Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

50-NJI MAKALA

Iman we ýagşy işler — dogruçyllygyň miwesi

Iman we ýagşy işler — dogruçyllygyň miwesi

«Ybraýym Ýehowa iman etdi, şonuň üçin dogruçyl adam hasaplandy» (Rim. 4:3).

119-NJY AÝDYM Imanyňy berkit

MAZMUNY a

1. Ybraýym pygamber hakda oýlananyňyzda nähili sorag döräp biler?

 ADAMLARYŇ käbiri Ybraýym pygamber hakda eşitse-de, onuň durmuşy hakda köp zady bilmeýär. Emma biz Ybraýym pygamberiň Hudaýy razy edip ýaşandygyny we dogruçyl adam bolandygyny bilýäris. Mukaddes Kitapda Ybraýym pygambere «iman eden ähli... adamlaryň atasy» diýilýär (Rim. 4:11). Belki, siz: «Ybraýym pygamber ýaly Hudaýa berk iman edip bilerinmi?» diýip oýlanýansyňyz. Alada etmäň, siz hem Hudaýa berk iman edip bilersiňiz.

2. Ybraýym pygamberi näme üçin gowy tanamaly? (Ýakup 2:22, 23).

2 Ybraýym pygamberiň göreldesine eýermek üçin Mukaddes Kitaby okamaly. Ybraýym Allatagala gulak asyp, kaşaň jaýyny goýup gaýdýar we çadyrda ýaşaýar. Hatda eziz ogluny hem gurban etmäge taýyndy. Eger Ybraýym pygamber Hudaýa iman etmedik bolsa, şeýle işleri edip bilmezdi. Ol imanyny iş ýüzünde görkezip, Hudaýy razy etdi we onuň dosty boldy (Ýakup 2:22, 23-nji aýatlary okaň). Ýehowa biziň bilen hem dostlaşmak isleýär. Şol sebäpli Pawlus resula we Ýakup şägirde Ybraýym pygamber hakda Mukaddes Kitaba ýazdyrdy. Geliň, Rimliler 4-nji we Ýakup 2-nji baplar arkaly Ybraýym pygamberiň göreldesine nädip eýerip biljekdigimiz hakda gürrüň edeliň. Şol baplarda onuň sarsmaz imany hakda ýazylan.

3. Pawlus bilen Ýakup haýsy aýada salgylandy?

3 Pawlus resul we Ýakup şägirt 1 Musa 15:6-a esaslanyp: «Ybram Ýehowa iman etdi, şonuň üçin hem dogruçyl adam hasaplandy» diýdiler. Dogruçyl adamdan Hudaý razy bolýar we ony ýazyksyz hasaplaýar. Haýran galaýmaly! Bikämil we günäli adam Ýehowanyň nazarynda ýazyksyz bolup bilýär. Eger siz Ybraýym pygamberiň göreldesine eýerseňiz ýazyksyz we halal ýaşaýan adam bolup bilersiňiz.

IMAN — DOGRUÇYLLYGYŇ MIWESI

4. Dogruçyl bolmaga näme päsgel berýär?

4 Pawlus Rimliler 3:23-de ähli adamlaryň günälidigini ýazdy. Onda biz Hudaýy razy etmek üçin nädip dogruçyl ýa-da ýazyksyz bolup bileris? Şu soragyň jogabyny bilmek üçin Pawlusyň Ybraýym pygamber hakda näme diýendigini bilmeli.

5. Ýehowa Ybraýym pygamberi näme üçin dogruçyl adam hasaplady? (Rimliler 4:2, 4).

5 Ybraýym pygamber Kengan topragynda ýaşaýardy. Ýehowa ony dogruçyl adam hasaplady. Näme üçin? Ybraýymyň Musanyň kanunyna gyşarnyksyz eýerendigi üçinmi? Ýok! (Rim. 4:13). Sebäbi ysraýyl halkyna Musanyň kanuny berilmezinden 400 ýyl öň Ýehowa Ybraýymy dogruçyl hasaplady. Hawa, ýagşylyga baý Hudaý Ýehowa pygamberiň sarsmaz imanyny görüp, ony dogruçyl adam saýdy (Rimliler 4:2—4-nji aýatlary okaň).

6. Ýehowa günäli adamlary näme üçin dogruçyl hasaplaýar?

6 Pawlus resul Hudaýa iman edýän adamyň dogruçyl hasaplanýandygyny has jikme-jik düşündirdi (Rim. 4:5). Ol şeýle diýdi: «Adamyň eden işlerine garamazdan, Hudaýyň dogruçyl hasaplaýan bendesini Dawut bagtly saýyp: „Ýazyklary ötülen we günäsi bagyşlanan adam bagtlydyr! Ýehowanyň günäsiz hasaplaýan adamy bagtlydyr!“ diýdi» (Rim. 4:6—8; Zeb. 32:1, 2). Ýehowa özüne iman edýän adamlaryň günäsini doly bagyşlaýar, hiç haçan ýatlamaýar we hasabat soramaýar. Şeýle adam imany arkaly Hudaýyň nazarynda dogruçyl we ýazyksyz hasaplanýar.

7. Ýehowa wepaly pygamberleri näme üçin dogruçyl hasaplady?

7 Ybraýym, Dawut we beýleki pygamberler Hudaýa iman etmeýän döwürdeşlerinden düýbünden tapawutlanýardy. Elbetde, wepaly pygamberler hem günälidi, bikämildi. Emma Ýehowa olaryň sarsmaz imanyny görüp, ýazyksyz we dogruçyl hasaplady (Efes. 2:12). Pawlus resul Allatagala bilen dostlaşmak üçin, oňa ýürekden iman etmegiň wajypdygyny nygtap geçdi. Munuň şeýledigini Ybraýym we Dawut pygamberleriň durmuşy subut edýär. Biz hem olaryň göreldesine eýersek, Ýehowanyň dosty bolarys.

IMANY NÄME ÜÇIN IŞ ÝÜZÜNDE GÖRKEZMELI?

8, 9. Käbirleri Pawlus bilen Ýakubyň hatlary barada näme diýýärler we näme üçin?

8 Dini ýolbaşçylar ençeme asyrdan bäri: «Pawlus bilen Ýakubyň iman we işler hakda aýdan sözleri biri-birine garşy gelýär» diýýärler. Olaryň bir topary Pawlusyň: «Adamyň eden işlerine garamazdan, Hudaý dogruçyl hasaplaýar» diýen sözlerine salgylanýar we halas bolmak üçin diňe Isa pygambere iman etmek ýeterlikli diýip öwredýär (Rim. 4:6). Beýleki topary bolsa Ýakubyň: «Adam diňe iman edýändigi üçin däl, ony iş ýüzünde görkezýändigi üçin dogruçyl hasaplanýar» diýen sözlere salgylanýar we halas bolmak üçin sogap işleri etmeli, keramatly ýerlere zyýarat edip, däp-dessurlary berjaý etmeli diýip öwredýär (Ýak. 2:24).

9 Mukaddes Kitaby öwrenýän alymlar Pawlus bilen Ýakup iman we ýagşy işleri etmek babatda ylalaşmandyr diýip pikir edýärler. Dini ýolbaşçylaryň aýtmagyna görä, Pawlus sogap işleri etmeseň-de, imanyň arkaly dogruçyl hasaplanyp bolýar diýipdir; Ýakup bolsa Hudaýy razy etmek üçin hökman ýagşy işleri etmeli diýipdir. Mukaddes Kitaby öwrenýän alym: «Ýakup Pawlusyň ýagşy işleri etmeseň-de, imanyň arkaly dogruçyl hasaplanyp bolýar diýen sözleri bilen asla ylalaşmandyr» diýýär. Emma olaryň ikisi hem hatlaryny Hudaýyň ylhamy bilen ýazdy (2 Tim. 3:16). Diýmek, olaryň ýazan hatlary biri-biri bilen baglanyşykly bolmaly. Muňa düşünmek üçin hatlary tutuşlygyna okamaly.

Pawlus Rimde ýaşaýan ýehudy mesihçilere Musanyň kanunyny berjaý etmeseler-de, Hudaýy razy edip bilýändiklerini aýtdy (10-njy abzasa serediň) b.

10. Pawlus resul «işler» diýende nämäni göz öňünde tutdy? (Rimliler 3:21, 28; surata serediň).

10 Rimliler 3-nji we 4-nji baplarda Pawlus «işler» diýende nämäni göz öňünde tutdy? Ol Sinaý dagynda ysraýyl halkyna berlen Musanyň kanunyndaky işleri göz öňünde tutdy (Rimliler 3:21, 28-nji aýatlary okaň). I asyrda käbir ýehudy mesihçiler Musanyň kanunynyň ýatyrylandygy bilen ylalaşmaýarlar. Şol sebäpli Pawlus olara Ybraýym pygamber hakda gürrüň berýär. Ybraýym pygamber «kanunyň işlerini» berjaý edendigi üçin däl-de, Hudaýa iman edendigini üçin dogruçyl hasaplandy. Şu pikir bizi hem ruhlandyrýar. Sebäbi biz Musanyň kanunyny berjaý etmesek-de, Hudaýy razy edip bilýäris. Biz hak Alla we Isa pygambere iman edip dogruçyl hasaplanýarys.

Ýakup imanyňy iş ýüzünde görkezmegiň wajypdygyny aýtdy. Biz adamlary ala tutman sogap işleri etmeli (11, 12-nji abzaslara serediň) c.

11. Ýakup şägirt nähili «işler» hakda ýazdy?

11 Ýakup şägirt «işler» diýende Musanyň kanunynda talap edilýän işleri göz öňünde tutmady. Ol mesihçileriň her gün etmeli işleri barada ýazdy. Mesihçiniň edýän işlerinden Hudaýa ýürekden iman edýändigi ýa-da iman etmeýändigi görünýär. Geliň, Ýakubyň gürrüň beren iki mysaly hakda bileliň.

12. Ýakup şägirt iman bilen ýagşy işleriň baglanyşyklydygyny haýsy iki mysal arkaly düşündirdi? (Surata serediň).

12 Ýakup birinji mysalynda baýlary töre geçirýän, garyplary bolsa äsgermeýän ikiýüzli adam barada gürrüň berýär. Ol Hudaýa iman edýärin diýse-de, imanyny iş ýüzünde görkezmeýär (Ýak. 2:1—5, 9). Ýakup ikinji mysalynda hor-homsy ýaşaýan imandaşyny görse-de, kömek etmeýän adam hakda gürrüň berýär. Ol adam hem Hudaýa iman edýärin diýýär, emma imanyny iş ýüzünde görkezmeýär. Ýakup sogap işleri etmegiň wajypdygyny düşündirip: «Iman... iş ýüzünde görkezilmese ölüdir» diýýär (Ýak. 2:14—17).

13. Ýakup şägirt imanyňy iş ýüzünde görkezmegiň wajypdygyny haýsy waka arkaly düşündirýär? (Ýakup 2:25, 26).

13 Soňra Ýakup şägirt Rahaw hakda gürrüň berýär (Ýakup 2:25, 26-njy aýatlary okaň). Rahaw Ýehowanyň ysraýyl halkynyň Howandarydygy hakda eşidýär we oňa ýürekden iman edýär (Ýuşa 2:9—11). Ol janyny howp astyna salyp, ysraýyllardan iki adamy duşman elinden halas edýär we imanyny iş ýüzünde görkezýär. Şeýlelikde, bikämil we ýat halkdan bolan aýal Ybraýym pygamber ýaly dogruçyl hasaplanýar. Rahawyň wakasy imany iş ýüzünde görkezmegiň wajypdygyny ýene bir gezek subut edýär.

14. Pawlus bilen Ýakubyň hatlary biri-birine garşy gelýärmi? Düşündiriň.

14 Görşümiz ýaly, Pawlus resul bilen Ýakup şägirdiň iman we ýagşy işler hakda ýazan zatlary biri-birine garşy gelmeýär. Pawlus ýehudy mesihçilere Kanunyň işlerini edip, Hudaýy razy edip bolmaýandygyny düşündirdi. Ýakup şägirt bolsa ähli mesihçileriň imanyny iş ýüzünde görkezmelidigini, ýagny ýagşy we sogap işleri etmelidigini aýtdy.

Biz ýagşy işleri etsek, imanymyzy iş ýüzünde görkezeris we Ýehowany razy ederis (15-nji abzasa serediň).

15. Biz imanymyzy iş ýüzünde görkezmek üçin näme etmeli? (Surata serediň).

15 Ýehowa bizden Ybraýym pygamber ýaly çadyrda ýaşamagy, gurbanlyk bermegi talap etmeýär. Emma biz ýagşy işleri etsek, imanymyzy iş ýüzünde görkezip bileris. Meselem, biz ýygnaga gelen myhmanlary gujak açyp garşy almaly, mätäç dogan-uýalara ýagşylyk etmeli we maşgala agzalarymyzy goldamaly. Şonda Ýehowany razy ederis (Rim. 15:7; 1 Tim. 5:4, 8; 1 Ýah. 3:18). Adamlara hoş habary wagyz etmek hem sogap iş hasaplanýar (1 Tim. 4:16). Şeýle-de biz Ýehowanyň wadalarynyň ýerine ýetjegine we onuň öwredýän zatlarynyň peýdalydygyna ýürekden ynanmaly. Şonda Ýehowanyň bizi dosty we dogruçyl adam hasaplaýandygyna şübhelenmän bileris.

UMYT IMANY BERKIDER

16. Umyt bilen imanyň baglanyşygyny düşündiriň.

16 Rimliler 4-nji bapdan Ybraýym pygamber hakda ýene bir zady, ýagny umyt edip ýaşamalydygyny öwrenýäris. Ýehowa Ybraýym pygamberiň neslinden «köp halklaryň» bereket aljakdygyny wada berdi. Gör, nähili ajaýyp wada! (1 Mus. 12:3; 15:5; 17:4; Rim. 4:17). Şol döwürler Ybraýym pygamber 100 ýaşlarynda, Bibisara bolsa 90 ýaşlaryndady. Olaryň zürýady ýokdy. Heý-de, garry baba bilen mamadan perzent dünýä inermi?! Şu ýagdaý Ybraýymyň imanyny synan bolsa gerek. Emma «Ybraýym umydyny üzmän köp halklaryň atasy bolup biljekdigine iman etdi» (Rim. 4:18, 19). Onuň umydy puja çykmady. Ybraýymyň göz guwanjy Yshak ogly dünýä indi (Rim. 4:20—22).

17. Hudaýyň dosty bolmak üçin näme etmeli?

17 Biz hem Ybraýym pygamber ýaly dogruçyl ýaşasak, Hudaýyň dosty bolup bileris. Pawlus resul şeýle diýdi: «„Ol dogruçyl hasaplandy“ diýen sözler diňe Ybraýym hakda ýazylmady. Olar biziň dogruçyl hasaplanmagymyz üçin hem ýazyldy, sebäbi biz Halypamyz Isany direlden Hudaýa iman etdik» (Rim. 4:23, 24). Biz Ybraýym pygamber ýaly hak Alla iman etmeli, imanymyzy iş ýüzünde görkezmeli we gelejege umyt edip ýaşamaly. Pawlus resul Rimliler 5-nji bapda umyt hakda gürrüň berýär. Indiki makalada şol hakda bileris.

28-NJI AÝDYM Kim Ýehowa dost bolup biler?

a Biz Hudaýy razy edip dogruçyl adam bolmak isleýäris. Makalada Pawlus resul bilen Ýakup şägirdiň iman etmek we ony iş ýüzünde görkezmek hakda nämeleri ýazandygyny bileris. Olaryň hatlary bize Ýehowany razy edip ýaşamaga kömek eder.

b SURAT: Pawlus resul ýehudy mesihçilere Musanyň kanunyny berjaý etmeseler-de, ýagny donunyň etegine gök ýüplük tikmeseler-de, Pasha baýramyny bellemeseler-de, däp boýunça elini ýuwmasalar-da, Hudaýy razy edip bilýändiklerini aýtdy.

c SURAT: Ýakup imanyňy iş ýüzünde görkezmegiň wajypdygyny aýtdy. Biz mätäçlere kömek etmeli.