Başdan geçirmeler
Ähli adamlara duýgudaş boluň
Täze Zelandiýada ýaşaýan uýa «Birek-biregiň aladasyny ediň» diýen wideony görýär. Wideoda Ýehowanyň duýgudaş Hudaýdygy, adamlaryň ýagdaýyna diňe bir gynanman, ýagşylyk edýändigi aýdylýar (Işa. 63:7—9). Uýa adamlara ýagşylyk etmegi ýüregine düwýär. Soňra ol bazara gidýär we öýsüz-öwzarsyz aýala duşýar. Uýa aýala iýer ýaly zat alyp berýär we «Horluklar gutararmyka?» diýen kitapça arkaly gürrüňdeş bolýar.
Şonda aýal aglap başlaýar. Ol uýa ene-atasynyň Ýehowanyň Şaýadydygyny, çagalykdan bäri Ýehowany tanaýandygyny, emma ençeme ýyl mundan öň hakykaty taşlandygyny gürrüň berýär. Golaýda ol yzyna dolanmak isleýändigi barada Ýehowa doga edipdir. Uýa aýala Mukaddes Kitaby berýär we aýal okuw geçip başlaýar a.
Biz Ýehowanyň göreldesine eýerip duýgudaş bolmaly, dogan-garyndaşlarymyza we imandaşlarymyza ýagşylyk etmeli. Şeýle-de her bir mümkinçilikden peýdalanyp hoş habary wagyz etmeli.
a Ýygnaga gelmegini we wagyz etmegini bes eden dogan-uýalara kömek etmek üçin «Maňa dolanyň» diýen makalany okap bilersiňiz (w20.06).