Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

50-NJI MAKALA

«Meniň bilen Jennetde bolarsyň»

«Meniň bilen Jennetde bolarsyň»

«Saňa söz berýärin, meniň bilen Jennetde bolarsyň» (Luka 23:43).

145-NJI AÝDYM Hudaý Jenneti wada berdi

MAZMUNY a

1. Isa pygamber ölüminiň öň ýany jenaýatça näme wada berdi? (Luka 23:39—43).

 ISA PYGAMBERI ölüme höküm etdiler. Ony iki jenaýatçy bilen pürse çüýlediler (Luka 23:32, 33). Jenaýatçylar ony kemsidip sögýärdiler, sebäbi oňa iman etmeýärdiler (Mat. 27:44; Mar. 15:32). Ýöne soňra olaryň biri garaýşyny üýtgedip: «Isa, Patyşa bolanyňda meni ýatla!» diýýär. Isa hem oňa: «Saňa söz berýärin, meniň bilen Jennetde bolarsyň» diýýär (Luka 23:39—43-nji aýatlary okaň). Belki, öň jenaýatçy Isa pygamberiň Hudaýyň Patyşalygy hakda eden wagzyny eşidendir. Ýöne ol Isanyň şägirdi bolmandy. Isa-da oňa gökdäki Patyşalyga girersiň diýip söz bermedi (Mat. 4:17). Isa jenaýatça ýer ýüzünde boljak Jennet barada wada beripdi. Näme üçin şeýle diýse bolar?

Isa pygamberiň ýanynda pürse çüýlenen jenaýatçy barada näme bilýäris? (2, 3-nji abzaslara serediň).

2. Toba eden jenaýatçynyň ýehudy bolandygyny nireden bilýäris?

2 Toba eden jenaýatçy ýehudy bolan bolmaly, sebäbi ol ýanyndaky jenaýatça: «Hudaýdan gorkaňokmy?» diýip käýeýär (Luka 23:40). Ýehudylar ýeke-täk hak Hudaýa iman edýärdiler, emma başga milletler köp taňrylara sežde edýärdiler (2 Mus. 20:2, 3; 1 Kor. 8:5, 6). Eger ol başga milletden bolan bolsa ýanyndaky jenaýatça: «Taňrylardan gorkaňokmy?» diýerdi. Şeýle-de Isa pygamber başga milletlere däl-de, «Ysraýylyň ýiten goýunlaryna» wagyz etmäge iberilipdi (Mat. 15:24). Ysraýyllar Allatagalanyň ölen adamlary direltjegini bilýärdi. Jenaýatçynyň sözlerinden görnüşi ýaly, ol Ýehowanyň Isany direltjekdigine we ony patyşa edip bellejekdigine ynanan bolmaly. Şeýle-de ol Hudaýyň özüni hem direltjekdigine umyt eden bolmaly.

3. Isanyň Jennet hakdaky aýdan sözlerine jenaýatçy nähili düşünen bolmaly? (1 Musa 2:15).

3 Jenaýatçy ýehudy bolandygy üçin Ýehowanyň Adam ata bilen How enäni ýer ýüzündäki Jennetde ýaradandygyny bilendir. Şonuň üçin Isa: «Meniň bilen Jennetde bolarsyň» diýende, ol gökde däl-de, ýer ýüzünde ebedi we bagtly ýaşajakdygyna düşünen bolmaly (1 Musa 2:15-i okaň).

4. Isanyň jenaýatça aýdan sözleri näme hakda oýlanmaga höweslendirýär?

4 Isa pygamberiň jenaýatça beren wadasy hakda oýlananymyzda ýer ýüzünde boljak Jennet göz öňümize gelýändir. Aslynda, Jennetde durmuş nähili bolar? Muňa düşünmäge Süleýman patyşanyň hökümdarlyk eden döwri kömek edýär. Şol döwür ysraýyl halky bolçulykda, asuda we parahat durmuşda ýaşady. Mukaddes Kitapda Isa pygambere «Süleýmandan-da beýik» diýilýär (Mat. 12:42). Şonuň üçin Isa Mesihiň hökümdarlygynda has bagtly durmuşda ýaşajakdygymyza ynamly bolup bileris. «Başga goýunlar» Jennetde ebedi ýaşarlar, ýöne olar şol durmuşa ýetmek üçin tagalla etmeli (Ýah. 10:16).

JENNETDE DURMUŞ NÄHILI BOLAR?

5. Siz Jennetde näme etmek isleýärsiňiz?

5 Jennet hakda oýlananyňyzda näme göz öňüňize gelýär? Belki, Erem bagy ýaly owadan ýer göz öňüňize gelýändir (1 Mus. 2:7—9). Ýa-da Mikaý pygamberiň: «Olar üzüm we injir agaçlarynyň saýasynda oturarlar» diýen sözleri ýadyňyza düşýändir (Mik. 4:3, 4). Belki, bolçulykda ýaşajakdygymyz hakdaky pygamberlikleriň ýerine ýetmegine garaşýansyňyz (Zeb. 72:16; Işa. 65:21, 22). Ýa-da owadan bagyň içine seýil edişiňiz, hoşboý ysly gülleri ysgaýşyňyz we ir-iýmişden doly saçak başynda oturyşyňyz göz öňüňize gelýändir. Siz ýanyňyzda oturan dost-ýarlaryňyz we ölümden direlen dogan-garyndaşlaryňyz bilen süýji-süýji söhbet edýärsiňiz, gülşüp-degişýärsiňiz. Şeýle durmuş ýöne bir arzuw däl, ol hökman bolar. Ýöne biz Jennetde zähmet hem çekeris.

Biz direlen adamlara tälim bereris (6-njy abzasa serediň).

6. Jennetde bize nähili işler garaşýar? (Surata serediň).

6 Ýehowa adamlary zähmet çeksin, eden işiniň hözirini görsün diýip ýaratdy (Nes. 2:24). Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda bize köp işler garaşýar. Meselem, uly betbagtçylykdan halas boljaklara we direljek millionlarça adamlara egin-eşik, iýip-içgi we ýaşar ýaly jaý gerek bolar. Ýehowanyň Adam ata bilen How enä tabşyryşy ýaly, biz bütin ýer ýüzüni Erem bagy ýaly bagy-bossanlyga öwürmeli bolarys. Biz hakykaty eşitmän aradan çykan adamlara hak Hudaý Ýehowany tanadarys. Şeýle-de gadymy döwürde ýaşap geçen wepaly erkekdir-aýallara Ýehowanyň eden işleri barada gürrüň bereris.

7. Biz nämä ynamly bolup bileris we näme üçin?

7 Jennetde biz bolçulykda, asuda we parahat durmuşda ýaşarys. Şonda hemme zat Ýehowanyň isleýşi ýaly tertip-düzgünli bolar. Biz muňa näme üçin ynamly bolup bileris? Sebäbi Ýehowa Süleýman patyşanyň döwründe şeýle durmuşy berip bilýändigini görkezdi.

JENNEDIŇ BIR PARÇASY

8. Zebur 37:10, 11, 29-njy aýatlardaky sözler haçan ýerine ýetdi? (Žurnalyň şu sanyndaky «Okyjylaryň sowallary» diýen makalany okaň).

8 Dawut patyşa Ýehowanyň ylhamy bilen paýhasly we wepaly patyşanyň döwründe ýurduň gülläp ösjekdigi hakda pygamberlik etdi (Zebur 37:10, 11, 29-njy aýatlary okaň). Biz köplenç adamlara Jennet hakda wagyz edenimizde Zebur 37:11-i okap berýäris. Isa pygamber hem Dagdaky wagzynda şu aýada salgylanyp, gelejekde ýerine ýetjekdigini düşündirdi (Mat. 5:5). Ýöne Dawudyň sözleri Süleýman patyşanyň hökümdarlyk eden döwründe-de ýerine ýetdi. Şonda Hudaýyň halky süýt bilen bal akýan ýurtda asuda we parahat ýaşady. Sebäbi Ýehowa: «Kada-kanunlaryma eýerseňiz... ýurduňyza parahatlyk bererin, rahat ýatyp turarsyňyz» diýipdi (3 Mus. 20:24; 26:3, 6). Hudaýyň beren şu wadasy Süleýman patyşanyň döwründe ýerine ýetdi (1 Tar. 22:9; 29:26—28). Eger halk Hudaýa gulak asan bolsady, Ýehowa ýurtdan erbet adamlary ýok ederdi (Zeb. 37:10). Zebur 37:10, 11, 29-njy aýatlardaky sözler Süleýman patyşanyň döwründe ýerine ýeten bolsa, onda gelejekde-de hökman ýerine ýeter.

9. Şeba ýurdunyň şa aýaly näme diýdi?

9 Şeba ýurdunyň şa aýaly Süleýman patyşanyň hökümdarlygynda Ysraýylyň gülläp ösýändigini eşidýär. «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýlişi ýaly, ol halkyň gowy durmuşyny görmek üçin Iýerusalime gelýär (1 Pat. 10:1). Ol Süleýmanyň akyldarlygyna haýran galyp: «Seniň gazanan üstünlikleriň, akyldarlygyň hakda... maňa ýarysyny-da aýtmandyrlar!.. Seniň parasatly sözleriňi diňleýän halkyň we huzuryňdaky hyzmatkärleriň nähili bagtly!» diýdi (1 Pat. 10:6—8). Süleýman patyşanyň döwründe ysraýyllar az wagt parahatlykda ýaşadylar. Ýöne Isa Mesihiň hökümdarlygynda biz ebedi parahatlykda ýaşarys.

10. Isa Mesihiň hökümdarlygy näme üçin Süleýmanyňkydan gowy bolar?

10 Isa Mesihiň hökümdarlygy Süleýmanyňkydan has gowy bolar. Sebäbi Süleýman bikämildi, agyr günäleri etdi we Hudaýyň halkyny kösedi. Ýöne Patyşamyz Isa kämil, ol hiç haçan ýalňyşmaýar (Luka 1:32; Ýew. 4:14, 15). Şeýle-de Isa Şeýtanyň agyr synaglarynda Hudaýa wepaly boldy. Şeýdip, ol hiç haçan günä etmejekdigini we raýatlaryny ezmejekdigini subut etdi. Dogrudanam, Patyşamyz Isa taý geljek ýok!

11 Isa Mesih bilen kimler hökümdarlyk eder?

11 Ýer ýüzünden saýlanan 144 000 adam Isa Mesih bilen hökümdarlyk eder. Olar adamzadyň aladasyny eder we Ýehowanyň ilkibaşdaky niýetini amala aşyrar (Ylh. 14:1—3). Saýlanan mesihçiler ýer ýüzünde ýaşanda agyr kynçylyklary we synaglary başdan geçirdiler. Şonuň üçin olar gökde hökümdarlyk edende adamlaryň ýagdaýyna düşünjekdigine şübhelenmän bileris. Olar gökde näme ederler?

SAÝLANAN MESIHÇILER NÄHILI IŞLERI EDER?

12. Ýehowa saýlanan mesihçilere nähili iş tabşyrar?

12 Ýehowa Süleýmana garanyňda, Isa Mesihe we saýlanan mesihçilere has köp işleri tabşyrar. Süleýman patyşa bir ýurduň üstünden höküm sürüpdi we birnäçe million adamyň aladasyny edipdi. Isa Mesih bilen saýlanan mesihçiler bolsa bütin ýer ýüzünde ýaşajak milliardlarça adamlaryň aladasyny eder. Ýehowa uly hormatly iş ynandy.

13. Isa bilen höküm sürjekler kim bolup hyzmat eder?

13 Isa Mesih ýaly saýlanan mesihçiler hem patyşalar we ruhanylar bolup höküm sürer (Ylh. 5:10). Musanyň kanunyna görä, ruhanylar halkyň Hudaýa imanyny berkitmelidi we olaryň saglygynyň aladasyny etmelidi. Musanyň kanuny «gelejekki ýagşy zatlaryň... kölegesidi». Şol sebäpli Isa bilen gökde höküm sürjekler hem wepaly adamlara Ýehowa bilen dostlaşmaga we sagdyn bolup, kämillige ýetmäge kömek ederler (Ýew. 10:1). Biz saýlanan mesihçileriň Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary bilen nädip habarlaşjakdygyny bilmeýäris. Ýöne nähili bolaýanda-da, Ýehowanyň ýer ýüzünde ebedi ýaşajak adamlara görkezme berjekdigine ynamly bolup bileris (Ylh. 21:3, 4).

«BAŞGA GOÝUNLAR» JENNETDE ÝAŞAMAK ÜÇIN NÄME ETMELI?

14. «Kiçi süri» bilen «başga goýunlar» nädip işleşýär?

14 Isa Mesih özi bilen höküm sürjekleri «kiçi süri» diýip atlandyrdy (Luka 12:32). Şeýle-de ol ikinji topar, ýagny «başga goýunlar» hakda hem aýtdy. Iki topar birigip bir sürini emele getirýär (Ýah. 10:16). Häzir «kiçi süri» bilen «başga goýunlar» agzybirlikde işleşýärler; Jennetde-de şeýle bolar. «Kiçi süri» gökdäki sylagyny alar, «başga goýunlar» bolsa ýer ýüzünde ebedi ýaşar. Ýöne «başga goýunlar» şol durmuşa ýetmek üçin käbir ädimleri ätmeli.

Biz Jennetde ýaşamaga häzirden taýýarlyk görmeli (15-nji abzaslara serediň) b.

15. a) «Başga goýunlar» Mesihiň doganlaryny nädip goldaýarlar? b) Suratdaky dogandan näme öwrenip bilersiňiz? (Surata serediň).

15 Isa Mesihiň ýanyndaky jenaýatçy ýürekden toba eden hem bolsa, minnetdarlygyny bildirip ýetişmedi. Emma «başga goýunlaryň» Isa Mesihiň ýagşylygyna minnetdarlygyny bildirmäge köp mümkinçiligi bar. Meselem, biz Isa Mesihiň saýlanan doganlaryny goldamaly. Halypamyz doganlaryny goldanlara bereket berjekdigini, goldamadyklary bolsa höküm etjekdigini aýdypdy (Mat. 25:31—40). Biz wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işine yhlasly gatnaşsak, saýlanan doganlary goldap bileris (Mat. 28:18—20). Şonuň üçin biz okuw esbaplaryny, şol sanda «Ebedi ýaşaň!» kitabyny ökdelik bilen ulanmaly. Siz «Ebedi ýaşaň!» kitabyndan başgalara okuw geçip gördüňizmi? Eger geçip görmedik bolsaňyz, mümkin boldugyndan köp adama okuw geçmegi teklip ediň.

16. Jennetde ýaşamaga taýýarlyk görmek üçin häzirden näme etmeli?

16 Biz: «Käbir häsiýetlerimi Jennetde düzederin» diýip gol gowşuryp oturman, häzirden Hudaýy razy edip ýaşamaly we ýagşy häsiýetleri ösdürmeli. Meselem, biz ýalan sözlemeli däl, halal ýaşamaly we barymyza kaýyl bolmaly. Ýehowa Hudaýa, ýanýoldaşymyza we dogan-uýalara wepaly bomaly. Eger biz şu zalym dünýäde Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamagy endik edinsek, onda täze dünýäde aňsat bolar. Şeýle-de wagyz etmek we şägirt taýýarlamak ukyplarymyzy artdyrsak, Jennetde ýaşamaga taýýarlyk görüp bileris (Žurnalyň şu sanyndaky «Siz „ýeri miras almaga“ taýýarmy?» diýen makalany okaň).

17. Geçmişde eden günälerimiz sebäpli ruhdan düşenimizde näme etmeli?

17 Käte biz geçmişde eden günälerimizi ýatlap ruhdan düşýäris. Şeýle ýagdaýda biz töleg gurbanyna iman etsek, özümizi çendenaşa günäkärläp ýörmeris. Ýöne biz bir zady ýatdan çykarmaly däl: Ýehowa Hudaý bilgeşleýin edilen günäleri töleg gurbany arkaly bagyşlamaýar (Ýew. 10:26—31). Eger ýalňyşyp agyr günä edäýsek näme? Biz günämize toba edip, Ýehowadan ötünç sorasak we ýalňyşymyzy gaýtalamasak, gökdäki Atamyzyň doly bagyşlajakdygyna ynamly bolup bileris (Işa. 55:7; Res. 3:19). Isa pygamber hem fariseýlere: «Men hudaýhon adamlary däl, günäkärleri çagyrmaga geldim» diýdi (Mat. 9:13). Isa Mesihiň töleg gurbany islendik agyr günäni ýuwup bilýändir.

JENNETDE EBEDI ÝAŞAŇ!

18. Toba eden jenaýatçydan Jennetde näme soramak isleýärsiňiz?

18 Özüňizi Jennetde göz öňüne getiriň. Siz Isa bilen pürse çüýlenen jenaýatça duşýarsyňyz. Sizem, jenaýatçy hem Isa Mesihiň beýik ýagşylygyna örän minnetdar bolýarsyňyz. Belki, siz ondan Isa Mesihiň ýerdäki ýaşaýşynyň soňky sagatlarynda bolan wakalary sorarsyňyz. Ýa-da Isanyň oňa Jenneti wada berende özüni nähili duýandygyny bilmek islärsiňiz. Belki, jenaýatçy hem size soňky günlerde nähili wakalaryň bolandygy hakda ençeme soraglary berer. Hawa, şeýle adamlara Hudaýyň Sözi hakda öwretmek biziň üçin uly hormat bolar (Efes. 4:22—24).

Dogan surat çekmegi arzuw edýärdi. Ol Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda arzuwyna ýetýär (19-njy abzasa serediň).

19. Jennetde durmuşyň içgysgynç bolmajagyna näme üçin ynamly bolup bileris? (Daşky sahypadaky surata serediň).

19 Jennetde durmuş içgysgynç bolmaz. Biz köp gyzykly işleri ederis we her dürli milletden bolan adamlar bilen tanşarys. Esasy zat bolsa, biz gökdäki Atamyz Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşarys. Onuň eçilýän bereketlerinden lezzet alyp ýaşarys. Biz Ýehowanyň häsiýetlerini we onuň ýaradan zatlaryny öwrenip soňuna çykyp bilmeris. Biz näçe köp ýaşadygymyzça, şonça-da Ýehowa bolan söýgimiz artar. Biz Ýehowa Hudaýa we Isa Mesihe şeýle ajaýyp gelejegi wada berendigi üçin çäksiz minnetdar!

22-NJI AÝDYM Hudaýyň Patyşalygy gelsin

a Siz özüňizi ýer ýüzünde boljak Jennetde göz öňüne getirýärsiňizmi? Eger Ýehowanyň berjek bereketleri hakda näçe köp oýlansak, şonça-da umydymyz hakda adamlara höwes bilen gürrüň bereris. Şu makala Isa pygamberiň Jennet barada beren wadasyna imanymyzy berkider.

b SURAT: dogan Jennetde direljek adamlara okuw geçjek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Ol häzirden adamlara tälim berip, mugallymçylyk ukyplaryny ösdürýär.