Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

52-NJI MAKALA

Ýaş uýalar, imany berk mesihçi boluň!

Ýaş uýalar, imany berk mesihçi boluň!

«Aýallar... ähli zatda çägini bilýän we Hudaýa wepaly bolmaly» (1 Tim. 3:11).

133-NJI AÝDYM Ýehowa ýaşlykdan gulluk ediň

MAZMUNY a

1. Adamyň Hudaýa bolan imany öz-özünden berkeýärmi? Düşündiriň.

 «IKI aýakly iki günde» diýleni, düýnki çaga goç ýigit bolýar, uly gyz bolup ýetişýär. Allatagala çagany öz-özünden ösüp ulalar ýaly edip ýaratdy. Emma onuň imany öz-özünden berkemeýär b (1 Kor. 13:11; Ýew. 6:1). Munuň üçin Ýehowany gowy tanamaly we ýakyndan dostlaşmaly. Şeýle-de Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen ýagşy häsiýetleri, ukyp-başarnyklary ösdürmeli we gelejekki durmuşa taýýarlyk görmeli (Nak. 1:5).

2. 1 Musa 1:27-den nämäni bilýäris we şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

2 Allatagala Adam ata bilen How enäni ýaratdy (1 Musa 1:27-ni okaň). Ol Adam ata erkek adama mahsus, How enä bolsa aýal maşgala mahsus häsiýetleri berdi. Şol sebäpli olar borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirip bilýärdiler (1 Mus. 2:18). Şu makalada ýaş uýalaryň, indiki makalada ýaş doganlaryň imany berk mesihçi bolup ýetişmegine nämäniň kömek edýändigini bileris.

ÝAGŞY HÄSIÝETLERI ÖSDÜRIŇ

Mähriban uýalar, Rebeka, Ester we Abygaýyl ýaly Ýehowany ýürekden söýýän gelin-gyzlaryň göreldesine eýerseňiz, imany berk mesihçi bolarsyňyz (3, 4-nji abzaslara serediň).

3, 4. Ýaş uýalar kimleriň göreldesine eýerip biler? (Surata serediň).

3 Ýaş uýalar, siz gadymy döwürde Ýehowany ýürekden söýen gelin-gyzlaryň göreldesine eýerip bilersiňiz c. Makalanyň baş aýadynda aýdylyşy ýaly, olar «ähli zatda çägini bilýän we Hudaýa wepaly bolan» zenanlardyr. Şeýle-de siz ýygnagyňyzda onlarça ýyl Ýehowa wepaly gulluk edýän uýalaryň göreldesine eýerip bilersiňiz.

4 Ýaş uýalar, siz ýygnagyňyzdaky berk imanly gelin-gyzlaryň sanawyny düzüp bilersiňiz. Soňra olaryň haýsy häsiýetini halaýandygyňyzy we şol häsiýeti nädip ösdürip biljekdigiňizi ýazyň. Geliň, indi gelejekki durmuşa taýýarlanmaga kömek edýän üç häsiýet hakda gürrüň edeliň.

5. Imany berk uýa haýsy häsiýeti bilen tanalýar?

5 Imany berk mesihçi pesgöwünli bolýar. Ol Ýehowa Hudaý we dogan-uýalar bilen ýakyndan dostlaşýar (Ýak. 4:6). Pesgöwünli uýa baştutanlyk düzgünine ýürekden tabyn bolýar. Sebäbi ony Ýehowanyň ýola goýandygyna düşünýär (1 Kor. 11:3). Şu düzgüne tabyn bolýan uýa ýygnagyň we maşgalasynyň agzybirligine uly goşant goşýar d.

6. Ýaş uýalar pesgöwünli Rebekadan näme öwrenip biler?

6 Geliň, Rebeka hakda gürrüň edeliň. Ol akylly-başlydy, gaýratlydy we zerur wagty ýaýdanyp durman aýgytly hereket ederdi (1 Mus. 24:58; 27:5—17). Emma ol sylaşyklydy, ýürekden tabyn bolýardy (1 Mus. 24:17, 18, 65). Siz hem Rebekanyň göreldesine eýerip pesgöwünli bolsaňyz, maşgalaňyzy bagtly edersiňiz, dogan-uýalary begendirersiňiz.

7. Ýaş uýalar pespäl Esterden näme öwrenip biler?

7 Berk imanly mesihçi pespäl bolýar. Mukaddes Kitapda: «Akyldarlyk bolsa pespäller bilendir» diýilýär (Nak. 11:2). Ester pespäl we hudaýhon gyzdy. Hatda şa aýaly bolansoň hem tekepbirlik etmedi. Ol doganoglany Mordekaýyň öwüt-ündewine gulak asdy (Est. 2:10, 20, 22). Siz hem berk imanly mesihçilerden maslahat sorasaňyz we öwüt-nesihatyna eýerseňiz pespäldigiňizi subut edersiňiz (Tit. 2:3—5).

8. 1 Timoteos 2:9, 10-njy aýatlara görä, ýaş uýalar nädip paýhasly karara gelip biler?

8 Ester owadan gyzdy. Ol pespäl bolandygy üçin gözelligi bilen hemmeleri aňk etmek islemeýärdi (Est. 2:7, 15). Uýalar Esteriň göreldesine nädip eýermeli? Olar 1 Timoteos 2:9, 10-njy aýatlardaky (okaň) maslahata eýermeli. Pawlus resul uýalara «salykatly egin-eşik geýip, sagdyn düşünjeli» bolmagy maslahat berdi. «Salykatly» diýip terjime edilen grek sözi egin-eşik geýeniňde başgalaryň garaýşyna hormat goýmalydygyny görkezýär. Biz Pawlusyň maslahatyna eýerip, salykatly geýinýän uýalara sylag-hormat goýýarys.

9. Siz Abygaýyldan näme öwrenip bilersiňiz?

9 Imany berk mesihçi parasatly bolýar. Parasatly adam ýagşy-ýamany saýgaryp, dogry karara gelýär. Gadymy zamanda Abygaýyl atly parasatly zenan ýaşaýardy. Bir gün onuň äri Nabal akylsyz hereket edip maşgalasynyň başyna belany satyn alýar. Şonda Abygaýyl derrew karara gelip, öý-içerisini halas edýär (1 Şam. 25:14—23, 32—35). Biz hem parasatly bolsak, haçan geplemelidigini we haçan dymmalydygyny bileris. Şeýle-de dogan-uýalaryň durmuşyna goşulmarys (1 Sel. 4:11).

UKYP-BAŞARNYKLY BOLUŇ

Gowy okamagy we ýazmagy öwrenseňiz köp peýda alarsyňyz (11-nji abzasa serediň).

10, 11. Hat-sowatly bolmagyň nähili peýdasy bar? (Surata serediň).

10 Uýalar zähmetsöýer, ukyp-başarnykly we işe yhlasly bolmaly. Eger olar çagalykdan ukyp-başarnygyny artdyrsalar, ulalanda kösenmän ýaşarlar. Geliň, uýalaryň öwrenmeli käbir zatlaryna seredeliň.

11 Okamagy we ýazmagy öwreniň. Köp ýurtlarda adamlar gelin-gyzlaryň sowatly bolmagyny we bilim almagyny islemeýär. Emma her bir mesihçi okap we ýazyp bilmeli e (1 Tim. 4:13). Ýaş uýalar, siz nähili päsgelçilige duş gelseňiz-de, hat-sowatly bolmagy öwreniň. Şonda size iş tapmak aňsat bolar, Mukaddes Kitaba gowy düşünersiňiz we ökdelik bilen wagyz edersiňiz. Iň esasy zat bolsa, Hudaýyň Sözüne gowy düşünip, Ýehowanyň ýakyn dosty bolarsyňyz (Ýuşa 1:8; 1 Tim. 4:15).

12. Siz Nakyllar 31:26-dan näme öwrendiňiz?

12 Adamlar bilen gepleşmegi öwreniň. Mesihçileriň hemmesi söhbetdeş bolmagy başarmaly. Ýakup şägirt: «Diňlemäge taýyn bolmaly, geplemäge howlukmaly däl» diýip maslahat berdi (Ýak. 1:19). Siz söhbetdeş bolýan adamyňyzy ünsli diňleseňiz, onuň derdine düşünersiňiz we «duýgudaş» bolarsyňyz (1 Pet. 3:8). Eger siz onuň näme diýjek bolýanyna düşünmeseňiz, ýerlikli soraglary beriň. Emma geplemezden öňürti biraz oýlanyň (Nak. 15:28). Bu babatda size şu soraglar kömek eder: men hakyky, dogry zady aýdýarynmy? Ony ruhlandyrarynmy? Men sylaşykly we mähirli gepleşip bilerinmi? Şeýle-de siz dile çeper uýalaryň göreldesine eýeriň. Olaryň adamlaryň sözüni bölmän diňleýşine we mähir bilen gepleýşine üns beriň (Nakyllar 31:26-ny okaň). Siz adamlar bilen gepleşmegi öwrenseňiz, joralaryňyz köp bolar.

Uýalar hojalygyň işlerini etmegi öwrenseler, maşgalasynyň we ýygnagyň diregi bolar (13-nji abzasa serediň).

13. Ýaş uýalar hojalygyň işlerini etmegi kimden öwrenip biler? (Surata serediň).

13 Hojalygyň işlerini etmegi öwreniň. Köp ýurtlarda hojalygyň işlerini gelin-gyzlar edýär. Ýaş uýalar, siz ejeňizden ýa-da imany berk uýadan hojalygyň işlerini nädip etmelidigini öwrenip bilersiňiz. Sindi uýa şeýle gürrüň berýär: «Ejem maňa ýalta däl-de, zähmetsöýer bolmagy öwretdi. Ol maňa nahar bişirmegi, öý-içerini syryp-süpürmegi, kir ýuwmagy, tikin tikmegi, öýe gerek-ýarak zatlary satyn almagy we puly tygşytly sowmagy öwretdi. Men ejeme örän minnetdar. Indi men öz başymy özüm çaraýaryn, Ýehowa köp gulluk edip bilýärin. Şeýle-de ejem maňa myhmansöýer bolmagy hem öwretdi. Men dogan-uýalary myhmançylyga çagyryp, olar bilen dostlaşýaryn we köp zatlary öwrenýärin» (Nak. 31:15, 21, 22). Hawa, zähmetsöýer we myhmansöýer uýalar hem maşgalasynyň, hem ýygnagyň diregi (Nak. 31:13, 17, 27; Res. 16:15).

14. Siz Kristal uýadan näme öwrendiňiz we näme etmegi ýüregiňize düwmeli?

14 Özüňizi eklemegi öwreniň. Mesihçiler özüni eklemeli we baryna kaýyl bolup ýaşamaly (Flp. 4:11). Kristal uýa şeýle gürrüň berýär: «Men mekdepde ýokary synpda okaýarkam, ene-atam meni belli bir kär edinmäge höweslendirdi. Kakam maňa buhgalteriýa kursunda okamagy maslahat berdi. Men ene-atamyň beren maslahatyna örän minnetdar». Ýaş uýalar, siz diňe bir hünär edinmek bilen çäklenmän, gazanjyňyzy tygşytly sowmagy hem öwreniň (Nak. 31:16, 18). Şeýle-de Patyşalygyň işlerini birinji ýerde goýsaňyz, baryňyza kaýyl bolup ýaşarsyňyz we gerekmejek bergileri etmersiňiz (1 Tim. 6:8).

GELEJEKKI DURMUŞA TAÝÝARLANYŇ

15, 16. Durmuşa çykmadyk uýalar imandaşlaryna nädip kömek edip biler? (Markus 10:29, 30).

15 Ýaş uýalar, siz bütin ömrüňize täsir etjek wajyp kararlara gelmeli bolarsyňyz. Siziň häzirden öwrenýän ýagşy häsiýetleriňiz, ukyp-başarnyklaryňyz durmuşda boljak böwetleri ýeňip geçmäge kömek eder. Geliň, häzir şol kararlaryň käbiri hakda gürrüň edeliň.

16 Belki-de, siz durmuşa çykmazlyk kararyna gelersiňiz. Isa pygamber käbirleriniň Hudaýa köpräk gulluk etmek üçin maşgala gurmajakdygyny aýtdy (Mat. 19:10—12). Käbirleri bolsa başga sebäplere görä maşgala gurmaýar. Emma uýalara şeýle karara gelmek aňsat bolmaýar. Sebäbi olaryň ýaşaýan ýurdunda gyz maşgala durmuşa çykmasa aýyp görülýär. Adamlar nähili pikir etse-de, Ýehowa Hudaý we Isa pygamber durmuşa çykmadyk uýalary ýürekden söýýär. Durmuşa çykmadyk uýalar ýygnagyň gülläp ösmegine goşant goşýarlar. Olar dogan-uýalary ýürekden söýýärler we mähir bilen aladasyny edýärler. Şeýlelikde, olar imandaşlarynyň ejesi we uýasy bolýarlar (Markus 10:29, 30-njy aýatlary okaň; 1 Tim. 5:2).

17. Ýaş uýalar uzak wagtly gulluk etmek üçin nähili ädimleri ätmeli?

17 Belki-de, siz uzak wagtly gulluk edersiňiz. Uýalar bütin dünýäde alnyp barylýan wagyz işine uly goşant goşýarlar (Zeb. 68:11). Siz uzak wagtly gulluk etmegi maksat goýduňyzmy? Belki-de, siz pioner bolup gulluk edersiňiz, guramanyň gurluşyk işlerine gatnaşarsyňyz ýa-da Beýtelde gulluk edersiňiz. Goýan maksatlaryňyz barada Ýehowa doga ediň. Şeýle maksatlara ýeten dogan-uýalar bilen gürrüňdeş boluň we nähili talaplara laýyk gelmelidigiňizi soraň. Soňra aýgytly ädimleri ädiň. Eger siz maksadyňyza ýetseňiz, ýene-de Ýehowa gulluk etmäge köp mümkinçilikler dörär.

Mähriban uýalar, özüňize ýanýoldaş boljak ýigidi paýhasly saýlaň (18-nji abzasa serediň).

18. Uýalar näme üçin ýanýoldaşy paýhasly saýlamaly? (Surata serediň).

18 Belki-de, siz durmuşa çykarsyňyz. Mähriban uýalar, siziň häzirden ösdürýän ýagşy häsiýetleriňiz we ukyp-başarnygyňyz gaýratly gelin bolmaga kömek eder. Siz durmuşda iň wajyp karara gelmeli bolarsyňyz. Şol sebäpli özüňize ýanýoldaş boljak ýigidi paýhasly saýlaň. Unutmaň, siz maşgala guranyňyzdan soňra äriňize doly tabyn bolmaly (Rim. 7:2; Efes. 5:23, 33). Mähriban uýalar, şu soraglar özüňize mynasyp ýanýoldaş saýlamaga kömek eder: onuň imany berkmi? Patyşalyk işini birinji orunda goýýarmy? Akylly-paýhasly karara gelýärmi? Ýalňyşyny boýun alýarmy? Gelin-gyzlara hormat goýýarmy? Ol meniň Ýehowa bilen dostlugymy berkidermi? Maşgalany ekläp bilermi? Meniň duýgularyma düşünermi? Onuň ýygnakda borçlary barmy? Ol berlen ýumşa jogapkärli garaýarmy? (Luka 16:10; 1 Tim. 5:8). Mähriban uýalar, siz bagtly maşgala gurmak isleseňiz, onda häzirden ýagşy häsiýetleri ösdüriň we ukyp-başarnykly boluň.

19. Aýala «kömekçi» diýilmegi, onuň mertebesini peseldýärmi? Düşündiriň.

19 Mukaddes Kitapda aýal maşgalanyň äriniň «kömekçisidigi» ýazylan (1 Mus. 2:18). «Kömekçi» diýen söz uýalaryň mertebesini peseltmän, gaýtam abraýyny artdyrýar. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň hem «kömekçidigi» ýazylan (Zeb. 54:4; Ýew. 13:6). Eger aýal äriniň gelýän kararyny goldasa we şoňa görä ýaşasa, hakyky kömekçidigini subut eder. Şeýle-de ol Ýehowany ýürekden söýse, äriniň at-abraýyny artdyrar (Nak. 31:11, 12; 1 Tim. 3:11). Ýaş uýalar, siz Ýehowany ýürekden söýseňiz, dogan-garyndaşlaryňyzy we imandaşlaryňyzy goldasaňyz, gelejekde ýanýoldaşyňyzyň hakyky kömekçisi bolarsyňyz.

20. Mährem eneler maşgalasy üçin näme edýär?

20 Belki, siz ene bolarsyňyz. Mähriban uýalar, maşgala guranyňyzdan soň çagaňyzyň bolmagyny islärsiňiz (Zeb. 127:3). Emma ilki gowy oýlanyň, sebäbi çaga terbiýelemek uly jogapkärçilikdir. Siziň ösdüren ýagşy häsiýetleriňiz, öwrenen ukyp-başarnyklaryňyz gaýratly gelin we mährem ene bolmaga kömek eder. Siziň söýgiňiz, mähribanlygyňyz, sabyrlylygyňyz maşgala ojagyňyzy çoýar we çagalaryňyzy howp-hatardan gorar (Nak. 24:3).

Ýaş uýalar Mukaddes Kitaby okap we onuň kada-kanunlaryny durmuşynda ulanyp imany berk mesihçi boldular (21-nji abzasa serediň).

21. Biz ýaş uýalary näme üçin ýürekden söýmeli? (Daşky sahypadaky surata serediň).

21 Mähriban uýalar, biz sizi ýürekden söýýäris! Siz Ýehowa Hudaý we onuň halky üçin köp işleri edýärsiňiz (Ýew. 6:10). Siz ýagşy häsiýetleri, ukyp-başarnyklary ösdürmek we dogan-uýalary goldamak üçin jan edýärsiňiz. Şeýlelikde, siz gelejekki durmuşa taýýarlyk görýärsiňiz. Siz Ýehowa üçin we biziň üçin gymmatly dürdäne!

137-NJI AÝDYM Wepaly gelin-gyzlar

a Ýaş uýalar, siz gymmatly dürdäne! Siz ýagşy häsiýetleri, ukyp-başarnyklary ösdürseňiz we gelejekki durmuşa taýýarlyk görseňiz, imany berk mesihçidigiňizi subut edersiňiz. Netijede, siz Ýehowanyň köp berekedini alarsyňyz.

b DÜŞÜNDIRILIŞ: imany berk mesihçi dünýäniň akyldarlygyna däl-de, Hudaýyň mukaddes ruhuna eýerýär. Ol Isa pygamberden görelde alýar. Ol Ýehowa bilen dostlaşmak we dogan-uýalary ýürekden söýmek üçin elinde baryny edýär, hatda janyny gurban bermäge taýyn bolýar.

c JW.ORG saýtyndan «Mukaddes Kitapda ady agzalýan zenanlardan näme öwrenip bileris?» diýen makalany okap bilersiňiz.

d «Garawul diňi» žurnalyny okap bilersiňiz (w21.02 sah. 14—19).

e Okamagyň wajypdygy hakda jw.org saýtyndan «Çagalara kitap okamak näme üçin wajyp?» (I bölüm) diýen makalany okap bilersiňiz.