Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

51-NJI MAKALA

Umyt edip şatlanyň

Umyt edip şatlanyň

«Umyt bolsa tamamyzy puja çykarýan däldir» (Rim. 5:5).

142-NJI AÝDYM Umyda berk ýapyşalyň

MAZMUNY a

1. Ybraýym pygamber oglunyň boljagyna näme üçin şübhelenmedi?

 ÝEHOWA Ybraýym pygambere neslinden ähli milletleriň bereket aljagyny wada berýär (1 Mus. 15:5; 22:18). Ybraýym Hudaýyň wadasyna ýürekden iman edýärdi. Şol döwür Ybraýym pygamber 100 ýaşlaryndady, aýaly Bibisara 90 ýaşlaryndady. Olaryň perzendi ýokdy (1 Mus. 21:1—7). Emma Mukaddes Kitapda: «Ybraýym umydyny üzmän köp halklaryň atasy bolup biljekdigine iman etdi» diýilýär (Rim. 4:18). Ybraýymyň umydy puç bolmady. Onuň umyt edip garaşan ogly Yshak dünýä indi. Ybraýym Ýehowanyň wadasyna näme üçin ýürekden iman etdi?

2. Ybraýym pygamber Hudaýyň wadasyna näme üçin iman edýärdi?

2 Ybraýym pygamber «Hudaýyň wadasynyň ýerine ýetjegine doly ynanýardy». Sebäbi ol hak Allany gowy tanaýardy (Rim. 4:21). Ýehowa hem berk imanly pygamberden razydy we ony dogruçyl adam hasaplaýardy (Ýak. 2:23). Rimliler 4:18-e görä, Ybraýym Hudaýyň wadasyna hem iman edýärdi, hem umyt edýärdi. Geliň, Pawlus resulyň Rimliler 5-nji bapda umyt hakda näme diýendigini bileliň.

3. Pawlus resul umyt barada näme diýdi?

3 Pawlus resul: «Umyt bolsa tamamyzy puja çykarýan däldir» diýdi (Rim. 5:5). Ol biziň umydymyzyň ýyllar geçdigi saýyn berkemelidigini düşündirdi. Rimliler 5:1—5-nji aýatlary okanyňyzda özüňiz hakda oýlanyň. Şonda siz hoş habary eşiden günüňizden bäri umydyňyzyň barha berkeýändigine göz ýetirersiňiz. Şeýle-de şu makala size umydyňyzy mundan beýläk hem berkitmäge kömek eder. Geliň, ilki bilen umydyň tamamyzy puç etmeýändigi hakda gürrüň edeliň.

AJAÝYP UMYT

4. Pawlus resul Rimliler 5:1, 2-nji aýatlarda näme diýdi?

4 Rimliler 5:1, 2-nji aýatlary okaň. Pawlus resul şu aýatdaky sözleri Rimde ýaşaýan dogan-uýalara ýazdy. Olar Ýehowa, Isa pygamber hakda bilim aldylar, iman etdiler we mesihçi boldular. Hudaý olary «imany arkaly dogruçyl hasaplady» we mukaddes ruhy bilen saýlady. Hawa, Rimdäki dogan-uýalaryň ajaýyp umydy bardy.

5. Saýlanan mesihçiler nämä umyt edýär?

5 Pawlus resul Efesdäki saýlanan mesihçilere umyt hakda ýazýar we olaryň mukaddesler üçin taýýarlanan «şöhratly baýlyga» umyt edýändigini düşündirýär (Efes. 1:18). Pawlus Kolosdaky mesihçileriň gökde ýaşajakdyklaryny düşündirip: «Siz gökde taýýarlanan zady almaga umyt edýärsiňiz» diýýär (Kol. 1:4, 5). Hawa, saýlanan mesihçiler gökdäki sylagyny alar we Isa Mesih bilen höküm sürer (1 Sel. 4:13—17; Ylh. 20:6).

Frens dogan saýlanan mesihçileriň berk umydy hakda täsirli sözleri aýtdy (6-njy abzasa serediň).

6. Frens dogan umydy barada näme diýdi?

6 Saýlanan mesihçiler gökdäki sylagyna umyt edýär. Fredrik Frens ýürek duýgularyny şeýle beýan etdi: «Biziň umydymyz berk. Kiçi süriniň, ýagny 144 000 saýlanan mesihçileriň ählisi umydyna gowşar. Biziň sylagymyz göz öňüne getirişimizden hem ajaýypdyr». Frens dogan Ýehowa onlarça ýyl wepaly gulluk etdi. Ol 1991-nji ýylda ynam bilen şeýle diýdi: «Biz umydymyzy üzmedik, gaýtam aljak sylagymyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Bu garaşanyňa degýär! Biz gerek bolsa million ýyl garaşmaga-da taýyn. Meniň umydym ýyllar geçdigi saýyn has-da berkedi».

7, 8. Ýehowanyň Şaýatlarynyň köpüsi nämä umyt edýär? (Rimliler 8:20, 21).

7 Ýehowanyň Şaýatlarynyň köpüsi Ybraýym pygamber ýaly gökde däl-de, ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşamaga umyt edýär (Ýew. 11:8—10, 13). Pawlus olaryň hem ajaýyp umydynyň bardygy hakda ýazdy (Rimliler 8:20, 21-nji aýatlary okaň). Size hoş habary wagyz edenlerinde Hudaýyň haýsy wadasy ýüregiňize täsir etdi? Tut ýaly sagdyn, kämil, günäden azat boljakdygyňyz hakdaky wadamy ýa-da aradan çykan dogan-garyndaşlaryňyz bilen Jennetde ebedi ýaşajakdygyňyz hakdaky wada? Hawa, Hudaýyň beren wadalary ýagty gelejege umyt edip ýaşamaga kömek edýär.

8 Biz gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt edýän hem bolsak, Hudaýa şatlanyp gulluk edip bileris. Biziň umydymyz gün-günden berkemeli. Pawlus resulyň ýazan sözleri munuň şeýledigini subut edýär. Geliň, onuň umyt barada ýene näme ýazandygyny bileliň. Şonda ýyllar geçdigi saýyn umydymyzyň berkejekdigine we onuň tamamyzy ödejekdigine asla şübhelenmeris.

UMYDYŇYZ HASYL BOLAR

Ýehowanyň Şaýatlary dürli kynçylyklar bilen göreşmeli bolýar (9, 10-njy abzaslara serediň).

9, 10. Pawlus resul bilen bolan waka nämäni subut edýär? (Rimliler 5:3; surata serediň).

9 Rimliler 5:3-i okaň. Durmuşda bolýan kynçylyklar umydymyzy berkidýär. Belki, siz: «Heý-de, kynçylyklar umydy berkidermi?» diýýänsiňiz. Hawa, Isa pygamberiň ähli şägirtleri kynçylyklara duş geler. Geliň, Pawlus resul hakda gürrüň edeliň. Ol Selanikdäki mesihçilere: «Biz siziň ýanyňyzdakak, şeýle kynçylyklara duş geljekdigimizi öňünden aýdypdyk. Aýdyşymyz ýaly-da boldy» diýip ýazdy (1 Sel. 3:4). Ol Korinfdäki mesihçilere bolsa: «Biz... köp kynçylyklary başdan geçirdik... diri galarys hem öýtmedik» diýdi (2 Kor. 1:8; 11:23—27).

10 Şu günler Ýehowanyň Şaýatlary dürli kynçylyklar bilen göreşmeli bolýarlar (2 Tim. 3:12). Isa pygambere iman edýändigiňiz üçin dost-ýarlaryňyz we dogan-garyndaşlaryňyz üstüňizden gülýändir, hatda zorluk-sütem edýändir. Halal, dogruçyl ýaşaýandygyňyz üçin işde kyn ýagdaýlar döreýändir (Ýew. 13:18). Gelejege bolan umydyňyz hakda wagyz edýändigiňiz üçin yzarlaýandyrlar. Emma Pawlus resul islendik kyn ýagdaýa şatlyk bilen döz gelip biljekdigimizi aýtdy.

11. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli we näme üçin?

11 Biz kyn ýagdaýlara döz gelip wajyp häsiýeti ösdürýäris. Rimliler 5:3-de: «Kynçylyklar çydamly bolmagy öwredýär» diýilýär. Ähli mesihçiler kyn ýagdaýlara duş geler. Emma biz çydamly we Hudaýa wepaly bolmagy ýüregimize düwmeli. Şonda umyt edýän sylagymyzy alarys. Isa pygamber käbir adamlary daşly topraga düşen tohuma meňzetdi. Olar hoş habary şatlyk bilen kabul etse-de, «kynçylyk görse ýa-da yzarlansa, şol bada imany gowşaýar» (Mat. 13:5, 6, 20, 21). Elbetde, kynçylyklara, yzarlamalara döz gelmek aňsat däl. Emma çydamly bolsak ebedilik peýda alarys.

12. Çydamly bolmagyň nähili peýdasy bar?

12 Ýakup şägirt kynçylyklarda çydamly bolmagyň peýdasyny düşündirip, şeýle diýdi: «Siz çydamly bolup, özüňizi gowy terbiýelärsiňiz. Şonda ähli zatda kämil, ýazyksyz bolarsyňyz we hiç zatda ýetmeziňiz bolmaz» (Ýak. 1:2—4). Ýakup çydamly bolmagyň mesihçileriň borjudygyny düşündirýär. Çydamly adam Hudaýa bil baglamagy, ýürekden iman etmegi we sabyrly bolmagy öwrenýär. Çydamly bolmagyň ýene bir peýdasy bar.

13, 14. Çydamly bolmagyň ýene nähili peýdasy bar we onuň umyt bilen nähili baglanyşygy bar? (Rimliler 5:4).

13 Rimliler 5:4-i okaň. Pawlus resul: «Çydamly bolsak, Hudaýy razy ederis» diýdi. Ýehowa biziň kyn ýagdaýlara duş gelýändigimizi görüp begenýärmi? Elbetde, ýok! Ýehowa biziň kyn ýagdaýlarda çydamly bolup, wepaly galýandygymyza begenýär we razy bolýar. Kynçylyklarda çydamly bolup, Hudaýy razy etmek biziň üçin uly bagt (Zeb. 5:12).

14 Ybraýym pygamber kyn ýagdaýlara döz geldi we Hudaýy razy etdi. Ýehowa hem ony dosty we dogruçyl adam hasaplady (1 Mus. 15:6; Rim. 4:13, 22). Siz hem Hudaýy razy edip bilersiňiz. Allatagala siziň edýän işiňizi, borjuňyzy däl-de, çydamlylygyňyzy we wepalylygyňyzy görüp razy bolýar. Siz ýaşyňyza, ýagdaýyňyza, ukyp-başarnygyňyza garamazdan, kyn ýagdaýlarda çydamly bolup bilersiňiz. Siz synaglarda Hudaýa wepaly bolýarsyňyzmy? Eger şeýle bolsa, Allatagala sizden razy. Muny bilmek siziň güýjüňize güýç goşar we umydyňyzy berkider.

UMYT LAPYKEÇ ETMEÝÄR

15. Pawlus Rimliler 5:4, 5-nji aýatlarda näme diýdi we nähili soragyň ýüze çykmagy mümkin?

15 Pawlus resul Ýehowany razy etmek üçin çydamly bolmagyň wajypdygyny aýdansoň: «Hudaýy razy etsek, umytly bolarys, umyt bolsa tamamyzy puja çykarýan däldir» diýdi (Rim. 5:4, 5). Emma Pawlus Rimliler 5:2-de hem olaryň umyt edýändigi hakda ýazypdy. Käbirleri geň görüp: «Pawlus näme üçin Rimliler 5:4-de hem olary umyt edip ýaşamaga höweslendirdikä?» diýmegi mümkin.

Siziň hoş habary eşiden wagtyňyzdaky umydyňyz gün-günden berkedi. Indi Jennet hakdaky wadalar siziň üçin ýöne bir arzuw däl-de, hakykata öwrüldi (16, 17-nji abzaslara serediň).

16. Adamyň umydy nädip berkeýär? (Surata serediň).

16 Biz umydymyzyň gün-günden berkemelidigine düşünsek, Pawlus resulyň näme üçin ol hakda gaýta-gaýta ýazandygyny bileris. Siz Hudaýyň ajaýyp durmuş hakda beren wadasyny ilkinji sapar eşideniňizde özüňizi nähili duýduňyz? Belki-de, ýer ýüzünde ebedi ýaşaýşyň boljakdygy siziň üçin ýöne bir arzuw ýaly bolup görnendir. Emma siz Ýehowany has gowy tanadyňyz, Mukaddes Kitabyň wadalaryna iman etdiňiz. Şeýlelikde, siziň umydyňyz berkedi. Indi Jennet hakdaky wadalar siziň üçin ýöne bir arzuw däl-de, hakykata öwrüldi.

17. Mesihçiniň umydy suwa çümdürilenden soň hem berkeýärmi? Düşündiriň.

17 Biz suwa çümdürilenimizden soň hem Ýehowa hakda bilim alýarys, ony gowy tanaýarys we ýürekden söýýäris. Şeýlelikde, biziň umydymyz has-da berkeýär (Ýew. 5:13—6:1). Rimliler 5:2—4-nji aýatlardaky sözler biziň durmuşymyzda ýerine ýetýär. Biz dürli kynçylyklara döz gelýäris, Ýehowa wepaly bolýarys we Ony begendirýäris. Hudaýyň bizden razydygyny bilip, onuň sylagyny aljakdygymyza ynamymyz has-da artýar. Biziň umydymyz gün-günden berkeýär. Ol umyt biziň içki dünýämizi täzeleýär, durmuşymyzy bütinleý özgerdýär. Netijede, maşgala ojagymyz agzybir bolýar, Hudaýy begendirýän kararlara gelýäris we wagtymyzy paýhasly ulanýarys.

18. Ýehowa nämä kepil geçýär?

18 Pawlus Hudaýy razy etsek, umytly bolarys diýenden soň ýene bir wajyp pikiri aýtdy. Ol umyt edýän sylagymyzy aljakdygymyza kepil geçip, şeýle diýdi: «Umyt bolsa tamamyzy puja çykarýan däldir, sebäbi mukaddes ruhuň güýji bilen ýüregimiz Hudaýyň söýgüsinden dolýandyr» (Rim. 5:5). Hawa, Pawlus şu sözleri Hudaýyň ylhamy bilen ýazypdy. Biz Ýehowanyň sylagyny aljakdygymyza ýüz göterim ynanyp bileris.

19. Biz nämä ynamly bolup bileris?

19 Ýehowa Ybraýym pygambere wada berdi, ondan razy boldy we dogruçyl adam hasaplady. Ybraýymyň umydy ýöne bir arzuw däldi. Mukaddes Kitapda: «Sabyrly bolany üçin, Ybraýyma wada berildi» diýilýär (Ýew. 6:15; 11:9, 18; Rim. 4:20—22). Ybraýymyň tamasy puç bolmady. Eger siz hem Ýehowa wepaly bolsaňyz, onuň wada beren sylagyny alarsyňyz. Hudaýa umyt baglasaňyz, lapykeç bolmarsyňyz, ýürekden şatlanarsyňyz (Rim. 12:12). Pawlus resul şeýle diýdi: «Umyt berýän Hudaýa bil baglaň, ol size çäksiz şatlyk we parahatlyk berer. Şonda mukaddes ruhuň güýji bilen umydyňyz has-da berkär» (Rim. 15:13).

139-NJY AÝDYM Täze dünýäni göz öňüne getir!

a Makalada gelejege bolan umyt hakda gürrüň ederis we Hudaýyň wadalarynyň ýerine ýetjekdigine näme üçin ynamly bolmalydygyny bileris. Şeýle-de Rimliler 5-nji bap arkaly hoş habary eşiden wagtymyzdaky umyt bilen häzirki umydymyzyň arasyndaky tapawuda serederis.