51-NJI MAKALA
Kynçylyklarda parahatlygy saklaň!
«Alada etmäň, gorkmaň!» (Ýah. 14:27).
112-NJI AÝDYM Ýehowa parahatlyk berýär
MAZMUNY a
1. Ýehowa parahatlygyny kimlere berýär we onuň nähili peýdasy bar? (Filipililer 4:6, 7).
MUKADDES KITAPDA biziň ynsan düşünjesinden ýokary bolan «Hudaýyň parahatlygyny» aljakdygymyz hakda ýazylan. Ýehowa iman etmeýän adamlar şeýle parahatlygy duýup bilmeýärler. Sebäbi gökdäki Atamyz öz parahatlygyny diňe wepaly gullukçylaryna berýär (Filipililer 4:6, 7-nji aýatlary okaň). Hudaýyň parahatlygy kynçylykdan doly dünýäde kalbymyzda rahatlygy saklamaga kömek edýär. Biz Ýehowany ýürekden söýýän dogan-uýalar bilen agzybir maşgala ýaly parahatlykda ýaşaýarys. Şeýle-de «parahatlyk Hudaýy» Ýehowa bilen dostlugymyz gün-günden berkeýär (1 Sel. 5:23). Eger biz gökdäki Atamyza gulak asyp, ýürekden bil baglasak, Ol bize kyn ýagdaýlarda howsala düşmezlige we çendenaşa alada etmezlige kömek eder.
2. Hudaýyň parahatlygyny aljakdygymyza näme üçin ynamly bolup bileris?
2 Soňky günlerde dünýäniň köp ýerlerine keselçilik ýaýraýar, tebigy betbagtçylyk bolýar we Hudaýyň halky hakykat üçin yzarlanýar. Şeýle ýagdaýlarda kalbymyzda rahatlygy saklamak aňsat bolmaýar. Ýöne Isa pygamber şägirtlerine: «Alada etmäň, gorkmaň!» diýdi (Ýah. 14:27). Dogan-uýalar Isa pygamberiň şu maslahatyna ýürekden eýerýärler. Olar Ýehowanyň kömegi bilen kyn ýagdaýlarda howsala düşmän, parahatlygy saklaýarlar.
KESELÇILIK DÖWRI
3. Ýokanç keselleriň ýaýramagy bize nähili täsir edip biler?
3 Ýokanç keselleriň ýaýraýandygy sebäpli köp adamlar biynjalyk bolýarlar, howsala düşýärler, hatda gijelerine uklap bilmeýärler. Barlaglara görä, koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýran döwri göwnüçökgünlige düşýänleriň, spirtli içgileri içýänleriň, neşe serişdelerini ulanýanlaryň, janyna kast edýänleriň we maşgalada bolýan zorlugyň sany has-da artdy. Siziň hem ýaşaýan ýeriňizde ýokanç keseller ýaýraýan bolsa howsala düşmän, kalbyňyzda Hudaýyň parahatlygyny duýmaga näme kömek eder?
4. Isa pygamberiň soňky günler hakda aýdan sözleri kalbymyzda parahatlygy saklamaga nädip kömek edýär?
4 Isa pygamber soňky günlerde «gyrgynçylygyň boljakdygy», ýagny ýokanç keselleriň ýaýrajakdygy hakda pygamberlik etdi (Luka 21:11). Muny bilmek kalbymyzda parahatlygy saklamaga nädip kömek edýär? Şu günler kesel giňden ýaýrasa-da, biz çendenaşa biynjalyk bolmaýarys, sebäbi Halypamyz Isanyň aýdan sözleri jikme-jik ýerine ýetýär. Ol soňky günlerde ýaşaýan wepaly adamlara: «Howsala düşäýmäň!» diýip maslahat beripdi (Mat. 24:6).
5. a) Filipililer 4:8, 9-njy aýatlara görä, biz näme barada doga etmeli? b) Mukaddes Kitabyň ses ýazgysyny diňlemegiň nähili peýdasy bar?
5 Geliň, Deýzi b uýa hakda gürrüň edeliň. Koronawirusyň (COVID-19) ýaýran döwri ol gaty ruhdan düşýär. Onuň daýysy, ýegeni we lukmany şol keselden aradan çykýar. Deýzi keseliň özüne we garry ejesine ýokuşmagyndan gorkup örän biynjalyk bolýar. Koronawirusyň (COVID-19) ýaýranlygy sebäpli köpler işsiz galypdy. Şonuň üçin Deýzi: «Birden meni hem işden çykarsalar jaýyň kireýne, iýjek-içjegimize nädip pul taparyn?!» diýip alada edýär. Deýzi gijelerine ýatyp bilmeýär, gözüne uky gelmeýär. Ýöne ol gaýgy-aladasyny ýeňip bildi. Deýzi Ýehowa doga-dileg edip, biynjalyk edýän zatlaryny jikme-jik aýdýar. Ol: «Ýehowa, kalbyma parahatlyk ber we gowy zatlar hakda oýlanmaga kömek et» diýip ýalbarýar (Filipililer 4:8, 9-njy aýatlary okaň). Soňra Deýzi Mukaddes Kitabyň ses ýazgysyny diňleýär we dogasyna jogap alýar. Ol şeýle diýýär: «Mukaddes Kitabyň mähirli okalyşy gaýgy-aladamy unutmaga we Ýehowanyň ýagşylyklary hakda oýlanmaga kömek etdi» (Zeb. 94:19).
6. Şahsy okuwyny geçirmek we ýygnak duşuşyklaryna barmak näme üçin wajyp?
6 Keseliň ýaýramagy durmuşyňyzy bütinleý üýtgedip biler. Ýöne hiç zada ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaga we şahsy okuwyny geçirmäge päsgel berdirmäň. Dogan-uýalaryň terjimehalyny okaň we wideolary görüň. Şonda olaryň hem kyn ýagdaýlarda Hudaýa wepaly galýandygyna göz ýetirersiňiz (1 Pet. 5:9). Ýygnak duşuşyklary imanyňyzy berkidýän zatlar hakda oýlanmaga kömek eder. Siz jogaplaryňyz bilen dogan-uýalary ruhlandyrarsyňyz we öz imanyňyzy hem berkidersiňiz (Rim. 1:11, 12). Şeýle-de Ýehowanyň dogan-uýalary kesellände, howsala düşende, özüni ýeke duýanda goldandygy hakda oýlansaňyz güýjüňize-güýç goşular we size-de gerekli kömegi berjekdigine ynamyňyz artar.
7. Ýahýa resulyň göreldesine nädip eýerip bileris?
7 Dogan-uýalar bilen habarlaşyp duruň. Belki, ýokanç keseliň ýaraýandygy üçin imandaşlarymyz bilen ýüzbe-ýüz görşüp bilýän däldiris. Biz özümizi Ýahýa resul ýaly duýýandyrys. Ol dosty Gaý bilen görüşmek we saçak başynda oturyp gürrüň etmek isleýärdi (3 Ýah. 13, 14). Ýahýa häzirlikçe dosty bilen görşüp bilmejekdigine düşünýärdi, ýöne ruhdan düşmedi, gaýtam dostuna hat ýazdy. Eger biz dogan-uýalar bilen ýüzbe-ýüz görşüp bilmeýän bolsak, olara jaň edip, wideoaragatnaşyk arkaly habarlaşyp ýa-da SMS ýazyp bileris. Ýygnakdaky dostlarymyz bilen habarlaşyp dursak, özümizi ýeke duýmarys we kalbymyz rahat bolar. Käte gaýgy-aladadan ýaňa halys tapdan düşmegimiz mümkin. Şonda ýaşululara ýüz tutsak we olaryň kömegini kabul etsek gowy bolar (Işa. 32:1, 2).
TEBIGY BETBAGTÇYLYK BOLANDA
8. Tebigy betbagtçylyk parahatlygymyzy nädip bozup biler?
8 Käbir dogan-uýalaryň ýaşaýan ýerinde harasat boldy, ýer titredi ýa-da ýangyn boldy. Olar tebigy betbagtçylykdan soň köp wagtlap özüni ele alyp bilmediler. Mähriban dogan-uýalarymyzyň käbiriniň öýleri ýer bilen ýegsan boldy. Käbiriniň bolsa ýakynlary aradan çykdy. Belki, sizem şeýle agyr günleri başdan geçirensiňiz. Tebigy betbagtçylygyň ýetiren zyýany sebäpli özüňizi alaçsyz duýýansyňyz, gaýgy-hasrat çekýänsiňiz, hatda gaharyňyz hem gelýändir (Eýp. 1:11). Şeýle duýgularyň bolmagy siziň baýlygyň ugrunda hars urýandygyňyzy ýa-da imanyňyzyň gowşakdygyny aňlatmaýar. Agyr kynçylyklary başdan geçiren adamlarda şeýle duýgularyň bolmagy adaty zat. Şu ýagdaýda kalbymyzda parahatlygy nädip saklap bileris?
9. Isa nähili pygamberlik etdi?
9 Isa pygamber soňky günlerde köp ýerlerde tebigy betbagtçylygyň boljakdygy hakda pygamberlik edipdi. Belki, käbirleri: «Biziň ýaşaýan ýurdumyzda tebigy betbagtçylyk bolmaýar» diýmegi mümkin. Ýöne tutuş ýer ýüzünde her ýyl ençeme tebigy betbagtçylyk bolýar. Olaryň käbiri biziň ýaşaýan ýerimizde-de bolmagy mümkin. Isa pygamber şägirtlerine soňky günlerde «ýer titremeler» we başga-da tebigy betbagtçylyklar bolar diýipdi (Luka 21:11). Şeýle-de ol kanunsyzlygyň artjakdygy hakda hem aýdypdy. Şu pygamberlik gözümiziň alnynda ýerine ýetýär. Köp adamlar jenaýatçylygyň, zorluk-sütemiň we terrorçylygyň pidasy bolýar (Mat. 24:12). Isa tebigy betbagtçylyk diňe Ýehowa iman etmeýän adamlaryň başyna iner diýmedi. Ýehowanyň wepaly bendeleri hem tebigy betbagtçylykdan ejir çekýärler (Işa. 57:1; 2 Kor. 11:25). Elbetde, Ýehowa bizi kynçylykdan gudrat bilen goramaýar, ýöne döz geler ýaly güýç we kalbymyza parahatlyk berýär.
10. Tebigy betbagtçylyga öňünden taýýarlansak nämäni subut ederis? (Nakyllar 22:3).
10 Eger biz öňünden taýýarlansak tebigy betbagtçylyk bolanda aljyramarys we howsala düşmeris. Ýöne taýýarlyk görmek Ýehowa imanymyzyň gowşakdygyny aňladýarmy? Elbetde, ýok! Gaýtam tebigy betbagtçylyga öňünden taýýarlanyp, Ýehowa imanymyzyň berkdigini subut edýäris. Nädip? Hudaýyň Sözünde ätiýaçly bolmak we bolup biläýjek ýagdaýlara öňünden taýýarlanmak maslahat berilýär (Nakyllar 22:3-i okaň). Ýehowa edebiýatlarymyz, ýygnak duşuşyklary we bildirişler arkaly tebigy betbagtçylyga öňünden taýýarlyk görmelidigimizi gaýta-gaýta ýatladýar c. Eger Ýehowa bil baglasak berilýän görkezmelere häzirden, heniz betbagtçylyk bolmanka eýereris.
11. Margaret bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?
11 Geliň, Margaret uýa bilen bolan waka seredeliň. Onuň ýaşaýan ýerinde güýçli ýangyn bolýar. Döwlet işgärleri şol ýerde ýaşaýan adamlara öýüni goýup, başga ýere gitmegi tabşyrýarlar. Ýangyndan gaçyp barýan adamlaryň köplüginden ýaňa ýolda ulag dyknyşygy bolýar. Ýangynyň barha güýçlenýändigi sebäpli howany garra tüsse gaplap alýar. Şonuň üçin Margaret birnäçe wagtlap ulagyndan çykyp bilmän oturýar. Ýöne ol öňünden taýýarlyk görendigi üçin halas bolýar. Margaret karta seredip başga ýol bilen gidýär-de, howpsuz ýere barýar. Ol şol ýoldan ýangyn bolmanka geçip görüpdir. Margaret taýýarlyk görendigi üçin janyny halas edýär.
12. Biz näme üçin berilýän görkezmelere gulak asmaly?
12 Döwlet işgärleri bizi goramak üçin öýümizi goýup, howpsuz ýere gitmegi tabşyrmagy mümkin. Käbir adamlar berilýän görkezmelere eýermeýär, sebäbi öýüni we emlägini goýup gitmek islemeýär. Emma biz beýle etmeýäris. Mukaddes Kitapda: «Halypamyzyň hatyrasyna ähli ynsan häkimiýetlerine: patyşa ýa-da häkimlere tabyn boluň» diýilýär (1 Pet. 2:13, 14). Ýehowa guramasy arkaly hem bize görkezmeleri berýär. Ýygnak duşuşyklarynda ýaşululara telefon belgimizi we öý salgymyzy aýtmalydygymyz hakda ýatladylýar. Eger biz şu maslahata eýersek, ýaşulular tebigy betbagtçylyk bolanda dessine kömege ýetişip biler. Şeýle-de bize howpsuz ýere nädip gitmeli, gerekli kömegi nädip almaly, başgalary nädip we haçan goldamalydygy hakda hem görkezmeler berilmegi mümkin. Eger biz görkezmelere eýermesek özümiziň hem, ýaşulularyň hem janyny howp astyna salarys. Unutmaň, ýaşuly doganlar gije-gündiz aladamyzy edýär (Ýew. 13:17). Margaret şeýle diýýär: «Men ýaşulularyň we guramanyň beren görkezmesine eýerendigim üçin diri galdym».
13. Kynçylyklarda şatlygymyzy ýitirmezlige näme kömek eder?
13 Dogan-uýalaryň köpüsi tebigy betbagtçylyk, harby çaknyşyk ýa-da raýatlyk uruşlary sebäpli öýüni goýup, başga ýere göçmeli boldy. Ýöne olar täze ýagdaýa tiz öwrenişdiler. Ýygnaga we wagza yhlasly gatnaşyp başladylar. I asyrdaky mesihçiler hem yzarlamalar sebäpli öýüni goýup gitmeli boldular. Emma olar nirä barsalar-da, «Hudaýyň hoş habaryny wagyz edýärdiler» (Res. 8:4). Eger bizem hoş habary yhlasly wagyz etsek, ünsümizi kynçylyklara däl-de, Hudaýyň Patyşalygyna gönükdirip bileris. Netijede, kalbymyz parahat, göwnümiz şat bolar.
YZARLAMA BOLANDA
14. Yzarlamalar kalbymyzdaky parahatlygy nädip bozup biler?
14 Yzarlamalar sebäpli kalbymyzda parahatlygy saklamak kyn bolup biler. Sebäbi Ýygnak jaýyna baryp Ýehowa sežde etmek we hoş habary aç-açan wagyz etmek bize şatlyk berýär. Ýöne yzarlamalar güýçlense, wagyz işi çäklendirilse ýa-da gadagan edilse, biz alada edýäris. Biz: «Meni hem tussag edäýmesinler» diýip howsala düşýäris. Şeýle duýgularyň bolmagy adaty zat, ýöne biz seresap bolmaly. Sebäbi Isa pygamber yzarlamalar sebäpli käbirleriniň imanynyň gowşajakdygyny aýtdy (Ýah. 16:1, 2). Biz yzarlamalarda kalbymyzda parahatlygy nädip saklap bileris?
15. Biz näme üçin yzarlamalardan gorkmaly däl? (Ýahýa 15:20; 16:33)
15 Mukaddes Kitapda: «Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde Hudaýa wepaly ýaşamak isleýänleriň ählisi yzarlanar» diýilýär (2 Tim. 3:12). Andreý doganyň ýaşaýan ýurdunda wagyz işi gadagan edilýär. Ol: «Biziň ýurdumyzda gaty köp Ýehowanyň Şaýady ýaşaýar. Döwlet işgärleri olaryň hemmesini tussag edip bilmez-ä» diýip özüni köşeşdirjek bolýar. Ýöne Andreý şu hakda näçe köp oýlandygyça, şonça-da howsala düşýär. Beýleki doganlar bolsa, tussag edilmekden gorkman, Ýehowa ýürekden bil baglaýarlar. Olar özleriniň hem yzarlanjakdygyna düşünýärdiler. Şonuň üçin Andreý ýaly çendenaşa alada etmän, kalbynda rahatlygy saklaýarlar. Soňra Andreý hem garaýşyny üýtgedip, Ýehowa bil baglaýar. Indi ol çendenaşa biynjalyk bolmaýar. Yzarlamalar bolsa-da, Ýehowa şatlanyp gulluk edýär. Bizem şeýle ýagdaýlarda kalbymyzda parahatlygy saklap bileris. Sebäbi Isa pygamber biziň yzarlamalarda wepaly galyp biljegimizi aýtdy (Ýahýa 15:20; 16:33-nji aýatlary okaň).
16. Yzarlamalar bolanda nädip görkezme berilýär?
16 Wagyz işi gadagan edilen ýa-da çäklendirilen ýurtda ýaşaýan dogan-uýalara filial we ýaşulular arkaly görkezme berilýär. Şol görkezmeler dogan-uýalary goramak, edebiýatlary wagtly-wagtynda bermek we mümkin boldugyndan köpräk wagyz etmekleri üçin berilýär. Şol sebäpli görkezmelere doly düşünmeseňiz hem, olara eýermek üçin jan ediň (Ýak. 3:17). Şeýle-de syr saklamagy unutmaň! Dogan-uýalaryň maglumatyny we ýygnakda edilýän işleri hiç kime aýtmaň (Nes. 3:7).
17. I asyrdaky resullaryň göreldesine nädip eýerip bileris?
17 Hudaýyň halky Isa hakda wagyz edýändigi üçin Şeýtan olary yzarlaýar (Ylh. 12:17). Dogan-uýalar, Şeýtandan we onuň tarapdarlaryndan gorkmaň! Yzarlamalara garamazdan yhlasly wagyz etseňiz we şägirt taýýarlasaňyz ýürekden şatlanarsyňyz hem-de kalbyňyz rahat bolar. I asyrda-da şägirtlere Isa hakda öwretmegi gadagan etjek boldular. Ýöne olar Hudaýa gulak asyp wagyz etdiler we şatlyk tapdylar (Res. 5:27—29, 41, 42). Elbetde, biz wagyz işi çäklendirilen ýurtlarda seresaplylyk bilen wagyz etmeli bolýarys (Mat. 10:16). Ýöne elimizde baryny etsek, Ýehowany razy ederis we adamlaryň janyny halas edýän hoş habary wagyz ederis. Şu gaýragoýulmasyz iş kalbymyzda parahatlygy saklamaga kömek eder.
«HUDAÝYŇ PARAHATLYGY SIZIŇ BILEN BOLAR»
18. Biz nämä ynamly bolup bileris?
18 Dogan-uýalar, geliň, kyn ýagdaýlarda hem parahatlygy saklap biljekdigimize ynamly bolalyň. Diňe Ýehowanyň berýän parahatlygy howsala düşmezlige kömek edýär. Şonuň üçin keselçilik döwri, tebigy betbagtçylykda we yzarlamalarda Ýehowa bil baglalyň. Onuň guramasynyň görkezmelerine ýürekden eýereliň. Ajaýyp gelejege umyt baglalyň. Şeýtsek, «Hudaýyň parahatlygy» biziň bilen bolar (Flp. 4:9). Indiki makalada imandaşlarymyza kyn ýagdaýda parahatlygy saklamaga nädip kömek edip biljekdigimize serederis.
38-NJI AÝDYM Hudaý saňa güýç berer
a Hak Hudaý Ýehowa wepaly bendelerine parahatlyk berjegini wada berýär. Hudaýyň berýän parahatlygy näme we ony almak üçin näme etmeli? Hudaýyň parahatlygy keselçilige, tebigy betbagtçylyga we yzarlamalara döz gelmäge nädip kömek edýär? Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris.
b Käbir atlar üýtgedildi.
c 2017-nji ýylda çykan «Oýanyň!» žurnalynyň 5-nji sanyndaky «Betbagtçylykda janymyzy gorajak maslahatlar» diýen makalany okaň.