Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

53-NJI MAKALA

Ýaş doganlar, imany berk mesihçi boluň!

Ýaş doganlar, imany berk mesihçi boluň!

«Dogumly hem erkek bol» (1 Pat. 2:2, çykgyt).

135-NJI AÝDYM Ýehowa: «Oglum, paýhasly bol» diýýär

MAZMUNY a

1. Doganlar Dawut pygamberiň maslahatyna eýermek üçin näme etmeli?

 DAWUT PYGAMBER ogly Süleýmana: «Dogumly hem erkek bol» diýip maslahat berdi (1 Pat. 2:1—3; çykgyt). Şu maslahat ähli doganlara degişli. Maslahata eýermek üçin Hudaýyň kada-kanunlaryny öwrenmeli we şoňa görä ýaşamaly (Luka 2:52). Ýaş doganlar imanyny berkider ýaly näme üçin tagalla etmeli?

2, 3. Ýaş doganlar Hudaýa berk iman eder ýaly näme üçin tagalla etmeli?

2 Doganlar maşgalanyň we ýygnagyň diregi. Ýaş doganlar, siz nähili maksatlary goýup bilersiňiz? Belki, siz uzak wagtly gulluk etmek, ýygnak hyzmatçysy we ýaşulusy bolmak hakda oýlanýansyňyz. Ýa-da öýli-işikli, çaga-çugaly bolmak hakda pikirlenýänsiňiz (Efes. 6:4; 1 Tim. 3:1). Eger siz imany berk mesihçi bolsaňyz, onda maksadyňyza ýetmek we borjuňyzy ýerine ýetirmek aňsat bolar b.

3 Şu makalada imany berk mesihçi bolmak üçin ukyp-başarnygyňy artdyrmalydygy hakda gürrüň ederis. Şeýle-de maksadyňa ýetmek we borjuňy gowy ýerine ýetirmek üçin häzirden nädip taýýarlyk görmelidigi hakda bileris.

IMANY BERKIDÝÄN ÄDIMLER

Isa pygamberiň ajaýyp häsiýetleri barada oýlansaňyz, imany berk mesihçi bolarsyňyz (4-nji abzasa serediň).

4. Ýaş doganlar kimleriň göreldesine eýerip biler? (Surata serediň).

4 Imany berk adamlardan görelde alyň. Mukaddes Kitapda Hudaýy razy edip ýaşan adamlar hakynda gürrüň berilýär. Olar Ýehowany söýýärdi we imandaşlarynyň ýürekden aladasyny edýärdi. Siz imany berk kakaňyzdan, agaňyzdan, daýyňyzdan ýa-da ýygnakdaky doganlardan görelde alyp bilersiňiz (Ýew. 13:7). Şeýle-de kämil görelde galdyran Isa pygamberden hem köp zatlary öwrenip bilersiňiz (1 Pet. 2:21). Hudaýhon adamlar hakda okanyňyzda, olaryň ýagşy häsiýetlerine üns beriň (Ýew. 12:1, 2). Soňra olaryň göreldesine nädip eýerip biljekdigiňiz hakda oýlanyň.

5. Pikirleniş ukybyny nädip we näme üçin ösdürmeli? (Zebur 119:9).

5 «Pikirleniş ukybyny» ösdüriň (Nak. 3:21, çykgyt). Şonda siz howlukmaç hereket etmersiňiz we oýlanyp karara gelersiňiz. Näme üçin pikirleniş ukybyny ösdürmeli? Şu günler ýaşlar kellesine gelen zady edýär we duýgusyna görä karara gelýär (Nak. 7:7; 29:11). Şeýle-de filmler, telegepleşikler, internet we sosial ulgamlary olaryň gelýän kararyna täsir edýär. Ýaş doganlar, siz nädip pikirleniş ukybyny ösdürip bilersiňiz? Munuň üçin Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryny öwreniň we olaryň peýdasy hakda oýlanyň. Soňra Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna esaslanyp, Ýehowany begendirýän kararlara geliň (Zebur 119:9-y okaň). Şonda siz pikirleniş ukybyny ösdürip, imany berk mesihçi bolup ýetişersiňiz (Nak. 2:11, 12; Ýew. 5:14). Geliň, häzir pikirleniş ukybynyň iki ýagdaýda, ýagny 1) uýalar bilen özüňi edepli alyp barmaga we 2) salykatly geýinmäge kömek edýändigi hakda gürrüň edeliň.

6. Pikirleniş ukyby uýalar bilen özüňi edepli alyp barmaga nädip kömek edýär?

6 Pikirleniş ukyby uýalar bilen özüňi sylaşykly we edepli alyp barmaga kömek edýär. Elbetde, ýaş dogan bir uýany halap, onuň bilen ýakyndan tanşyp biler. Ýöne pikirleniş ukybyny ösdüren dogan maşgala gurmak niýeti bolmasa, uýa göwnüniň bardygyny aýtmaz, ýazmaz ýa-da başga usullar bilen duýdurmaz (1 Tim. 5:1, 2). Eger dogan uýa bilen duşuşýan bolsa, onuň abraýyny goramak üçin elinde baryny eder. Ýanynda adam bolmasa, uýa bilen ikiçäk galmaz (1 Kor. 6:18).

7. Pikirleniş ukyby egin-eşik saýlamak we özüňe serenjam bermek babatda paýhasly karara gelmäge nädip kömek edýär?

7 Pikirleniş ukybyny ösdüren dogan salykatly geýinýär we üst-başyna serenjam berýär. Ol moda kowalaşmaýar, sebäbi şeýle eşikleri tikýän adamlar Hudaýyň kada-kanunlaryny äsgermeýärler we ahlaksyz ýaşaýarlar. Olar dar eşikleri tikýärler, ony geýen oglanlar gyzlara meňzeýär. Imany berk dogan egin-eşik saýlanda, Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýerýär we göreldeli doganlardan maslahat soraýar. Dogan özüne şeýle soraglary berip biler: meniň eşigim sagdyn düşünjelidigimi görkezýärmi? Başgalary büdredýärmi? Şol eşikde utanman, ýüzüm gyzarman adamlara wagyz edip bilerinmi? (1 Kor. 10:31—33; Tit. 2:6). Pikirleniş ukybyny ösdüren dogan diňe bir imandaşlarynyň däl-de, gökdäki Atasy Ýehowanyň hem hormatyny gazanýar.

8. Ýaşlar nädip ynamdar adam bolup biler?

8 Ynamdar adam boluň. Ýaş doganlar, siz ynamdar adam bolsaňyz, tabşyrylan işi birkemsiz ýerine ýetirersiňiz (Luka 16:10). Isa pygamberiň göreldesine eýeriň. Ol tabşyrylan işe sowuk-sala we biparh seretmeýärdi. Atasynyň tabşyran işi kyn bolsa-da, ony birkemsiz ýerine ýetirdi. Ol adamlary, esasan-da, şägirtlerini ýürekden söýýärdi. Olar üçin janyny bermäge taýyndy (Ýah. 13:1). Ýaş doganlar, siz hem tabşyrylan işe ýürekden ýapyşyň we birkemsiz ýerine ýetiriň. Eger işi nädip etmelidigini bilmeseňiz, doganlardan pesgöwünlik bilen kömek soraň. Hiç haçan ýalta bolmaň, başlan işiňizi soňuna çenli ediň (Rim. 12:11). «Näme etseňiz-de, adamlar üçin däl-de, Ýehowa üçin ýürekden ediň» (Kol. 3:23). Emma özüňizden köp zada garaşmaň, pespäl boluň we ýalňyşyňyzy boýun alyň (Nak. 11:2).

UKYP-BAŞARNYKLY BOLUŇ

9. Ýaş doganlar näme üçin ukyp-başarnykly bolmaly?

9 Ýaş doganlar, imany berk mesihçi bolmak üçin ukyp-başarnygyňyzy artdyryň. Şonda siz ýygnakdaky borçlaryňyzy gowy ýerine ýetirersiňiz. Size iş tapmak, maşgalaňyzy eklemek aňsat bolar, dostlaryňyz hem köp bolar. Geliň, käbir ukyp-başarnyklar hakda gürrüň edeliň.

Okamagy we ýazmagy öwrenseňiz hem özüňiziň, hem dogan-uýalaryň imanyny berkidersiňiz (10, 11-nji abzaslara serediň).

10, 11. Hat-sowatly bolmagyň nähili peýdasy bar? (Zebur 1:1—3; surata serediň).

10 Okamagy we ýazmagy öwreniň. Zebur kitabynda Hudaýyň Sözüni her gün okap oýlanýan adamyň bagtly boljakdygy we ähli işinde üstünlik gazanjakdygy aýdylýar (Zebur 1:1—3-nji aýatlary okaň). Ol Hudaýyň garaýşyna düşünýär, sagdyn pikirlenýär we okan aýatlaryny durmuşynda ulanýar (Nak. 1:3, 4). Şeýle doganlar ýygnagyň diregidir.

11 Ýaşulularyň Mukaddes Kitap esasynda berýän maslahatlary dogan-uýalara kyn ýagdaýlardan baş alyp çykmaga kömek edýär (Tit. 1:9). Ýaş doganlar, siz okamagy we ýazmagy öwrenseňiz, ýygnakda gowy jogaplary berersiňiz hem-de ökde nutukçy bolarsyňyz. Siz şahsy okuwyny geçireniňizde, ýygnakda ýa-da kongresde nutuk diňläniňizde gowy pikirleri ýazyp alyň. Soňra olary dogan-uýalara gürrüň beriň. Şonda hem siziň, hem olaryň imany berkär.

12. Adamlar bilen gepleşmegi öwrenmek üçin näme etmeli?

12 Adamlar bilen gepleşmegi öwreniň. Ýaş doganlar, siz adamlar bilen gepleşmegi başarmaly. Munuň üçin diňe özüňiz geplemän, adamy ünsli diňläň. Onuň duýgularyna we pikirine düşünjek boluň (Nak. 20:5). Şeýle-de adamyň äheňinden, ýüz-gözünden we hereketinden näme diýjek bolýandygyny aňjak boluň. Emma telefon eliňizden düşmese, günuzyn ýazyşyp otursaňyz, adamlar bilen gepleşmegi hiç haçan öwrenmersiňiz. Şonuň üçin mümkinçilikden peýdalanyp, adamlar bilen gepleşjek boluň (2 Ýah. 12).

Kesp-kär öwrenseňiz, hiç haçan hor bolmarsyňyz (13-nji abzasa serediň).

13. Ýaş doganlar näme üçin hünär öwrenmeli? (1 Timoteos 5:8; surata serediň).

13 Özüňizi eklemegi öwreniň. Doganlar özüni we maşgalasyny ekläp bilmeli (1 Timoteos 5:8-i okaň). Käbir ýurtlarda ýaş doganlar kakasyndan, agasyndan ýa-da daýysyndan kesp-kär öwrenýärler. Käbir ýurtlarda bolsa doganlar hünär öwredilýän mekdeplerde okaýarlar. Ýaş doganlar, eliňizde hünäriňiz bolsa hiç haçan hor bolmarsyňyz (Res. 18:2, 3; 20:34; Efes. 4:28). Şeýle-de ýalta bolman, zähmetsöýer boluň we tabşyrylan işi kemini goýman ediň. Şonda size iş tapmak we başlygyňyzyň ynamyny gazanmak aňsat bolar. Ýaş doganlar, ýagşy häsiýetleriňiz we ukyp-başarnygyňyz size gelejekdäki borçlaryňyzy yhlasly ýerine ýetirmäge kömek eder. Geliň, olaryň käbiri hakynda gürrüň edeliň.

BORÇLARA TAÝÝARLANYŇ

14. Uzak wagtly gulluk etmek isleýän ýaşlar näme edip biler?

14 Uzak wagtly gulluk etmek. Imany berk doganlaryň köpüsi ýaşlykdan pioner bolup gulluk edýärler. Ýaş doganlar, siz hem pioner bolup gulluk etseňiz, dürli medeniýetli, häsiýetli adamlar bilen işleşmegi we puly tygşytly sowmagy öwrenersiňiz (Flp. 4:11—13). Pioner gullugyna başlamak üçin, ilki bilen kömekçi pioner bolup gulluk ediň. Şonda pioner bolmak, guramanyň gurluşyk işlerine gatnaşmak we Beýtelde gulluk etmek mümkinçiligiňiz bolar.

15, 16. Ýaş doganlar jogapkärli borçlary almak üçin näme etmeli?

15 Hyzmatçy ýa-da ýaşuly bolup gulluk etmek. Doganlar imandaşlaryna hyzmat etmek maksady bilen ýaşuly bolmaly. Mukaddes Kitapda ýaşuly bolmak isleýänleriň «gowy zady arzuw edýändigi» ýazylan (1 Tim. 3:1). Ýöne dogan ýaşuly bolmazdan öň, hyzmatçy bolup gulluk etmeli. Hyzmatçylar ýaşululara uly kömek edýär. Emma ýaşulular-da, hyzmatçylar-da dogan-uýalara pesgöwünlik bilen kömek etmeli we hoş habary yhlasly wagyz etmeli. Talaplara laýyk gelýän doganlar 17—19 ýaşlarynda hyzmatçy bolup biler. Talaplara laýyk gelýän hyzmatçylar bolsa 20 ýaşlarynda ýaşuly bellenip biler.

16 Ýaş doganlar, jogapkärli borçlary almak üçin näme edip bilersiňiz? Mukaddes Kitapda hyzmatçylardan we ýaşululardan edilýän talaplar ýazylan. Siz olara laýyk gelmeli we Ýehowany, maşgala agzalaryňyzy, dogan-uýalary ýürekden söýmeli (1 Tim. 3:1—13; Tit. 1:6—9; 1 Pet. 5:2, 3). Siz talaplaryň her birini çuňňur öwreniň. Soňra olara laýyk geler ýaly Ýehowa doga ediň c.

Ýehowa maşgalabaşylaryň aýalyny we çagalaryny söýmegini, olaryň iýjek-içjegini, geýjegini ýetirmegini, duýgularyna düşünmegini hem-de imanyny berkitmegini isleýär (17-nji abzasa serediň).

17. Ýaş doganlar aladaçyl ýanýoldaş we maşgalabaşy bolmaga nädip taýýarlanyp biler? (Surata serediň).

17 Är we maşgalabaşy bolmak. Isa pygamber käbirleriniň öýlenmän, Ýehowa wepaly gulluk etjekdigini aýtdy (Mat. 19:12). Eger siz öýlenmek isleseňiz, ýygnakdaky borçlaryňyzdan başga-da maşgala borçlaryňyzyň boljakdygyny unutmaň (1 Kor. 11:3). Ýehowa siziň gelniňizi söýmegiňizi, iýjek-içjegini, geýjegini ýetirip durmagyňyzy, duýgularyna düşünmegiňizi we imanyny berkitmegiňizi isleýär (Efes. 5:28, 29). Şu makalada biz pikirleniş ukybyny ösdürmek, gelin-gyzlar bilen özüňi sylaşykly alyp barmak we ynamdar adam bolmak hakda gürrüň etdik. Şeýle ukyplar size gowy ýanýoldaş we aladaçyl maşgalabaşy bolmaga kömek eder.

18. Doganlar kaka bolmaga nädip taýýarlyk görüp biler?

18 Kaka bolmak. Belki, siz öýleneniňizden soň kaka bolmak islärsiňiz. Ýehowanyň göreldesine eýerseňiz aladaçyl ata bolup bilersiňiz (Efes. 6:4). Ýehowa söwer ogluny gowy görýändigini we ondan razydygyny aýtdy (Mat. 3:17). Siz hem çagalaryňyzy söýýändigiňizi aýdyň we her bir edýän ýagşy işi üçin öwüň. Şeýle-de ogul-gyzlaryňyzyň imanyny berkidiň. Siz aladaçyl ata bolmaga häzirden taýýarlanyp bilersiňiz. Munuň üçin maşgala agzalaryňyzyň, dogan-uýalaryň imanyny berkidiň we olara öwgüli sözleri aýdyň (Ýah. 15:9). Şonda siz Ýehowany razy edersiňiz, maşgala agzalaryňyza we dogan-uýalara goldaw berersiňiz.

SIZ NÄME EDIP BILERSIŇIZ?

Ýaş doganlar Mukaddes Kitaby okap we onuň kada-kanunlaryny durmuşynda ulanyp imany berk mesihçi boldular (19, 20-nji abzaslara serediň).

19, 20. Ýaş doganlar imany berk mesihçi bolmak üçin näme etmeli? (Daşky sahypadaky surata serediň).

19 Ýaş doganlar, imanyňyz öz-özünden berkär diýip pikir etmäň. Munuň üçin imany berk adamlardan görelde alyň, pikirleniş ukybyny ösdüriň, ynamdar adam boluň, ukyp-başarnygyňyzy artdyryň we gelejekki borçlaryňyza taýýarlanyň.

20 Ýaş doganlar, makaladaky maslahatlary okanyňyzdan soň: «Men başarmaryn» diýip ruhdan düşmäň. Ýehowa siziň Arkadaýanjyňyz bolar (Işa. 41:10, 13). Dogan-uýalar goltgy berer. Siz imany berk mesihçi bolsaňyz, durmuşyňyz manyly bolar we bagtly ýaşarsyňyz. Ýaş doganlar, biz sizi ýürekden söýýäris. Goý, Ýehowa siziň imany berk mesihçi bolmak üçin edýän tagallaňyza ak pata bersin! (Nak. 22:4).

65-NJI AÝDYM Öňe git!

a Ýygnaklara berk imanly doganlar gerek. Şu makalada ýaş doganlaryň berk imanly bolmak üçin näme etmelidigi hakda gürrüň ederis.

b Geçen makaladaky «Düşündirilişe» serediň.

c «Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama» kitabynyň 5, 6-njy baplaryny okap bilersiňiz.