Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Mukaddes Kitapda şerap içmek babatda näme diýilýär?

Mukaddes Kitapda şerap içmek babatda näme diýilýär?

ÝEHOWA adamlaryň lezzet alyp ýaşamagy üçin dürli-dürli sowgatlary berdi. Adamlar özbaşdak karara geler ýaly erkinligi peşgeş berdi. Mukaddes Kitapda şerabyň hem Hudaýyň sowgadydygy ýazylan. Ol ýerde şeýle diýilýär: «Çörek ýüregi şatlandyrýar, şerap keýpi göterýär» (Nes. 10:19; Zeb. 104:15). Emma köp adamlar şerabyň guly boldular, erkinligini elinden aldyrdylar. Käbirleri bolsa ýaşaýan ýerine we medeniýetine görä, şerap içmek babatda dürli-dürli kararlara gelýärler. Mesihçiler paýhasly karara gelmek üçin näme etmeli?

Biz ýaşaýan ýerimize, alan terbiýämize, medeniýetimize garamazdan, Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýermeli we dogry kararlara gelmeli. Şonda kalbymyz rahat, durmuşymyz parahat bolar.

Belki, siz käbir adamlaryň aşa köp içýändigini görensiňiz. Käbirleri ýadawlygyny aýyrmak, rahatlanmak üçin içýärler, käbirleri gaýgy-aladasyny unutmak üçin içýärler. Käbirleri bolsa içenini göterip bilýändigini we güýçli adamdygyny görkezmek üçin içýärler.

Mesihçiler Mukaddes Kitapdaky kada-kanunlara görä karara gelýärler. Mukaddes Kitapda şeraby aşa köp içmegiň zyýanlydygy ýazylan. Belki, siziň ýadyňyza Nakyllar 23:29—35-nji aýatlar düşýändir. Ol ýerde serhoş adamyň ýagdaýy şahyrana sözler bilen beýan edilýär a. Ýewropada ýaşaýan Daniýel Ýehowany tanamazdan öň aşa köp şerap içýärdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men aşa köp içendigim üçin köp ýalňyşlary goýberdim, erbet işleri etdim. Şol günleri ýatlanymda ýüregim agyrýar».

Mesihçilere erkinligini dogry ulanmaga we serhoş bolup gözgyny ýagdaýa düşmezlige näme kömek eder? Olar Ýehowanyň garaýşyna düşünmeli we şoňa görä hereket etmeli.

Geliň, häzir Mukaddes Kitapda şerap içmek babatda näme diýilýändigine seredeliň we köp adamlaryň näme üçin şerap içýändigini bileliň.

MUKADDES KITABYŇ KADA-KANUNLARY

Mukaddes Kitapda çeniňi bilip içmek ýazgarylmaýar we şerap içýän adamyň kalbynyň şatlykdan dolýandygy aýdylýar. Nesihat 9:7-de: «Git-de, çöregiňi iýip şatlan, şerabyňy içip, göwnüňi hoşla» diýilýär. Mukaddes Kitapda Isa pygamberiň we hudaýhon adamlaryň şerap içendigi ýazylan (Mat. 26:27—29; Luka 7:34; 1 Tim. 5:23).

Mukaddes Kitapda serhoşlyk ýazgarylýar. Ol ýerde «şerapdan serhoş bolmaň» we «arakhorlar... Hudaýyň Patyşalygyny miras almazlar» diýilýär (Efes. 5:18; 1 Kor. 6:10). Hawa, Ýehowa serhoşlygy we arakhorlugy halamaýar. Şonuň üçin iller içýär, menem içjek diýmän, Hudaýyň garaýşyna düşünjek bolmaly.

Käbirleri näçe içsem-de, göterip bilýärin diýip, özüne göwni ýetýär. Ýöne şeýle pikir howply. Mukaddes Kitapda «köp şerap içýän» adamlaryň Ýehowanyň ýigrenýän işlerini edip, biabraý bolýandygy ýazylan (Tit. 2:3; Nak. 20:1). Isa pygamber hem «serhoş» adamlaryň Hudaýyň täze dünýäsinde ýaşamajakdygyny aýtdy (Luka 21:34—36). Mesihçiler şerabyň guly bolmaz ýaly näme etmeli?

ÖZÜŇIZI BARLAŇ

Şerap içmek babatda köpçüligiň täsirine düşmek örän howply. Mesihçiler iýip-içmek babatda Ýehowanyň garaýşyny göz öňünde tutmaly. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Siz iýseňiz-de, içseňiz-de, näme etseňiz-de ählisini Hudaýy şöhratlandyrmak üçin ediň» (1 Kor. 10:31). Aşakdaky soraglar we aýatlar özüňizi barlamaga kömek eder.

Men adamlara ýaranmak üçin içýärinmi? 2 Musa 23:2-de: «Köpçülige goşulyp, erbetlik etmäň» diýilýär. Ýehowa ysraýyllara goňşy halklaryň täsirine düşmezligi maslahat berdi. Şol maslahat bize-de degişli. Eger biz deň-duşlarymyzyň täsirine düşüp aşa köp içsek, Mukaddes Kitapdaky kada-kanunlary bozarys we Ýehowany gynandyrýan işleri ederis (Rim. 12:2).

Men içenimi göterip bilýändigimi we güýçli adamdygymy görkezmek üçin içýärinmi? Käbir ýurtlarda köp içmek geň görülmeýär (1 Pet. 4:3). Ýöne 1 Korinfliler 16:13-de: «Oýa boluň, imanda berk duruň, mert we güýçli boluň!» diýilýär. Köp içmek adama güýç berýärmi? Ýok! Köp içýän adam sagdyn pikirlenip bilmeýär, näme edip, näme goýýanyny bilmeýär. Şonuň üçin köp içýän adam güýçli däl-de, ejizdir. Işaýa 28:7-de köp içýän adamyň «ýoldan çykýandygy... lül bolup yraň atýandygy» ýazylan.

Ýehowadan güýç-kuwwat alan adam oýa bolýar, imanda berk durýar (Zeb. 18:32). Mesihçiler sagdyn pikirlenmäge päsgel berýän zatlary etmeýär we hiç bir zada Ýehowa bilen dostlugyny bozmaga ýol bermeýär. Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşanda özüne erk edýärdi, tutanýerli we mertdi. Şonuň üçin oňa adamlar sylag-hormat goýardy.

Men gaýgy-aladamy unutmak üçin içýärinmi? Mezmurçy şeýle ýazdy: «Meni gaýgy-alada basanda, sen (Ýehowa) göwünlik berdiň, janym aram tapdy» (Zeb. 94:19). Diýmek, gaýgy-aladany ýeňmäge şerap däl-de, Ýehowa kömek edýär. Kyn güne düşeniňizde hemişe Ýehowa doga ediň. Şeýle-de imany berk dogan-uýalardan maslahat soraň. Unutmaň, gaýgy-aladasyny ýeňmek üçin köp içýän adam ne synagda berk durýar, ne-de özüne erk edip bilýär (Hoş. 4:11). Daniýel şeýle diýýär: «Men göwnüçökgünlige düşdüm, özümi günäkärledim. Gaýgy-aladamy unutmak üçin köp içip başladym. Ýöne ýagdaýym gowulaşman, has-da beterleşdi. Men dostlarymdan aýra düşdüm, özümi dereksiz duýdum». Daniýele näme kömek etdi? Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Men şerabyň däl-de, Ýehowanyň kömek edýändigine göz ýetirdim. Şeýlelikde, Hudaýyň kömegi bilen gaýgy-aladamy ýeňdim». Dogrudanam, Ýehowa islendik ýagdaýda, hatda çykalgasyz ýagdaýlarda hem baş alyp çykmaga kömek edýär (Flp. 4:6, 7; 1 Pet. 5:7).

Siz hem şerap içmegi halaýarsyňyzmy? Şu soraglar size şerabyň guly bolandygyňyzy ýa-da bolmandygyňyzy anyklamaga kömek eder: dogan-garyndaşlaryňyz, dost-ýarlaryňyz köp şerap içýändigiňiz üçin biynjalyk bolýandygyny aýdýarlarmy? Eger şeýle bolsa, şerap içmegi endik edinip başlapsyňyz. Muny siziň özüň hem bilýän dälsiňiz. Siz şeraby öňküden köp içýärsiňizmi? Eger siz özüňize erk etmeseňiz, tizden şerabyň guly bolarsyňyz. Siz her gün şerap içýärsiňizmi? Eger şeýle bolsa, ol siziň ganyňyza siňipdir. Siz zyýanly endigiňizi taşlamak üçin tejribeli lukmanlara ýüz tutmaly bolarsyňyz.

Käbirleri şerap içmegiň zyýanly taraplaryny göz öňünde tutup, ony agzyna-da almaýarlar. Käbirleri bolsa şeraby ajy görüp içmeýärler. Eger siziň hem dostlaryňyz şerap içmeýän bolsa, gelen kararyna hormat goýuň we olary tankytlamaň.

Paýhasly mesihçi şerap içmek babatda özüne käbir çäkleri goýar. Meselem, ol näçeräk içjegini öňünden kesgitlär ýa-da näçe wagtdan içjegini öňünden çözer. Meselem, ol hepdede bir gezek saçak başynda içmek kararyna geler. Şeýle-de ol spirtli içgileriň, ýagny şerabyň, piwonyň, aragyň haýsysyny içjegini ýa-da içmejegini öňünden kesgitlär. Şonda oňa gelen kararyna görä hereket etmek aňsat bolar. Imany berk mesihçi gelen karary barada başgalaryň nähili pikir edýändigine biynjalyk bolmaz.

Şerap içmek babatda ýene bir ýagdaýy göz öňünde tutmaly. Rimliler 14:21-de: «Eger doganyň büdreýän bolsa, et iýmedigiň, şerap içmedigiň ýa-da başga zatlary etmedigiň gowudyr» diýilýär. Siz şu maslahata nädip eýerip bilersiňiz? Dogan-uýalary ýürekden söýüň. Käbir dogan-uýalaryň siziň şerap içýändigiňize büdremegi mümkin. Şonda olaryň ýanynda şerap içmeseňiz gowy bolar. Şeýlelikde, siz öz peýdaňyzy däl-de, olaryň peýdasyny gözleýändigiňizi we garaýşyna hormat goýýandygyňyzy görkezersiňiz (1 Kor. 10:24).

Mesihçiler spirtli içgiler babatda döwletiň çykarýan kada-kanunlaryna gulak asmaly. Meselem, hökümet kämillik ýaşyna ýetmediklere, ulag sürýänlere we tehniki enjamlarda işleýänlere şerap içmegi gadagan edip biler (Rim. 13:1—5).

Ýehowa adamlary erkin edip ýaratdy we bagtly ýaşamagy üçin dürli sowgatlary berdi. Şonuň üçin biz iýjek-içjek zatlarymyzy özümiz saýlap bilýäris. Goý, biziň gelýän kararlarymyz Ýehowanyň ýüregini şatlandyrsyn we erkinligimizi dogry ulanýandygymyzy görkezsin.

a ABŞ-nyň Keselleriň öňüni alyş we gözegçilik merkeziniň hasabatyna görä, aşa köp şerap içmeklik bigünä gan dökmeklige, öz janyňa kast etmeklige, gelin-gyzlary zorlamaklyga, ýanýoldaşyňa zorluk-sütem etmeklige, islenilmedik göwrelilige, jynsy gatnaşyk arkaly geçýän kesellere we çaganyň düşmegine sebäp bolýar.