, pul kömegini berdi. Ýehowa dogan-uýalaryň agzybirlikde we batyrgaýlyk bilen eden tagallasyna ak pata berdi (Ýew. 13:16). Ýaşulular, siziň hem ýaşaýan ýeriňizde wagyz işi gadagan edilen bolsa, bar zady özüňiz etjek bolmaň-da, başgalardan kömek soraň (Ýer. 36:5, 6). Iň esasy zat, Ýehowa bil baglaň. Ol siz arkaly dogan-uýalara gerekli kömegi berer.

15. Yzarlamalarda nädip agzybirligi saklap bileris?

15 Başgalar näme edip biler? Wagyz işi gadagan edilen ýurtlarda dogan-uýalar kiçi topar bolup ýygnanyşýar. Şeýle ýagdaýda parahatlygy saklamak has-da wajyp. Dogan-uýalar, siz biri-biriňiz bilen däl-de, Şeýtan bilen göreşiň. Başgalaryň ýalňyşyna üns bermäň (Nak. 19:11; Efes. 4:26). Geçirimli boluň, düşünişmezlik dörände derrew çözüň. Başgalara kömek etmek üçin ilkinji ädimi özüňiz ädiň (Tit. 3:14). Andreý doganyň toparyndaky wagyzçylar uýamyza kömek edip, biri-birine has-da ýakynlaşdylar. Olar edil bir maşgala ýaly agzybir boldular (Zeb. 133:1).

16. Koloslylar 4:3, 18-nji aýatlara görä yzarlanýan dogan-uýalara nädip kömek edip bileris?

16 Wagyz işi gadagan edilen ýurtlarda on müňlerçe dogan-uýalar Ýehowa yhlasly gulluk edýär. Käbirleri imany üçin türmede otyr. Biz olar we maşgala agzalary üçin doga etmeli. Şeýle-de olary ruhlandyrmak, jan-saglygy hakda alada etmek we hak-hukugyny goramak üçin janyny howp astyna salýan dogan-uýalar üçin hem doga etmeli c (Koloslylar 4:3, 18-nji aýatlary okaň). Siziň doga-dilegleriňiziň yzarlanýan dogan-uýalara güýç berýändigini hiç haçan unutmaň! (2 Sel. 3:1, 2; 1 Tim. 2:1, 2).

Ene-atalar, çagalaryňyzy yzarlamalara nädip taýýarlap bilersiňiz? (17-nji abzasa serediň).

17. Yzarlamalara öňünden taýýarlyk görmek üçin näme etmeli?

17 Tebigy betbagtçylyga öňünden taýýarlyk görşüňiz ýaly, yzarlamalara-da öňünden taýýarlanyň (Res. 14:22). Ýöne heniz bolmadyk kynçylyklar hakda oýlanyp, gorkup oturmaň, ýogsam el-aýagyňyzy ýüpsüz baglarsyňyz. Muňa derek Ýehowa imanyňyzy berkidiň we çagalaryňyza-da gökdäki Atasy bilen dostlaşmaga kömek ediň. Käte gaýgy-aladalar gara bulut kimin üstüňize abansa, Ýehowa ýüregiňizi döküp doga ediň (Zeb. 62:7, 8). Maşgala okuwynda Ýehowanyň Halasgär Hudaýdygy we bizi kyn günlerde ýeke goýmajakdygy hakda gürrüň ediň d. Şonda yzarlamalara taýýar bolarsyňyz. Özüňiz hem, çagalaryňyz hem howsala düşmersiňiz we Ýehowa ýürekden bil baglarsyňyz.

18. Bize nähili gelejek garaşýar?

18 Hudaýyň berýän parahatlygy biziň aň-düşünjämizi we pikirlerimizi goraýar (Flp. 4:6, 7). Keselçilik döwri, tebigy betbagtçylykda we yzarlamalarda kalbymyza giňlik berýär. Ýehowa janaýamaz ýaşulular arkaly hem aladamyzy edýär. Allatagala diňe ýaşulularyň däl, her birimiziň imandaşlarymyzy goldap, gerekli kömegi bermegimizi isleýär. Eger biz häzirden ýüregimizde parahatlygy saklasak, «uly betbagtçylykda» hem howsala düşmeris, Ýehowa ýürekden bil baglarys (Mat. 24:21). Şol kyn döwürde biz dogan-uýalara aljyraman, kalbynda rahatlygy saklar ýaly kömek etmeli bolarys. Uly betbagtçylykdan soň hiç bir kynçylyk bizi gama batyrmaz. Ýehowa Atamyzyň ilkibaşda niýet edişi ýaly bütin ýer ýüzünde parahatlyk höküm sürer. Adamlar asuda durmuşda hezil edip ýaşar! (Işa. 26:3, 4).

109-NJY AÝDYM «Biri-biriňizi ýürekden söýüň»

a Ýehowa köplenç wepaly gullukçylary arkaly ruhdan düşen dogan-uýalara kömek edýär. Ol siz arkaly hem göwnüçökgünlige düşenleri ruhlandyryp biler. Geliň, Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolmak üçin näme etmelidigini bileliň.

b Käbir atlar üýtgedildi.

c Dogan-uýalaryň ýazan her bir hatyny tussag edilen mesihçilere gowşurmaga Baş edaradaky ýa-da filialdaky doganlaryň mümkinçiligi bolmaýar.

d «Yzarlamalara häzirden taýýarlanyň» diýen makalany okaň (w19.07).

e SURAT: är-aýal tebigy betbagtçylykda ejir çeken maşgala iýmit getirip berýär.