Ýadyňyzdamy?
2023-nji ýylyň «Garawul diňi» žurnalyna esaslanan aşakdaky soraglara jogap berip bilersiňizmi?
Pikiriňi üýtgetmek nämäni aňladýar? (Rim. 12:2).
Munuň üçin birki sany gowy häsiýetiňe guwanmak ýeterlikli däl. Biz içki dünýämizi gowy barlamaly. Ýehowa ýaramaýan gylyk-häsiýetlerimiziň bardygyny bilenimizden soňra, olary köki bilen sogrup taşlamaly (w23.01 sah. 8, 9).
Pygamberlikler hakda gürrüň edenimizde nämeden gaça durmaly?
Biz dünýädäki wakalar arkaly pygamberlikleriň ýerine ýetişini bilesimiz gelýär. Emma biz: «Pygamberlik ýerine ýetip başlapdyr-ow!» diýip, ony özümizçe düşündirmeli däl. Gaýtam biziň aýdýan sözlerimiz Ýehowanyň guramasynyň çap eden edebiýatlaryna esaslanmaly (1 Kor. 1:10; w23.02 sah. 16).
Isa Mesihiň we şägirtleriniň suwa çümdürilişiniň nähili tapawudy bar?
Isa Mesihe özüni Ýehowa bagyş etmek gerek däldi, sebäbi ol ysraýyllardandy. Ysraýyllar Hudaýa bagyş edilen halkdy. Isa Mesihe günäleri üçin toba etmek ýa-da arassa ynsap sorap Hudaýa dileg etmek gerek däldi, sebäbi ol kämildi we günäsizdi (w23.03 sah. 5).
Biz dogan-uýalara ýygnakda jogap bermäge nädip mümkinçilik döredip bileris?
Biz gysga jogap bermeli. Şonda başgalara-da jogap bermäge mümkinçilik dörederis. Şeýle-de abzasdaky hemme pikirleri aýtmaly däl. Ýogsam dogan-uýalara aýdara zat galmaz (w23.04 sah. 23).
Işaýa 35:8-däki «Mukaddes ýoly» nämäni aňladýar?
Ýehowa halkyny Wawilon ýesirliginden azat etdi we göçme manyda «Mukaddes ýol» çekip, olary watanyna getirdi. 1919-njy ýylyndan bäri akýürekli adamlar «Mukaddes ýoldan» ýöreýär. Emma ýoluň gurluşygy birnäçe asyr öň başlady. Hudaýhon adamlar Mukaddes Kitaby çap etdiler we terjime etdiler. Şeýlelikde, Hudaýyň halky ruhy jennetde ýaşaýar. «Mukaddes ýoldan» ýöreýän adamlar gelejekde bol bereketleri alar (w23.05 sah. 15—19).
Nakyllar 9-njy bapda iki aýalyň çakylygy barada näme diýilýär?
«Akylsyz aýalyň» çakylygyny kabul eden adamlar «mazara inýär». «Akyldar aýalyň» myhmanlary bolsa «düşünje ýoluna gadam basýar» we asuda ýaşaýar (Nak. 9:1, 6, 13, 18; w23.06 sah. 22—24).
Ýehowanyň eglişikli we pesgöwünli Hudaýdygyny haýsy waka subut edýär?
Ýehowa Luta daglara gaçmagy tabşyrýar. Emma Lut gorkup, ýok edilmeli Sogar şäherine gitmäge rugsat soraýar. Ýehowa Lutuň haýyşyny bitirýär (w23.07 sah. 21).
Äri pornografiýa görse, aýaly näme edip biler?
Aýal özüni günäkärlemeli däl. Ol Ýehowa bilen dostlugyny berkitmeli. Mukaddes Kitapdaky agyr gününde Ýehowa doga eden zenanlar hakda okasa, onuň göwni giňär. Şeýle-de aýal ärine erbet endigini goýmaga kömek etmeli (w23.08 sah. 14—17).
Düşgür bolmak ýumşak jogap bermäge nädip kömek edýär?
Biz jogap bermezden öňürti, adamlaryň näme maksat bilen sorag berýändigini biljek bolmaly. Şonda olar bilen mähirli we sypaýçylykly gepleşip bileris (w23.09 sah. 17).
Güýç-kuwwat almak üçin Merýemiň göreldesine nädip eýerip bileris?
Merýem Hudaýyň wada eden Mesihiniň ejesi bolmalydy. Ol başgalardan kömek sorady. Jebraýyl perişde we Elizabet Hudaýyň Sözi arkaly Merýemi ruhlandyrdy. Bizem Merýemiň göreldesine eýerip, dogan-uýalardan kömek soramaly (w23.10 sah. 15).
Ýehowa doga-dileglerimize nädip jogap berýär?
Ýehowa doga-dileglerimizi diňlemegi wada berýär we niýetine gabat gelýändigine üns berýär (Ýer. 29:12). Ol iki adamyň şol bir dilegine dürli ýollar bilen jogap berýär. Ýehowa bize goldaw bermäge hemişe taýyn (w23.11 sah. 21, 22).
Pawlus resul Rimliler 5:2-de umyt hakda aýdansoň, näme üçin ýene-de Rimliler 5:4-de umyt hakda ýazýar?
Biz umydymyzyň gün-günden berkemelidigine düşünsek, Pawlusyň ol hakda näme üçin gaýta-gaýta ýazandygyna düşüneris. Adam hoş habary eşidende ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşamaga umyt edýär. Ol kynçylyklara çydaýar we Hudaýy razy edýär. Şeýlelikde, onuň umydy has-da berkeýär (w23.12 sah. 12, 13).