Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Dawut pygamberiň Zebur 61:8-de Hudaýy wasp edip: «Adyňa ebedilik aýdym aýdaryn» diýen sözleri ýöne bir arzuw-hyýaldymy?

Ýok. Dawudyň sözleri arzuw-hyýal däl-de, hakykatdy.

Dawut pygamber ençeme sapar Allany wasp edip aýdym aýtdy. Ol Zebur 61:8-de: «Adyňa ebedilik aýdym aýdaryn, her gün beren wadalarymy berjaý ederin» diýdi. Zebur 86:12-de bolsa: «Ýehowa Hudaýym, bütin ýüregim bilen öwgi aýdaýyn, adyňy ebedilik şöhratlandyraýyn» diýdi. Dawut Zebur 145:1, 2-nji aýatlarda hem: «Adyňa ebedilik alkyş aýdaryn!» diýdi.

Dawut Ýehowany «ebedilik şöhratlandyraryn» diýende, hiç haçan ölmän, ebedi ýaşajakdygyny göz öňünde tutmady. Ol özüniň bikämildigine, Adam ata we How eneden miras geçen günä sebäpli ähli adamlaryň ölýändigine düşünýärdi (1 Mus. 3:3, 17—19; Zeb. 51:4, 5). Dawut Ybraýym, Yshak, Ýakup ýaly berk imanly pygamberleriň dünýäden ötendigini bilýärdi. Bir gün ol özüniň hem ömür tanapynyň kesiljekdigine düşünýärdi (Zeb. 37:25; 39:4). Dawut Zebur 61:8-de: «Adyňa ebedilik aýdym aýdaryn» diýende, Allatagalany soňky demine çenli şöhratlandyrmak isleýändigini görkezdi (2 Şam. 7:12).

Dawut käbir ýazan mezmurlary arkaly, başdan geçiren wakalaryny beýan edýärdi. Muňa Zebur 18, 51, 52-nji baplar mysal bolup biler. Dawut ýaş wagty çopan bolupdy. Ol goýunlaryny ençeme sapar wagşy haýwanlaryň penjesinden halas edipdi. Zebur 23-nji bapda Dawut Ýehowany aladaçyl çopana meňzedýär. Ýehowa ençeme sapar Dawudy gorapdy, görkezme beripdi we ruhlandyrypdy. Dawut şeýle aladaçyl Hudaýa ömürboýy alkyş aýdasy gelýärdi (Zeb. 23:6).

Dawut Hudaýyň ylhamy bilen mezmurlary ýazýardy. Onuň ýazan mezmurlarynyň arasynda pygamberlik sözleri hem bardy. Meselem, Dawut Zebur 110-njy bapda wada edilen Mesih hakda pygamberlik edip şeýle diýýär: «Ýehowa meniň Halypama: „Duşmanlaryňy aýagyňa basgançak edýänçäm, sagymda otur“ diýdi». Mesih ähli duşmanlaryny ýeňip, Hudaýyň «halklara çykaran hökümini ýerine ýetirmelidi». Ol Dawudyň neslinden gelmelidi we gökde «ebedilik ruhany» bolmalydy (Zeb. 110:1—6). Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşanda Zebur 110-njy bapdaky pygamberligiň özüne degişlidigini we gelejekde ýerine ýetjekdigini aýtdy (Mat. 22:41—45).

Dawudyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazan käbir mezmurlary şol döwürde ýerine ýetdi. Gelejekde bolsa uly möçberde ýerine ýeter. Şonda Dawut pygamber ölümden direlip, Ýehowa ebedilik alkyş aýdar. Zebur 37:10, 11, 29-njy aýatlardaky pygamberlik sözleri Ysraýyl topragynda ýerine ýetdi. Süleýman patyşanyň höküm süren döwri halk parahat we asuda ýaşady. Şu sözler gelejekde has uly möçberde ýerine ýeter. Şonda bütin ýer ýüzünde Hudaýyň islegi amala aşar. Adamlar parahatlykda ýaşap, döwran sürer (Žurnalyň şu sanyndaky «Meniň bilen Jennetde bolarsyň» diýen makalanyň 8-nji abzasyna serediň).

Diýmek, Zebur 61:8-däki sözler Dawut pygamberiň soňky demine çenli Ýehowany wasp etjekdigini aňladýar. Aýatdaky Dawudyň «ebedilik aýdym aýdaryn» diýen sözleri ýöne bir arzuw-hyýal däl. Gelejekde Ýehowa wepaly guly Dawudy ölümden direlder. Şonda Dawut gökdäki Atasyna ebedilik alkyş aýdar.